23:14 Göwündäki gündelik -25/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Osman Öde tanyşdyran gününden ol biz üçin “Han däde” boldy. Häzirem şeýle. Bir saçagyň başyna baş egele bolup, dyz-emek bolşan, Osman akgamyz, Nobat akgamyz, Atamyrat agamyz aramyzdan sogrulyp gidenem bolsalar, gatnaşygymyz-gadyrymyz Han dädämiz bilen şol öňküsi ýaly. Birinji gezek didarlaşanymyzdanam sulhumyz alşyp gitdi. Şondan kän mahal geçirmän, Han däde Türkmenabatdan ýene Aşgabada geldi. Myhmanhanadanam garjymakdan ýakymly sesi bilen jaň etdi: -Gurbannazar inim, “Nogina” (myhmanhananyň ýörgünli ady) gel, häzir beýleki ýigitlerem geljek. Beýleki ýigitler diýýäni Osman, Atamyrat, Nobatguly hemem hökman Gurban Tüşidir. Şonda ýedi aýlyk gyssanmaç gylygym bilen ilki baran men boldum. Saglyk-amanlykdan soň dolmaç göwreli, tegelekden bugdaýreňk ýüzli, agras adam goşlaryny dörüşdirdi-de, galyň kitaby çykaryp, uzatdy: -Şu saňa, inim! Garbap aldym. Galyň daşly, “Şygyr sungaty we şahyrana şahsyýet” atly agramly kitap. Başky sahypasyny açdym. Şeýle ýazgy bar: “ Gurbannazar, inim! Talantly ýazyjy, ýakymly ýigit hökmünde hormat-sylagyň belentdir. Şu kitap hormat-sylagymyzy artdyryp, birek-birege ýakynlaşdyrar diýen umyt bilen, Muhammetguly-Hanguly Amansähedow, 5. XII, 2002 ý” diýlen ýazgy bar. Kitaba aç adamyň hörege ýapyşyşy ýaly topuldym. Galyňam bolsa sany günde okap çykdym. Lirika, žanr aýratynylgyna, liriki gahrymana, eserlerde durmuş hakykatynyň şöhlelendirilişine, şahyrana şahsyýetiň intellektual kämilligine, şahyrana beýan edilişiň aýratynlygyna, iň esasam, hezreti Magtymgulynyň durmuşynyň, ýaşan döwrüniň, syýasy-sosial ýagdaýlarynyň şahyryň döredijiligine eden täsiri, şahyryň eserlerindäki käbir jedelli meseleler, Gurbannazar Eziziň döredijiligine Magtymgulynyň täsiri, Kerim Gurbannepesowyň halky lirikasy, Durdymuhammet Nuralyýew, Ahmet Bekmyrat, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Osman Ödäýew, Atajan Tagan, Ýazmyrat Mämmedi, Gowşutgeldi Daňatar... ýaly läheň alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik aýratynlyklaryny irniklik, inçelik, ýokary sowatlylyk, inçe medeniýetlilik, iň esasam, diýseň sowatlylyk bilen derňeýşi meni täze dünýä düşen ýaly edäýdi. “Edebiýat muşdaklaryna Muhammetguly Amansähedowyň kimdigini düşündirip oturmagyň hajaty hem ýok bolsa gerek. Döwletimizdäki Seýdiniň adyny göterýän mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty kafedeasynyň müdiri, belli edebiýatçy alymlaryň biri. Onuň makallaryny okanyňda uçup barýan guşuň çep gözünden urmagy başarýan Şat mergen ýadyňa düşýär. Onuň makalalary howaýylyk, ýüzleýlik diýen ýoňdan halas, sebäbi onuň pikirleri juda sagdyn, sözlemleri gunt düşen ýaly agramly. Ol seljerýän, derňeýän temasynyň düýp özenine aralaşmagy başarýar, aýdaly, ol gatyk barada gürrüň açmakçy bolsa, başda şol gatygyň gönezliginiň nä derejededigini anyklaýar, ana, şonda süýt näçe ýagly bolsa-da, oňa goşulan gönezligiň weji bolmasa, gatygyň barybir turşajakdygyna aňry ýany bilen gözüň ýetýär” diýip, edebiýatçy alymlaryň biri aýdýar. Gürrüňi edilýän alym bolsa bu ugurda kän çorba sowadan, tejribe ýüki ýetik, sowathon, iň esasam, özem ýazyp-pozansoň, çeper döredijilik diýilýäniň hupbatynyň-agramynyň näjüredigine juda gowy düşünýär. Şonuň üçinem edebi derňewleriniň birinde “Goşgy diýeniň duýgy, onda-da kalby ýaryp çykan duýgy bolmaly. Mumyýanyň gara daşlary ýaryp çykyşy ýaly, kalbyňy böwsüp çykan duýgy il duýgusyna öwrülýär” diýen kesgitlemäni berip bilýär. Gepiň keltesi, Muhammetguly Amansähedow edebiýat ylmynda tüýs “ýüňi ýeten” alym. Ýöne bu gepi birýana, onda-da ony seljerýän özi ýaly alymlara, edeiýatşynaslara goýalyň-da, Han dädemiziň durmuşy häsiýetleri, özgeleriňkiden üýtgeşik adamkärçilikli gylyklary hakdaky duýgy-pikirlerimizi okyjylar bilen paýlaşalyň! „Edebiýat we sungar“ gazetinde Atamyrat halypa bilen ýaşytdaş şahsyýet – filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professory Muhammetguly Amansähedowyň 70 ýaşyna bagyşlanyp, belli alym Çary Kulyýewiň „Ylma meňzeş alym, kitaba meňzeş mugallym” atly göwrümli makalasy çap boldy. Şonuň ertesi güni Han aga Atamyrat halypa jaň edip, “Makalany okadyňmy?‘ diýip sorapdyr. Göreniň Atamyrat-da: „Sözbaşy-ha ýerine düşüpdir, yzynam indi okajak“ diýipdir. „Sözbaşy neneň?“ diýlende: „Adama meňzeş alym“ diýilmegi tüýs bolupdyr“ diýipdir. Han aga şonda: “Sen gözüňi täzeden operasiýa etdirmeli“ (şondan sähel salym öň Atamyrat halypanyň gözüni operasiýa edipdiler) diýip, trubkany goýupdyr. Başga bir gülküli waka Lebap topragynda döredi. 2016-njy ýylda döredijilik sapary otly bilen guraldy. Amyderýanyň üstünden gurlan Kerki-Kerkiçi demirýol köprüsinden ötüp, Jeýhun stansiýasynda otludan düşdük. Soň iki topara bölünip, Beýlesi Hojambaz, eýlesi Köýtendag aralygynda ýaşaýjylar bilen duşuşyklar guraldy, goşgular okaldy, aýdym-saz edildi, döwrüň ösüşleri hakda gyzykly söhbetler guraldy, sorag-jogap alşyldy... gazar, göwün solpusyndan çykyldy. Soňra awtobus bilen Kerki şäherine gelip, myhmanhana ýerleşdik. Aatamyrat Atabaýew, Hanguly Amansähedow bilen giň otagda ýerleşdi. Birden aşaky gatda öz otagymda dynç alyp ýatyrkam, telefon jyrlady: -Han däde ýaranok. Atlyp ikinji gata çykdym. Eýýäm lukman çagyrylypdyr. Onuň “Niräň agyrýar?” diýen sowalyna Han dädemiz “Garnymda bir sanjy bar ýaly” diýdi. “Onda garny gowja göreli, däri-derman edeli” diýdi weli, gapdalada duran Atamyrat: -Dur dogtor, sen muň garnyny däl, ilki gözüni bejer-diýdi. Ähli kişi äm-säm boldy. Atamyrat gülmän-yşman: -Meň aýdanymy ediber. Gözüne görnen zady iýip ýörmez ýaly ilki gözi bejermek gerek-diýdi. Gülki sesinden ýaňa otagyň diwarlary sarsyp gitdi. “Edebiýat-sungat” gazetinde mundan birküç ýyl ozalrak çykan “Ajap ejäniň arzuwy”atly hekaýny okap,öz ýanymdan şeýle bellik edipdirin: “Muhammetguly Amansähedow diňe bir uly alym däl, şol bir wagtda gaty kämil ýazyjam eken”. Edebiýat teoriýasynyň içinden geçen ussadyň sýujet düzüberşi ýütgeşik, dilem diýseň halky. Ine, “Beýikleriň bütewüligi” atly täze kitabyna nesibe çekip, redaktor bolmak miýesser etdi weli, ýene bir “açyş” etdim. Görüp otursak, bu ussat türkmen edebiýatynda “edebi portretler” žanrynam döredäýen eken. Eger bu kitap eliňize düşse, Baýmuhammet Garryýew, Aşyr Orazow, Öde Abdyllaýew, Ahmet Mämmedow, Ahmet Bekmyradow, Ymarat Meredow, Saýlaw Myradow, Gurban Çölüýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Orazguly Annaýew... ýaly azy ýaran edebiýatçylardyr ýazyjy-şahyrlaryň sözde çekilen “suratlaryny” görüp, “ajap bolupdyr” diýersiňiz. Beýle keşigi egne alaýmak hupbatly, ras, ýapyşaňsoň abraý bilen alyp çykmagam är gaýratyndan habar berýär. * * * Bir gürrüňdeşlikde kitaphon kişileriň biri: -Nodar Dumbadzäniň “Men, Enem, Iliki we Illarion” atly romany elime düşdi weli, kitap okan ýaly bolaýdym-diýdi. Ozalam bu ýazyjynyň adyna aşna bolnup ýörlensoň, meniňem başyma “heser” urdy. Dagy nä, Çingiz Aýtmat ýaly edebiýatyň dünýä ägirdine “Dumbadzäniň eserleri haýran galdyrýar” diýdirip bilen ussat. Bu ýazyjy diňe gürji-gruzin edebiýatynyň däl, eýsem Älem edebiýatynyň hazynasyna giren ýazyjy. “Ors bazardaky” kitap dukanyna barsam dur, allanäme, küti kitap! Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2013-nji ýylda çap edilen. Ine, şol beýik ýazyjynyň eserlerini türkmençe “gürledibilmekde” weli iş bar. Aslyýetinde-hä, ol islendik milletiň ýazyjysy ýa-da şahyry babatda alaňda-da şeýle. Terjimeçilik sungatynyň hikmetem şonda. Edebi ýaňzytmada aýdylyşy ýaly, terjime asyl nusgadan-originaldan gowşak çyksa, eden işiň taby pes boldugy. Onsoň okyjylaryň “bu-ýa bolaýypdyr” diýmejegi belli. Ýene bir “wawwaly” ýeri bar. Ynha, hälki ýokarda agzan kitabymyzy terjimeçi göni gruzin dilinden däl-de, öň rus dilene edilen terjimeden edilen. Bu hem eýýäm “çorbanyň çorbasy” diýen ýalyrak bolýar. Ýöne usulyny bilseň, ebeteýini tapsaň, gönüläp aýdanda, ussatlygyň ýetik bolanda, bu sepi okyjy aňmanam galýar. Ynha, Nodar Dumbadzäniň ýokarky agzalan kitaby-da tüýs “türkmençe saýrap duran” eser bolupdyr. Bu diňe meniň däl, okyjylaryňam, edebi tankytçylaryňam irretsiz pikiri. Iň soňky sahypasynda bolsa “terjime eden Şadurdy Çaryýew” diýlip ýazylan. Şojagaz ýazgy meni yzda galan ýyllardaky ýatlamalara dolady. ... 1997-nji ýylda Ýazyjylaryň Bütindünýä Birleşigine agzalyga kabul ediljek bolnamda, “üç adamdam güwanama almaly” diýdiler. Işleýän ýerimde-“Garagum” žurnalynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýew baş redaktoryň orunbasarydy. Halypa saýýaýn, agam ýaly gatnaşýan adam ilki begeneniň biri boldy: -Inim, sürä girseň, edebiýat meýdanynda tazygman ümzügiňi ileri tutar gidiberersiň. Ýöne eliňe bilet aldygyň, aňrybaş boldugyň däldir. Başyňy aşak salyp, galamyňa bat beriberseň, onda-da ilhalar, Watan mertebesini beýgetjek eserler dörediberseň ýetjek meniliň abraý bolar. Galamasynam wagt görkezer. Ynha, güwanamaň birini agaňdan al!-diýdi. “Biri-hä bitdi” diýip, daraklygyma basyp, ikinji gata düşdüm. Ol ýerde-“Edebiýat we sungat” gazetinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow baş redaktordy. Ýaýdana-ýaýdana habarymy aýtdym. -Baý-bow, oň ýaly ýagşy işe ýardamçy bolup bilsek ne armanymyz. Ýöne biziň gazete-de käte hekaýa getirmegi ýatdan çykaraýma. Şo bergi ýadyňda dursa, öýlän bizden dileýän zadyňy al-diýip, zandy degişgen, gülküli eserleriň “eýesi” göwnümi hoş edip goýberdi. Indi üçünji adamy tapmalydy. Birine baryp, “maňa häsiýetnama bersene!” diýmäge, aýdylyşy ýaly, galyň ýüz gerek. “Galyň ýüz” diýýänim, öň galyň eserleriňi okanyň ýanyna barmaly. Onda-da göwni ýeten, “Şundan-a bir zatlar çyksa gerek” diýdirilen bolmaly. Şol wagtlar “Jennet” bazaryň gabadyragyndaky Metbugat öýüniň 3-nji gatynda biziň işleýän Garagum” žurnalymyzam, Şadurdy Çaryýewiň baş redaktorlyk edýän “Ашхабад” žurnalam bir seteran ýerleşýärdi. Meger, häli-şindi Gowşut kakanyň (Gowşut Şama şeýle ýüzlenerdik) ýanyna gelip-gidip duransoň, gulagyna ilendir-dä, çakym çak bolsa. Ine, şol uly ýazyjy, wezipeli adam ýöriteläp iş otagyma geläýdi: –Saňa göwnüm ýetýändir, inim. Žurnalymyzda birküç hekaýaňy rusça terjime edibem berdik. Şonuň üçinem, agaňy mynasyp görseň, häsiýetnama beribiljek. Soňky jümlesini degişme äheňinde aýdanam bolsa, begenjimden tas uçupdym. Şadurdy halypa sözüň yşgyna düşenlere aýratyn sarpa goýýan, pespälden gönümel adamdy. Gep şuňa dirände, şu ýerde döwrümiziň belli ýazyjysy, uly halypalyda ýetişen ussat Agageldi Allanazarowdan eşiden gürrüňlerimem üstüne goşaýyn. –1971-nji ýylyň tomsunda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamalap gelenimde, iş meselesi bilen “Türkmenistan” neşirýatyna bardym. Şadurdy Çaryýew şol ýerde baş redaktor eken. Ilknji gezek görşüşimiz bolsa-da, ol hamraklyk bilen hal-ahwalymy sorady, döredijiligim bilen gyzyklandy. Işe ýerleşmegiň ugur-utgasyny salgy berdi. Garaz, şonuň goldaw-kömegi bilen neşirýata işe ugratdylar. Başlanymdanam halypalyk goluny uzatdy. Örän medeniýetli, diýseň işeňňir adamdy. Okumyşdy. Dünýä edebiýatyndan islendik ýazyjy-şahyryň adyny tutsaň, eserlerini sanar gidibirdi. Daşdan göräýmäge tutugsyraga meňzese-de, bir gürleşdigiň, “Bäh, alçak, sowatly kişi eken-ow” diýdirýärdi. Öte talapkärligi bardy. Muny ownukçyllyk üçin däl-de, işiň bähbidi üçin edýärdi. Bir gezek atly ýazyjylaryň biri uly romanyny getirdi. Meni redaktor bellediler. Ilik-düwme etdim. Içinde millilige laýyk gelmejek, diňe bir obanyň çäginde bolaýýan wakany hemme ýere degişil edäýjek bolma äheňi bardy. Eseri “boldum” edip, baş redaktora gowşurdym hemem pikirimi aýtdym. Awtor bolsa ylalaşmajak, bellikleri düzetmejek boldy. “Bolmasa başga radaktor belläýiň” diýibem aýak diredi. Şonda Şadurdy Çaryýewiç aýgyt bilen: “Ýaşuly, ile sygmaýan zady ile berilýän zadyň içine sygdyrjak bolmaly-la” diýdi weli, ýaňky “ylalaşýan” diýen terzde baş atdy duruberdi. Üşükli, ünsli, gowy zadyňa özüňden zyýat begenibilýän, ýöne kemçiligi, harsallygy bagyşlabilmeýän halypady. “Ýedi däne” powestim çykanda ilkinji gutlan Şadurdy halypa boldy. Bir gezegem “Näme ýazýaň?” diýip sorady. “Ojak” romanyny ýazýan” diýidim. Oýurganyp durdy. “Mukaddes ojak” diýläýjek ýaly. Munyňam-a bolýa” diýdi. Şondan esli wagt geçensoň duşandan, salamdan soň sorany: “Ojagy” nädýäň?” boldy. Bu eseriň ilkinji okyjysam Şadurdy halypady. Tüýs “Agajyň miwesi köp bolsa, başy aşak” diýilýän adamlardandy... Şadurdy halypa 60 ýaşanda “Çäjiňi harmana getirseň” atly makala ýazanym ýadymda. Ondan bäri kän suwlar akyp, kän agaçlar gülledi. “Halypa” sözüni söýünç bilen aýdýanymyň sebäbi aňyrlardan gaýdýar. ...1996-njy ýylda Çingiz Aýtmatowyň “Kyýamat” romany “Garagum” žurnalynda çap edilip ugraldy. Owazasy Äleme dolan tutumly eseriň terjimesi Şadurdy Çaryýewiňkidi. Şondan köp wagt geçmänkä Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň biri (ady ýadymda galmandyr) gapydan girdi. – Aşgabada iş bilen gelipdim-de, siziň redaksiýaňyza ýörite bir taňryýalkasyn aýdaýyn diýip sowuldym. Soragy nazarymyzdan okandyr-da: – Çingiz Aýtmatowyň romanyny heziller edip okadyk, diňe men däl, talyplara deňiç elden-ele geçiripdiler. Dili dagy edil türkmen obasynyň içinde oturyp kyssa diňlän ýaly. Terjime edeniň “ýüňüniň ýeteni” bes-belli.. Men göwnümdäkini aýtdym: – Gardaş, sen taňryýalkasynyňy terjime edene aýt. Şadurdy Çarydan başga biri terjime eden bolsa, belki ol eser beýle şireli, asyl durkundaky ýaly pelsepä ýugrulyp çykmazdy. – Şeýle şol. Terjimeçi meň çenimçe, hökman obada, özem çarwa golaý obalaryň birinde önüp-ösen bolmaly. Soňky sowala meňzeş gep meni “gyjyklap” goýberdi. Şondan köp wagt geçmänka Şadurdy halypa hem-ä okyjynyň sargydyny- “taňryýalkasynyny” gowşurdym, hemem hälki sowalyň jogabyny soradym. Orta boýluraga-da, deşliden tegelek ýüzli, bugdaýreňk halypa çalaja ýylgyrdy: – Şol kişi çakynda gaty bir ýalňyşmandyr. Meniň doglan Goňur obam tutuş Mary töwereklerinde gadymy çarwadar, şonuň bilen birlikde-de çomruçylygy utgaşdyryp goýberen ýer. Soň ikinji “syryňam” üstünden bardym. Ilki döredijiligini goşgudan başlap, soň kyssa, galam işletmäge has ezberleşensoň göwrümli eserlere, “dokuzy düzüw” kämillige ýetensoň bolsa, çeper terjimä “azy”urup gören, şondanam ussatlyga ýeten Şadurdy Çaryýew filosofiýa ylymlarynyň hem kandidaty. Ýogsam, Çingiz Aýtmatow, Grigol Abaşidze, Nodar Dumbadze ýaly ady dünýä dolan söz ussatlarynyň filosofiki pikirlerden, öwrümli pelsepelerden ýüki ýetik göwrümli romanlarydyr powestlerini şol durkunda, pikir özenini gowşatman terjime etmek alymlyk, onda-da pelsepe ugurdan ylmy derejäň bolmasa başartmazmyka diýýän. Şondandyr, ýazyjynyň öz galamyndan çykan eserleriň hem tas ählisinde diýen ýaly pelsepä ýykgyn edilýär, şoňa ýugrulan wakalar bolsa, hem-ä okyjyny yzyna düşürdibilýän şüweleňe baý, şol bir wagtda-da diýseň ynandyryjy, soňky nokadyndan soňam oýlandyryjy. Yzarlap otursaň, pelsepe-filosofiýanyň eseriň süňňüne siňňinlik bilen siňip gidýänligi awtoryň alymlygyndan, diýseň okumyşlygyndan. Dünýä pelsepesiniň, ylmy dilde aýdaňda, filosofiýanyň çuňluklaryna çümmek, ondan gerekli “ýüküňi” tututp, şolardanam eseriňe röwüş, mazmun, okyja gerekli many siňdiribilmek, elbetde ýazyjynyň artykmaçlygy. Sebäbi pikir ediş gerimiň, fantaziýaň giň, beýan ediş usulyň özboluşly bolsa bu elbetde, ussatlykdan nyşan. Terjime diýleni edebiýatda aýratyn sungat. Juda sowatlylyk, ene diliň änigine-şänigine çenli ýetiklik, şol bir wagtda-da dil biliminden ýeterlik gor, sabyr-takat, tutanýerlilik, şeýle-de ýazyjylyk ussatlgyň utgaşmasa, eden terjimäň “ýugrumy” kemter bolýar duruberýär. Iň esasy talap, terjimede edebi diliň kadalary gyşarnyksyz berjaý edilmeli. Sebäbi edebi dil-bu umumyhalk diliniň asyrlar boýy sünnälenen, inçelik bilen “ýonulyp-ýonulyp”, dutar tary ýaly zarňyldap owaz berip duran görnüşine getirilen baýlyk. Onsoň ondan susup alybileniň, terjimäňe siňdiribileniň özüňki. Gürrüňi edilýän terjimeçiniň bolsa bu babatda aýdylyşy ýaly, “döwi” rüstem. 1996-njy ýylda “Mydam taýýar” gazetinde çap edilen Bronýus Ýauniskisiň “Gülleriň gujagynda” atly çaklaňja hekaýasyndan başlap, Mikola Ridiň “Alysdaky adalaryň sesi”, Aleks La Gumeniň “Öz öýi” hekaýasy, Hejazi Muhammediň “Kitap satyjy” nowellasy türkmen okyjylaryna ýetirildi. Birje zada üns beriň! Terjimäniň howlukmaçlygynda harsallyga ýol berilýändigine magat düşünýänligi üçindir-dä, Şadurdy Çaryýew şondan göni 11 ýyl soň has tutumly esere-garagalpak ýazyjysy Tölegen Kasymbekowyň ”Synan gylyç” romanyna “ýapyşýar”. Onda-da bu terjimä ussat şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow bilen şäriklikde girişýär. Özbaşdak eden terjimesinde Grigol Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük” romany kämilligi, milli äheňini hem aýratynlygyny süňňüne siňdirip, şol bir wagtda-da tüýs türkmençe “sözläp”, onda-da biziň dilimiziň ähli inçeliklerini, öwrümdir owazyny sazlaşdyryp bilýänligi jähtinden “tüýs ussadyň elinden çykan” diýdiribildi. Şu ýerde ýene-de bir “syryň” üstünden barlaýsa jüpüne düşjek. Terjimeçilik mekdebinde Bäşim Jürmenek, Bäşim Ata, Annaly Berdi, Durdy Haldurdy ýaly ussatlaryň tärlerini öwrenip, soň Daňatar Berdini halypa tutunan Şadurdy Çarynyň aňrysam “dek” ýerlerden däl eken. “Kakamyň agalarynyň biri Allaýar Hydyr XX asyryň birinji ýarymynda ykrar edilen aznawur terjimeçileriň biri bolan. Maksim Gorkiniň eserlerini, Leniniň tomluklaryny türkmençä terjime eden, partiýa-guramaçylyk işlerinde işlän adam” diýip ýatlaýar. Diýmek, “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýleni bolupdyr. Ýazyjynyň kyssa žanryndaky ussatlygam biriniňkiden peslär ýaly däl. 1971-nji ýylda ”Tüýdük”, 1976-njy ýylda “Derýa joşanda”, 1979-njy ýylda “Çogly Günüň astynda”, 1986-njy ýylda “Öz obamyň çynary” atly kitaplary döräpdir. Olaryň hemmesem çagalara bagyşlalan eserler. 1979-njy ýylda okyjylara gowşan hemem elden-ele geçen, kitaphanalarda ýatman okalan “Sönmez söýgi” atly küti kitabyndaky oçerklerdir hekaýalar bolsa, gezendelikden hemem durmuşyň ajysyny-süýjüsini datmagyň täsirinden dörän eserler. Awtoryň ähli kitaplarynda özboluşly, özge galam tutýanlaryňkydan bir aýratynlyk mese-mäli duýulýar. Olam türkmen tebigatynyň gözellikleriniň köpüň gözüne ilmeýän geň-taňlyklaryny, sähranyň gujagynda ýa-da derýanyň gyrasydyr tolkunlarynyň aşagynda gizlenipjik ýatan täsinlikleri asyl durky bilen setirlere salyp bilmek. Ikinji bir aýratynlygy bolsa, milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, köp gary depelän, durmuşyň müň darkaşyny gören aksakal-gojalarymyzyň hüý-häsiýetini, zenanlarymyzyň gyzylly şaý-sep ýaly päkizeden nurana dünýäsini şeýlekin inçelik bilen suratlandyrýar weli, okap otyrkaň “Aperin!” diýdiräýýär. Bu söze sežde edýänleriň ussatlagyndan nyşan. Şadurdy halypa tüýs “Garynja gaýraty bilen zähmet çekibilen “ diýdiren ýazyjydy. Muny onuň galamyndan çykan eserleriň sanawyndan aňaýmaly. Bärde geliň, ýazyjynyň çeperçilik aýatynlyklaryny, eserleri hakda içgin syny edebiýatçy alymlaryň paýyna goýalyň-da, onuň terjimede bitiren işleriniň “agramyny” ölçemäge synanyşalyň! Nikolaý Sladkowyň “Tokaýyň gizlençek ýerleri” atly çagalara niýetläp ýazan çaklaňja hekaýalaryndan başlanan ýoda kem-kem uzap, Şadurdy Çaryýewiň özboluşly, başgalaryňka meňzemeýän terjimeçilik ýoluny döretdi. Ynha, Wahtang Ananýanyň “Awçynyň hekaýatlary” eseri, Abu-Bakr Ahmethanyň “Dargy gyzlary” powestidir dürli hekaýalary, Grigol Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük” romany, Pirimkul Kadyrowyň “Ýyldyzly gijeler” romany, Çingiz Aýtmatowyň “Kyýamat” romany, Nodar Dumbadzäniň “Nurly gije”, “Men, Enem, Iliko we Illarion” romanlary, Ýewgeniý Welistowyň “Elektronigiň başdan geçirenleri” powesti, Lýudmila Petuşewskaýanyň “Elegiýa” hekaýasy... Bu sanawy uzaldyp gidip otursaň, belki birki kagyz dolaram. Özem hersi bir halkyň ýazyjysy. Esersaýyn ussatlygyň artýandygy, tejribäniň baýlaşýandygy, ene diliň gulaga del kakýan tarlaryna-tärlerine el ýetirip, okyjyny ”Bäh, beýle şirinligini!” diýdirip bolýandygy elbetde, düşnüklidir. Ýöne beýle ussatlyga ýetýänçäň kä-än çorba sowatmaly. “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň terjimeçisi Myrat Goşlyýew şeýle ýatlaýar: – Maňa 2000-2003-nji ýyllarda Şadurdy halypa bilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginde bile işlemek miýesser edipdi. Şol ýyllar ähli resminamalary döwlet diline geçirmek zerurlygy günüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýardy. Hut şonuň üçinem, ussat terjimeçi Şadurdy Çaryýewi ministrlige işe çagyrypdylar. Ol köne endigi boýunça elde, galam bilen ýazardy. Birnäçe sagat basa oturyp öndimli işlärdi. Halypa terjimeçi beýik adamkärçilikli, agras kişidi, şol bir wagtda-da degişmäni, ýomak-henek atyşmany hem halardy, kiçi göwünlidi. Ol diňe ýazyjy ýa terjimeçi bolman, eýsem käte goşgy hem ýazardy. Ol käpille täze ýazan goşgusyny pikiriňi, bellikleriňi diňlemek üçin bize-de okadardy. Ýadyma düşýär, bir goşgusynda “tereň howa» diýen jümle bar eken. Bizem okap görüp, “tereň” sözi çuňlugy, esasanam derýanyň, deňziň çuglugyny aňladýar ahyry, çünki Magtymguly Pyragynyň «Bolar sen» diýen şygrynda «Tereň derýa haýbatyňa guwanma» diýen setirler bar ahyryn” diýip delil getirsek, “Hä-ä, bu diýýäniňizem biçem däl” diýip ylalaşypdy. Bu onuň ussat terjimeçi, ýazyjydygyna garamazdan, kiçigöwünlidigini, pespäldigini, başgalaryň pikir-garaýşyna sarpa goýmany başarýanlygyny aňladýardy. Terjimeçi diýleni haýsy şahyry ýa-da ýazyjyny terjime edýän bolsa durky-düýrmegi bilen şonuň dünýäsine aralaşmaly, eserde bolup geçýän wakalary, ýagdaýlary, ahwallary şonuň gözi bilen synlap, şonuň beýnisi bilen oýlanmaly. Terjimeçi diňe şeýtmegi başaran mahalynda başga ýurduň söz ussadynyň pikir-duýgusyny, beýan ediş usulyny, tärini öz okyjylaryna ýetirip biler. Meşhur rus tankytçysy, edebiýaty öwreniji, terjimeçi Konstantin Çukowskiniň jaýdar belleýşi ýaly, “Terjimeçi eseriň nusgasyny alyjy däl-de, eýsem ussat bolan mahalynda asyl nusgasynyň derejesine ýetirip, okyjylaryň arasynda hormata eýe bolmak bagtyna mynasypdyr. Asyl nusganyň teksti oňa çylşyrymly, joşgunly döredijilik serişdesi bolup hyzmat edýär”. Terjime hakda gürrüň açylanda, Şadurdy Çaryýewiň aýratyn hyzmatynyň bardygyny gypynç etmän aýtsa bolar. Onuň terjimeleri okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Ussat terjimeçi «Dünýä edbiýaty» žurnaly bilenem ýakyndan aragatnaşyk saklapdy. Gruzin ýazyjysy Nodar Dumbazäniň «Kukaraça» atly powesti žurnalyň sahypalarynda çap edilipdi. Şeýle-de ol agzalan ýazyjynyň «Ak baýdaklar» atly romanyny, özbek ýazyjysy Adyl Ýakubowyň «Ulugbekiň hazynasy» atly romanyny, kolumbiýaly ýazyjy Gabriel Markosuň «Ýalňyzlygyň ýüz ýyly» atly romanyny terjime edip, redaksiýanyň goruna tabşyrypdy. Bu eserleriň terjime babatdaky ussatlygy hut “telpek goýaýmaly” diýilýän derejededi... Bu sözler hatyraly halypanyň adamçylyk häsiýetine, ussatlygyna, işjeňligine berlen bahanyň bir ülüşi. Ony isledigiňçe uzaldybermeli, köpeldibermeli. Halypa ömrüniň paýawyna çenli Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginde zähmet çekdi. Hakyky hazynanyň jemlenen ýeri hasaplanýan arhiwde alym, ýazyjy, terjimeçi hökmünde ol edebiýatymyza, taryhymyza, dilimize, etnografiýamyza, umuman, milli geçmişimize degişli gymmatly mirasy degşirmek, netije çykarmak bilen birnäçe tututmly makalalary, synlary ýazdy. Ylaýta-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany barada ýazylan “Älemgoşar”, “Täze dogan aý” atly edebi seljerme synlary, “Ylham” seýilgähi barada ýazan “Seýilgähdäki oýlanmalar”, “Terjimeçilik uly sungat”, “Sungatyň güýji”, “Güller gyzyldyrlar ýa-da zähmeti söýüp ýaşamaly”, “Edebiýatyň parlak ýyldyzy” atly publisistik äheňli makalalardyr edebi oýlanmalary gymmaty babatda juda ähmiýetlidir. Şadurdy Çaryýew milli edebiýatymyzyň, çeper terjime sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşandyny goşup gitdi. Haýp, özümdäki kitaplaryň içinde Şadurdy halypanyň awtograf-ýadygärlik ýazgyly kitaby ýok. Terjime eden soňky kitabyny men höwes bilen dükandan alyp çykamda ussat dünýäden gaýdypdy. Kitaplary weli ýalpyldap dur. * * * Beýle beýik alym, aňrybaş okumyş, suwhangöý kişi bilen tanyşlyk “Garagum” žurnalynda işläp ýörkäm nesip edipdi. Ýalňyşmasam, 1995-nji ýyldy gerek. Aşgabatda çölleşmä garşy göreşmek boýunça Halkara simpozimumy ýa maslahaty geçipdi. Şol döwür üçin diýseň wajyp (asyl bu meseläniň wajyp däl wagty barmy diýsene) mesele bilen baglanşykly tutumly bir publisistik makala taýynlamak maksady bilen, bu çäräniň esasy guramaçylarynyň hem jogapkärleriniň biri-Türkmenistanyň Çöller institutynyň direktory, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýewe ýüz tutduk. Gör-ä, kiçigöwünligini: “Men şo töwereklere barmakçam, degip geçäýerin”. Geldi. Uzynakdan akýüzli, seýrek saçy giň maňlaýyny ýapyp duran, tüýs “mähirden ýasalan ýaly” diýilýän adam baş redaktorymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sapar Öräýew bilen gowy gatnaşykly eken. Ümmüldeşip bir hum çäýnek çaýy boşatdylar. Menem gapdallarynda ýumşa häzir bolup otyryn. “Ýumşa” diýýänim, gürrüňem gyzykly weli, bir gyzyky, meýdany giňje publisistika gerek material-maglumat agzyndan gaçsa garbap almakçy. Ol bolsa äwenok. Diňe tutup gitjek wagty maňa ýaňy gözi düşen ýaly: -Hä, makala diýipdig-ow-diýdi-de, gara gaýyş päpgesinden bir topbak kagyz çykardy-Orsçadyr öz-ä, düşünersiň-le. Men elime bir zat ilse kaýyl, derrew baş atdym. -Telefonym-a bilýäň, taýynlaňsoň, kyn görmeseň bileje okaşaýaly, irnik zatlar bardyr içinde, eýle-beýle bolaýmasyn. Şondan üç-dört gün geçirip, iş ýerine bardym. Bolşuma, eden işime göwni ýetendir-dä, ýarym degişme bilen: -Inim, saňa ýewreýler (jöhütler diýdigi-dä) sapak beren-ä däldir?-diýdi. Men “hawa” diýdim. Ol äýnegini aýryp, ýüzüme bir seretdi. Indi men sowal berdim: -Agajan Geldiýewiç, Swerdlowsidäki (häzirki Ýekaterinburg şäheri) uniweritetde okamyzda mugallymlarymyzyň ýarysyndan gowragy jöhütlerdi, ony nädip bildiňiz? Ol myssa ýylgyrdy: -Düzgünligiňden, şu günki işiňi ertä goýmaýşyňdan, ýumşaksylygyňdan aňdym. Jöhütleriň öňünde maňlaý derledip synag tabşyranlarda bolýa şeýle endik-gylyk. Wagt geçer. Ady Äleme dolan türkmen akademigi hakda “Akmaýanyň ýoly” atly dokumental powest ýazamda ol maňa şeýle wakany gürrüň berer. ...Güýzüň ortaky aýynda Agajan Geldiýewiç Daşkentde geçýän halkara derejeli maslahatyň işi bilen mübtelady. Daşky gurşawy goramak baradaky halkara guramasynyň, ýagny ÝUNEP-iň çäklerinde guralýan mejlis arid zonasyndaky ýerleriň tebigatyny goramak meselesine bagyşlanýardy. Türkmen alymy Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite däzüminiň-ESKATO-nyň, başgaça aýdanda, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň ykdysady we sosial meseler boýunça toparynyň garaşsyz bilermeni hökmünde çagyrylypdy. Meşlisiň üçülenji güni myhmanlary daň-säher bilen Daşkendiň golaýyndaky oba hojalygy bilen meşgullanýan hojalyga aýladylar. Şondan dolanyp, myhmanhana girse, ynha, ildeşi hem köne dosty Kakajan Muhammetberdiýew dur. Eýýäm tanalyp ugran taryhçy alym gara-gadyr salamlaşyp, Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça gelendigini, aslyýetinde-hä bu ýere işe çagyrylýandygyny aýdyp, birdenem şapba ýapyşdy: -Gel, alkademik Massonyň ýanyna gideli-le. Ol geçen gezek baramda seniň adyňy tutup, edýän işleriň bilen içgin gyzyklanypdy. Ýölda barýarkalar Kakajan Mihail Ýewgenýewiçiň baştutanlygynda Günorta Türkmenistan toplumlaýyn arheologik ekspedisiýa gidişleri, tapan tapyndylary hakynda gyzygyp gürrüň berdi. Şeýdip sagat 11-lerde üç gatly jaýyň iň aşagyndaky gapylaryň biriniň Kakajan jaňyny basdy. Işigi akademigiň özi açdy. Haýran galmaly, berlen salamada dodak gymyldatman, ol yzyna ýwrüldi-de, „Şu ýere geçiberiň!“ diýen manyda giň myhman otagyna el salgap, özi ýene içerik sümüldi. Oňaýsyz ýagdaýa düşen myhmanlar bolup hödür edilen ýere geçip, 15-20 minut garaşdyk. Gelýän-gidýän ýok. Alynmadyk myhmana dönüp oturmagam birhili. -Bu ne beýle, sen akademik bilen has şepe ýalydyň-la, ýa... Kakajan müýnli ýaly egnini gysdy: -Men-ä bilmedim-aý, ne döw urduka bu garra. Şeýdip ýarym sagat çemesi geçdi. Ine-de, giňden serpilen gapydan giren öý eýesi indi hakyt başga adam. Ýüzü-gözi gülüp dur. „Şägirt neneň?“ diýip Kakajany gujaklap, Agajany „Eşitdim, doktorlyk dissertasiýaňy üstünlikli gorapsyň, Garaguma ýapyşaň edil gyzylly hum tapan ýaly baý bolarsyň“ diýip, degşip, olary ellerinden tutup diýen ýaly iş otagyna äkitdi. Basyrylyp goýlan uly hum çäýnekden her kime bir käse gök çaý uzatdy. Birdenem agras keşbe girip Kakajandan sorady: -Ikimiz sagat näçede duşuşmagy wadalaşypdyk? Kakajan sagadyna seretdi: -Gündiz 12-de diýşipdik. -A siz näçede geldiňiz, bilýäňizmi? -11-den ýarym sagat geçende. Akademik ellerini serip goýberdi: -Kakajan, gadyrdan, ýat haltaňa berkden berk düwüp goý. Wagt diýleni gyzyldanam gymmatlydyr, ylaýta-da ylym, döredijilik adamlary üçin. Laýyk bellenilen wagtdan ýeke minut öňem, soňam gelme! Işiň bitensoňam eglenme. Meniň sizi ýarym sagat garaşdyrmagym şol säwligiňize özboluşly jezadyr. Garry jöhüdiň sapagy hemişelik ýadyňyzda bolsun! Aajan Geldiýewiçiň agzyndan gaçan badyna bu gürrüň hut özüm üçin aýdylana döndi. Şondan bäri şoňa uýup ýörşüm. Hä-ä, birinji gezek ýanyna baramda “Garagum-hazynaly hum” atly çelpek ýaljak kitaby “Me, okap gör!” diýip beripdi. Wah, näme üçin şol wagt “içine bije sözlem ýadygärlik ýazgy ýazyp berýäýiň!” diýmedimkäm? Arzylap saklaýan ýukajyk kitabybyň gunt ýaly agramy köp ýerde maňlaýymdan diredi. Ilki “Garagumyň gerçegi” oçerkiniň, soň “Almaýanyň ýalkymy” dolumental powestiniň döredşiniňem tötänleýin diýen ýaly sebäpleri bar. Agajan Geldiýewiç 90 ýaşanda “Diýar” žurnalynda bu wakany ýatlaýaly diýdik. Alymy ýagşy tanaýan, goňşurak oturýan, asly obadaşrak bir adam (käri lukman) makala getirdi. Guraksy, sanawdan başga süwütli zat ýok, “çäge gysymlan ýaly” diýilýäni. Onsoň “Gel-aý, türkmeniň kimdigini ylymda Äleme görkezen bu adam hakda düzüwliräk bir zat ýazyp bolmazmyka?!” diýen oý-hyýal bilen özüne jaň etdim. Olam öz ýakamdan ýapyşdy: “Gurbannzara jan, özüň ýazaýmasaň, “Men hakda bir zatlar çyrşa” diýip kime aýdaýyn, olam özüňi mazamlaýan ýaly bolmazmy?!” Bu kiçigöwünli, ýöne özüniň dünýä gabaraly mertebe-derjesiniň bardygyna pitiwa etmeýän salykatly türkmen ýaşulysynyň aýdaýjak gepidi. Onsoň “bil guşap” özüm ýapyşdym. Oçerk-ä taýyn boldy, “Türkmenistan” gazetinde sahypa dolduryp çykdam. Ýöne “hamyr ujundan petir” diýleni boldy. Aýdyljak bolunýan zadyň dörtden birini zordan “depip-dykyp” ýerleşdirmeli boldy. Böwrüm ünjüli ýaly gezip ýörün. Şeýle gyzykly, geň-täsin zatlary “sandygyňa salyp” beýläňe zyňsaň, okyjylaryň öňünde bergidar ýaly ünji-duýgam hiç aýrylanok. Onsoň “dokumental hekaýa edäýeýin” diýip ýapyşdym, olam ulaldy-ulaldy-da, poweste öwrüläýdi. “Garagum” žurnalynda çapam boldy. Şol sebäpler bilen bu alymyň ähli ýazan kitaplarymydyr redaktirlän neşirlerini elek elan ýaly etdim. Köp zadam “beýläme” atdym. Asyl Garagumy görme, gezme kemini goýmadygam bolsam, şol okanlarym meni täze äleme aýlan ýaly etdi. Bu adamyň ykbal ýolundaky täsin wakalaram öz dilinden eşidip, kagyza geçirdim. ...Alymlyga ýetmeg-ä beýlede dursun, adam bolup diri galmak üçinem „dowzahyň synagy“ diýilýänçeräk apat bilenem ýüzbe-ýüz bolmaly eken. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndan 7-nji oktýabryna geçilýän gije beýleki ýigitler ir ýatdylar. „1-nji Maý“ köçesiniň ugrunda ýerleşen umumyýaşayş ýaýynyň ikinji gatyndaky otagda Agajan fiziki geografiýadan kurs işine taýynlanyp otyrdy. Aslyýetinde-de ýarygijeden soň uklamak onuň edähedidi. Howa maýylgandy. Birden gopan sarsgyn ilki asmana bökdürdi, demsalymdanam stul süýşüp gitdi-de, Agajan şarpyldap pola ýazyldy. Ýer şeýle bir goduklaýardy weli, aýak üstüne galmak hyllalady. Bägrişip turan ýoldaşlary gapa tarap ylgadylar. Ýöne ol eýýäm petik bolupdy. Birdenem potolok bolup duran ýokarky beton güwläp gaýtdy. Daş-töwerek tümlüge öwrüldi. Tot-tozandan ýaňa demligiň tutulyp barýardy. Hernä çalaja yş bolup äpişge ýeri görünýärdi. Şoňa okdurylan ýigitler bir-birine gop berip, gözlerini ýumup, aşak bökdüler. Olaryň düşen ýeri wagtlaýyn gurlan bir gatly jaýyň üçegi boldy.Ondanam sypyrylyp gaýdyp, gum-kesegiň ortasyndan bir-birlerine seredenlerinde, ýüzi-ýeňsäni tanar ýaly däldi. Ýüregi atygsap agzyndan çykaýjak bolýan Agajanyň beýnisinde ýyldyrym çakan ýaly boldy: „Oraz beri dirimikä?“ Ortanjy inisi medisina institutynda okaýardy. Olaryň umumyýaşaýyş jaýlaram degip diýen ýaly durandy. Ylgawyny ýazdyrman baranda, daşarda üýşüp duran ýigitleriň arasynda Oraza gözi düşen Agajanyň ýüregi ýerine geldi. Ýöne harapçylyk aýdyp-diýer ýaly däldi. Aşgabat harabahana bolup ýatyrdy. Agajanyň okaýan 4-nji kursundan 15-20 talyp kesegiň-daşyň aşagynda gurban bolupdy. Diri galanlaryň hem aýagy, hem elleri işleýärdi. Gije-gündize parha goýmak ýatdan çykyp gidipdi. Diňe iki hepde çemesi wagt geçensoň dartylan beýniler hem, haýdaýan göwreler hem özüne gelip ugrapdy. Şondan soň henizem kesekdir kerpiç üýşmeginden ýaňa zordan aralap geçmeli ýerleri arassalaşdyryp, açyk asmanyň astynda sapaklar başlanypdy. Ähli kitaplardyr görkezme esbaplary, gerekli okuw enjamlary ýer bilen ýegsan bolupdy. Boldugyndan okuwlar guralýardy. 1959-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabatda „Çöller instituty“ diýlen ýazgyly jaý peýda boldy. Wah, ady jaý-la! Akademiki institutlar üçin ýer titremesinden soň wagtlaýyn gurlan, gapysyndan eglip girmeli karkas jaýlaryň birinden bary-ýogy üç otag berdiler-de, „alyň, işläberiň!“ diýdiler. Tarpdan döredilensoň, iň bärkisi, oturara, hat ýazara stol-stulam hyllala boldy. Iň esasy, institutyň „döwülmejek süňklerini“ düzmelidi. Direktor şundanam başlady. Ilki bilen ylmy hem guramaçylyk işlerini utgaşdyryp alyp gitjek wezipä-alym sekretarlyga mynasyp birini tapmalydy. Kelle döwüp oturşyna birden uniweristetdäki mugallymy Mýagkow güpbe ýadyna düşdi. Nikolaý Ýakowlewiç häzir Türkmenistanyň gidrometrologik döwlet gullugynyň çaklaýyş bölüminde müdirdi. Ylym, tejribe, guramaçylyk taýdan tüýs „ýüňi ýeten“ adam. Şeýdip, „bermezek Taňrydan irmezek awçy alar“ edip başlaberdi. Köp wagt geçmänkä-de akademik M. P.Petrow, geografiýa ylymlarynyň kandidatlary Alekseý Znamenskiý, Andreý lewadnýuk, Arkadiý Lawrow, Nikolaý Orlowskiý, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ýuriý Nowikow, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Walentina Kostýuçenko, tehniki ylymlaryň kandidaty Mihail Kolodin dagy institutyň „süňňüni“ düzdüler. Bu aznawur alymlaryň aglabasy 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe Aşgabada ewaukasiýa edilen-wagtlaýyn göçürilen Moskwa döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydy. Türkmenistanyň howasy, türkmen myhmansöýerligi, iň esasam, böwrek, guragyry, inçekesel ýaly dertleri dep edýän yssydan gurak howa olara türkmen topragyny hemişelik Watan edipdi. Zeminde çölleri öwrenýän ylmy institutlar Müsürde, ABŞ-nyň Arizona ştatynda, Aljirde geçen asyryň ortalarynda-da bardy. Has soňrak Hindistanda, Mongoliýada, Ysraýylda hem şeýle institutlar döredildi. Öňki Soýuzyň çäginde bolsa Türkmenistandaky Çöller instituty ýeke-täk ylmy ojakdy. “Terjimehalynyň“ ilkinji sahypalaryndan bu institutyň Birleşen Milletler Guramasynyň degişli gulluklary, dünäniň çöller, tebigy gurşaw bilen meşgullanýan ylmy jemgyýetçiligi, hökümet derejesindäki edaralar bilen bilelikde amala aşyran taslamalary, guran simpoziumlarydyr maslahatlary, anyk netijeleri bilen ýatda galan çäreleri, ýerine ýetiren ylmy-tejribe işleri ýüzlerçe, belki-de müňlerçedir. 1984-nji ýylda Türkmenistanyň YA-nyň Çöller institutynyň BMG-nyň ÝUNEP ( Daşky gurşawy goramak guramasynyň) Altyn medaly bilen sylaglanmagy, ylym ojagynyň ýolbaşçysynyň bolsa Altyn nyşana mynasyp bolmagy, ÝUNESKO-nyň hormat Kitabyna girizilmegi, 1987-nji ýylda hut halkara guramalarynyň towakgasy bilen bu institutda arid zonasyny ylmy taýdan has takyk öwrenmek maksadynda ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de çölleşmä garşy göreşmek meselesinde hünärmenleri taýýarlamak boýunça ESKATO-Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça merkeziň döredilmegi dünýä boýunça ykrarnama diýmekdir. Repetek biosfera goraghanasy dünäde taýsyz hasaplanýar. Tutuş Ýer ýüzünde „Repetek-bu geograglaryň, botanikleriň hem-de zoologlaryň ybadathanasydyr“ diýlen aýtgy ýöne ýere dörän däldir. 1912-nji ýylda Orta Aziýa demir ýol çekilende patyşa Russiýasy taraýpyndan tebigy harasatlardan goranmak maksadynda döredilen çöl-meýdan tejribehanasy soňlugy bilen dünýä ykrarnamasyna eýe boldy. Garagumyň gözel künjegindäki bu mekan institutyň hem sähra içindäki „karargähleriniň“ birine öwrülipdi. Bu ýerde alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň onlarçasy öz netijeleri babatda Zemin ýüzünde iň ähmiýetlileriň hataryna girizilipdi. Aslyýetinde Çöller institutynda umumylykda alanyňda, 200-den gowrak adam ylymlaryň kandidaty we doktorlyk dissertasiýalaryny goradylar. Şolaryň içinde diňe bir golaý-goltumdaky Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan däl, eýsem Mongoliýa, Eýran, Siriýa, Hytaý, Hindistan, Liwiýa, Mali ýaly ýurtlardanam alymlar bar. „Tomsuň tüp yssysynda ýumurtga gömseň derrew bişirýän çägä gömülseň endamyňdaky ähli dertleri sokga sorýar“. „Garagumyň ot-çöpüni iýip ýören düýäniň süýdini, çalyny içseň, ömrüň uzalýar, ähli keselden saplanýaň“. Bu „kesitlemeler“ şu alymlaryň dilinden çykyp, has alyslarda hem ýörgünlidi. ...Aşgabatda geçen Bütinsoýuz ylmy ýygnanşyga gelen aznawur alymlaryň, tanymal akademiklerdir professorlaryň tas hemmesi diýen ýaly uçup gitdiler. Diňe Ukrainanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Patonyň düşegi ýumşapdy. Botanika bagynyň içindäki lälezarlyga bürenip oturan kaşaň hökümet myhmanhanasynda gök çaýy çala şirpildedip oturşyna ol öwrümli gep urdy: -Türkmenlerde ýalňyşmaýan bolsam, üç günläp myhmandan „Ýol bolsun!“ soralmaýan bolmaly, dogrumy?! Gelenimize şu gün üç gün dolýaram, şonuň üçindir, myhmanlaryň göterilip gideni. Ýeri, muňa näme diýersiň, Agajan Geldiýewiç?! -Türkmenlerde „Myhman ataňdan uly“ diýlen gepem bardyr, Boris Ýewgenewiç. Näçe gün boljak diýseňiz, gol çyzgap hyzmat etmek biziň bilen, arkaýyn bolaýyň. Akademik sanaýmaly çaçy galan kellesini keýp bilen sypap, syrly ýylgyrdy: -Eýle bolsa, sen bize hakyky hazynaňy görkezmeli bolarsyň, gadyrdan, şony emin-erkin synlaman, biziň gitmejegimiz çynymyzdyr. Köpi gören, gepe düşüş öý eýesi myhmanyň niräni tozadýanyny dessine aňdy: -Ýogsamam bu ýurda gelen myhman türkmeniň hemişelik sallançagy bolan Garagumda aýbogdaşyny gurup çaý içmese, myhmançylygy kemter görýändir. Myhman aýgyt bilen ýerinden turdy: -Eýle bolsa, bize çöli görkez, özem häzir gitdik! Şondan birküç sagat soň şol wagtky Çärjewe gonan uçardan düşülip, dehin Repetege ugraldy. Diläňde-de beýle bolmazdy. Hakyt Seýdi şahyryň: -Pasly baharlarda seýrana çyksaň, Tükenmez ýollaryň bardyr sen çölüň -diýýäni şudur. Bol ýagan ygaldan ýaňa çöl läle-reýhan bolup ýatyrdy. Ulagyň aýnasyndan daş-töweregi nebsewürlik bilen synlaýan myhman durubilmedi: -Barjak ýerimiz o diýen uzak bolmasa-ha pyýadalaýmaly ekenik. Beýle gözelligi durup-durup synlasaň, beýle tereň howadan çuňňur-çuňňur dem alsaň. Hany Agajan Geldiýewiç, gulagymyzam boş durmasyn, tanyşdyr-da bu geň ýer bilen. Repetek goraghanasy döredilmezden ozal Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda Rus Imperatorlygynyň Geografiýa jemgyýeti tarapyndan onuň wise-Prezidenti, belli geograf we syýahatçy P.P.Semýonow-Týan-Şanskiniň işjeň gatnaşmagynda tutuldy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbüni tutujy W.A.Dubýanskiý ylmy stansiýany döretmekde-de bilek çermäp hyzmat görkezýär, onuň ilkinji direktorlygyna hem bellenýär.Belli alym 1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli bu ugurda önjeýli işleri bitirýär. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy... Gürrüň tapba kesildi. Sebäbi gaba sazagyň aňyrsynda ýarpy göwresini dim-dik eden kepjebaş „Biziň mesgenimizde siz näme işläp ýörsüňiz?“ diýýän ýaly gyzyl dilini oýnadyp, bärik seredip durdy. -Arkaýyn oturyberiň, kepjebaş gaty akylly hem hüşgär janawerdir. Degmeseň degmez. Özem iň uly ýagysy zemzen bilen bile Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir-Agajan Geldiýewiç gepine ýarym degişme goşdy-Biziň bu kepjebaşymyz ýöne-möne däldir, baryp-ha Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň Gyzyl kitabyna-da baryp girendir. Göterilen gülküden tebil tapan kepjebaş sumat boldy. Birdenem gaýra tarapdan güsürdi-pasyrdy eşidildi. Göýä şol güsürdi gelip degen ýaly giden sazaklygyň ýaňyja ýaşyl reňke boýalana meňzeş terje pürlerindäki damjalar titräp gitdiler. Myhman görýänine ynanmaýan ýaly äýnegini aýryp, depeden pessaýlap, gündogar tarapa kem-kem iniş eden ýaşylbaş ördekleri boýnuny üzäýjek bolup synlady. Soňam eginelrini çalaja gysyp hümürdedi: -Geň zat, beýle guşlar giden tokaýlykda, öleňlikde, çemenlikde, derýa boýlarynda bolýarmyka diýýädik-le... Gapdaljykda gübürdäp ýanýan gury sazagyň közüne gepläýjek bolýan gara taňkany haçjaly sözen bilen bärik çeken ýigit çaý atyp durşuna düşündirdi: -Şundan üç depe aňrymyzda köl bar, özem süýji sywly, ýerasty linzadan dörän, şol ýeri ýylyň dört paslynda-da guş bazary bolýar. Ýagyp-ýagyp durlanan asmanyň gök gümmeziniň aşagynda mollatorgaý guş dilinde heň çalýardy. Hol maňlaýdaky depäniň üstüne dyrmaşan hajjyk dilini oýnadyp, sessiz salam berýän ýalydy. Ondan gözüni aýryp ýetişmänkäler maral towşan çalja çebşegini yzyna tirkäp, bärligine monjuk ýaljak gözlerini dikip, bir sägindi-de, towsaklap gapdaldaky gür garaojar tokaýlygyna siňip gitdi. -Tüpeň sesi çykmansoň, bu janawerler adam bilen halys öwrenişip gidiberýän eken. Kämahal ýeke çaý içip otyrkaň, “Şol çöregiňden maňa-da dadyrsana!“ diýýäne meňzäp, gapdaljygyňa-da geläýýär. Goraghananyň baş tokaýçysynyň aýdan gürrüňi myhmandan başga hiç kimi geň galdyrmady. Howa gaýmak ýalydy. Dürli otlaryň ysy Garagumyň bu künjüne müşki-anbar sepilendir diýdirýärdi. Çog-gyzyl gülälekler, zagpyran reňk çopantelpekler, mawyja jümjümeler, topugyňa çolaşýan göm-gökje selin, dyza ýetiberen arpagan... garaz, tebigat bar ot-çöpüni şu ýere getirip gögerdäýen ýalydy. Paşyrdap duran düýe çalyna agyz urmazdan ozal Boris Ýewgenýewiç ýene-de äýnegini aýryp, erňegi içine edilen agaç okarany mazaly synlady. Gapdaldaky okaradan şakasä çemçe batmaz agarany guýup uzadan Agajan Geldiýewiç ýarym degişmeli gep urdy: -Garagumy nesgen edinen adamlar günde bir okara düýe çal bilen bir käse goýun guýrukýagyny içmese, özüni aç gezen ýaly duýýandyr. Ilki kemişdäräk şirpildedenem bolsa, agzyna ýarandyr-da, çally käsäniň düýbüne ýeten myhman agaran bilen gyzgynjak gömme çörege işdämen ýapyşdy. -Az-kem işdä saklaweriň, Boris Ýewgenýewiç, gumlular täzeje soýlan çebiş etinden bişirilen işlekli iýdirmän, myhmany goýberýän däldirler. Işlekliniň tagama-da agzy suwartdy weli, bişiriliş usul-aýratynlygyny sypdyrman synlan myhman „Nähili täsin! Bu bir özbaşyna sungat ahyry“ diýip, baş ýaýkaberdi. Ylaýta-da gara ojaryň gyzyl közüniň howruna çydaman pasyrdap gaýnaýýan ak çäge ony haýran etdi. -Gaýdyşyn Garagumyň içinden tä Baýramala çenli gämili gideris. Bu gepe geň galmakdan ýaňa myhmanyň gaşlary gerlip gitdi: -Beh, çöl, suw, gämi, bu-ýa birhili düşnüksiz bolýa. Hernä henek edýän dälsiňiz-dä? Şondan iküç sagat çemesi soňrak Garagum derýasynyň içi bilen burnuny Mara tarap tutan gäminiň palubasyna münen Boris Ýewgenýewiç tä ýetiljek menzile çenli şol ýerden aýrylmady diýen ýaly. Bahar nepesine durlanan Garagum hakyt älemgoşar bolup öwşün atýardy. Müň dürli ot-çöpden ýaňa gumuň barmak basara-da boş ýeri ýokdy. Aýagyňa çolaşýan otlaryň içinde bökjekleşýän gyzular görnenokdy. Dim-dik ösen sözeniň göm-gökje ýapraklaryny iýmän, ysgap ötýän düýeler egri boýunlaryny bärik edip, „Biz üçin şundan hezil ýer ýok“ diýip, sessiz habar ýollaýan ýalydy. Gum depeleriniň üstüni syryp gelýän adaja şemala burnuňy tutdugyňça, kükregiň giňäp barýardy. Ana-da,Garagumyň gujagyndan çekilen emeli derýänyň suwunyň ýüzi bilen typyp barýana meňzeş gäminiň gapdalyndan golbiýy balyk özüni asmana zyňyp, ýene-de tolkunlaryň teýine çümüp gitdi. Boris Ýewgenýewiç joşup geplänini duýman galdy: -Garagum pustynýa däl-de, kustynýa eken-ä. Serediň-ä, bu ýerler Don boýlarynyň, Dnepriň aýagyjynyň tozap ýatan, ýykylsaň dişiňi döwjek zynç ýaly gaty düzlükleri bilen deňeşdireňde dagy jennet-ä. Agajan Geldiýewiç aýdylan gürrüňi içinden deňeşdirip gördi: „Diýmek, çöl däl-de, lälezarlyk boýa-da akademigiň kesgitlemegine gör-ä biziň Garagumymyz“. ...1990-njy ýylda Türkmenistanly alym arid zonasyny öwrenmekde dünýä derejeli ylmy hyzmaty üçin Karpinskiý adyndaky Halkara baýragy bilen sylaglanýar. Bu sylag bilen öňki Soýuzyň çäginde diňe üç sany adam-akademikler Guriý Marçuk, Leonid Brehowskih, Wladimir Sokolow sylaglanypdy. Sylagy 1990-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Aşgabadyň Mollanepes adyndaky döwlet drama teatrynda gowşurmak meýillşedirilýärdi. Bu dabara gatnaşmak üçin Gaznanyň başlygy jenap Alfred Týomper Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Şol bir wagtda Gamburgdan hem gyssagly habar düşdi. Ol şeýledi: „ Däbe görä, şu baýrak gowşurylan mahaly Bethoweniň dördünji simfoniýasy çalynýar. Türkmen sazandalary sungat şalygynyň şu ajaýyplygyny ýerine ýetirip bilerlermikä?“ Azajyk howpurgan Agajan Geldiýewiç derrew köne dosty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Jawaharlal Neru adyndaky baýragyň eýsesi, belli kompozitor Çary Nurymowy tapdy. Ol arkaýyn etdi: „Şol simfoniýany nemesleriň özlerinden artyk ýerine ýetireris, görersiň!“ Şeýle-de boldy. Çölleri öwrenmekde türkmen alymynyň „öňüne adam geçiurmeýär“ diýlen derejededigi dünýäde doly ykrar edildi. Türkmenistanda döredilen Çöller instituty arid zonasynydaky çölleri öwrenmekde dünýä nusgalyk mekdep bolan. Bu ylym ojagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek BMG-nyň Çölleşmä garşy göreş Konwensiýasynyň çäklerinde çöllük ýerleri özleşdirmegiň, gurakçylygyň garşysyna Milli meýilnama işlenilip düzüldi hem-de uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirildi. „Agajan Babaýew çöllük ýerleriň geografiýasyny, ekologiýasyny öwrenmek boýunça Türkmenistanda dünýä nusgalyk nilli mekdebi döreden alymlaryň biridir“. Bu kesgitleme Älem içinde doly ykrar tapan hakykatdyr. Ynha, men alymyň dürli ýyllarda Moskwada, Aşgabatda çap edilen “Жизнь в науке о пустынях”, “Пустыня как она есть”, Проблемы освоения пустынь” ýaly rus dilinde (onuň kitaplary dünýäniň 15-e ýakyn dillerinde dürli yklymlarda çykan) kitaplaryny elime alýaryn. Her sahypasy täsinlikden, gyzykly, biläýmeli maglumatyňdan doly. Ilki agzan kitabyma bolsa şeýle sünnäli ýazgy edilen: “Gadyrdan Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen, awtordan peşgeş”. Maňa eden peşgeşiňe taňryýalkasyn, ylma eden peşgeşiňe bolsa nijeme nesiller, onda-da dünýä ýüzüniň nesilleri alkyş okap gezerler. * * * Şerap ajy, ýöne durmuş süýjüdir, Ömrüň uzak bolsun eziz agtygym, Ogul perzent enäň-ataň güýjüdir, Sensiň biziň iň arzuwly bagtymyz. Alyp goýduk akly-gyzyl çüýşeler, Ös sen, ulal, guwanaly boýuňa, Şu sowgady aýap saklarys, ogul, Garaşyp biz seniň durmuş toýuňa. (Şu goşgyny agtyjagym Mälik bolanda Atamyrat Atabaýa haýyş edip ýazdyrypdym. Dörünip otyrkam öňümden çykaýdy.) 30.08.2021. * * * Aşgabadyň “Syýahat” myhmanhasynyň edil ýeňsejigindäki çaklaňja howluda uzynakdan atýüzli, akýüzliden arryklaç, diýseň çulum hereketli bir ýaşyly ýaşaýar. Hereketini göreňden, düzgün-tertiplidigini bileňden, “Häý, harby adam bolaýmasa” diýdirýär. Hut şeýle. Özem şeýle bir gülleri, onda-da bägülleri ýetişdirýär. Eýlesi-beýlesi sanly ädimlik howlusy güllerden ýaňa edil älemgoşar ýaly lowurdap dur. Öz elleri bilen ýetişdiren güllerinden, hat-da Murgabyň gyrasyndaky “garry öýde” ýetişdiren hersi goşýumruk ýaly narlaryndanam dost-ýarlaryny hezzetlemek häsiýeti bar. Özem mundan aňrybaş lezzet alýar. Ol adama Ata Resulow diýilýär. Güli gowy görşi ýaly, Ata aga sözem gowy görýär. Metbugatda saglyk, tebigat täsinlikleri, derman otlary, güller... hakda seýregrägem bolsa täsinje makalalar, ýatlamalar, has joşuberse goşgular ýazaýmasam bar. Şeýde-şeýde “Dama-dama köl bolar” edip, “Meniň Türkmenistanym” atly ýatlamalardan ybarat galyň kitabynyň, “Sag we uzak ýaşamak” atly nesihat-öwüt äheňl ikitabynyň golýazma görnüşlerini dost-ýarlaryna paýlady. Şolardan köne tanyş hökmünde maňa-da ýetdi. Soňky kitabyny şeýle ýazgy bilen sowgat etdi: “Hormatly Gurbannazar Orazgulyýewiç, Size rowaçlyk arzuw etmek bilen, awtor-Ata Resiulow, 22.05. 2018.” Ol 1937-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gojaman Murgaby ýakalap oturan gadymy obada-Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiginde, birwagtlar “Ajap Mämmedowaň obasy” diýlen ýerde dünýä inen. Ajap eje öz döwründe bu oba ýolbaşçylyk edip, Zähmet Gahrymany derejesine ýeten zenan. Ol obada belli ýazyjymyz Atda Nuryýew hem doglup, ömrünem şol mekanda paýawlady-Aşgabatdan oba göçüp gidip, şol ýerde ýaşady. Ata Resulow ömrüni harby lukmaçylgyga baglan. Ol 1961-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlap, harby gullyga çagyrylyp, Gazagystanyň Jambyl şäherinde, azajyk soňragam Özbegistanyň Samarkant oblastynyň Kettegurgan şäherinde harby lukman bolan. Kettegurbanda türkmen kowçumynyň bardygyny, ýörite ideg-sorag edip aýdylan gyşaga barandygyny, ýöne olaryň garrylarynyň “biz türkmendiris” diýse-de, dilleriniň, egin-eşikleriniň ýerli milletiňki bilen garyşyp gidendigini ýatlaýar. Ata aga şeýle bir wakany hem aýdyp berýär: -1965-nji ýylda meniň bilen gulluk edýän serkerde-özbek ýigidi Ýoldaş Ismatow kakasynyň ýaşaýan ýerine-Buhara welaýatynň Nowaýy etrabyndaky bir gyşlaga myhmançylyga çagyrdy. Onuň 70 ýaşly kakasy bar eken. Çaý başyndaky söhbetdeşlikde men özümiň türkmendigimi aýtdym. Ýaşuly ogly bilen täjik dilinde gepleşýärdi. Men ýarym degişme bilen ”Özüňiz özbek bolup, täjikçe gepleşýäňiz-le” diýdim. Ol maňa “Biz özbegem däl, täjigem, biz türkmendiris. Şu gyşlagyň ähli oturymlysy türkmendir, ýöne olaryň hemmesi milletini özbek diýip ýazdyrdy. Ýöne şonda-da olar özlerini türkmen hasaplaýarlar.” diýdi. Dünýä belli rus alymy, akademik N.Sumilýowyň “Gadymy türkler” (Древние тюрки) atly tutumly eserinde V-VII asyrlarda, esasan häzirki Orta Aziýanyň hem-de Gazagystanyň günorta-gündogar çäklerinde bolup geçen wakalar teswirlenýär. Şol kitabyň içindäki kartalaryň birinde agzalan döwürde “Amyderýa bilen Syrderýanyň arasynda, demirgazygy Aral Kölüne ýetýän türkmen ýurdy bar” diýlip agzalýar. Başga bir tutumly taryhy kitapda, ýagny türk ýazyjysy Mustafa Kemal Sebitçi oglunyň “Badalgam Merw” (ol eseri belli ýazyjymyz, taryh ylymlarynyň kandidaty Ýazmyrat Mämmedi türkmen diline geçiripdi) romanynda X asyrda seljuklaryň Togrul begiň, Togrul begiň ýolbaşçylygynda Amyderýa bilen Syrderýanyň arasynda mesgen-mekan tutandyklary anyk ýazylan. “Towşana dogduk depe” diýleni-dä. Ol her edip, hesip edip Türkmenistana gaýdyp gulluk etmegi, juda bolmasa, raýat lukmançylygyna geçmegi nälär islän. Ol arzuwyň wysal bolmagyna-da onuň edenliligi, has dogrusy, sport bilen bagry badaşanlygy sebäp bolýar duruberýär. Ol instututda okaýan wagty hem woleýbol bilen gyzygyp, ençeme ýaryşlara gatnaşýar, institutyň ýygyndy toparynda çykyş edýär, hat-da sport ussatlygyna kandidatlyga çenli ýetýär. Gürrüň bermegine görä, ony 1967-nji ýylyň oktaýabr aýynda Daşkende harby lukmançylyk internaturasyna 6 aýlyk kämilleşdirişe, özem hururgiýa-anestezologiýa ugrundan ugradýarlar. Köp zatlary öwrenýär. Şol ýyllarda onuň kursdaşy, asly daşoguzly Rustam Mätjanaow (ol soň harby lukmançylgyň general-maýory çinine ýetýär, Germaniýada, Uzak Gündogarda harby birikmeleriň lukmançylyk gulluklaryna ýolbaşçylyk edip, soň Moswa ymykly göçüp barýar, şol ýerde ýaşap ýogalýar) Türküstan harby okrugynyň lukmançylyk bölüminde gulluk edýär. Iksiniňem çini lukmançylyk gullugynyň kapitany. Şol ýerde Ata boş wagtlary woleýbol oýnaýar. Ine-de, günleriň birinde Ata Resulowy harby okrugyň lukmançylyk bölüminiň başlygy N.W.Strobykin ýanyna çagyryp, “Woleýboly oňat oýnaýar ekeniň, seni öz ýanyma gulluga aljak” diýýär. Şeýdibem “aşygy alçy gopan” ýigit köp wagt geçmänkä, “geçisi daga ýaýrap oturan” generalyň ýanyna barýar-da, özüniň Türkmenistana geçirilmegini soraýar. Şol wagtam Mary harby gospitalyna anesteziolog gerek eken. Ony şol bölüme başlyk edip ugradýarlar. Soň Aşgabatdaky Merkezi harby hassahanada lukman bolup işleýär. Uzyn gepiň keltesi, ömrüniň 27 ýylyny harby lukmançylyk gullugyna bagyşlap, harby gullugyň polkownigi çini bilen ätiýaçlyga çykýar. Soňam 75 ýaşaýança anesteziolog-reanimatolog lukman bolup halka hyzmat edýär, 1982-nji ýylda “SSSR-iň lukmançylygynyň otliçnigi”, 1984-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan lukmany”, 1991-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň halk lukmany” diýen hormatly atlara mynasyp bolan. Harby hem raýat gullugynda mahaly lukmançylyga, tebigata, estetik gözellige bagyşlanan, şeýle-de durmuşy makalary, oýlanmalary onlarça, olaryň kitap bolup çykanlaram bar. Häzir 80 ýaşdan aňryk ätlän Ata aga dikgirdäpjik gül paýlap ýör, tüweleme! Şol häki agzan “Meniň Türkmenistanym”atly golýazma görnüşli kitabyna-da ýadygärlik ýazgy goýup, sowgat berdi. Gül hem kitap paýlaýan adamlar gör nähili ýürege ýakyn, mährem! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |