20:14 Gowy adamlar | |
GOWY ADAMLAR
Goşgular
Gowy adamlary gowy görýarin, Söýýän olaň pes päl gylyklaryny. Bir gowy hakynda gendäň gepine, Olar gabartmazlar gulaklaryny. Olaň sözi erär gider ýürekde, Gyzgyn sähralaryň garlary ýaly. Olar küýsederer her gün, her hepde, Mylly Täçmyradyň sazlary ýaly. Ölçegidir sadalygyň, gowlugyň, Şeýle adamlary diňledim harplap. Gowy adamlaryň ýanna howlugyň, Dymyp diňläň olaň sarpasyn saklap. Ol adamlar zar däl tarypa, öwgä, Olar zar däl reklamadyr afişa. Gerek bolsa başyn salýandyr gowga, Ol adamlar öň hatarda hemişe. Olaň mydam gowulykda hyýaly, Olar maňa gowulygy öwretdi. Geçen ýowdan gorapdyrlar diýary, Olaň işem, gürrüňlerem döwletli. Gowy adamlaryň otüp deňinden, Käte biz wasp etýäs it bilen guwy. Ýöne meniň üçin goşgudan, guwdan, Gowy adamlaryň barlygy gowy! # «Ak leglek», 1986 ý. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |