02:45 Goýma meni armana | |
GOÝMA MENI ARMANA
Goşgular
Zarym gördüm, begendim, galkdy göwün heýjana, Içde dertden saplandym, ynjalygym bu jana, Görsem ýarym gül ýüzüň, meňzär menden ynjana, Uçdy köňül takatym, yza berip wyždana, Pursady ýok lak atym, sebäbini sormana, Ýogsa, ýoňsuz ýol söküp, gelişim-le görmäne. Ýoklugyma ýolgaryn, sen bolmasaň dünýämde, Barlygyma ýok nyşan, sen gülmeseň dünýämde, Gapyl galyp köýdürsiň, sen bilmeseň dünýämde, Ýazlyp-ýaýnap, ýaraşyp, sen galmasaň dünýämde, Haldan haraý habary, sen almasaň dünýämde, Owarrama giderin, takat tapman durmana. Gel, sen sazla söhbeti, gussa gelmez küýüňe, Yşaraty gaş bilen, çagyr meni öýüňe, Ýolum baglap alyp gal, salyp ebeteýiňe, Serhoş eýle, sen meni, gandyr yşkyň meýine, Arman goýma, ar etmen, ýenjip ýetir eýime, Pygylym pynhan meniň, synanşygyn yrmana. Diýme: «Bu gün ýadadym», ýorgunlygyň ýoraýyn, Tapyp dowa-dowasyn, çäresini göreýin, Başyňa bela barmaz, özüm oda uraýyn, Apalaýyn aýby ýok, alsaň janym bereýin, «Garaş» diýseň gozganman ýetmiş ýyla duraýyn, Täsir etmez, tisginmen, puryjam bar, permana. Seniň aklyň gözüňde, diýe bilmen: «Ýaş başyň», Hetdim bolmaz diýmäge: «Gözüň üstünde gaşyň», Seniň yşkyňa düşdüm, şunda meniň ýalňyşym, Naýynsap däl, naýynjar, gözgyny tutan işim, Ýaňaklamda ýol ýasap, akar, sildir göz ýaşym, Gutulmadym men senden, gaçyp gördüm her ýana. Sallanaňda seýl edip, gözüm alty açylýar, Kalbym joşuna gelip, ylhamyny eçilýär, Göz görensoň geňeşi, göwünlerde biçilýär, Akyl aňlara siňip, saýlap-saýlap seçilýär, Söýeniňi söýdürip, bilseň jandan geçilýär, Ahmyryma azm edip, bahana bar barmana. Ýadyrgama, ýat bekle, meniň artyk sözüm ýok, Men diňe seni görýän, özge ýerde gözüm ýok, Bir baramda goýberme, garşy barma ýüzüm ýok, Özüň bilýäň galanyn, sen bilmeseň çözüm ýok, Diýr Ilmämmet, awap dur, agyryma dözüm ýok, Ýatladaýyn ýaňzydyp, goýma, meni armana. | |
|
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |