00:18 Gözbagçy / satiriki hekaýa | |
GÖZBAGÇY
Satiriki hekaýalar
"Gözbagçy gelipdir" diýen habar önümçilik trestine ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Işden soň işçileriň hiç biri hem öýe gaýtmaga howlukmady. Klubyň içi hyryn-dykyn doldy. Ine, birdenem başy silindrli, egni frakly daýanykly bir adam sahna çykdy. Ol bir görseň-ä jübülerini ilki çöwrüp, soň olardan kepderi çykaryp dur, bir seretseňem desse-desse gül çykaryp otyr. Onuň bir aýaly agaç gapyrjaga salyp, soňam ony gap bilinden kesişini göreniňde bolsa agzyň açylyp gidýär. Gözbagçy gaty ýeser adam eken. Birsellem şeýle täsin zatlary görkezdi-de, soňundanam ol ak kagyzdan kim näme islese ýasap berjekdigini aýtdy. Ilki bilen sahna bir girdenek ýigit çykdy. Şofýor bolmaga çemeli, ol gözbagçydan ýol listini ýasap bermegini haýyş etdi. Gözabgçy bu haýyşy hiç bir kynçylyksyz berjaý etdi. Soňky sahna çykan ýaş ýigit agzyny gözbagçynyň gulagyna golaýlatdy-da, pyşyrdady: - Siz suwdan spirt ýasap bileňzokmy? - Ýok - diýip, gözbagçy ýylgyrdy. - Çakyram bolsa bolýar! - Ýok. Biz ozal gürleşdig-ä, diňe kagyzdan ýasalýan zatlar diýip. Gowusy, men saňa ak kagyzdan pul ýasap görkezäýein - diýip, ol gök bäşliklerdir gyzyl onluklary ýasap görkezdi. Birdenem, yzky hatarlaryň birinde oturan epeý bir adam howlukman, sahna tarap ýöräp ugrady. Zalda dürli sesler eşidilip başlandy: - Berdi daýawa näme gerek bolduka? - On bir sany çagaň bolsa näme gerek bolar öýdýäň, dogtor süýdi gerekdir oňa. - Berdi, kagyzdan arlyk ýasab-a bolýan däldir, how! - Men bilýän, oňa üç günlük býulletenjik gerekdir... Berdi daýaw esli salymdan soň sahna baryp ýetdi. Ol gözbagçynyň garşysynda söm-saýak bolup durdy-da: - çagalar üçin pul kömegini alynýan sprawkalar toplumyny ýasap ber - diýdi. Zalda ýene dürli sesler eşidildi: - Olar-a çynymy etsem özümem ýasaryn. - Ondan-a benzin alar ýaly talon haýyş edenem bolsaň gowy bordy. - Gowusy, oňatja haýyş et-de, emzik ýasatsana, belki, birini-ýarymyny özüňe-de býadygärlik berer. Gözabgçy işe girişdi. Ol her dürli kagyzlary, blankalary çykaryşdyrdy welin. ýöne Berdiniň diýen zatlarynyň üstünden baranokdy. Ahyrsoňy ol Berdä diňe şol sprawkalar hakda pikir edip durmagyny haýyş etdi-de, onuň sag goşaryny eline aldy - bolmady, ýüregine gulagyny goýdy - bolmady. Her dürli naýynjar sesler bilen onuň daşyndan aýlandy - bolmady. Ýüzüni asmana tutup, bir zatlary çyrşaşdyrdy-da, perişan halda klubdan çykyp gitdi. Berdi onuň goýup giden kazgynyň ýüzünden şu zatlary okady: "Bu meniň kyrk ýylyň içinde ilkinji gezek başaryp bilmedik zadym, bagyşlaň, adamlar!" Annageldi NURGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |