23:16 Laçynyň yzy bilen / powest | |
LAÇYNYÑ YZY BILEN
Powestler
Şu hekaýaty gürrüň beren kakam Nurgeldi Goçmyrat ogluna bagyşlaýaryn. Giriş Oslagsyz çykan it sesine süýji ukuda ýatan Goçmyrat aga elinden çekilen ýaly bolup galdy. “Allajanlarym, bu nämekä?” Birdenem o bir zatlar syzan ýaly gulagyny köne keçäniň üstüne basdy: “At aýagynyň sesi. Özem ýeke at. Daňyň ala-garaňkysynda peýda bolan atly eýgilige-hä däl bolsa gerek” Ýaşuly çatmanyň bir böwrüne söýelgi duran hyrla elini ýetirdi. Şo pursat daşyny it bary galdap alan bir atly çatmanyň gabadyna gelip saklandy. Hyrlysyny häzirläp, çatmanyň agzyna çykan Goçmyrat aga gabat garşysynda säginen atyň üstündäki başy telpekli pyýadany kime meňzetjegini bilmedi. Atly hem hut şeýle garaýyş bilen çopanyň ýüzüne dikanlap durdy. Dolan Aýyň ýagtysynda bolup geçen bu garaýyşlar sähel salymlyk doňup galdy. – Goçmyrat? – Atlynyň argynlyk bilen çykan gyryljak sesi çopanyň galagoply kalbyna az-kem teselli berse-de, bilesigelijiligini hasam artdyrdy. – Hawa, Goçmyrat. Siz kim borsuňyz? – Guduk. – Myhman şeý diýdi-de, atdan düşmek üçin egildi. Onuň düşjek bolşundan ýagdaýy aňan ýaşuly hyrlyny bir tarapa taşlady-da, oňa tarap topuldy. Ýaşuly daýanykly ýigidiň egnindäki tüpeňi bir ýana oklady-da, ony çatmanyň aý-aýdyň tarapyna geçirdi. – Sen nä günlere düşüp ýörsüň, Guduk? – diýip, çopan oňa sorag hökmünde däl-de, onuň düşen bu halyna gynanç bildirýän terzde gürledi. Özi bolsa ýigidiň üst-başyny hem-ä elleşdirip görýärdi, hemem onuň endam-janyna ýüzüni degiräýjek bolup, ýiti-ýiti seredişdirýärdi. Atyň üstünde ykjam oturyp bilmese-de, özüni çopan goşuna atyp ýetişen Guduk pälwan gan gidenindenmi ýa-da uzak wagtdan soň mähriban topraga, mähriban adama duşanyndanmy – özünden giden ýaly boldy. Belki-de, onuň indi hut şu etraplar-da – dogduk obasynyň gabat gaýrasyndaky özüne tanyş hem mährem bolan ak alaňlar arasynda jany aram tapar?... Şol wagt çatmanyň golaý gapdalynda ýatan çebiş özüniň heniz diridigini ýatladýan ýaly, çalaja çekredi. Dogrusy, çopan ondan geçipdi. Düýn giçlik, ol sürini ilerki ýaýlanyň içi bilen öz maýdalyna sürüp gelýärkä bir çebşiň erbet mäleýänini eşitdi. Onuň ýönelige gygyrmaýanyna Goçmyrat aga düşündi. Şonuň üçin hem süriniň öňüni goşa tarap burdy-da, gygyryp ýatan çebşiň ýanyna gaýdyp geldi. Görse, çebiş janawar artky sag aýagyny ýere basyp bilmän, gygyryp dur. “Megerem, ýylanyň üstünden basan bolsa gerek” diýip, ýaşuly oýlandy. Ony haý-küş bilen ýöretjek boldy, bolmady. Soň asla onuň dik durmaga-da rowgaty ýetmedik bolarly, bir ýana gyşaryp ýatyşyna kellesini galdyryp, ysgynsyz çekreýärdi. Bu halda onuň uzak gitmejekdigine ýaşuly çopan düşünse-de, pyçaga gelinçä zat diýjek bolmady. Ony eşegiň üstüne oklady-da, göni goşa alyp gaýtdy. “Heniz-ä diridirin” diýýän ýaly, ol ynha, häzirem käte bir hykylaýýardy. Ýaşuly pälwanyň eşiklerini aýryp, ýaralaryň töweregindäki ganlary ýyly suw bilen Aýyň ýagtysyna göründiginden ýuwuşdyrdy. Käte kellesinden, käte boýnundan sowuk suw akytdy, ýüz-gözüni öl esgi bilen süpürişdirdi. Soňra arkasyny çatma söýäp oturdy-da, oňa tapdygyndan köne-küşül bir zatlar geýdirişdirdi. Ýaşuly bu işleri birýaňalaýyn edýänçä, gündogar ymykly gyzaryp, tilkiguýruk boldy. Diňe şondan soň ol demini sanap ýatan malyň ýanyna bardy. Onuň indi hyklamaga-da ysgyny galmadyk bolarly. Mundan artyk maly horlamagyň geregi ýokdy. Ýaşuly bilinden asylgy pyçagy gynyndan sogurdy-da, çebşiň kellesini günbatarlygyna öwrüp, onuň bokurdagyna mündi... Sähel salymyň içinde ýylysy gitmedik çebiş derisi bilen pälwanyň ýaralaryny daňyşdyrdy. Etleri pudarlamazynyň öňüsyrasy onuň ýere basyp bilmedik çep aýagynyň töwereklerine seredişdirdi. Şonda ol toýnagyň arasyndan başlanyp, çep gursagyň eteginde gutarýan, damara çalym edip duran, gan öýen yzy görüp, haýran galdy. Diýmek, ýylanyň awusy eýýäm ýürege ýetiberen eken. Ýaralary ýuwlup, gyzgyn deri daňlan, köne-küşül hem bolsa egin-başy täzelenen Guduk birki käse çaý owurtlansoň, az-kem özüne gelipdi. – Obalaram gurgunmy? – Bu Guduk pälwanyň çopanyň adyny tutandan soňky bar aýdyp bilen sözleridi. – Gurgun, gurgun, oba-da gurgun, öýüňizem gurgun...Asyl, ýöne gidişiň-gidişiň boldy-la. Hany, sen hanyň ynamdar nökeri bolupdyr diýdiler, nirä gitse, ýanyndamyş diýdiler. Ýeri, nöker bolmak küje, bu günlere düşüp ýörmek küje? Keýpihonlukda mesaýy gürrüň edilip oturylan bolsa, Guduk bu zatlara jikme-jigi bilen jogap berse-de bererdi, häzir welin o zatlaryň wagty däl. Ýöne ýaşulynyň bu sowaly oňa yzda galan pajygaly wakalary ýatladyp başlady. Birdenem ol heniz bu zatlaryň büs-bütin yzda galmandygyny hakydasyna getirdi. – Goçmyrat aga, bilip bolmaz, birdenkä han atlylary üstümizi basaýsa, öňünden aýdyp goýaýyn, ýedi pyşdymdan bir adamyny tanaýan diýäýmäweri, edil çatmaňdan başaşak asyp giderler. Gazany bulap oturan ýaşuly onuň aýdýanlaryna pitiwa etmeýän ýalydy, sebäbi ol han atlylarynyň şu ýerlerde häzir çapawulçylyk edip ýörjeklerine ynanyp duranokdy. Ol çemçesi bilen gazandan bir dogramça eti aldy-da, dadyp görjek boldy. Ýöne bir zat ýadyna düşen ýaly, ony agzyna ýetirmän saklady. Soňra barmaklary bilen eti gysyşdyryp, ýumşanyny-ýumşamanyny kesgitledi. – Hanyň ynamdar nökeri ýanymyzdaka biz-ä zatdan çekinmeris – diýip, ýaşuly gazanyň daşynda aýlanyp ýörşüne seslendi. – Goçmyrat aga, näme, güljek bolýaňmy? Arkasyny çatma diräp oturan Guduk bu sözleri şeýle bir jabjynyp aýtdy welin, onuň sesi ýaraly gaplaňyň arryldysyny ýatladyp gitdi. – Güljek bolamok, pälwan, bildigimden aýdýan. – Bar bilýäniň şo bolsa, aýtma bildigiňden – Ol şeý diýip, biraz köşeşdi-de, ýene dowam etdi. – Şo deýýuslar dälmi meni şu günlere salan. Ýaşuly çopan bu zatlary şuş-şu wagt ilkinji gezek eşidenem bolsa, munuň şeýle bolandygyny eýýäm bilýärdi. Ol hatda “Guduk pälwan Jüneýit hanyň ýanyna gidipdir” diýlen gürrüňi eşideli bäri şu pursada garaşýardy. Sebäp, Jüneýit han diýilýän adamyň hem-de onuň ýaranlarynyň tilki öwrümli häsiýetleri bilen Gudugyň häsiýeti bir ýere geljek zat däldi. Ýöne gitse gidiberipdir. Ýogsa-da, ol näme üçin gitdikä? Meslikdenmikä? Ýa-da biri iberdimikä? Ýaşulyny bu sowallar her näçe gyzyklandyrsa-da, ol muny edil häzir sorap biljek däldi. Asylam mojuk bir zadyny aýtmakdan gaýtmaýan bu ýigidiň häzir-ä adyny tutar ýaly bolmandyr. Şoňa görä-de, Goçmyrat aga gürrüňiniň ugruny üýtgetdi. – Pälwan, men nahar guýjak welin, çatma özüň girip bilermiň? Men saňa däri-dermanam taýynladym. Ony diňe şemal çalmaýan ýerde derläp içmeli. Soňundanam bir çäýnek çaý içäge-de, oňat basyrynyp ýatmaly. Ýagşy öl-myžžyk bolubilseň, endam –janyňa az-kem gurbat geler. – Şu yssynyň içinde basyrynyp, ýeri öldürjekmi diýsene – diýip, Guduk çatma girip barşyna hüňür-hüňür edýärdi. Ýöne onuň derlemegi üçin çaý zerur hem däl eken. Naharyny iýip, saçagy ýapyşdyran dessine maňlaýynda, bütin endamynda burçak-burçak der damjalary peýda boldy. – Bäh-bäh, bu nä, jan deri boldugymyka? – diýip, pälwan zordan bir ýanyna gyşardy-da, kellesini kiçijik ýassyga goýdy. Ýuwaş-ýuwaşdan harlap, haýbatly dem almaga başlady. Häzir pälwanyňkydan geleni ýokdy.Ýaralar ýuwuldy, deri bilenem daňyldy, geýim-eşik çalşyryldy, şor suwdan garyn göjeldi, kelle diýseň ýassyga ýetdi, öl-suw bolan bedene çala şemal galtaşsa, endamyňa dirilik suwy seçelenip giden ýaly bolýar. Ýöne dat çopanyň gününe! “Hernä ýaňky et artygrak düşäýen däldir-dä?” diýip, galdy bir azara! Hemişeler alla-owarralara äkidilip bakylýan goýunlar bu gün ýöne ýatak jaýdan çykarylyp goýberiläýendir. Mallary örä goýbermäge gitse-de, guýudan suw almaga gitse-de, ol basym yzyna köwlenýärdi. Pälwanyň ganyna galaýmaýyn diýen gorky ondan birjigem sowlup gidäýenokdy. Han nökerleriniň penjesinden ölmän, aman-sag sypyp, gel-gel indi obadaşynyň eden eminden ölüp ýatyberse, dogrudanam, namart ölüm bomazmy bu?! “Ýeňil-ýelpaý derdem der bilen çykar” diýen umyt bilen ol pälwanyň uka gidendigine göz ýetirenden soň, onuň üstüne sary giden içmegi oklady... Öl-myžžyk bolan Guduk pälwan bu zatlardan bihabar dünýäni unudyp ýatyrdy. Goçmyrat aganyň goşunda Guduk pälwan esli wagt boldy. Ýadawlygy aýryldy, ýarasyndan ýuwaş-ýuwaş saplandy. Indi mazaly nepesi, reňki durlanan, etine-ganyna gelen Guduk pälwan beýdip ýatmaklygy özüne namys bildi. Söweşden – söweşe. Goçmyrat aganyň çolugy Gadyr obalyk işleri birýanlaýyn edensoň, köneje ýol bilen niredesiň Goşakak diýip, müçesi ýumruk ýalyjak eşegini mündi-de gaýdyberdi. Eger-de onuň ulagy şu ýörüwini saklap bilse, onda ýatylýan wagtyň sähel soň ýany ol goşa baryp biljekdi. Şonuň üçin hem Gadyr eşeginiň badyny gowşatman sürüp otyrdy. Ýoluň ýarpysy yzda galan hem bolsa, eýýäm ýyldyzlar Garagumuň üstüne ýygnanypdylar. Gündogardan göterilen tes-tegelek Aý dup-dury asmanyň ýüzüni syryp, günbatara sary geçip barýardy. Sähranyň adaty keşbidi. Käte nirelerdendir bir ýerlerden eşidilýän şagalyň uzyn-uzyn sesi diýäýmeseň, bu giden sährada janly-jemende bara meňzänokdy. Çöp başy gymyldamansoň, daş-töwerek, ähli zat doňup galan ýalydy. Gadyr çöli şeýle keşpde birinji gezek görmeli däldi. Ol bu ýol bilen indi bir ýyl bäri oba gidip-gelip durdy. Onsoň ýoluň her bir öwrümi, köteli-inişi oňa tanyşdy. Diňe bir Gadyr üçin däl, taýhar üçin hem şeýledi. Şoňa görä-de her gezek ýola çykanda oňa käte sykylyklap, käte hem hiňlenjiräp barmakdan başga ne alada bardy, ne-de pişe. Ýöne ep-eslije öňräkde, ýoluň gyrasynda peýda bolan bir gara “Aýjemala” kybapdaş hiňlenmäniň arasyny tapba kesdi. Hamala aýdyma melul bolup barýan ýaly, eýesiniň sesi ýatan badyna taýharam sägindi. Gadyr gözüne agram salyp, şo gara tarap ýiti-ýiti seretdi. Diňşirgendi. Göräýmäge peýwagtyna gezip ýören düýe ýaly, ýöne üsti howutly. Howudyň üstünde-de bir gara bar. Adam diýseň, adam däl ýaly, möjek diýseň o-da däl. Eger-de düýe howutly bolman , üstünde-de häzirki gara oturan bolsa, onda Gadyr oňa möjek diýip düşünse-de düşünerdi. Sebäbi ol halys surnugan aç möjekleriň düýäniň üstüne çykyp, örküjiniň düýbünden iýip başlaýşy, düýe janawar bagyryp çökensoň, ýa ýykylansoň bolsa onuň bokurdagyndan ýapyşyşy hakda birnäçe gezek eşidipdi. Ol gara şu wagt örküçden agyz saljak bolup duran möjege çalym edýärdi. Ýöne beý diýseň, düýäniňem azary däl, uzaklara seredip, gäwüş çalýa-çalýa-da ýene otlamaga başlaýar. Ýa-da bu “gorkana goşa görner” diýilýänimikä?! Onuň üstündäkiniň iň täsin ýeri – edil heýkel ýaly gymyldaman otyr. – Eý, kim sen? – diýip, Gadyr düýä tarap ýene biraz golaýlaşansoň pessaýrak ses bilen gygyrdy. Ýöne hiç hili jogap bolmady. Onuň ýeke-täk jogaby – düýäniň “Näme?” diýýän ýaly, perwaýsyzlyk hem-de ulumsylyk bilen garaýşy boldy. Gadyr bu syrly düýäniň deňesinden geçmäge-hä onçakly gorkubam duranokdy. Ýöne goşa çenli ep-esli ýol bardy. Şonuň üçin bu oňa guýa ýetýänçä ünji boljakdy. Ol düýäni hem-de onuň üstündäki syrly garany synlaý-synlaý, teý ahyr yza gaýdyp, ertir irgözinden ýola çykanyny kem görmedi. * * * Pälwan diňe bir gözüniň awusyny almak däl, eýsem, ýaralarynyň yzasyny hem birneme unudan bolarly – ol oýananda ýüz-gözi reňkine gelen eken. Ýöne deri welin gowşar ýaly däldi. Edil otly tamdyryň ygynda ýatan ýalydy. Bu ýagdaý Goçmyradyň köşeşen kalbyna ýene-de gozgalaň saldy. Ol haý diýmän gara tüňçäni demledi-de, pälwanyň gapdalyna çökdi. “Inim, hernä gyssap barýan zat ýokdur-da?!” diýýän sowalyň jogabyny onuň keşbinden okajak bolýan ýaly, garşysyndakyny naýynjar garaýyş bilen synlady. – Goçmyrat, han atlylary-ha gara beren däldirler? – Ýok... Sen, asyl, indi olaryň özleri bilen geýdirilişip ýörün diýsene! Geňem gördüm-le, şo ýerde ýerläýjegiňi...Arkaýyn bol, men seni olara berip goýbermen. – Wah, olar meni senden sorap aljak bolup durmazlar. Içiňi gyzyl ot edip alyp giderler... – Beh, olaryň meň bilen nä işi bar? – Wah, beý diýme. Men olara gaty beletdirin. Bir topar gana suwsan kellekeserdir olar... Pälwan şeý diýdi-de, çatmanyň gündogar ganaty bolup duran ýylgynlaryň arasyndan gündogarky gum gerişlerine seretdi. “Eýse, atdanam, mendenem geçip, yza gaýdyberdilermikä? Aý, ýok, olar aňsad-a gaýtmaly däl. Onda näme üçin gara berenoklar?! Ýa-da tapanoklarmyka?.. Özi-hä geň...” Gudugyň bu pyşyr-pyşyry çopany ýene-de ozalky aladasynyň başyna gaýdyp getirdi. Onuň gara basga galyp ýöreninden bihabar pälwan ýaralaryna daňlan deri böleklerine birhaýukdan soň seňrigini ýygryp seretdi. Olaryň pežžerişip durmagy pytalasyny tutdurdy. Ýöne sesini çykarmady. – Nähili, Guduk, heý, birneme janyň aram tapýarmy? – diýip, çopan dillendi. – Şulary aýraýsaň näderkä? – diýip, pälwan derä jynynyň düşendigini ahyry aýdaýmasa bolmajagyny bildi. – Wah, seni ine-gana gözüň awusyny almaga goýan şo deri dälmi näme? – diýip, çopan janygyp düşündirdi. – Onda-da birhili-dä. It daňlan ýaly... – Dogry, dogry, daňylmasy-ha itiňkidir welin, dogrymy aýtsam, itime dözmedim. Onsoňam, ýaralaň heniz azmandyr, şoň üçin olary çebşiň derisi hem bir zat eder diýdim-dä. Guduk pälwan çopanyň otaryp oturan zatlarynyň çyndygyny-ýalandygyny biljek bolýan ýaly, nazaryny onuň görejine dikdi. Şeýle halatda hyýrsyz sypata girýändiginden pälwanyň özi bihabardy. Onuň ujy çala ýokaryk çowlanýan ep-esli burny ýellenen ýalydy, gözleri gyrgynyňka çalym edip durdy. Goçmyrat pälwanyň bu bolşuny birbada özüçe ýordy: hernä däri-derman artyk düşmedik bolsa-da biridir. Ýöne onuň hereketinde-beýlekisinde alarylyp seretmeden başga hiç zat görenokdy. – Näme alarylýaň, pälwan, it daňylýandyr diýenime pisindiň oturmady öýdýän? Pälwan sesini çykarman, şol bir oturyşyna jiňkerilip otyrdy. Şol wagt eşegini dikgirdedip, Gadyr peýda boldy. Çopanyň oňa ertirden bäri gahary gelen bolsa-da, häzir birneme köşeşipdi. Onda-da onuň sowaly hemleli çykdy. – Ýeri-how, ogul, ne beýle eglendiň? Gadyr birbada näme diýjegini bilmedi. Şonuň üçin sowaly jogapsyz goýdy-da, eşeginiň gaňňasyny aýyrmaga durdy. Soň ony gerişden aňryk geçirip goýberdi. Şu ikarada ol çopanyň sowaly hakda-da belli bir karara gelmäge ýetişdi. “Ýalan sözläp oturmagyň geregi ýok, hemmesini bolşy-bolşy ýaly aýdaýyn” diýdi. Çolugyň gürrüňi çopany geňirgendirmänem durmady. Ýöne pälwanyň welin gülküsini tutdurdy. – Pälwan, sen gülme, bu giň sährada käte kelläňe gelmeýän zatlar bolaýýar. – Haý, näbileýin-dä welin, Goçmyrat aga, bujagaz çolugyň bilen uzak gidermikäň? Bu teýeneli gürrüň ýetginjegi edil şarpyk degen ýaly etdi. Pälwana diýjegini diýip, içini sowadasy geldi. Eger-de Gadyr şeýle gürrüňi häzir öz deň-duşlarynyň birinden eşiden bolsady, onda ol bu zatlary şonlugyna goýmasa-da goýmazdy. Ýöne özünden ýedi-sekiz ýaş uludygy, onsoňam il-günüň arasynda sylanýan Guduk pälwanlygy üçin ony sylady. – Çoluga göwün ýetýändir. – Goçmyradyň agzyndan çykan bu üç söze çoluk kyn ýagdaýda arkasy alnan çaga ýaly hem-ä hamsygjak boldy, hemem ep-esli ekezlendi. Ýöne, o zatlaryň hiç birini hem duýdurmajak bolan ýaly, eşegini kowan tarapyna tutup gitdi. – Nirä? – diýip, çolugynyň häsiýetine belet Goçmyrat aga onuň bir gozgalaň tapandygyny aňsa-da, syr bildirmän sorady. – Häzir geljek... Sürä aýlanyp gaýtjak. – Ilki bilen otur-da, garban, soň gidersiň. Ol çopanyň bu teklibine ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarman, göni ugruna gidiberdi. – Goçmyrat aga, Laçynyň öňüne heý bir zat oklapmydyň? – diýip, Guduk gödeklik bilen sorady. Emma goja göwnüne zat almady. Ol pälwanyň tekepbir hem kakabaş häsiýetine bäş barmagy ýaly beletdi. Ol kakasyna meňzän bolsa, beýle bolmasa-da bolmazdy. Kakasy bende Guduk bilen onuň ýeke uýasyny il-günüň hyzmatyny edip, kemala getirdi. Polady ýumşak, hoşgylaw o ýaşuly şindi-şindi hem ojar-sazak diýene guma gidip, ojar-sazak getirip, arça diýene daga gidip, arça getirip, gününi tigirläp ýören adam. Ejesi Bossan daýza bolsa aýaklarynyň guragyrysy zerarly zordan iç-daşa çykyp bilýär. Düýp ýerligi Gökdepeden bolan Bossan daýzanyň Şirhan diýip ýeke erkek dogany bolupdyr. Bossan daýza ogly sähel käýindirse, “Tüýs daýysy ýaly kakabaş boljak-da” diýip zeýrenerdi. Sebäbi Şirhan hem gaty özdiýenli bolupdyr. Ol ýaňy ers-mers boluberende, Eýrana argyşa gidip başlapdyr. Kim näme satyp ber diýse alyp gidiberer eken. Hiç wehim bolmandyr. Soňabaka argyşçylara garaşyp durman, ýeke çykyp gidibermänem tapypdyr. Ahyrsoňy, bir gezek welin yzyna gaýdyp gelmändir. Gudugyňky ýaly, onda-da direnip duran dogan ýok eken. Şonuň üçin ýigidiň men diýen wagty şo gidişi-gidişi bolupdyr... “It ata, är daýa” diýleni-dä. Ynha, bü-de tüýs ýitip gitjegiň biri” diýip, Goçmyrat aga öz ýanyndan birsellem pikir öwürdi. – Ýaşuly, aty aç öldüren bolaýma – diýip, Gudugyň özi daş çykdy. Çatmanyň ho-ol beýlesinde örklengi duran at janawar pälwany gören dessine bir hokrandy. “Häzir-häzir” diýip, pälwan ony aýagyndan daňlan ýeke-täk ýüpden hem boşatdy. Çyp ýalaňaç galan görmegeý bedew gulaklaryny keýerdip, galybererli göründi. Laçynyň bolşundan pälwanyň özi hem heder etmän durmady öýdýän, ol bedew örklenen uzyn ýüpi iki epläp, onuň boýnundan geçirdi-de, içi suwly nowa tarap ugrady. Laçyn suwdan kellesini galdyrar ýerde galdyrmady. Ol dişinden syzdyryp, suw içdigisaýy pälwanyň hem oňa şonça gynanjy artdy. – Janawara ot bermäniň-ä bermäniň, suwsuz bir öldürmeli däl ekeniň-dä muny – diýip, Guduk pälwan öz ýanyndan hüňürdedi. Teý ahyry Gudugyň teýeneli gürrüňleri Goçmyrady bizar eden bolarly. – Men siziň haýsyňyza ýetişeýin-aýt. Ikiňizem özüňizi soňky demiňizde şü ýere atypsyňyz-da, iş bolduňyz diýmäýin diýsem. Onsoňam, Guduk, seň atyňy seýisläp oturar ýaly, gülli ýorunja ýok ahyryn bu ýerde. – Ýeri, bolýa-la. Bizem hemişe üstüňi alyp durmarys. Derrew diliňe alyberýäň. – Alar ýaly edýäň-dä özüň. Guduk şu ýerde aşarak gidýänini duýdy. Ol aty suwa ýakyp bolansoň, örkli ýerini üýtgetdi-de, çopanyň ýanyna gaýdyp bardy. – Ýaşuly, ýogsa-da çolugyň görünmedi-le? – Kim bilýä. Goýnuň yzyndan gidendir-dä. Olar oturyp ynjalmadylar. Ahyrsoňy süriniň giden yzyna tarap iki kişi pyýadalap ugrady. Biraz ýöränlerinden soň Guduk yza gaýtdy-da ätiýaçdan tüpeňini hem egninden asdy. Iki gerişden aşan batlaryna agyp-dönüp ýören süriniň ýanyna geldiler. Ýöne Gadyr bu ýerde hem ýokdy. Ikindinara çopan bilen pälwan guýudan suw çekip başlanlarynda, ilerki gerişden Gadyryň eşekli gelýäni göründi.Ýitigiň ahyrsoňy peýda bolmagy goşda oturan iki pyýadany birbada begendirse-de, onuň yzyna tirkäp gelýän üsti adamly düýesi olary iňkise goýdy. Küýkerilip, iki bükülip giden bir adam howudyň üstünde gyşarylyp oturan ýalydy. Gadyr çatmanyň gapdalyna gelip, düýäni çökerende, guýynyň başynda duran iki kişi duran-duran ýerinde doňup galdy. Guduk bir düýäň üstündäki adama, birem gözlerinden ýaş syrygyp duran Gadyra seretdi. Aňk-taňk boldy, “Eý, Alla bu näme boldugy? Meň gözlerim näme görýär?!” Howudyň üstünde oturdylyp, mäkäm saralan bu jeset Gudugyň kakasydy... Guduk pälwan şo duran ýerinde özüni iki dyzynyň üstüne goýberdi. – Pälwan, merdräk bol. – Goçmyradyň bu sözleri hem-de pälwanyň arkasyna emaý bilen elini atmagy Guduga birneme gop berdi. Ýöne, barybir, bu zatlaryň hiç biri-de duýdansyz degen bu urga döz gelmäge hemaýat bolup biljek däldi. Iňrik garalmanka horaşaja çatmanyň taýak atym günbatarsynda ýalňyz tümmek peýda boldy. Goçmyrat aga onuň başynda oturyp, bildiginden bir zatlar okaşdyrdy. Ol iň soňky gezek elini ýüzüne sylyp-sylmanka çök düşüp oturan pälwan tarsa turdy-da, çatma tarap ugrady. Çopan pälwanyň niýetini aňypdy. Şonuň üçin hem onuň yzyndan howlukdy. Hataryny biline mäkämläp duran pälwana bada-bat bir zat diýäýmekdenem çekindi. Sebäbi, ýigidiň häzirki ýagdaýy ýaraly gaplanyňky ýaly bolmalydy. Goçmyrat aga muny bilýärdi. Onuň häzir atasyny şu güne salan galtamanyň garşysyna-ha däl, tutuş Jüneýit hanyň ordasynyň garşysyna hem ýeke özüniň gidip biljekdigini-de bilýärdi. Ýöne munuň özi ganygyzgynlyk zerarly ýetmedik ajala köre-körlük bilen gol bulamakdy. – Guduk, inim, howlukma... Şunuň ýaly günde ejizlik hem-de ganygyzgynlyk etmän saklanaýmak merdiň işidir... Elbetde, kysmatdyr-da... Ýazgytdan çykma barmy näme?! Pälwan sesini çykaranokdy. Onuň häzirki sowuk-salalygy hatda gürrüň diňleýäne hem meňzänokdy. Çopanyň gürrüňlerini çaltrak gutararyna howlugýardy. Sebäbi, ol eýýäm nämeden başlanmalydygyny birlaý ölçeşdirip görüpdi. – Köneleriň aýtmadygy ýok: “Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri” diýipdirler. Özüni ýagşy raslap, tüpeňini hem egnine atan pälwana ýola düşmek üçin diňe Laçyny eýerläýmek galypdy. Ýöne çopanyň soňky sözleri onuň gatan damarlaryny birneme ýumşatdy. Soňky üç aýyň içinde Guduk bütin ýigrimi üç ýaşynda görmedigini görüpdi. Elhenç sütemkärlik, naçarlaryň ahy-nalasy, çaga gözýaşlary, ganly çaknyşmalar... Dünýede beýle-beýle zatlar bardyr öýdüp Guduk ýatsa-tursa oýuna-da getirmezdi. Ýöne ol şol elhençlikleri gözi bilen gördi. Bu gün bolsa has elhenjini gördi. Pälwan bu ajy hasraty kynlyk bilen başdan geçirdi. Göwnüne bolmasa, ýagty jahanda özi üçin şundan aýylganç, şundan ajy zat ýok ýalydy... Gadyr gara tüňçäni demledi-de, orta süýşürdi. Goçmyrat aga, näme üçindir, çaýy üç-dört gezek howlukmazlyk bilen agdardy-da, soň käselere guýuşdyrmaga başlady. – Sen gitmän, dogry etdiň, inim, gaty dogry etdiň. Sag-aman ertire çykaly, onsoň galanyny oýlanyşarys. Ganygyzgynlyk bilen welin alan galaň bolmaz. Hawa-da, başarsaň ganygyzgynlyk etmejek bolmaly. Ynha, Dykma serdar bir wagtlar Bamyň ýokarsynda gyzylbaşlar bilen garpyşanda şeýdip, ne gözel ýigitleri gyrgyna berdiripdir-dä. Goçmyrat aga gürrüňiň şujagaz bölegini aýtdy-da: “Ýeri, yzynam aýdaýynmy?” diýen manyda ugurly-ugursyz ardynjyran boldy. Guduk oňa düşündi. Ýeke günüň içinde şunça ýagşylyk eden, süňk hossaryna öwrülip giden adamyň islese-islemese-de gürrüňini dowam etdirmegini sorady. Ýöne onuň “Aýdyber” diýen ýeke-täk sözi çopana buz ýaly bolup eşidildi. – Gelmişekler şata çydaman, derrew yzlaryna gaçmak bilen bolupdyrlar. Olar şeýdip baryşlaryna giň gowaga özlerini atypdyrlar. Şo ýerde-de ýagşy jaýlaşyp, ýöne atyp ýatypdyrlar. Gowagyň öňi şu ýatak ýaly giň meýdan eken. O ýerden göni geçip, gowaga barmak mümkin däl eken. Ýöne men diýen ýigitleri bilen alyp bilmän durşuna Dykmanyň gahary gelip, gany depesine urupdyr. Ine, onsoň ol “Pylan serdaryň ogly bolsaň näme ýatyrsyň, pylanynyň dogmasy bolsaň näme ýatyrsyň!” diýip, ýigitleriň gowşak ýerinden tutupdyr. Ady tutulan jahyllar ör turan batlaryna gülle paýlaryny alypdyrlar. Eger-de Dykma duşmana hile salanda ýa-da hiç zat diýmän, gowagyň agzyny alyp ýatyberende-de, olaryň sypjak gümany ýok eken. Emma ýeke adamyň ganygyzgynlygy gör, näçe sany ýigidiň, onda-da ne gözel ýigidiň ömür tanapyny üzüpdir. Guduk Goçmyrat aganyň näme gürrüň edýänine-de düşünip duranokdy. Çopanyň ýüzüne jiňkerilip otursa-da, pikir-hyýaly gaýralarda bir ýerlerdedi, gaty uzaklardady. Garagumuň üstüne dökülen patrak ýaly ýyldyzlara seredip ýatyrkada ol şu pikirlerden daşlaşyp bilmedi. Çopandyr çolugyň haýyşyna garamazdan, ol näme üçindir çatmadan taýak atym ilerräkde, çägä ýaplandy. Çete çykmagynyň sebäbine welin özi-de düşünmedi. Pälwan iki elini kellesiniň aşagynda goýup, ar almak hakda pikir edip ýatyşyna bir ýerlerden peýda bolan at aýaklarynyň sesine syçrap turdy. Diňşirgendi. Ol sesleriň ileri ýüzden çykandygyny bildi. Şobada hem gerşiň aňyrsyndan çykan bäş-alty sany atlynyň sudury Aýyň ýagtysyna magat göründi. Tüpeňini almak üçin pälwanyň çatma tarap ýöneleni hem şoldy welin, atlylar tarapdan Guduga ozaldan tanyş bolan ses eşidildi. Bu onuň öz obadaşy, hanyň ynamyna giren Jelil körüň sesidi. – Guduk, bar bolsaň ses ber-how! Atlylar pälwanyň ses bermezliginden bir zadyň bardygyny syzdylar. Şonuň üçin hem hälki ses bu gezek gyssagly eşidildi. – Eşidýäňmi, Guduk, biz seň bärdedigiňi bilýäs. Ýöne saňa hanyň soňky sözüni aýtmak üçin sowuldyk. Han seniň günäňi geçýä, ýöne, ynha, muny hem ýadyňda saklasyn diýdi – diýip, ol atly eýeriň öňüne basylgy zenan maşgalany ürpek çägäniň üstüne togalap goýberdi. Şo pursat jylawy arka öwrülen atlaryň aýak sesleri ala güpürdi bolup gitdi. Tüpeňini eline alyp, Guduk pälwan ýalaňaç duran Laçynyň üstüne böküp mündi-de, ony ýaňkylaryň giden ugruna tarap gönükdirdi. Ýöne duran ýerinden öňe okdurylan Laçyn on ädim geçip-geçmänkä, edil badak atylan ýaly, agdarylyp gitdi. Onuň uzyn ýüp bilen örkli durandygy diňe şondan soň pälwanyň ýadyna düşdi. Ol tarsa ýerinden turup, atyň aýagyny çözmäge synandy. Edil şo wagt atlylar giden tarapdan eşidilen horkuldy ony saklanmaga mejbur etdi. Pälwan çägäniň üsütnde ýatan garany gördi-de, oňa tarap ylgady. Saçlaryny ýaýyp, horkuldap ýatan bu gyzyň öz ýalňyz uýasy Mähekdigini görende bolsa ol şo duran ýerinde özüni lampa ýere goýberdi... Sähel wagtyň içinde şunça gowgany başdan geçiren Goşakakda ýene bir adamyň sany artdy. Aňyrdan ylgap gelen Goçmyrat aga bilen çoluk çatmany Mähek üçin boşatdy. Çopandyr çoluk süriniň günbatar tarapynda gyşarsa, pälwan hem ozalky ýerine baryp ornaşdy, kä gyşardy, kä oturyp gördi, ýöne janyna aram tapmady. Ahyrsoňy, daňa golaý çala ymyzgandy. Şol wat hem aýylganç düýş gördi: ol pyýadalap, çölüň içi bilen gidip barýarka, birdenkä bir ýerlerden äpet ýylan peýda bolýar-da, ony kowalap başlaýar. Pälwan öwrülägede onuň kellesini mynjyradyp biläýjek ýaly, ýöne, näme üçindir, beýdip bilenok. Gaçyp ondan arany açyp bilenok. Edil aýaklary duşakly ýaly. Şonuň üçin hem ýylan ony yzly-yzyna iki gezek çakýar. Zäheriň yzasy pälwanyň ýüregine dökülýär. Ýöne ol şonda-da gara derini saçyp, ylgap barýar. Şo barmaşa ol ýanyp duran oduň üstünden gelýär. Gelşine-de hiç ýere sowulman, göni şo oduň üstünden geçip gidýär. Bir salymdan soň yzyna garanda, onuň çürşüp giden ýylana gözi düşýär... Akbaýyň käte hyňranyp, käte üýrýän sesine pälwan ezeneginden çekilen ýaly bolup galdy. Çar tarapa ýaltaklady, diňşirgendi. Üýtgeşik zat duýmansoň, tüpeňini gapdala goýdy-da, ýene gyşardy. Ýöne indi gözüne uky gelmedi. Oňa derek bu günki elhençlikler göz öňünde peýda bolup başlady. Ýeri, atamyň ölüm-ä atamyň ölümi, bu gyzyň masgaraçylygy näme diýsene! Ah, sen haram Jelil kör, bu zatlaryň hemmesi seň işiňdir, bilýän. Men seň beýleki gözüňi hem oýup, çölde ýeke taşlamasam, gözümi açyp giderin... Eý, Alla, beýle jebir-sütem berer ýaly, men näme erbetlik etdimkäm?! Sen meni nä günlere saldyň, nähili masgaraçylygyň üstünden eltdiň, Taňrym!... Çopandyr çoluk ikisiniň hem indi gözüne uky gelmedi. – Äl, olaryň Gudugy aňtap, göni geläýişlerini diýsene – diýip, Goçmyrat aga öz ýanyndan pyşyrdady. – Ony bu ýerde edil özleri goýup giden ýaly. Häliden bäri özüni müýnli duýup ýatan Gadyr saklanyp bilmedi: – Goçmyrat aga, ol atlylara Gudugy salgy beren men. – Nä-äme? – diýip, çopan laňňa garysyna galdy. – Hawa, men. Şo üsti adamly düýäni alyp gelýärkäm saklady-da “Guduk ýagşymy?” diýdi. Menem baş atdym. “Haýsy guýuda?” diýdi. Menem aýtdym. Sebäp, olar Gudugyň ýoldaşlarydyr öýtdüm. – Olar senden düýäň üstündäki adam hakda hiç zat soramadylarmy? – Ýok, oňa ünsem bermediler. – Näme, ony görmedilermi? – Gördüler. Ýöne hiç zat diýmediler... Goçmyrat aga, oňarmandyryn, hä? – Sende ýazyk ýok, ogul... Sen bilmänsiň ahyryn...Hany, indi ýat. Goýny ertir beri irräk çykaraly. Akbaý ýene-de hälki sesini gaýtalady. Häliden bäri pälwanyň başyna düşen ahwalatlara gyýylyp-gyýylyp, ýaňy ymyzganan çopan it sesine derrew oýandy. Ol ýuwaşlyk bilen turdy-da, itiň hyňranjyrap duran ýerine ugrady. Itiň nämä üýrýändigini görende bolsa ýüregi ýarylan ýaly bolup, duran ýerinden Guduga gygyrdy. Pälwan bu sese allaniçigsi boldy.Tüpeňi goýman, ylgap geldi. Gelşine-de doňup galdy. Uýasy Mähek sazagyň ullakan şahasyndan sallanyp durdy... Pälwan uýasynyň jesediniň üstüne kükregini gerip oturyşyna hem ondan ötünç sorady, hem kasam içdi. “Eziz dogan, kakabaşlygym sebäpli kakamyň başyna-da musallat inderdim. Ikiňiziňem öňüňizde ant içýän: ölerin, ýöne şu namysyň aşagynda galman!.. Jelil körüň damagyny şu ýere getirip çalmasam men seň ogluň bolmadygym, atam!...” Goşakakda iknji mazar peýda bolanda, gündogar mazaly ýagtylypdy. Ýol şaýyny tutan pälwan öz ýakynlary bilen iň soňky gezek hoşlaşýan ýaly, mazaryň ýakynjagyna baryp, elindäki uýanyň bagydyr tüpeňini taşlap, iki dyzyna çökdi. Goşa tümmege tarap seredip oturyşyna ýene agyr pikir-hyýallara çümüp gitdi. Has dogrusy, ol häzir bir sowalyň jogabyny agtaryp, tapyp bilenokdy. Näme üçin bulary beýtdiler? Olarda näme ýazyk bar? Ýa-da meň üçinmi? Mende näme ýazyk bar? Näme günä edipdirin? * * * “Akja baý körpe ogluny öýerýärmiş” diýen gürrüň Mehin bilen Ýarajy obasyna öňräkden ýaýrapdy. Garyp-gasarlar baýyň öňde-soňda jomartlyk etjek güni bişiriljek ýarma hakda arzuw etseler, jahyllar täze çatynjalaryň ilkinji gijesini diňlemegiň arzuwyndadylar. Ýene birleri aýdym-sazyň yşgyndady. Ýöne bu arzuwlaryň hiç biri-de iş-aladadan galynyp edilýän arzuw-hyýal däldi. Her kim öz işi, öz derdi bilen başagaýdy. Ol toýa ýigit bilen gyzdan başga-da ýene bir üýtgeşik gyssanýan adam bardy. Ol hem Guduk pälwandy. Dogrusy, Guduk Akja baýyň toýuny göresi gelip ölüp baranokdy. Onuň howlukmagynyň öz sebäbi bardy. Soňky iki-üç ýylyň içinde Pirnazar ussanyň aty diňe Gökdepe ýa Bäherden etrabynda däl, eýsem, tutuş Arkaçda “Ussanyň Laçyny” diýdirip bilipdi. Bu atyň edil ýylan damagyndan çykan ýaly görk-görmegi-de barsa bardy welin, “Atda aýak bolsa özge syn bolýamy” näme?! Ol her gezek at baryny tozanyna garyp toýhanadan geçende, görk-görmekde bir gez beýgelen ýaly bolýardy. Ol ülker ýaly syrylyp gaýdan toplumyň öňüni çekip, toýhanadan geçse-de, edil çapylmadyk ýaly, märekäniň öňünde başyny dik tutup, aýaklaryny sanjyp barýandyr. Ine, şu halatda onuň geň-enaýy kamatyna atşynaslar höwes bolýardylar. (dowamy bar)... | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |