23:29 Laçynyň yzy bilen -3/ powestiň dowamy | |
“Jelil kör Jüneýit hana nöker bolanmyş” diýip, oba arasynda gürrüň çykanda, pälwan ony näme üçindir, allanäme bir parasatly nöker hökmünde göz öňüne getirjek bolýardy. Häzirki pursat welin nähili nökerdigini aňyrsy bilen açyp görkezdi.
Powestler
Jeliliň kürsäp giren jaýynda erkek göbekli ýok bolara çemeli. Ol marpaç ak gelniň nogta ýaly saçlaryndan düýrläp tutupdyr-da, ony idenekledip çykarypdyr. Gelniň saçlary ýolnara getirilen bolmaly, sebäbi ol biçäre kellesini öz ygtyýaryna hem saklap bilenokdy. Düýrlenip gelşine tutuşlygyna nökeriň ygtyýaryna geçen ýalydy. Süýrelmäge-hä däl, azgyrylmaga-da dözüp bolmajak bu aýal maşgala şeýle wagşyçylyk bilen daramak üçin näçeräk nejislik gerekkä? Birdenkä Jelil nogta ýaly saçlary öz ygtyýaryna goýberdi-de gelniň ýakasyna penjäni urdy. Gelin uly wehim bilen arkan çekildi, ýöne penje welin tutan ýerini sypdyrmady. Ikarada gelniň bigünä ýakasy Jelil körüň elinde galdy. Ýaka tutuşlygyna gopaýmasa-da, indi ol gelniň ak döşlerini ýapardan geçipdi. Goşa ýumryny ikä bölýän jadyly oýtum, ak mämeler... Bu zatlar gelne aç gurt ýaly darap duran Jeliliň huşuny başyndan göçüren bolarly. Ol biçäräni yza, jaýa tarap südenekledip ugrady. Iki eli bilen bütin döşüni ýapjak bolup jan edýän gelin ýene-de arkan çekildi. Ýöne ol edil beýle bolaýar öýtmändi: bu gezek onuň köýneginiň bir tarapy aşak sallandy. Naçar gelniň başagaýlygyndan, basga galmagyndan üýtgeşik lezzet alýan Jelil kör onuň beýleki egnini hem ýalaňaçlady. Indi ol biçäre çowur ýaly ak eginlerini ýapjagyny-da bilenokdy, simap ýaly göwüslerini-de, ellerini döşüdir eginleriniň üstünde kelemenledip durdy. Şu pursatdan häliden bäri synlap duran Guduk pälwan Jeliliň häzirki tapan “oýnunyň” başyndan öz erkine aýrylmajakdygyna düşündi. Sebäbi, ol ýarym-ýalaňaç bolan naçary eýýäm gaýtadan öýe süýremäge başlapdy. Häzir onuň gözüne gelniň ap-ak bedeninden başga zat görnenokdy. Ol hatda gapdalynda bir atlynyň peýda bolandygyny hem unudypdy. Azgyny diňe bir zat özüne getirip biljekdi. Edil şo wagt hem gamçynyň keltejikden zarply şuwwuldysynyň yzy jaýdar şarpyldy bilen kesildi. Sähel salymdan soňky aýşy-eşrete aňyny aldyran Jelil kör elini daldalatdy-da özüni lampa aşak gpýberdi. Biçäre gelin bolsa pursatdan peýdalanyp ýetişdi – ol jaýyň arkasy bilen ökjäni göterdi. Jelil şeýle jaýdar degýän gamçynyň awusyny ikinji gezek dadýandygyna bada-bat göz ýetirdi. Ol bir eli bilen awuly çekgesini tutup oturyşyna üstüne abanyp duran atla gözüni aýlady, şobada hem özüniň ýalňyşmandygyna düşündi. “Ah, sen haramzada, gel-gel, indi şu ýerlerde gamçyňy bulajak bolýaňmy?” diýip, içini hümleden Jelil egninden gaçan tüpeňine elini ýetirdi-de, eýýäm arany açyp ugran atlyny didiwana mündürdi. Tüpeň sesi çykyp-çykmanka, Guduk pälwan egniniň gyzyp gidendigini duýdy. Ol Jeliliň bu ýerlere gelip gylaw tapandygyny bilse-de, ondan edil beýle gaýtawula garaşmandy. Pälwan dor gunanyň başyny yza öwürdi-de, egnindäki tüpeňini eline aldy. Bu wagt eýýäm Jelil hem tüpeňine ikinji gezek ok sürmäge ýetişipdi. Tüpeňler bir-birege gezeldi. Bu iki ýigidiň arasyndaky häzirki göreş bir aý mundan ozalky Ýarajy babanyň öwlüýäsine gidýän ýoldaky atly göreşe çalymdaşdy. Ýöne häzirki göreşiň ýeke tapawutly tarapy bardy. Ýeňiji ýeňiş bilen birlikde ýaşamaga-da hukuk alýardy... Tüpeňler gezelip, eller mäşä galtaşsa-da, güller peşeňden çykyp ýetişmedi, hälki tüpeň sesini eşiden nökerler eýýäm bu ýere ýygnanypdylar... Han atlylarynyň oljasy oňan hem bolsa, olaryň keýpi ýokdy. Iki sany tekepbir ýigidiň çaknyşygynyň hanyň gulagyna ýetjekdigi ikuçsuzdy. Han bolsa öz içinden dörän agzalalyga diýseň ýowuz daraýardy. Wakany eşiden dessine Begnazar howp alyp başlady. – Häk, inim, çigräk edäýen bolmasaň biridir. Bu wagtlar Jelil bilen oýnuň deň gelmejegini bilmeli ahyryn. – Ol-a Jelil eken, onuň ýerinde her kim bolsa-da şeýderdim. – Şeýtseň, ynha, ýaňy bir arkaýynçylyk aralaşyp ugran janymyzy howpa goýýaň-da. – Begnazar, men seň janyň-a howpa goýmadymmykam diýýän. Goýsam özümiňkini goýýan. Eger-de şeýle bihaýaçylygy özüň gözüň bilen gören bolsadyň... – Ýeri, bolýa, hany köşeş. Hawa, muny häzir gylyny gyşartman hana-ha ýetirerler. Näme diýerkäň? – Bolşy-bolşy ýaly aýdaryn. – Wah, bolşy-bolşy ýaly aýtjagyňy-ha bilýän welin... Ýöne birdenkä Nepes peşaba tabşyraýmasa-da biridir hernä. – Eger şeýtmekçi bolaýsa men-ä şobada Nepes bilen hanyň janyny jähenneme ibärin. – Nädip? – diýende, Begnazaryň sesi howatyrly çykdy, gözleri iki ýana elek-çelek boldy. Guduk çermeginde köp wagt bäri göterip ýören ýörite naganyna köýneginiň üstünden el ýetirdi. – Minneti şundan çekeris. – Hernä bu zatlara ýapyşmaly etmesin-dä – diýip, seýis uludan demini alanda, onuň kalbyndaky howsalasy görnetin bildirip gitdi. Şol wagt kimdir biriniň: – Guduk pälwan, seni han kakam çagyrýar – diýen sesi bu iki adam üçin ýyldyrymyň sesinden enaýy eşidilmedi. – Bar, Alla ýaryň bolsun, inim, ýöne gyzmalyk etmejek bolaweri – diýip, seýis elini pälwanyň egnine atdy-da edil pata berýän ýaly, öz içinden bildik dogalaryny sanaşdyrdy. Iň soňunda-da “Eý, Allam, hanyň ýüregine özüň giňlik salaweri. Öz rakyp bendeleriňi şu ýat ýerlerde topraga dulanmaly etmäweri” diýip, çala sesi bilen pyşyrdady. Ýöne, seýis umydygär dogalaryny okap gutarmanka, Guduk eýýäm üç sany ak öýüň ortanjysynyň işigine baryp saklandy. Aýak üstündekä onçakly daýaw görünmese-de üç gat halynyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturan hanyň göwresi häzir men diýen ýigitleriň göwresinden gabady. Üstesine-de ol häzir gaharyna bäs gelip bilmän, tulum ýaly çişipdi, agras ýüzi birneme gyzarypdy. Ýanyndaky inedördül adam – Hanaw işan işikde peýda bolan ýigidi sähel salymlyk synlady-da mesisini sypamaga oturdy. – Ýeri, Emogly (han näme üçindir onuň adyny şeý diýip tutardy), näme oňşup bilmeýän zadyňyz bar? – Han aga oňuşyp-oňuşmaz ýaly dawamyz ýok. Ýöne, men oňa han agamyzyň bizi, naçarlary horlaň, ejize ganym boluň diýip ibermändigini ýatlatdym. Ol bolsa gaýta meni tüpeňläp goýberdi. Ynha, şu ýerden degdi – diýip, Guduk okuň gyltyzrak degip geçen ýerini görkezdi. – Rejep! – diýip, han Rejep murty gygyrdy. – Hawa, han aga – diýip, ol ýüwrüp gelşine iki elini döşüne ýetirdi. – Emoglynyň aýdýanlary dogrumy? – Dogry, han aga. – Dogry diýsene – diýip, han nazaryny bir tarapa öwürdi-de oýlanmaga oturdy. Jelil onuň üçin oňat nöker. Garadan gaýtmaz, ur diýseň öldür edýänlerden. Ýöne öz obasyna, il-gününe wepa bermän çykyp gaýdan ýigit maňa näçe gün wepa bererkä? Kyn günüňde birdenkä ýer ýuwdan ýaly bolaýmazmyka? Belki, maňa häzirki wagtda Emogly ýaly sada, ynanjaň hem türkana ýigitler gerekdir?! – Peşap! Nepes peşap häliden bäri şu söze garaşyp duran ýaly, şo pursat hanyň huzurynda peýda boldy. – Jelili äkit-de itden çykar! Gepem şu boldy, gürrüňem. Guduk hanyň gazabyny ozal görmese-de bilýärdi. Ýöne ol edil şeýle zabundyr öýdüp, asla pikir etmeýärdi. – Näme diýdi? – diýip, Begnazar bolan zatlaryň bir gyrasyny çala eşiden hem bolsa pälwanyň özünden sorady. – Hiç zat, gidiber diýdi. Ýöne ol deýýusy peşaba tabşyrdy-da. – Guduk, inim, her zadam bolsa adamdyr. Özem obadaşyň. Ganyna sebäp bolma-da gel, sen şony dilesene. Owarram, sen paýhaslyrak bolaý. O doňzuň özi bilen deň bolsaň-a etmelisi şudur welin, nätjek. Bu pikir Guduga täsir etmän hem durmady. Ol sähel salym böwrüni diňläp otursa-da seýsi mamla hasaplady. Guduk hanyň ýanyna baranda, ol hälkisi ýaly, heniz hem kese bakyp, oýlanyp oturan ýalydy. Pälwanyň gelenine gözi düşse-de, ol şo bir oturyşyna äwmän otyrdy. – Han aga, Jeliliň ganyny bir gezeklikçe geçip bolmazmyka? Dilinden gan aldyrjak ýaly bolup oturan han bu teklibiň boljakdygyny öň hem syzypdy. Ýöne ol birjigem syr bildirenokdy. Şonuň üçin hem ep-esli oýlanan ýaly etdi-de: – Ýeri, bolýar, bar, peşaba aýdaý – diýip goýberdi. Bu wagt Nepes peşap Jelili gum depeleriniň arasy bilen gaýralygyna tarap idirdikledip barýardy. Onuň adaty wagt dogumdan ýaňa ýanyp duran keşbinden häzir nam-nyşan ýokdy. Şuglasy öçen ýüz-gözünde ýalňyz bir zat – naýynjar garaýyş galypdy. Indi ony göni gelen ajalyň elinden saklajak zat hem ýokdy. Ony ajalyň penjesinden alyp galyp biljek ýalňyz adam Jüneýit handy. Onuň bilen bolsa ara barha açylyp gidip otyrdy. Şeýle-de bolsa, ýalňyz ynam ony käte-käte biygtyýar yzyna garamaga mejbur edýärdi. – Yzyňy gözleme-de hany, çaltrak ýöre – diýip, peşap ony gyssaýardy. – Oňarsaň-a kelemäňi öwür, ýogsa-da ynha, häzir it ölen ýaly bolup gidýäň, deýýus! Birdenkä yzky gerişden aşan atly Jeliliň gözüne ilip gitdi. Onuň atlyny tanajak bolup, sähel egleneni hem şoldy, tüpeňiň süňk ýaly gundagy gerşini gyzdyryp gitdi. – Dursana, Nepes jan, Guduk gelýän ýaly-la! – Ýöre diýdim ýöre çaltrak, seň Gudugyň gelip bolandyr. Beýläk baraňda gabatlaşarsyň. – Gözüňe döneýin, Nepes jan, dursana, Guduk şo. Şo barmana ýaňky atly olaryň deňesine ýetip, badyny gowşatdy. – Nepes aga, han däde Jelili maňa berdi – diýip, Guduk gele-gelmäne atyny ol ikisiniň arasyna sürdi. – Häk, bolýa-da, senem-ä bir gün elime düşersiň... Guduk gep galmakdan ýaňa oňa sowal berenini hem duýman galdy: – Sen onny kime diýýäň, Nepes? – Düşünmediksirän bolma, Emogly, saňa diýýän. Gudugyň gany depesine urdy. Ýeri, men muňa näme ýamanlyk etdimkäm? It diýip adynam-a tutamok. Ýa bu nejis halys adam ganyna suwsap ýörmükä? Guduk bu ganhoryň jogabyny bermän galsa ynjaljak däldi: – Nepes peşap, ýadyňdan çykarma, meň ölmeli günüm özüňem öldügiň biläýgin. Ol şeý diýdi-de gelşi ýaly, ýene atyny gamça basyp gitdi. * * * Han bu gün-erte ýerini üýtgetmegi karar etdi. Munuň üçin ol Ortaguýyny saýlap aldy. Bu guýynyň saýlanyp alynmagynyň han üçin üç bähbidi bardy. Birinjiden-ä, ýeriň üýtgetmeli, ikinjiden, Ahal baýlary bilen wagtlaýynça ysnyşmaly, üçünjidenem ahyrky maksat bolan ilerki serhete tarap az-kem süýşmeli. Ol bu zatlar hakda hiç kime hasabat berjek bolup durmady, Hanaw işana-da, ogullaryna-da, hatda Eşä-de hiç zat aýtmady. Şo günüň özünde Rejep murtuň atlylarynyň ona golaýy Ortaguýydan habar tutmak üçin ýola düşdi. Eýýäm o ýerlere gezek gelende ahally ýigitler ýola has beletdiler. Şonuň üçin hem Rejep murta şolardan birini özi bilen alyp gitmegi tabşyrdy. Rejep murt ýüzünde gamçy yzy gögerip duran Jeliliň mysalasyny halamadymy-nämemi, Guduga atyny eýerlemegi buýurdy. Ýogsam, bu gün giçlik ol ozalky gürleşişi ýaly Begnazara atlaryň käbiriniň aýagyny ýazmaga kömekleşmelidi. Munuň özi bu ýerden aman-sag başyňy gutarmak baradaky maslahaty oňat bişirmeklige mümkinçilik berjekdi. Kim bilýä, şol atlar bilen kybla tarapa tutdurylaýmagam mümkindi. Ol ilki bilen haýsy atlara münüljekdigine baglydy. Gidilmäýende-de, şu gün bu barada bir çukura tüýküriljekdigi welin çyndy. Ýöne oslanmadyk ýerden ýola şaýlanmaly boldy-da, maslahatly mesele häzirlikçe soňa galdyryldy. Baryljak ýer ep-esli menzil bardy. Şonuň üçinem olar özlerini soky deminde Ortaguýa atdylar. Ony beýle uzakdyr öýtmedik Rejep murtuň ýadawlykdan ýaňa äňi sallandy. Bu ýerdäki garaşylmadyk ýagdaý ony öňküdenem beter sähne etdi: birnäçe günläp hany penalamaly guýy gömlüp ýatyrdy. Olar guýudan ho-ol beýleräkde inere ýük urup duran ýaşulynyň ýanyna dergazap bolup bardylar. Ýaşuly on-on iki ýaşlaryndaky meňzeşje iki sany oglanjyk bile ber-başagaýdy. Bir gara öýüň goşy eýýäm düýä ýüklenen eken. Daşy daňlan dört tärim ikibir-ikibir edilip, düýä ykjam urlupdyr, deň ikä bölünen uk daşy daňlyp, tärimleriň üstünden urlan bolsa, uklaryň üstünden tüýnük basylypdyr. Çagalar öý sökülen ýerden iň soňky tüňçedir käseleri hem düýäniň ýanyna getirişdirip ýördüler. Rejep murt olaryň ýanyna baryp: – Ýeri-how, guýyny nädäýdiň? – diýip, çakyr sesi bilen ýaşulynyň üstüne nagarasyny döwüp başlady. Ýüzi nuranadan peşeneli ýaşuly bu biedeplige edep bilen jogap gaýtardy: – Gurgunmysyňyz, oglanlar, aman-saglykmydyr?.. Hawa, guýy-ha, inim, görşüň ýaly, çökdi ýatyberdi. Ýaşulynyň sowukganlylyk bilen jogap berşi Rejep murty has hem gyzdyrdy. – Ýaşuly, sen muny bize edil begenýän ýaly edip aýtdyň welin, özüň gömen-ä dälsiň-dä? – Çöle çykan adamyň guýy gömmegi onuň öz janyna kast etsigi dälmidir näme?! – Ýaşuly, hany, takal okap durma-da, gönel. Sen özüň kim borsuň, bu ýerlerde näme pişe edip ýörsüň? Ýaşuly özüniň ogly hem-de iki sany ekiz agtygy bilen Esen baýyň goýnuny bakýandygyny, täze gazylan guýynyň örümi oňat çykarylmansoň hopandygyny, indem günbatara, Balaýşem guýusyna göçýändiklerini aýtdy. – Hany ogluň? – Ol sürini alyp, eýýäm ugrady. Rejep murt ýeldirgän ýaly, atyny debsiledi-de ýumrulan guýynyň ýanyna eňdi. Atdan düşüp, üýtgeşik bir yz gözleýän ýaly, guýynyň daş-töweregini elem-tas etdi. Birdenem, guýa gum sürlenini gördi-de, jynssyz sesi bilen gygyryp başlady: – Ah, sen haramzada, özi opuryldy diýsene! Hany, bäri gel bakaly, men saňa häzir munuň oňatja opurlanyny görkezeýin. Ýöne wagt bolanda, gömlen guýy üçin Rejep murt beýle tasap ýörmese-de ýörmezdi. Häzir welin onuň şeýle basga galyp ýörmesiniň öz ýeterlik sebäbi bardy. Han näme üçindir şu guýyny saýlap alypdy. Hut şuňa-da geler. Eger-de Rejep murt “Ol guýy-ha gömlüpdir” diýip baraýsa, han kakasy ony nähili garşylarka?! Asyl garşylarmyla beri? Yzyna it salaýmasa-da ýagşydyr. A belki-de Nepes peşaba tabşyrar?! O-da mümkin... Gowusy, o zatlar hakda kelle agyrdyp oturmagyň hajaty ýok. Guýyny düzetmeli, wessalam. Rejep murt diňe şonda Rejep murtlygyna galyp biler... Ýaşuly öz daýaw göwresine kybapdaş assa ýöriş bilen jabjynyp duran ýigidiň ýanyna gelip saklandy. – Sen ataň ýaly adama müňkür bolma, ogul, Alladan daş düşersiň. – Maňa zat öwretme, sem bol... Ýeri, özi gömlen bolsa, onda bu gum sürlen yzlar näme? Hä, bu yzlar näme? Saňa diýilýär? – Ýogsa-da guýynyň içiniň örümi hopany bilen ol edil düp-düz bolmaz ahyryn. Onuň içine mal-beýleki gaçmasyn diýip, özüm düzledim. – Ah, şeý diýsene! Diýmek, düzlediň, hä?! Belki, saňa düzletdirendirler, hä? Hany, dogrujaňdan gel. Men saňa diýýän, gürle, çal! Rejep murt içiňden geçip barýan nazary bilen ýaşulyny iýip barýardy. Ol bende nökeriň abyr-zabyryndan ýaňa hatda pikirini hem ybaly jemläp bilenokdy. – Sen, ogul, sen... müňkür bolma, ýagşy däl. Müňkür-nekirdir. Gyzmalyk etme. Heýem bir bilgeşländen guýy gömlermi? – Sem bol, ony özüm gowy bilýän!.. Häziriň özünde goşuňy ýazdyr-da guýyny gazmaga başla. – Ol-a, ogul, meň üçin kyn bolaýmasa... – Kyn bolany üçin gazarsyň. – Men süriň yzyndan ýetmeli ahyryn. Oglumyň suwy-çölem bu ýerde... – Ogluň birki gün suw içmände-de ölesi ýok. Haçan şu guýydan suw çykararsyň – ana, diňe şondan soň ogluň yzyndan gidersiň. Ýaşuly bu gezek sesini çykarmady-da, başyny çalarak ýaýkap goýberdi. Ol muny nökeriň teklibi bilen ylalaşmaýandygy üçin etdimi ýa-da onuň mäşerik ýaly kellesine pisindi oturmadymy – muny ýaşulynyň özünden başga bilen bolmady. Rejep murtuň täzeden laplap galmagy üçin welin onuň şo hereketi hem artygy bilen ýeterlik boldy. Ol “Ah, şeý diýsene” diýip, bilindäki ak saplyny sogurdy-da, gäwüş çalyp oturan ineriň üstaşyry ençe ýola geçirilen tanapy birki ýerinden kesip goýberdi. Guýrugynyň düýbüne jaýdar depilen iner ala-tapyrdy bolup, çalasynlyk bilen ýerinden galdy. Rejelenip urlan ýük şobada dyr-pytrak boldy. Gara öýüň goşlarynyň arasynda ýatan iki sany meşik eýýäm boşaňkyrlapdy. Nökerleriň biri Rejep murta çekinjeňlik bilen habar gatdy: – Suw-a özümize-de gerek boardy. – Bar, galdyr-da gerek bolýan bolsa – diýip, ol ýaş ýigidiň üstüne jabjyndy. Ýigit sesini çykarman, ylgap, meşikleri dikeltdi. Ýöne olar eýýäm boşaňkyrlapdy. Bu zatlar Rejep murty onçakly gyzyklandyryp durmady. Sebäbi ol häzirki ýagdaýda bir gün-ä däl, birnäçe günläbem suwsuz oňup biljekdi. Ýöne bu guýusyz welin... Ol her gezek han kakasynyň agras keşbini ýadyna salanda, tisginip-tisginip gidýärdi. – Ýeri, sen gazjakmy ýa-da ýok? – diýip, ol täzeden ot alyp başlady. Onuň gykylygyna çagajyklar gözlerini mölertseler, alla-owarrada duran iner ýaltaklady. – Ogul, sen meni beýdip horlama. Çagajyklaryň hatyrasy üçin ýalbarýan, beýtme. – Diýmek, gazjak däl-dä onda, hä? Gahardanmy ýa-da ejizlikden – garrynyň owasyna ýaş aýlandy. Ol gözlerini balkyldadyp durşuna hyrçyny dişledi-de, ýene başyny ýaýkady. Soňra haraý isleýän ýaly, naýynjar keşbini bir han nökerlerine, birem agtyklaryna tarap aýlady. Hemmeler aýylganç bir zada garaşýan ýaly, doňňara daş bolşup durdular. Rejep murt gepini gögerdip bilmänsoň, gahar-gazabynyň ahyrky perdesine mündi. Çopan goşundan tapylan iki sany köne kepjäni ýigitleriň eline tutdurdy-da, guýynyň gapdalyndan çukur gazmagy buýurdy. Nökerler urgun çägäniň ýüzüni bir gapdala syryp, işe girişdiler. Sähel salymdan soň pil boýundan hem çuňrak çukur taýýar boldy. Ýüzbaşy bu gezek nökerlerine üm bilen düşündirdi – çukur gazylyp başlanandan Rejep murtuň niýetini aňan ýigitler ýaşulyny şobada idirdikledip, çukura saldylar. Onuň ýeriň ýüzünde diňe çal kellesi bilen sakgaly galypdy, eginleri bolsa çala görünýärdi. Galan ýeri eýýäm gömlüpdi. Bu aýylganç sütem çaga ýüreklerini lerzana getirdi. – Waý, ata! – diýşip, ekizler goja tarap ylgadylar. Ýöne Rejep murt elindäki piliň sapy bilen olaryň ýoluny kesdi. – Hany, çekiliň! Ataňyza hiç zat bolanok. Eger-de siz oňa kömek edesiňiz gelýän bolsa, onda ynha, guýa sürlen şu gumdan çykaryp başlaň. Hany, boluň! – Ýigit, ataň ýaly adama beýle sütem etmek gelşiksiz bor. Çagalara rehimiň gelsin, olaryň ýüregini ýararsyň. – Heňkirme, goja, bolşuň şu bolsa, entek gözüň näme görýä. Çagajyklar ýarym-ýaş bolşup, guýynyň gumundan bir tarapa aýyrmaga durdular. – Ýok, o gumy beýläk çykarmaly däl, ony ataňyzyň kellesinden guýmaly. Ýaşulynyň gözlerinde çakmak çakylana döndi. – Seniň edýäniň näme, köpeý ogly, çagalarda nä günä bar?! – diýip, ýaşuly gözlerini nökere çenäp durşuna azgyryldy. Indi onuň azymy gözi bilen dilinde galypdy. – Öldür meni, öldürýän bolsaň, ýöne olaryň ýüregini ýarma, bigaýrat! Rejep murt ýaşula diýýäňmi hem diýenokdy. Onuň derdi-aladasy şol oglanlara atasynyň depesinden gum guýdurmakdy. Çagalar näderini bilenokdylar. Şumjaryşyp duruşlaryna bir atalaryna seredýärler, bir murtly adama. Hiç tarapdan haraý ýok. Atadan haraý boljakdy, arman, ol gozganyp bilenokdy. Murtly adam gozganybam bilýärdi, arman, ondan haraý ýokdy. Hiç zadam ýokdy. Güwläp duran bir boş zatdy. Hawa, oglanjyklar üçin ol bir aýylganç boş zatdy. Diýeni bolmasa ýeňse damary saň-gaty bolýan Rejep murt atlylarynyň biriniň elinden gamçysyny aldy-da, oglanlara tarap ýöneldi. Ol her zat etjekdi wellin, gepini gögertjekdi. Iň bolmanda gojanyň depesinden ýeke pil gum atylanyny göwjekdi welin, niýetinden yza gaýtjak däldi. Onuň häzir gamça ýapyşmagy hem şonuň üçindi. Ýaşuly çaga kalbyny lerzana getiren bu aýylganç ýagdaýdan çykalga tapjak bolup, näderini bilenokdy. Ahyrsoňy nejis nökeriň gamçysyna dözmedik ata çagalara ýalbaryp başlady: – Balalarym, getiriň guýaýyň! Ýaşuly şu sözleri aýdanda, olary ynandyrjak bolup, hatda zoraýakdan ýylgyrjak hem boldy. Ýöne bolmady. Gözüne ýaş iýndi. Şonuň üçin hem agtyklaryna gözýaşlaryny görkezmejek bolup, ýüzüni murta tarap öwürdi. Balkyldap duran gözler nökere gezelende, ondaky gözýaş bir tokga güllä öwrülip, doňup galdy. Arman, ol doňup galdy. Atylyp bilmän, doňup galdy. – Nämä, beýle gözüňi jikgerdýäň, hä? Han nökerini juda samsykdyr öýdüpmidiň, hä, aňkasy çaşan çal?! Häli özüň aýtmanmydyň näme, çölde guýy gömmek – ýetmedik ajala gol bulamak diýip. Başga zady bilmeseňem, şoňa-ha akylyň kesýän eken. Aýdyşyň ýaly boldy öýdýän. Ýetmedik ajalyňy öz eliň bilenjik ýetirdiň-dä...Hany, guýup başlaň, näme dursuňyz? – diýip, ol gançysyny ýokary göterende, oslagsyz çykan tüpeň sesi bilen birlikde, Rejep murtuň gamçyly eli şalkyldap aşak gaýtdy. Güneşli günüň günortanynda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Hemmeler aňk-taňk bolşup, töwerege seretdiler. Şonda olar bir atlynyň gerişden aşyp gidendigini görüp galdylar. Ýüzbaşy gana boýalan sag omzuny penjeläp durşuna atlylary tükelledi. Şonda ol Gudukdan beýlekileriň hemmesiniň bardygyna göz ýetirdi. Rejep murtuň bu aýylganç jezasy çagalar bilen birlikde Guduk pälwanyň hem ýüregini agyrdypdy. Ol bu ýagdaýa uzak seredip durmaga het edip bilmedi. Hatar gurap duran nökerleriň arkasyna aýlandy-da, iki ýan gezmelemäge başlady. Ýöne munuň bilen hem ol barybir köşeşip bilmedi. Ýene atyna atlandy. Rejep murt gamçysyny bulaýlap, soňky hetdine ýetende, pälwanyň sabyr käsesi püre-pür bolupdy... Atyny ýüzin salyp barýan ýigidiň beýnisinde bu wagt köne harazyň sesi ýaly zenzele gopýardy. Ýene-de “Jan gerekmi – pyçaga” diräpdi. Bu gezek ol hanyň ýüzünden sypamajakdygyny magat bilýärdi. Hawa-da, ynamdar ýüzbaşylaryň biri Rejep murt nire, ony tüpeňlemek nire?! – Eýse indi nädip janyňy gutarmaly?! Munuň ýeke-täk ýoly ol hem yza däl-de, kybla, dogduk depä tarap gitmelidi. Guduk muňa düşünmän hem duranokdy. Ýöne oňa başga bir pikir aýakbagy bolupdy. Eger-de ol şeýdäýse, han Gudugyň aryny Begnazardan çykarmazmy näme? Diýmek, men öz janymy gutarmak bilen ýoldaşymy hyrlynyň öňüne süýşürip gitmeli-de? Ýok. Bagta gelenini görübermeli bolar, ýöne, ony beýle ýagdaýda goýup gidip bolmaz. Pälwan gele-gelmäne göni Begnazaryň ýanyna baryp, atynyň badyny gowşatdy. Bolan ýagdaýy demi-demine ýetmän gürrüň berdi. Bulardan gowulyga garaşmaýandygyny aýtdy. Oýlanyşyp, ölçerip-döküp oturmaga wagt ýok. Şeýle bolansoň, bu gyssagara ýagdaýda iki kişi çykalganyň iň kyn hem howply ýoluny saýlap aldylar: öz atlarymyzy eýerläp göterilmeli! Ýöne welin, olara seýsi ýeten iki bedewi eýerläp münmäge puryja tapylan hem bolsa, goldan çykmaga pursat bolmady. Bir howsalanyň bardygyny aňan nökerler olar bilen bir demde atlanan bolsalar, Ortaguýa giden atlylar hem şo wagt Rejep murtuň yzy bilen sozan guýruk bolup, ak inişden indiler. Daşyny aldyran iki atla eýerden syrylaýmakdan başga alaç galmady. Han atlylarynyň ýarpa golaýy olary hut ogurlygyň üstünde tutdular. Beýleki nökerler bolsa nämäniň-nämedigine Guduk bilen Begnazar ikisiniň güýlüp taşlansoňlar bilip galdylar. Han olary güýlüngi ýatyşlaryna gaýraky gerişden aňryk süýremegi buýurdy. Nökerler öz han kakalarynyň hökümini şo pursadyň özünde berjaý etdiler. Olaryň içinde iň yhlaslylarynyň biri-de Jelil kördi. Ol häzir bu iki pyýadany gerişden aşyrmag-a däl, Hywa çenli süýräbem alyp gidip biljekdi. Bendiler aýdylan ýere eltilensoňlar han ýigitlerine gözüni alartdy – hemmeler bu ýerden çekildiler. O ýerde diňe han bilen iki sany ýesir galdy. Daşy çolaran bada han: – Peşan! – diýip gygyrdy. Nepes peşap şo demde taýyn boldy. Han ümlän badyna ol Begnazaryň çat maňlaýyndan otlady. Seýis pahyr iň soňky deminde zordan ah çekip ýetişdi. Pälwan aşak seredip oturyşyna gözüni mäkäm ýumdy-da, demini alman, ikinji tüpeň sesine garaşdy. Ýöne ol ses çykar ýerde çykmady. Han ikinji buýrugy bermäge gyssanmady. Agras ädimler bilen yzyna ugrady. – Han kaka, muny men özüm... – diýip, Jelil kör ýigidi atmaga ygtyýar almakçy boldy. Ýöne, han ädimini gowşatman barşyna onuň sözüni böldi: – Degme! Iň soňky gijäniň pikirleri oňa gülläň awusyndanam agyrrak deger. Hanyň bu sözleri pälwanyň gulagynda uzakly gije ýaňlandy. Ol arkasynda daňylgy ýatan seýsiň keç täleýine has beter gynanýardy. Pälwan ony hut öz eli bilen ajalyň üstünden getiripdi. “Öz iliňde ine-gana ölüp gitmegem uly bagt-ow” diýip, Guduk oýlanýardy. Soňra onuň pikir ýumagy Köpetdagy etekläp oturan öz mähriban obasyna tarap sökelenip gitdi... Eziz diýar, mukaddes ojak, mähriban adamlar, naçar dogany. Ýene nämeler? Göwher gyzyň näzli-näzli bakyşlary... Onsoň? Ýene-de şol ýylgyryşlar, bakyşlar... Ýene näme? Horaşaja gara öýüň jygyldyly işigi, duldaky köne çuwal, onuň gapdalynda ýatan soky daşy, enemiň duldan asyldy heýkeli, daş işikdäki ojak, onsoň tamdyr... Pälwanyň hiç wagt üns bermedik zatlary häzir iň bir mukaddes zatlara öwrüldi. Eger-de haýsydyr bir gudrat ony häzir öz diýaryna alyp barsady, onda ol ýaňky zatlaryň her birini mähir bilen bagryna basardy. Diýara teşneligini gandyrdy. Ýöne, hany indi şeýle pursat! O hakda diňe hyýal edäýmek galypdy... Gözel obany ikä bölüp akýan çeşme suwy pälwanyň göz öňünde diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, şildirdisi, owazy bilen peýda boldy. Iň bolmanda şondan bir ganyp ölsediň! Birdenem, ýatlamalar ony akaryň başyndan garyp tünege dolap getirdi: gubarly ene gözleri, buýsançly ata başy... Bagyşlaň, ezizler, bagyşlaň, men sizi kösemek üçin döräýen ýaly... Pälwan ejizlänini duýdy-da, özüni raslamak üçin gobsundy, ýatlamalardan saplanyp, daş-töwerege göz aýlady. Süýt ýaly ak gije ony ýene oba hyýallaryna tarap alyp gidesi gelip durdy. – Ýeri, nätdiň, maksadyňa ýetdiňmi? – diýen kinaýaly ses ony allaniçigsi etdi. Ol üstüne abanyp duran nökeriň Aý kölegesi düşýän ýüzüni görmese-de onuň Jelildigini sesinden aňypdy. – Ýetdim. Köp sag bol... Jelil, senden bir haýyşym bar. – Baý,indi haýyş edersiň-ä. Güýlünip ýatmak – gamçyňy bulaýlap ýören ýaly däldir?! – Jelil, ýüpi çöz. Begnazary başardygymyzdan jaýlaly. Ol ikimiziňem obadaşymyz ahyryn. Onsoň sen meni daň-da goýaý. – Baý-baý, göwnüň nämejikler küýseýär?.. Şeýdip, öňde-soňda boýnuňy buranyňy görmek arzuwym bardy-da. Ine, bu saňa tüýs boldy. Ýat indi gözüňi garalt-da! Ertir, Gün guşluk bolmanka seňem sakar ganyňy sarkdyrarlar, ana, onsoň ikiňize bir depim gumy ýaltanmasam oklaýaryn. Jelil onuň bilen mundan artyk gürleşmegem islemedi. Ol gelşi ýaly, ümsümlik bilen gaýyp bolup gitdi. * * * – Ýeri, onsoň, sen maňa ol atlaryň haýsysyny has mynasyp görýäň? – diýip, ertirlik çaýynyň başynda Jüneýit han köne atbakaryna ýüzlendi. Atbakaryň uzyn gije arzuwlap geçen dilegi ýerine düşdi. Bu garry sähelçe gün bile bolan hem bolsa, Begnazar seýis bilen ýagşy ysnyşypdy. Ýöne, Gudugyň ganygyzgynlygy sebäpli, atbakar ýaňy höwrügen ýoldaşyndan jyda düşdi. Saý-sebäp bilen ajalyna bir gijelik puryja alan ýigidiň hem ertir kazasy doljak. Belki, oňa bir kömek edip bor? Atbakar, ine, şu sowal hakda oýlananda, iň ýyndam iki atyň aýagyny görmek, olaryň birine-de Gudugy mündürmek hakda pikir edipdi. Eger şeýdip bilse, onda ol ýigidiň başyny çarajakdygyna azda-kände ynam edýärdi. – Han aga, olaryň ikisem biri-birine gaýra dur diýýär. Haýsyny goýup, haýsyny bije başy etjegiňi biler ýaly däl. – Men olaryň ikisini birden münüp bilmen ahyryn. – Ol dogry, han aga, ýöne özüňiz gördüňiz, ol ikisi biri-birinden syratly, biri-birinden zyýada. Şonuň üçin hem olaryň haýsysynyň hana mynasypdygyny aýagyndan kesgitläýmesek. Han çaýdan ýagşy kökläpdi. Onuň häzirki ýaly geçisiniň ýaýran wagtyna kän gabat geljek gümanyň hem ýok. Şonuň üçin bolsa gerek, ol atbakarynyň bu teklibini gürrüňsiz kabul etdi. – Sen dogry aýdýaň. Atyň nä jüredigini onuň aýagy kesgitlemelidir. Eýse, onda olary kim çapar? – diýip, han maslahat salýan terzde töweregine göz gezdirdi. Hiç kimden ses çykmady. Eger-de şol wagt atbakar ýylanyň damagyndan çykýan ýaly oýnaklap duran atlary idip gelmedik bolsa, bu dymyşlygyň näçä çekjekdigini kim bilýär. – Çal, ýa sen özüňem çaparmykaň? – diýip, han keýpihonluk bilen atbakaryndan sorady. – Han aga, olaryň birini-hä Jelil münse... – Hawa, ony-ha tapdyň, ikinjisini? – Ikinjisine-de uly suwara diýýärler welin, han aga, şol düýnki ahally ýigidi mündüräýsek bolmazmyka? Atlar-a deňeçir welin, suwaralaram deňeçir bolsa gowy-da. Atbakaryň sözi hana syrly eşidildi. “Oňa bu wagt bökjekläp duran atlaryň birini beräýseň göteriläýmezmi näme? – diýip, oýlanmaga başlady. – Göteriläýende näme? Ýaragsyz-beýlekisiz nirä sypar ol? Ýa eýgertmezmikä”. Bu pikirler hanyň bilesigelijiligini artdyrdy. – Maslashaty nähili görýäňiz? – Hiç neneň däl – diýip, Eşi jogap gaýtardy. – Gider öýdeňokmy? – Öýdýän. Ýöne ony, däde, şu çapyşykdan daşa gitmez ýaly edip bolar. Eşiniň aýdanlaryna Rejep murt handan öňürti düşündi. Ol ýerinden tarsa galdy-da ýumşa gaýym bolup durdy. Han “bolýar” diýen terzde gözüni ýumup goýberdi. Rejep murt Laçynyň ýanyna bardy-da, bilindäki pyçagyny sogurdy. Atbakar bu ýagdaýa allaniçigsi boldy. Bir Rejep murtuň ýüzüne, bir hanyň ýüzüne seretdi. Ýöne onuň tolgunmasy hiç kimi gyzyklandyryp durmady. Rejep murt eýeriň çekisini aşagrakdan bir ýerinden ýarpy inine golaý kesip goýberdi. – Ýogsa-da Emogly dirimikä beri? – diýip, han bu ýerden görünmese-de onuň güýlünip ýatan ýerine tarap gözüni aýlady. Şo pursatda Gudugy hanyň öňünde dikdiler. Ol garşysynda duran ýigidi görüp, ejirli gije hakda özüniň ýalňyşmandygyna göz ýetirdi. Pälwanyň çekgeleri çekilip, gözleri halka atyp durdy, dodaklary kepäp, darka-darka bolupdyr, ýüz-gözünde gan-pet galmandyr, ruhy öçüpdir. – Emogly, hany, bärräk dur – diýip, han oňa pessaýdan haýbatly ýüzlendi. – Sen bize soňky pilläňde bir tomaşa-da görkezmeli boljak. Ol şeý diýdi-de atbakara ýüzlendi: – Ber muňa ýaňky aty. Ajala çenli galan gijäni tutuşlygyna çirim etmän geçiren, indem ajalyna kaýyl bolup, hanyň huzuryna dogry gelen ýigide häzirki teklip gaty geň göründi. Bu nämäniň synagy, bu nämäniň tomaşasyka? Hanyň aýdanyna garamazdan, atbakar bedewi Gudugyň ýanyna getirmäge howlukmady, onuň özüniň gelerine garaşdy. Çünki ol eger-de Guduga kesilen çeki barada aýdyp bilmese, onuň gümansyz heläk boldugydy. Guduk yraň-daraň basyp, atlaryň ýanyna ýetensoň, atbakar Laçynyň jylawyny onuň eline tutdurdy. Gulagyna ýakynlaşanda welin, hanyň ýanyp duran gözlerine gözi düşüp, arkan çekildi. Hiç zatdan habarsyz Guduk Laçynyň ýüz-gözüni, ýalyny sypaşdyrdy-da eýere çykdy. Bu wagt Jelil eýýäm oýnaklap duran beýleki bedewiň üstünde otyrdy. Ol han dädesiniň gözlerinden iň soňky sargydy almaga howlugýan ýaly, atyň oýnaklap duranyna garamazdan, nazaryny şo tarapdan sowanokdy. Han oňa iň soňky sargydyny hem berdi. Gapdalynda oturan peşabyň bilindäki sapançany sogurdy-da, Jelile oklap goýberdi. Jelil ony edil lukma gapan ýaly kakyp aldy. Ol sapançanyň gapdaly bilen han kakasynyň “Ätiýaçdan” diýen sözlerini hem düýrmegi bilen gapdy. Ine, şondan soň iki sany atly düşlegiň böwründen başlanýan at gaýtarym alaňyň aňyrbaşyny nazarlady-da ýola düşdi. Göräýmäge, hiç zat üýtgemedik ýaly. Şol öňki atlar, şol öňki suwaralar, şol öňki göreş. Hemmesi hem iki aý mundan ozal Ýarajy babanyň öwlüýäsine gidýän ýoldaky göreşi ýatladyp dur. Ozalkydan bir üýtgeşik zat – suwaralaryň biri häzir diňe ýeňşiň gamyny iýýär, özüniň rüstemligini äşgär etmek höwesi bilen joşýar. Beýleki biri bolsa ýalňyz bir zat – diri galmak hakda pikir ýöredýär. Düşlegiň töweregindäki gum depeleriniň üsti hümer bolup başlady. Hemmeleriň nazary eliň aýasy ýaly alaňyň içi bilen barýan iki sany atlynyň yzyndady. Olaryň häzirki bar alada-gaýgysy hem diňe bir zatda – kim ozarka? Çökder aladalar bilen çökder gaýgylar welin şol alaňyň içi bilen mytdyldap barýardy. Jelil öňdedi. Ol gyssanýardy, ýeňşe gyssanýardy. Şöhrat onuň janyny alyp barýardy. Şonuň üçin hem ol howlukmalydy. Guduk welin ömrüň dowamy hakda kelle döwýärdi. Aslynda ol Guduk üçin barmyka beri? Bar! Ýöne ony gazanmaly. Gazanmak üçin bolsa göreşmeli. Nädip?! Megerem, galan ömri gazanmak üçin bu iň amatly pursat bolsa gerek. Jeliliň biline gysdyrylan ýalaňaç sapança Guduk üçin heder etmeli ilkinji zat bolmalydy. Ony hanyň oklaýşyny-da, Jeliliň gapyşyny-da görüpdi. Hanyň “ätiýaçdan” diýip, hüňňürdi ýaly çykan sözüni-de eşidipdi. Nämäniň ätiýajydygyna-da düşünipdi. Emma bir zada welin ölçerip-döküp akyl ýetirip bilenokdy: garry seýis näme aýtjak bolduka? Megerem, ol möhüm bir zady aýdasy gelen ýalydy ahyryn. Guduk bu gyssagarada garry seýsiň diliniň astynda düwülgi galan sözleri nämä ýorjagyny bilmedi. Ýöne ol özüne berlen bu mükinçilige-de az geňirgenmedi: at bilen atjakmykalar? Ýa-da aty atyp, meniň zyňylyşyma tomaşa etjeklermikä? Belki, Jeliliň eli bilen öldürmegi unandyrlar? Her näme pikir edlien hem bolsa, tapawudy ýok, maksat – Allany çagyryp göterilmeli! Alaňyň aňyrbaşyna ýeten iki atlynyň biri-pälwan atdan syryldy-da, dartymy az-kem ýetmedik çekini dartdyrdy. – Sen näme edýäň? – diýip, Jelil çep eli bilen jylawy tutup oturyşyna gamçyly elini sapança ýetirdi. – Seň bilen ýaryşjak bolýan – diýip, Guduk başardygyndan giňlik bilen jogap berdi. – Onda näme atdan düşýäň? – Görüp dursuň-a,çekisini çekýän. Jelil Rejep murtuň eden işi ýüze çykaýmasyn diýip, ätiýaç etdi. Ol ätiýaç etmek bilen ýalňyşmandy. Pälwan çekini zarp bilen çekende çala jyrtyldyny eşitdi. Bu sesi halamadyk Guduk Jelildir çeki aralyga özi gabat boldy-da, çalasynlyk bilen atyň döşüniň astyny – çekiniň ugruny elleşdirip gördi. Şonda ol garry seýsiň bir gozgalaň tapan ätiýaçly keşbinden okap bilmedik zatlaryna düşünip galdy. Jelile welin syr bildirmedi. Gaýtadan atlandy-da, ýanyndaky suwaranyň taryna kakyp gördi. – Jelil, eger-de men häzir gaçaýsam atyp bilermiň? – Wah, sen nejisi şuş-şu wagtam atyp biljek-le, ýöne maňa ilki ozmak gerek. – Eger-de ozup bilmeseň näme? – Gözüňe basyp ozaryn. Deňleşdigimem, ozdugym ahyryn, pekge, şuny görýäňmi? – diýip, ol gompulyk bilen gamçynyň sapyny somlady. – Men saňa o diýeniňi etdirmen. Ýadyňdan çykarma, men şo Gudukdyryn. – Men seň indi nähili Gudukdygyňy özüm gowy bilýän. Hany, indem bir gamçyňy bulap gör, it atan ýaly atmasam, atamyň döli bolmadygym. Pälwan Jelilden oňlugynyň çykmajakdygyna düşündi. Ol ondan asla gowulyga garaşybam duranokdy. Ýöne, munuň özi her niçigem bolsa hem-ä ýigidiň iň soňky gezek taryna kakyp görmekdi, hemem kötel we howply ýola çykylmagynyň öňüsyrasyndaky dem dürseýişdi. Ol ýol bolsa ony diriligine, ýaşaýşa, göreşe tarap alyp barýan, ýöne, ykbalyny mizana goýan hatarly hem ýalňyz ýoldy. Alaňyň toýhana öwrülen günbatar çetinde gowur ýatyşdy. Jedeldir dawalary çöp döwen ýaly etjek pursat gelip ýetipdi. Nökerleriň öňünde şol öňki sowaldy – Jelil ozarmyka ýa-da Guuk? Hany hem-de onuň ýakynlaryny bolsa başga bir sowal hem gyzyklandyrman duranokdy – çeki toýhana çenli çydarmyka? Depäniň üstünde galgan gyzyl guşak göreşiň başlanandygyndan habar berýärdi. Gamyş gulak bedewler misli torguş galan ýaly, atylyp gitdiler. Ara ep-esli bardy, şonuň üçin Guduk hem birbada ýoluny üýtgetmän, göni sürdi. Laçyn bäsdeşine per berer ýaly däldi. Şonuň üçin hem Jelil bu gezek bassyr-ýussur etjegem bolup durman, gamçysynyň sapyny aç-açan işletdi. Guduk pälwana-da geregi şody. Ol atyň jylawyny boýnuna atdy-da, bir eli bilen Jeliliň gamçysyna ýapyşdy, beýleki eli bilen bolsa onuň ýüzi kessir öz gamçysyny aýlady. Jelil wagtynda gamçysyny sypdyryp bilmedi. Şonuň üçin hem batly çaýkansa-da, zordan atdan agman saklandy. Beýle gaýtawula garaşmadyk suwaranyň gany depesine urdy. Ol bilindäki sapançany gazap bilen sogurdy-da, taýly gezek mäşäni gysyp goýberdi. Ol oklaryň biri myçyp gitse, beýlekisi pälwanyň egnini ýagşy ýalap geçdi. Gamçy ýene-de asmana galgady. Onuň zarbyna Jeliliň elleri diýen etmedik bolarly, sapança goldan zyňlyp gitdi. Üçünji zarba bolsa Jeliliň özi hem döz gelip bilmedi – deňagramlylygyny saklap bilmedik suwara at aýagynyň astyna düşmese kaýyl boldy. Guduk diňe şondan soň atyny toýhana ugurdan sowdy-da, ilerligine tutdurdy. Bu garaşylmadyk ýagdaý toýhanada oturanlary aňk-taňk etdi. Hemmeler atlaryna tarap ylgaşdylar. Ýöne han köpbilmişlik bilen ýylgyrdy-da elini galdyrdy. Bu onuň “Howlukmaň, tomaşany häzir görersiňiz” diýdigidi. Onuň çeni bolsa, Laçynyň üstünde süýnüp oturan Emogly haý diýmän tozana garylmalydy. Ýöne, hemmeler aňk bolup garaşsa-da, suwara bedewiň üstünde ýüzin ýatan ýaly bolup, süýnüp barýardy. Hanyň garaşýan tomaşasy geler ýerde gelmedi. Ýa-da Emogly hany ýalançy edäýjekmikä? Ýok, Guduk hany ýalançy etmedi, tomaşa görkezdi. Ýöne o tomaşa garaşylýan tomaşadan üýtgeşigräk boldy: nökerler Laçynyň üstünde ýüzin ýatan suwaranyň birdenkä atyň boýnuna süýşäge-de eýeri bir ýana zyňyp goýberenini, soňra bolsa onuň ýalaňaç ata ýelmeşen ýaly bolup, süýnüp gidenini görüp galdylar. Gahary ýüzüne uran han birbada näderini bilmedi-de, göni üç gat ak öýüň ortanjysyna girip gitdi. Onuň yzy bilen girmäge het edip bilmese-de, Rejep murt daş işikden hana sala saldy: – Han aga, rugsat ediň, men o köpeý ogluny getireýin! – Sölti diýerler size! Getirjek adam öň goýbermezdi. Emogly indi size atam bermez, özem ele düşmez. – Han däde, onda-da rugsat beriň. Han bu gezek sesini çykarmady. Rejep murta öz ahmyrynyň yzyndan gitmek üçin şo-da ýeterlikdi. Ol on-on iki atlyny aldy-da, Balaýşem guýusyna tarap tutduryp ugrady. Şol wagt tasap gelen Jelil hem atlylaryň ýönelige gitmändigini aňan ýaly, olaryň yzyndan eňdi. Ýöne bokurdagyny ýyrtara getiren atbakar ony zordan saklap, aýagynyň aşagyndaky arzyly bedewi alyp galmaga ýetişdi. Guduga obasyna aşmak üçin ilki bilen Ortaguýusyna ýa-da Balaýşeme ýetmek gerekdi. Sebäp, her näçe janyňa dözseňem, ýalaňaç at bilen uzak gitjek gümanyň ýok. Ortaguýynyň gömlendigini Rejep murt öz gözi bilen görüpdi. Diýmek, Balaýşeme sürüp görmeli. Rejep murt ýalňyşmandy. Guduk şo badyny gowşatman, Balaýşeme sürdi. Bu ýerde ol düýnki tanşyny – Ortaguýudaky ýaşulyny görüp, az begenmedi. Onuň ýüz-gözünde urgudyr sütem yzlary äşgär görnüp durdy. Oguldyr agtyklary bilen ýaňy gelip, bu guýuda goş ýazdyran ýaşuly oňa jiňkere-jiňkere ahyrsoňy sowal berdi: – Ogul, düýnki murtlynyň elinden atan-a däl sen? – Hawa – diýip, pälwan baş atdy. Soňra şo bir ok üçin nä günlere düşüp ýörenini hem aýtmak isledi, ýöne, näme üçindir, ony özüne kiçilik saýdy. Aýtmady. Emma, häzirki düşen kyn ýagdaýy hakda welin gürrüň berdi. Olar ýigide hossar çykdylar. Laaçynyň üstüne pagtaly Hywa donuny ýapdylar, onuň üstünden bolsa ýaşuly öz ösgün tüýli telpegini atyp, ýagşy daňdy. Ýüp bilen bolşuna görä üzeňňi hem ýasap berdi. – Bü-de, oglum, menden ýadygärlik bolsun – diýip, egnine suw ýaly bäşatary geýdirdi. – Bar, ogul, sag-aman bar. Ýarajy seň ýaly atly ýigide bu ýerden ara atym ýoldur. Ýöne oňatja sürseň, erte gije obanyň gabat gaýrasyndaky guýularyň birine ýetersiň. Indi bolsa garaňka galma-da sür, ogul. “Ýolagçy ýolda ýagşy” diýipdirler. Ýaşuly şeý diýdi-de, ellerini ýokary göterip, ýigide ak pata berdi. Ýöne Laçyn ol pata bilen ikiden artyk ädip ýetişmedi. Bir ýerlerden peýda bolan at aýagynyň dükürdileri, nökerleriň gykuwy, tüpeň sesleri adam barynyň depesinden gyzgyn suw guýlan ýaly etdi. Şeýle-de bolsa, olar aljyramadylar, üç kişi üç ýerden tüpeňlere ok sürdüler. Ataly ogul ýeke-ýekeden ok sürüp atsa, Guduk bäşatary aldygyna işletdi. Beýle gaýtawua garaşmadyk nökerler möý pytran ýaly bolup, yza serpildiler. Olaryň dördüsi gum garbap galdy. Gerşiň aňyrsynda dulanan nökerleriň arasyndan Rejep murtuň çakyr sesi eşidildi: – Emogly, ýaragy taşla-da, çyk bäri, ýogsa ýaman bolar. – Şundan ýaman bolasy ýok – diýip, Guduk pyşyrdady-da, selniň aňyrsynda peýda bolan Rejep murtuň telpegini galgadyp goýberdi. Han nökerleriniň arasynda bir gozgalaň tapylandygy duýuldy. Megerem, Rejep murtuň gum garbap galmagy olary haýykdyran bolarly. Onuň ölümi ala-böle Jelil köre has ýiti täsir eden ýaly göründi: – Eheý, doňuz, diýleni et, ýogsam, ýadyňdan çykarma, gaty erbet bolar. Bujagaz etmişleriňe ölinçäň puşman eder ýaly ederin – diýip, Jelil sesi ýetdiginden gygyrdy. Ýöne, Rejep murtdan tapawutly ýeri, ol selniň aňyrsyndan kellesini çykarmady. Kelläňi galdyrdygyň näme boljagyny öň biri görkezipdi. – Seňem-ä ajalyň ýetiberen bolsa gerek – diýip, Guduk ses çykan tarapa näçe seretse-de gymyldy-hereket görmedi. – Sen, ogul, indi howluk – diýip, howudyň bir gyrasyny peýläp oturan ýaşuly dillendi. – Siz näme? – Biz garaňky mazaly gatlyşansoň gymyldajak bolarys. Onsoňam, olar seni yzlap gelipdirler. Sen çaltrak başyňy gutar, bizem bir alajyny taparys. Eger häzir atyňy tüpeňläýselerem işiň gaýtdygy. Onsoň has kynlaşar. – Bu aty atyp bilen bolmaz. Beýtseler han bularyň derisini soýmaýarmy?! Olara menem gerekdirin welin, ýöne, ynha, şujagaz bedew has geregräkdir. – Han ikiňize-de beýle suwsan bolsa, onda, ogul, eglenme. Birden ahmal galarsyň. Guduk ýaşula mundan artyk ýalbartmady, ýüpden ýasalan üzeňňä aýagyny ildirdi-de, oýdan atylyp çykdy. Han nökerleri pursady elden gidermediler – yzly-yzyna çykan tüpeň sesleri Gudugy atyň üstüne ýüzin ýatmaga mejbur etdi. Eger-de uýlukdan hem-de omuzdan gyltyz degen gülleleri hasap etmeseň, Guduk bu gohuň içinden sypypdy. * * * Guduk ýowdan başyny gutarsa-da, okdan gutulmady. Uýlukdan, omuzdan gyltsyz degen ok oňa esli wagtlap azap berdi. Ozalkylary ýaly Goçmyrat çopan oňa dürli em etdi, ýarasyny ýuwup-ardyp, täzeledi, yhlas baryny etdi. Onsoňam “wagt-doktor” diýleni rast ekeni. Günler geçdigiçe Guduk pälwan sagalyp ugrady. Indi ol mazaly aýak üste galypdy. Şonuň üçin hem ol özüniň eglenmän ýola düşmelidigini bilýärdi. Indi ony demir gala ýetmek hyýaly gyzyklandyrýardy. Ol demir gala-da Gyzyl Goşundy. Gyzyl Goşuna goşulsa, ol köpçülik bilen has köp iş edip biljekdi. “Ýekäniň çaňy çykmaz” diýipdirler. Bir özi ýowuň garşysynda durubam bilmez, bitiren goşam bolmaz. Şonuň üçin indi ol berk karara geldi: hökman köpüň bähbidini goraýan Gyzyl Goşuna goşulmaly. Soňlama. – Agam, Goçmyrat! – diýip, Guduk onuň egnine elini ýetirdi-de sägindi. Megerem, ol bu ýerde ilkinji gezek şeýle sypaýyçylyk bilen söz uran bolsa gerek. – Alla hiç kimiň başyna beýle betbagtçylygy indermesin. Ynha, şeýle günde sen maňa kömek etdiň, dadyma ýetişdiň. Taňryýalkasyn... Onsoňam, kyn görmeseň, ýene-de bir zady haýyş etjek. Eger aňrujy ýagdaýyň bolsa, gaýdyp gelinçäm bu tümmekleri ýalňyz taşlap gitme. Men gaýdyp gelerin. Arymam ýerine salaryn. Onsoň gelerin. Hökman gelerin. ÖZüm gelmesem maslygym geler. Eger şeýle bolaýsa, onda ikinji bir haýyşym – menem şularyň ýanyna dulaweri. – Guduk, “Ýekäniň çaňy çykmaz” diýipdirler. Her näme-de bolsa, ýeki beri gitmegin. Bolmasa oba bar, ýigitlerden bäşdir-üçdür bardyr... – Sen meni alada etme, Goçmyrat aga, indi men näme etmelidigini bilýän. Ozal men Laçyn üçin çykypdym. Laçyny getirdimem. Ýöne, şonuň bilen birlikde duşmanyň kimdigine-de, oňa garşy nähili göreşmelidigine-de akyl ýetirdim. Men indi gyzyllaryň arasyna giderin... Birdenkä Laçyn ileri tarapa ýiti-ýiti seretdi-de hokrandy. Duran ýerinden gozgalaň tapan bedewiň bu bolşundan pälwanam, çopanam bir zadyň bardygyny aňdy. Olar diňşirgenip ýetişmänkäler, ilerki gerşiň üstünde bir topar atly peýda boldy. Bularyň han atlylary däldigini Guduk gören dessine tanady. Ýöne onda-da ätiýaçdan elini tüpeňe ýetirdi. Ataýmasyn diýip, pälwandan heder eden Goçmyart aga “Gyzyllar ýaly-la” diýip, gyssanmaç seslendi. – Essalawmaleýkim, çopanlar! – diýip, atlylaryň öňünden gelýän maňlaýy bäşburç ýyldyz papakly adam çasly sesi bilen gygyrdy. – Suw barmy? – Bardyr – diýip, birki ädim öňe süýşüp gelen çopan olary garşylamaga taýyndygyny ýaňzytdy. Esgerler gowany yzly-yzyna dolduryp, guýudan suw çekmäge durdular. Olaryň kimsi gowanyň gyrasyna eňegini bassa, kimsi gabyny suwdan doldurmaga durdy, ýene birleri ilki bilen atyny suwa ýakmaga howlukdy. Hälki çasly sesi adam bola göni çatmanyň gapdalynda duran iki kişä tarap gaýtdy. Olar bilen iki elini uzadyp görüşdi. Hal-ahwal soraşdy. – Bu ýerlerde Jüneýit hanyň atlylar-a gara beren däldirler? – diýip, ol Goçmyrat aga ýüzlendi. – Gara berdiler, siz näme, şolary yzlap barýaňyzmy? – Hawa. Olar köpmüdi? – Aý, ýok. – Olar düýn Ýarajyny çapawullap gaýdypdyrlar. – Hawa, ol... – diýip, çopan nämäniň-nämedigini komandire düşündirjek bolanda, Guduk onuň öňüne düşdi. – Goçmyrat! Goçmyrat aga müýnli ýaly, peseldi-de dilini dişledi. Pälwan komadire ýüzlendi: – Başga näme edipdirler? – Olar hanyň ýanyndan gaçyp gaýdan bir ýigidi gözläp gelen ekenler, ozal-a kakasyny öldüripdirler, soňam uýasyny alyp gaçypdyrlar. – Ejesine näme bolupdyr? – Ejesi aglap otyr-la, oňa zat degmändirler ýaly. Guduk pälwany ýene kakasynyň, uýasynyň ölümi bogdy, bokurdagy doldy. – Siziň ýola belediňiz barmy? – diýip, ol soňra komandire ýüzlendi. – Onçakly beled-ä ýok, näme? – A siziň ýigitleriňize göwnüňiz ýetýämi? – diýip, Guduk guýynyň başyndaky esgerlere tarap ümledi. – Dagy näme?! Hawa, ýetýä. – Onda men sizi olaryň üstünden äkidip bilerin. Ýöne weli bir şert bilen. – O nähili şert? – Men şo ganhorlaryň birini tutup, elin alyp gaýtmakçy. – Nirä? – Şu ýere. – Onsoň näme etjek? – Onçasyny özüm bilýän. – Bu şo süteme uçran ýigit! – diýip, Gudugyň “Hiç zat aýtma” diýen yşaratyna üns bermedik Goçmyrat aga düşündirdi. – Şeýlemi asyl! Tüýs gerek adamyň üstünden gelipdiris-dä...Hany, ýigitler, ýola taýynlanyň – diýip, ol soňra otrýady nyzama çagyrdy. Ine, Guduk arzuw eden Gyzyl Goşunyň esgerlerine duşdy, duşanyna biçak begendem. Indi onuň sarsmaz arkasy bar, indi ol olar bilen bile aýaga-da galar. Hemmeler sähel salymyň içinde hatara durdular. Komandir olaryň öňüne geçdi-de, Guduga tarap: “Hany, öňüni başla” diýen manyda ümläp goýberdi. Guduk Laçyna çalasynlyk bilen münen dessine Goçmyrat aga onuň ýanyna ylgap diýen ýaly ýetdi, towsaklap duran atyň jylawyna elini ýetirdi-de, Guduga ýüzlendi: – Guduk, inim, düşüngin, seň duşmanyň diňe bir Jelil kör däldir, şo kysmy adamlar heran-haçan biz ýaly garybyň külbesini tozudyp gider. Şonuň üçin hem diňe Jelil diýip durmagyn, bu ýigitlere goşulyşaňsoň, ahyryna çenli gidişgin. – Özümem düşünjek bolýan... – Onda siz näme ediň diýsene, suw-sölsüz kösenmez ýaly Sabyryň oýunyň üstünden ilki At kaka sürüň. Gamyşly bilen Geýrek guýusyna ýeteňizsoň, Daşberdiň oýuny sag eginde goýup, birneme gündogara sürseňiz Ortaguýa bararsyňyz. Edil üňüzden geçen ýeriňizdedir. Onsoň... – diýip, Goçmyrat aga nähili gitmelidigini salgy berdi. – Sen näme sanap dursuň? – Ýoly düşündirýän. – Sen ony azar edinme. Maňa ony gaty gowy edip düşündirdiler. Berjeksiň-ä pata ber, ýogsa-da... Pälwan ugramazdan öňürti atyň ýüzüni goşa mazara tarap öwürdi: “Rahat ýatyň, mähribanlarym, indi ar aljagyma ynanýan. Atamyň ajaly üçinem, uýamyň namysy üçinem ar alaryn. Ejemiň gözýaşlary üçinem ar alaryn. Begnazar üçinem, Balaýşemde galan çopanlar üçinem, ekizler üçinem ar alaryn. Ähli garyp-gasarlar üçinem ar alaryn. Ynanyň! Siziň mazaryňyzyň başynda kasam edýän, ynanyň!” Ýer peşäp duran Laçyn gazaply çaknyşyga gyssanýan pälwany aldy-da, hemmeleriň öňüne düşüp, gaýralygyna garşy süýnüp gitdi. Annageldi NURGELDIÝEW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |