23:18 Laçynyň yzy bilen -2/ powestiň dowamy | |
Ýöne, Laçyn garybyň aty. Ol baýyňam bilenok, begiňem, kim atyny goşsa ozup dur. Maly ýere-göge sygmaýan tütjar baýlary-da bu bedew uly märekede dili gysga ediberýär. Şeýle bolansoň, märeke Laçyn hakdaky dabaraly gykylyklara zor salyp duranok. Munuň onsuzam, gygy ajap duran baýlaryň ýarasyna duz öýmegi mümkin...
Powestler
Mundan ylaýyk bir aý ozal Garrykärizde tutulan bir toýdan Laçyny Begnazaryň aty bilen goşdular. Ana, şonda hem ol, özüni ýagşy tanadan soň, ilkinji gezek öňüne at geçirdi. Bu şowsuzlyga pälwan ýüregi bilen gyýyldy. Beýleki bir zada welin diýseň haýran galdy. At gowy bolanda çapmak üçin her obada-da birlän-ikilän suwara tapylýandyr welin, ýöne Begnazaryň atyny Jelil körüň münmegi il geňlemezçe däldi. Dogrusy, Jelil körüň gözüni açyp göreni atdy. Onuň bu gelşiksiz lakama eýe bolmagyna-da bir sarç at sebäp bolupdy. Heniz oglanjykka ot gorsaýan Jelil goňşy-golamynyň atyny gezdirmeli ýa-da suwa äkitmeli bolsa edil ekilen ýalydy. At eýeleri onuň bezzatlygyndan bihabardylar. “El-aýak ýalyjak oglan” diýip, gaýta öwerdiler. Jelil welin aýagynyň aşagyna at düşse, janyny alardy. Dogry, obadan çykýança ol gaty parahatdy. Ýöne obadan garasyny saýladygy welin at janawaryň dat gününe! Bir Gyzylja depäň deňesinden çykardy, bir Döwgalaň depesinden. Guduzlygyndan ýaňa atdan düşende-de onuň guýrugyndan syrylyp düşerdi. Bir gezek şeýdende oňatja almytyny hem alypdy. Çep gözi çykmasa-da-ha çykmady welin, ýöne, zordan açylyp duran bolup galypdy. Emma ýigidekçäniň yhlasy beýle awunmalardan rüstem çykdy. Şonuň üçin oňa soň-soňlar toýlarda at çapmagy hem ynanyp başladylar. Kim näme diýse-de, agajet, orta boýly, arryklaç bu kakabaş ýigide Pirnazar ussanyň pisindi oturmazdy. Dogry, bu suwara onuň Laçyndan ozalky atyny birki ýola çapybam beripdi. Eger-de ussa şol kiçijik wakany öz gözi bilen görmedik bolsa, suwara belki, onuň atyny ýene-de çapsa çapardy. Ýöne ussa onuň o bolşuny hiç wagt bagyşlap biljek däldi. Ussa säher bilen ussaçylyk edýän horaşaja tamyna geçip, ýaňy işini öňüne alypdy. Ýazyň birgeňsi güni bolansoň işik açyk durdy. Daşarda, bassyrmanyň aşagynda “Häýt, dur janawar” diýlen ses eşidildi. Bu Jeliliň sesidi. Hiç zat diýilmese-de, birki günlükde toýda ussanyň atyny çapansoň, indi gezdirmek bahanasy bilen ol bu gapa gaty arkaýynlyk bilen gelipdi. At eýesi welin muny isläp duranokdy. Ýöne, her näme-de bolsa, ilkinji gezek sesini çykarmazlygy ýüregine düwdi. Jelil aty eýerläp, ýaňy ýatakdan çykaryp ugrapdy. Ussanyň gyzy Göwheriň elleri bedreli peýda bolmagy suwarany sägindirdi. Şondan soň ýigit bilen gyzyň arasynda bolan sähelçe gürrüň ussanyň Jelile bolan ýigrenjini soňky derejä ýetiripdi. – Göwher gyz, hany dursana, bedräň birini ber. Atyňyz suwsuz ölüp gidipdir welin suwa ýakaýyn. – Sen ony ikibaşdan güzere äkidýäň dälmi näme. – Äkidemde näme? Ol Göwher gyzyň suwundan içjek diýýä. Hany äkelsene perizat! – Bar, ýok bolsana! Şu gürrüňleriň yzysüre ussahanadan çykan çasly ses suwarany allaniçigsi etdi: – Jelil! Çapyksuwar sesiň nireden çykanyny anyk bilmese-de, yzyna ýaltaklady-da: – Näme? – diýdi. – Aty goý-da, owarra bol! – M... Men... – Güm bol diýýän men saňa! Haýbat bilen çykan soňky ses Jeliliň atdan tamasyny üzmelidigi hakdaky höküm ýaly bolup eşidildi. Jelil körüň ussa bilen öňde-soňda gatnaşygy şonuň bilen hem gutarypdy. Dogrusy, Jeliliň ussanyň ýalňyz gyzyna öýlenäýmek niýeti hem ýok däldi. Munuň üçin ejesini birnäçe gezek olara gudaçylyga-da iberipdi. Ýöne bu zatlaryň özi diňe ussanyň Jelile bolan ýigrenjini has hem artdyrypdy... Suwara bilen ussanyň arasynda, ine, şu zatlardan başga bolan zat ýok. Şeýle-de bolsa, olar dura-bara bir-biri üçin edil din duşmanyna öwrülen ýaly bolupdy. Şeýle duşmançylyk ylaýta-da Jelil körüň kalbynda ot gorsaýardy. Şeýle dogum, şeýle kakabaşlyk Guduk pälwanda-da ýok däldi. Ýöne Jelilden artykmaçlygy suwumsyz däldi. Onsoňam, ol ýalançylygy bilmezdi. Gönümeldi. Şu häsiýetleri bilen hem ol ussanyň göwnünden turdy. Pälwanyň suwara bolmak üçin bir aýyby bardy. Ol beýleki ýigitlerden az-kem agyrrakdy. Herniçik hem bolsa Laçynyň eýesi atynyň ykbalyny pälwana ynananyny kem görmedi. Pälwan özüne şeýle bedewiň ynanylýanyna iki bolup bilenokdy. Ol ertirden agşama çenli bu arzyly at bilen meşgul bolmaga kaýyldy. Ussanyň bir aýdanyny iki diýdirmän ederdi. Ondan bidin atyň golaýyna barmazdy. Şeýdip, ol diňe bir Laçyn bilen däl, eýsem ussa bilen-de, onuň aýaly bilen-de, hatda Göwher bilen-de ysnyşyp barýardy. Ýöne bu zatlary obada ýüregine sygdyryp bilmän ýören bir adam bardy... Akja baý körpe oglunyň toýuny çaklanyşyndan hem belentde tutdy. At-owazasy bütin Arkaja ýaýran bagşy-sazandalar toý märekesine üç günläp hezil berdiler. Pälwanlar üçin hem baýrak gysganylmady. Ýeňijä bir gezek işek tutulsa, ýene bir gezek maň goýun tutuldy. Guduk pälwan göreş tutýanlaryň äpet halkasyna girse-de, göreş bilen seri bolmady. Aslyýetinde, ol pälwan lakamyny göterse-de, ürç edip göreşip ýörenlerden däldi. Lakamy-da atasynyň ady bilen göterip ýördi. Dogry, kakasy ogluna Guduk diýip atasynyň adyny dakypdy. Ýöne, ýaňy jompuldap ugranda, il-gün oňa derrew pälwan lakamyny-da ýelmäpdi. Ine, şeýle bolsansoň, ýigit märekäniň öňüne çykyp, göreşse-de gelşip durdy, syn etse-de. Bu gün welin ol ýaý berip duran şagalaňly märekäniň arasyna gelse-de, billeşmek barada pikir etmedi. Göreş görjek bolup hem ölüp-öçüp baranokdy. Onuň häzir bu ýerde peýda bolmagy diňe wagt geçirmekden başga zat däldi. Sebäbi, atlary öýlänler, Günüň gyzgyny birneme gaýdyşansoň goşmagy müwessa bilipdiler. Guduk pälwany irikgä edip goýan wagt her näçe haýal geçse-de, ahyrsoňy ol öýlä sapdy. Jarçynyň çakyr hem-de ýiti sesi bilen obanyň üstüni çar tarapa böwsüp geçdi: – Indiki nobat suwaralaryňkydyr ho-ow, kimde-kim atyna göwni ýetýän bolsa Ýarajy babanyň öwlüýäsine gidýän ýola çykybermelidir ho-ow! Seýsiniň gürrüňini diňläp duran Jelil körüň Begnazaryň atyndan agzy tagam tapypdy. Ol Garrykärizde bolan toýda baýrak goýlan işegi atyň eýesine berip goýberipdi. Ol-a işek eken, köşekli düýe bolanda-da Jelil üçin o zatlaryň parhy ýokdy. Onuň üçin iň uly barýak – Laçyndan öň gelmek, ussany suwarasy-beýlekisi bilen masgara etmek. Oňaryp bilse, olary şeýdip, gyjalata goýmak. Toýhananyň öňüne birbada çykan at bolmady. Atyny daradyp ýören Jelil Guduga garaşdy, Guduk hem Jelile. Bu asla bir-birekden heder etmegiň alamaty däldi. Munuň özi seresaplylygyň, ätiýaçlygyň nyşanydy. Ynha, birdenem obanyň gaýraky syrgynyndaky Täşli aga alaşasyny debsidip, öňe çykdy. – Berekella, muny oňardyň, Täşli aga! – Dogry-da walla, hany, ýaşuly, alaşaň bilen bir göz görkez bakaly! – Hany, çykaryň gaýratyňyz bolsa Begnazaryň atyny! – Goşup bilmez, gaýraty ýokdur! Şowhun-şagalaň hem, märekäniň üstünden çar tarapa atylyp gidýän teýeneli gürrüňler hem arzyly bedewleri orta çykaryp bilmedi. Täşli aganyň alaşasy ahyrsoňy özüne kybapdaş bir at bilen goşuldy. Ýaşulynyň toýhana ilkinji bolup atylyp çykanyna degdi. Ol ozup alan horjun halyçasyny bütin märekäniň öňüne aýlap çykdy. Jelil kör mundan artyk takat edip bilmedi. Öň bir gezek ozansoň, ýüregi hem suwlujady. Üstünde ýelmeşip oturan Jelil körüň agramyny duýmaýan ýaly, Begnazaryň aty pasyrdap orta çykdy. At gaýtarym märeke-de, toýuň beýemçisi hem bu bedewiň garşysyna kimiň çykjakdygyny bilip durdy. Hemmeler Laçyn tarapa öwrüldiler. – Begnazaryň aty bilen aýak goşup biljegiň orta çyk ho-ow! Laçyn kän garaşdyrman, märekäniň içinden sogrulyp çykdy-da “Ynha, men aýak goşup biljek” diýýän ýaly, Begnazaryň atynyň göni alkymyna baryp saklandy. Atlar ysgaşjak ýaly etdiler-de birdenem, özleriniň bäsdeşdikleri ýadyna düşen ýaly, hersi bir ýana başyny öwürdi. Suwaralar hem birek-birege sowuklyk bilen baş atdylar. Şeýdip, göreş başlandy. Bu göreş ýiti toýnaklaryň göreşidi. Bu göreş iki bedewiň, iki häsiýetiň galyberse-de iki seýsiň göreşidi. Ussa delmuryp durmasa-da, onuň ýitelen gözleri Laçyny düýrmegi bilen owasynda saklaýardy. Begnazaryň bolşy welin höwes eder ýaly däldi. Onuň häzirki gozgalaň tapyp durşy, hamana, mundan buýanky ykbaly hut şu çapyşygyň netijesine bagly ýalydy. Onuň iki ýana byzbydyklap ýörenini göreniňde, atlar däl-de, seýisler çapyljakmyka diýdirýärdi. Atlar çapyp gaýtjak ýerlerine ýetmek üçin Gyzylja depäň meýdanyna ýuwaşlyk bilen ýola düşdüler. Aralyk ses ýeterden hem geçipdi. Suwaralar käte bir yza, beýemçä tarap seredip gidip barýardylar. Birdenem, yzda, toýhanada duran beýemçiniň elindäki gyzyl ýaglyk ýokary galgady. Muny suwaralaryň ikisi hem gördüler. Şo pursat suwaralaryň kalbyndaky gozgalaňy bedewler hem syzdylar. Atlar ýüzlerini bir-birlerinden kese sowup duruşlaryna birden öňe tarap atylyp gitdiler. Laçyn turuwbaşdan ýarym boýun öňe geçdi. Jelil kör özi üçin, hamala, geregi hem şol ýaly, deňleşmäge gyssanmady. Laçyny ýaplandy-da sürüberdi. Suwaralaryň ikisi-de ümzügi mazaly öňe atypdylar. Olaryň bu boluşlary atlary sürüp oturana däl-de, süýräp barýana çalym edýärdi. Aýratyn hem Guduk pälwan ör turup süýnüpdi. Ol jylawy iki eli bilen kelteden çalyp tutup oturyşyna assa-assadan atyň ýeňsesinden itekläp ugrady. Bilindäki gamça el ýetirmäge heniz howluganokdy. Jelil bolsa çepbekeýläp sürüp oturyşyna elindäki dolap alnan gamçysyny atyň türresine çalaýmasa-da zol-zol ýeňsä aýlaýardy. Ýoluň ýarpa golaýy geçilipdi. Eýýäm toýhanada duran adamlaryň şowhuny eşidilip başlapdy. Ähli ünsüni ýola dikse-de, käte gözüniň gyýtagyny gapdala aýlap goýberýän Guduk Laçyny barha güýçlüräk itekläp başlady. Şol wagt hem onuň aýagynyň aşagyndaky at düz ýolda büdrän ýaly, sähelçe badyny gaçyrdy. Ýalta yzyna seretdi. Hiç zat ýok. Ýöne ol yza seretmek üçin ýüzüni öwrende, Jeliliň aty aňry süýşüp giden ýaly boldy. Guduk pälwan birbada nämäniň-nämedigine düşünip bilmedi. Ol az salymlyk çala yza galan hem bolsa, derrew çapyşygy ozalky kaddyna ýetirmegi başardy. Ýene-de ýarym boýun, soňra bitin boýun öňe saýlandy. Şol wagt, birdenkä pälwan yzyna, bäsdeşine tarap gaňrylanda, Jelil köri gös-göni etmişiniň üstünde tutdy. Jelil gamçynyň agaç sapyny Laçynyň artky aýagynyň öňünden sokup goýberdi, at janawar şol aýagyny agsap alan ýaly, zordan ätdi-de badyny gowşatdy. Edil şo pursatda yzyna gaňrylan Guduk pälwan atyň ozal hem näme üçin “büdrändigine” indi oňat göz ýetirdi. Hatda Garrykärizdäki çapyşyga-da müňkürlik etdi. Gany depesine urdy. Gamçyny ýaňy özi bilen deňleşen Jelil körüň ýüzi kessir saldy. Garma-gürmelikden peýdalanyp, öňe düşjek bolan Jelil gowulyga garaşmasa-da, edil beýle bolaýar öýdüp pikir etmändi. Şonuň üçin ol hatda goranyp hem ýetişmedi. Onuň çep gözüniň üstaşyr geçýän gara çyzyk gamçynyň ýagşy gan öýdürendiginden habar berýärdi. Awuly urgynyň jogabyny bermek üçin Jelil hem gamçysyny göterdi. Ýöne müýnli bolansoňmy-nämemi, onuň gamçysy howada ses edip, aşak sallandy. Oňa derek özi ikinji gezek hem gamçynyň tagamyny datdy. Ilat kimiň ozup, kimiň galandygyna düşünip bilmedi. Olar diňe suwaralaryň at üstünde dikleşişlerini gördüler, gamçylaryň şuwwuldysyny eşitdiler, onsoňam bir zady bilip galdylar: Jelil kör namartlady, bäsdeşine al saljak boldy, şonuň üçin hem hakyny aldy. Adamlar gelip ýetişmedik bolsa, bu çaknyşygyň soňunyň ula ýazmagy juda mümkindi. Ýöne toýuň ýasa öwrülmeginden heder eden toý beýemçileri derrew ara düşdüler. Şeýdip, Begnazaryň aty bilen Laçynyň ikinji çapyşygy suwaralaryň çaknyşygy bilen tamamlandy. Şol wakadan soň ussa atynyň çapylmagyny isläp barmaýan ýaly göründi. Sebäbi, Jelilden özüne ýa-da atyna, ýa bolmasa suwara hökman bir ýamanlygyň geljekdigini aňýardy. Öňki wakany-ha ol uly zat diýip hasap edip duranokdy welin, ýöne has çökderräk bir zadyň bolaýmagyndan heder edýärdi. Guduk pälwan ýüzüne gelnip bir zat aýdylmasa-da, bu zatlary çalarak aňdy. Şonuň üçin hem Pirnazar ussanyň üstüni atalap, arzysyny gaçyrjak bolup durmady. Öz iş-aladasy bilen boluberdi. Ýöne, ýüreginiň şo tarapa telwas edýändigini welin ol öz-özünden gizläp bilenokdy. Laçyny has göresi gelýärmi ýa-da Göwheri – şoňa-da düşünip bilenokdy... Ol gün pälwan arça getirmek üçin kakasy bilen daga ýatymlyk gitmeli bolupdy. Edil şo gün hem oba Jüneýit hanyň atlylary gelip girdiler. Olar Kiçi baýyňkyda bir agşam myhman boldular. Ertesi, ýola düşmezleriniň öňüsyrasy han üçin birki sany oňat ahal-teke atynyň gerekdigini aýtdylar. Şonda Kiçi baý “Jelil kör gowy atlary oňat tanaýandyr” diýip, onuň yzyndan adam ýollady. Suwara han atlylarynyň matlabyny eşiden badyna tas telpegini ýyrtypdy. Çünki onuň ar almak hakyndaky arzuw peltesine täzeden ýag guýlupdy. – Atyň gowsy Pirnazar ussanyňkydyr – diýip, ol dylyş-dylyş etdi-de, ilkinji atyň salgyny berdi. – Ýene biri bar, ol Garrykärizde. – Ussa diýýäniňem şo ýerdemi? – Ýok, ol şu obada. – Hany, ýör onda, görkez. Jeliliň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. “Häýt, sen ussa köse, nädäýdiňkäň?! Hany, indem bir Jeliliň öňünde kese durjak bol bakaly. Gözüň nämäni görerkä?” Pirnazar at aýaklarynyň sesine allaniçigsi bolup daş çykdy. Görse, onuň öňünde on töwerek atly bilen bir pyýada dur. Atlylaryň egin-başyndan, hörpünden han atlylarydygyny aňdy. Pyýada bolsa Jelil kördi. Ol onbaşa tarap “Atyň eýesi ynha, şu adam” diýen manyda ümläp goýberdi. – Ýaşuly, atyňyza näçeräk nyrh kesýäňiz? – diýip, ol başardygyndan asylsyrap sorady. – Atyň bahasy bolmaz, ogul. – Bäý-bä, onda diýmek tüýs han dädemiziň diýýän bedewi eken-dä. – Ol şeý diýdi-de içi ep-esli kümüş granly haltajygy ussanyň aýagynyň aşagyna oklap goýberdi. – Ýaşuly, ynha, şuny al-da, razy bol. Bize şo at gaty gerek boljak. – Ol näme, özüme gerek däldir öýdýäňizmi? – diýip, ussa pully haltajygy yzyna zyňyp goýberdi. Ol onbaşynyň atynyň aşagyna baryp düşdi. Bu ýagdaý at üstünde oturan onbaşynyň pytalasyny tutdurdy. – Hany, Jelil, bar aty eýerle. Bu adamlar şeýdäýmeseň düşünmez. Pah-pah, bol-bol, Jelil kör bol! Onuň ýatsa-tursa düýşüne girmejek zatlar birdenkä öz-özünden düzeldi duruberdi. Ynha, indi arzyly Laçyny onuň aýagynyň astynda. Içi kümüş granly haltajygam bilinde. Şu wagta çenli Jeliliň janyny ýakan ussa bolsa bagryny paralap galdy! Ine, Jelil kör, ýene saňa näme gerek?! Birdenem ol ýalta yza – horaşaja ussahananyň gapdalyndaky gara öýe tarap gözüni aýlady. Şo pursat göreçler çaknyşdy. Mekirlik hem rüstemlik bilen oýnaklaýan gözler gazaply göreçleri görüp galdy. Ýöne bu halat juda gysga boldy, aşak goýberilen serpik göreçleriň tygyny şo ýerden kesdi. Gyz göreçleriniň nä maksat bilen gezelendigine düşünmek üçin şojagaz mütdetiň özi-de ýeterlikdi. Gyzyň atasyna şundan artyk kömek etmäge ýagdaýy ýokdy. Ol gözüniň gahar-gazabyny diňe gabaklarynyň astyndan ýollap biljekdi. Şol göreçlerde ýoknasyz ýigide bolan ýigrenjem, sögünjem, ýumrugam – hemmesi jemlenipdi... Begnazar Jeliliň han atlylaryny yzyna tirkäp gelýänini görende, gowulygyň ýokdugyny syzdy. Munuň adaty toý çakylygy däldigine-de şobada düşündi. Atlylaryň maksadyny eşidende ol gözleri bilen Jelil köri tas iýipdi. “Han atlylarynyň öňüne düşüp. At almak üçin geläýende-de, sen beri gelmeli däldiň ahyryn, Jelil! Wah, öýüň ýumrulsyn, haram kör! Men atymy gör, nähili deýýusa ynanyp ýör ekenim-ä?! Wah, paňkelle!..” Jelil körüň o zatlar piňine-de däldi. Ol asla Begnazaryň atyny höwes edip ýa-da ony çykaraýyn diýen niýet bilenem çapanokdy. Onuň maksady Laçyna hem-de onuň eýesine göz görkezmekdi. Bu bet niýet onuň dura-bara kalbyna-ha däl, ganyna-da ornap gidipdi. Ol özüniň bu bet pälini amala aşyrmak üçin Begnazaryň atyny çapdam, başga biriniňkini çapdam birdi. At eýesi atlylar bilen ýaňkalaşyp durmagyň biderekdigine derrew düşündi. Çagyrylmadyk myhmanlar Ahalyň iň oňat atlarynyň-a ikisini, ýaramaz ýigitleriniň hem birini ýanlaryna aldylar-da, gaýralygyna tarap tutdurdylar. * * * Guduk pälwan bu ýaramaz habary dagdan gelen güni eşitdi. Ýöne munuň üçin öz gynanjyny bildirmäge, “Bolmandyr” diýmäge ussanyň ýanyna barmalymy ýa-da ýok? Eger-de öňki-öňkülik bolanda ol pikirlenmän, barsa-da barardy. Ýöne ara düşen sähelçe sowuklygy pälwan ullakan bir zat hökmünde kabul etdi. Ol özüni şol gapydan gelmegi islenmeýän adam hökmünde hasaplady. Ony häzir ikirjeňlendirýän zat ine, şu meseledi. Laçynyň alnyp gidileli bäri üç gün geçen hem bolsa, o baradaky pikir Gudugyň kellesinden çykanokdy. Sebäbi ol ajaýyp bedew bilen ýagşy höwrügipdi. Atyň serpilip ýatan owadan, gubarly gözleri suwaranyň göz öňünden gider ýaly däldi... Ol mal ýatagynyň çagşan agaçlaryny çalşyryşdyryp ýörkä-de ine, şu zatlar hakda pikir ýöredýärdi. Ýöne garaşylmadyk ýerden ol pikirleriň arasyna Laçynyň eýeleriniň biri geldi-de giräýdi. – Meni kakam iberdi – diýip, Göwher gele-gelmäne ýatagyň bir dikejine elini ýetirdi-de pälwanyň ýüzüne çala ýylgyryp seretdi. Eý-h-ow, bu ne ahwal boldy! Atynyň ýanyna eltesi gelmän ýören adam indi gyzyny üstüme iberäýdimikä? Ýok-la, bu boljak zat däl. Mümkin, ol jigimiň ýanyna gelendir? Her näme-de bolsa Guduk gyzyň habaryny anyklamakçy boldy: – Kakaň seni meň ýanyma iberdimi ýa-da jigimiň ýanyna? – Seň ýanyňa. – Näme üçin? – Mumyýa getirmedimikä, sorap gel diýdi. – Onda kakamyň ýanyna iberendir-dä? – Ýok, Gudukdan sora diýdi. – Göni şeý diýdimi? – diýende, Gudugyň gözleri ýanyp gitdi. – Hawa, şeý diýdi – diýip, gyz çala ýylgyryp durşuna soňky sözleri az-kem näz goşup aýtdy. – Ol mumyýany näme etjekkä? – Bilmedim. Guduk häzir öz öňünde lowurdap duran gyza ýene-de bir zatlar aýtmakçy boldy. Ýöne ol şol sözleri daşyna çykarmaga ejap etdi. Göwheriň balkyldap duran goýun gözleriniň içine gözüni dikdi-de soňky aýtmakçy bolan sözlerini diňe içinden gaýtalap oňmaly boldy: “Seniň kakaňa gerek bolsa hökman taparyn, Göwher jan!” – Şu günüň özünde taparyn – diýip, ol pikiriniň dowamyny daşyna çykaranyny duýman galdy. – Onda kakama şeý diýip aýdaýjak – diýip, ol bu gezek çynlakaý ýylgyrdy. Pälwan kynlyk bilen özüne erk etdi. – Hawa, şeý diý-de aýdaý. Göwher ýene bir ýola ýigidiň ýüzüne mähir bilen äňetdi-de, dikeçden elini aýryp, yzyna öwrüldi. Ýöne ol ýaňy ädip-ätmänkä pälwanyň: – Göwher! – diýen galagoply sesi ony säginmäge mejbur etdi. – Näme? Guduk özüni ýygra oglanlardan hasap edenokdy. Ýöne häzir welin özüne näme bolýanyna düşünmedi. Göwhere bir zatlar aýdasy geldi, emma aýdyp bilenok. Dili öwrülenok. Ýüregi agzyndan çykyp barýar. – Näme? –diýip, gyz öz sowalyny ikinji gezek gaýtalady. Ýok. Guduk ýüreginden dyňzap gelen sözleri oňa aýdyp bilmejegine düşündi. Munuň belki, häzirki ýaly ajap pursatdan-da goýaýmagy mümkindi. Şonuň üçin ol birbada ýuwdunyp dursa-da, orta düşen böwşeňlik uzaga çekmedi. Her niçik hem bolsa pälwan ýagdaýdan çykalga tapdy: – Ýogsa-da atdan nä habar? – Habar ýok. Şo gidişi-gidişi. – Kakaň näme diýýä? – Näme diýsin. “Atyň gidenine-hä gynanmasamam gynanmazdym welin. Ýöne ony şu işikden şo haram kör münüp gitdi welin, ana, şoňa gynanýan” diýýä. Pälwan gyzdan şundan başga zat soramady. Gürrüňini tamamlan dessine Göwher hem ýoluny dowam etdi. Şu gürrüňlerden soň pälwana täze bir pikir ynjalyk bermän başlady. Ýogsa-da heý şo aty yzyna getirmäniň çäresi tapylmazmyka? Şu maslahat bilen hem ol ussanyň ýanyna barmagy makul bildi. – Hä-ä, Guduk, gel bakaly, saglyk-gurgunlykmydyr? – diýip, gara öýüň öňüne çykarylan keçäniň üstünde giçlik çaýyny öňüne alan ýaşuly myhmana öz ýanyndan ýer görkezdi. Guduk oturmaga howlukmady. Sebäbi keçäniň beýleki gyrasynda ussanyň aýaly bilen gyzy çaý içip otyrdy. Olar myhmany gören batlaryna öýe girmek bilen boldular. Eneli-gyz turandan soň ol keçäniň gyrasynda dyzyny epdi. – Pälwan, sen-ä asyl at dagy bolaýmasa biziň gapyny tanajagam däl ekeniň – diýip, ýaşuly myhmana çaý guýup berip oturyşyna, onuň taryna kakyp goýberdi. – Gelib-ä öňräk geljekdim-de, ýöne şo at menem müýnli edip goýdy-da. – Weý-weý, seni nähili müýnli edýämiş? – Özüňiz bilýäňiz ahbetin, eger-de men ony şo gezek gamçylamadyk bolsam, onda ol edil beýtmese-de beýtmezdi. “Alynyň aryny Ahmetden çykardy-da”. – Ýok, ol Alynyň aryny Alynyň özünden çykaryp bildi-le. Oňa Laçyn öňde-soňda hiç ynjalyk bermedi. Şo diýip öldi ýatdy. Ynha, indi ondan öňki-soňkusyny çykarandyr... Wah, at-a hijem-le welin, şo körüň diýeni boldy-da. – Pirnazar aga, ony getirip bolmazmyka? – Kimi? – Laçyny. – Aý ýok. Munuň özi akyla sygjak zat däl. Onuň ýaly aty körüň aýagynyň aşagyndan gaty bahym alarlar. Ony ýa han müner, ýa-da şonuň ýaly biri. Jelil köre ýalyndanam sypatmazlar. Şeýle bolansoň onuň golaýyna barmak başartmasa gerek. – A eger synanyşyp göräýsek? – Ýok, ýok. Munuň özi kelläňi etegiňe salyp, gös-göni ölüme gitmeg-ä... Ýeri, bolýa-la, giden bir at bolsun-la. Laçyn bolmasa ýene biri. Nesip bolsa, tizara oňat bir taýjagaz edinäýsem ahmal. Göreris, nesibedir-dä...Bir at gitdi diýip, ýöne senem köne dostuňdan gaçyp ýörme. Käte şeýdip, gelip dur. Taý alsam, nesip bolsa, ýene-de hä diýmän çapmaly bolarsyň. Guduk pälwan ýaşulynyň şu gürrüňlerinden soň atyň yzyndan gitmek barada onuň bilen maslahat etmegiň netijesizdigine düşündi. Ussanyň garşydygyny tekrarladygyça, onuň şonça-da gitmek höwesi artyp başlady. Ýöne bu hakda ýaşula hiç zat duýdurmady. Pälwan öýlerine ýetip gelýärkä mumyýaly gürrüňi agzamagy ýadyndan çykarandygyny bilip galdy. Ýogsa-da mumyýany nätjekkä? Ussanyň ne özünde, ne aýalynda, ne-de gyzynda näsaglyk duýulýar. Ýa-da başga biri üçinmikä? Belki, ol zerur hem däldir-de, ýöne, hälki bir, gep başy üçindir? Belki-de ol şeýdip, meniň bilen duşuşmak isländir? Eger şeýle bolmasa, onda mumyýaly gürrüň onuň ýaňy öz ýadyna-da düşmeli ahyryn. Aslynda-ha gerekligi çyn bolsa gürrüňi hut şondan başlardy. Laçynyň yzyndan gitmek baradaky pikir pälwanyň ukusyny gije ýarymdan hem soňa süýşürdi. Ýöne ol hernäçe oýlansa-da ygtybarly hem gutarnykly ýol tapyp bilmedi. “Ertir Garrykärize gidip, Begnazar bilen gürleşip görmeli. Belki, onuň hem gitmek hyýaly bardyr?!” Garrykärizdäki iň owadan atyň eýesi Begnazar myhmany açyk ýüz bilen hem-de alçak söz bilen garşylady: – Öňem biri erikden ýykylypdyr-da “Wah, erikden ýykylan gelsin-how” diýip gygyrýarmyş. Şoňky ýaly, geleniň gowy bolaýdy. Pälwan, hany, atdan nä habar? – Atdan-a habar ýokdur. – O deýýus obadaşyňyz asyl beýle ýigit eken-ow. – Hawa, şeýleräk boluşlaram bardyr. – Deýýusyň suwaralygy-ha hiç neneňem däldi welin – Ol gürrüňiniň şu ýerine ýetende, garşysynda duran ýigidiň nazaryna gözi kaklyşdy-da duruberdi. Sebäbi ol şo garaýyşdan “Onuň nähili suwaradygynam görensiň-le” diýlen jümläni ýalňyşman okap bildi. – Bolsa-da ol meň-ä tüýs jürümi dikdi. Häý, deýýus, atymy öwdi-öwdi-de ahyrsoňam öz eli bilen basmaçylara ýelmäp goýberdi. Ýeri, heý, näme diýip, näme aýdarsyň?! – Sen indi atyň yzyndan gitmekçi dälmi? – Daş etsin! O deýýus öňki gezek at bilen oňam bolsa, bu sapar öz başyma ýetermi-nämemi... – Be, men-ä size derek bolsam Jelil köre atymy gidermejek ýaly. – Wah, aty alyp giden onuň ýeke özi bolsa, onda menem beýdip oturmazdym-la. Ýöne ol beýle işleri nirä arkasyna diräp etmelidigini bilýär. – Begnazar, agam, däliden dogry habar, men-ä siziň ýanyňyza atlaryň yzyndan gitmek baradaky maslahat bilen gelipdim. Seýis atlaryň giden yzy bilen edil elinden çekilip alnyp barylýana döndi. Bir ädim yza tesenini özi-de duýman galdy: – Ýok, ýok. Giden bir at bolsun. Ol deýýusyň özem pälinden tapar. Pälwan bu gezek oňa: – Onda näme, siz gitjek däl-dä? – diýip, ýüzlenende, bu sowalyň hörpi bir zat soraýan-a däl-de igençli käýinje meňzäp gitdi. – Ýok, gitjek däl. Saňa-da maslahat beremok. Näme gerek? Görnüp duran zat ahyryn, heý, olar bilen oýnuň deň gelermi? Pälwan bu işige maslahat soramak üçin gelmändi. Ol diňe Begnazaryň özi bilen gitjegini-gitmejegini anyklamakçydy. Anykladam. Seýsiň soňky maslahatlary onuň Laçynyň yzyndan gitmek niýetini berkitmese, gowşatmady. Şonuň üçin ýola düşmek bilen boldy. – Guduk! – diýip, seýis ýüzüne urlan ýaly bolup barýan ýigidiň yzyndan gygyrdy. – Bir at üçin öljek bolup ýörmek nämä gerek? Ýeri, indi ikisiniň gideni bilen Kesearkaç atsyz boşap galaýar öýdýäňmi? Halypaňa aýt, juda basga galyp ýören bolsa, özüm oňat taý tapberäýerin. – Seýis aga, bu ýerde gep bir atda däl bolsa bildiňizmi? – Munyň başga gep.. Eger-de sen gitmegi halys ýüregiňe düwen bolsaň, onda men saňa kömeg-ä edip biläýerin. Haý diýmän, Gökdepeden argyşçylar Hywa tarap ýola düşjekler. Ynha, sen hem şolar bilen gidip bilersiň. – Argyşçylar olary taparlarmy näme? – Arkaýynja bol, argyşçylar olary tapmasalaram, galtamanlar kerweni gaty basym taparlar. Şeýdibem, şolara goşulyp bilersiň. Meniňem gidäýmek hyýalymda ýok däl, elbetde, seň bilen galtamanlaryň ýanyna däl-de, Hywa. Eger nesibe çekse, onda bile-de gitsek gidibereris. Seýsiň bu gürrüňlerinden soň Gudugyň birneme ýüregi düşüşdi. Ol soňky gezek ugramakçy bolanda, edep bilen hoşlaşmagy-da unutmady. * * * Ikindinaralar Gökdepeden çykyp ugran agyr kerwen Utunlynyň üsti bilen dik gaýralygyna tutduryp ugrady. Otuza golaý düýeden ybarat bolan kerweniň esasy ýüki goýnuň güýz ýüňüdi. Mundan başga-da käbir düýäniň ýüki laça bolsa, ýene birlerine sowsany urlupdy. Kerwen Gökdepe – Hywa aralygyndaky ýolda on iki günläp ýöredi, on iki gezek ýük ýazdyrylyp, on iki gezek hem ýüküni urdy. Ýöne welin, kerwene goşulyşanlardan iki adam soňky iki gezek ýüküň ýazdyrylanyny-da görmedi, urlanyny-da. Has dogrusy, olary kerweniň onunjy günden soňky ykbalyny ne görmek nesip etdi, ne-de eşitmek. Ol iki adam Guduk pälwan bilen Begnazar seýisdi. Seýsiň aýdyşy ýaly hem boldy. Olar on gün diýlende, Çyryşly guýusyna ýetdiler. Goş ýazdyrdylar. Ine şu ýerde hem han atlylary olaryň üstüne döküldiler. Dogrusy, olar kerweni talab-a talamadylar, ýöne boş dolanmajakdyklaryny hem syzdyrdylar. Olar ýükler bilen ýekän-ýekän diýen ýaly tanşyp çykdylar. “Hiç hili ýarag ýokmy onda?” diýip, gaýta-gaýýta soradylar. Çuwallaryň käbirlerini elleşdirip gördüler. Ýükleriň arasynda gezip ýören on-on iki atlynyň arasynda bir ýigit başyndaky telperräk telpegini çümre geýip, daş-töweregini gözi bilen deşäýjek bolýardy. Birdenkä kimdir biriniň “Jelil?!” diýip, geň galmakdan ýaňa sogduryp aýdan sözi eşidildi. Obadaşyny tanan adam Jelili gören dessine Begnazar seýsiň ýüzüne seredenini duýman galdy. Oňa çenli Jeliliň hem Begnazara gözi kaklyşdy. Köne dostlugyň hatyrasyna çala başyny atyp salamlaşdy. Ýöne şonda-da özi ilki salam bermegi kiçilik bildi. Atasynyň yzyny basyp ýatan adamyň ilki salam bererine garaşdy. Begnazar “Gurgunmyň, Jelil?” diýensoň, çala başyny yrgyldatdy. Köne seýis bilen gabat gelişmegi Jelil köre onçakly täsir edip durmady. Ýöne ol argyşçylaryň başga birini aňtaýan ýalydy. Guduga gözi kaklyşanda bolsa ýitigini tapan ýaly topuldy. – Äh-ä, asyl ikiňizem gaýdypsyňyz welin, näme eýgiligemi bu, Guduk? – diýip, Jelil egnaşyr dakylgy hyrlysyny çala silkdi-de, elindäki gamçysy bilen çep eliniň aýasyna taýly gezek şyrpyldadyp goýberdi. Bu näme boldugyka? Jelil körüň arkasyny hana diräp, haýbat atdygymyka ýa-da Alyň ala meýdanynda şol gamçyly wakany ýatladygymyka? Ýa-da ol indi ar almagyň wagty ýetdi diýip, hasap edýärmikä? Her näme-de bolsa “Atylan ok daşdan gaýtmaz” etmelidir. – Eýgilige bolanda-bolmanda biziň elimizden geljek zat barmy näme, Jelil han! – diýip, birsellem pikirlenip duran pälwan ahyrsoňy başardygyndan sypaýyçylyk bilen jogap gaýtardy. – Be-be, pälwan, diliň gaty süýjäpdir-le? – Dilimiz-ä öňem ajy däldir welin, ýöne... – Ýeri, ýönesi näme? “Ýönesi, gamçymyzyň birneme awusy bardy welin, ony özüňem bilýänsiň-le” diýmekçi bolan Guduk häzir bu zatlaryň ýeri däldigine düşündi. Elbetde, häzirki söhbet Arkaçda bolaýan bolsa, onda Guduk Jelil körden zat bassyr-ýussur etmese-de etmezdi. Häzir welin bu ýigidiň hörpi eýgerder ýaly däl. – Ýeri, onsoň, sizem Hywa barýaňyzmy? – diýip, ýaňky gürrüňden soň hiç bir many almadyk Jelil ondan sorady. – Barlyşy-ha Hywadyr. Ýöne, öz ýanyňdan atbakarlyk-beýleki tapyp bereris diýseň men-ä galmanam durjak däl. “Wah, şeý diýjegiňi bilip durun-la. Saňa Laçyn gerekdir. Ýöne belanyň sapyny alarsyň Laçyn geregine!” diýip, Jelil içini gepletdi. – Guduk, siziň näme üçin gelendigiňize indi şu adamlar düşünmeýändir öýdýäňizmi? Jelil şeý diýip, gazap bilen pälwana ýüzlendi. Soňra nökerleriniň birine gygyrdy: – Mätgeldi, sen şu iki adamy göni hanyň huzuryna al-da baryber. Jelil şeý diýdi-de, beýleki ýigitleri bilen gündogarlygyna tarap göterildi. * * * – Hawa, myhmanlar, obadaşyňyzyň aýdýanlary rastmydyr? – diýip, mäşerik ýaly kellesindäki tahýany kä öňe, kä ýeňsä süýşürip çaý içip oturan adam gözüni süzgekletdi-de, bendilere tarap göz astyndan seretdi. Ol Jüneýit hanyň özüdi. – Han aga, biz at ogurlaly diýen maksat bilen-ä öýden çykmadyk. Her kimiň derdi Hywa baryp, oduk-budujagyny däne bilen çalyşmak, çagajyklara ölmez-ödi bir zat eltmek. Onsoň, şeýle ýagdaýda kimiň at ýadyna düşer öýdýäňiz?! – diýip, Begnazar az-kem ejizlän ýaly etse-de gepini düşündirdi. – Men sizden o zatlary soramok – diýip, han ýene-de öňki ýiti garaýşy bilen kesgin gürledi: - Ýogsa-da bu wagt handan at ogurlap bolmajakdygyny özi türkmen bolsa bilýändir-le... Hany, Jelil adýa, bularyň bir-ä ökde seýis, ýene birem çapyksuwardyr diýip. Rastmy şo? – Ökdelik näme işlesin, han aga. Ýöne, garaz, seýislän-ä bolardyk. – Şo mele at seňkimi? – Hawa – diýip, Begnazar at görkezilen tarapa seretdi-de jogap berdi. Sebäbi onuň öz atyna bu ýere gelen badyna gözi düşüpdi. Hatda onuň ýanyndaky Laçyny-da görüpdi. Ýöne welin, ünsi çekmezlik üçin ol nazaryny atlaryň gezip ýören ugrunda kän eglemändi. Ol pälwana-da şeýle maslahat beripdi. Han bu iki adam üçin kän kellesini agyrtjak bolup oturmady. Aslyýetinde, başga bir wagt bolanda han bular ýaly gaýyp düşen ykmandalar üçin gabagyny galdyrmasa-da galdyrmazdy. Ýöne ol öz garşydaşynyň çak edişinden has galarakdygyna bu günler düşünip başlapdy. Munuň özi ony islese-islemese serhetden aşmak baradaky pikirlere tiz-tizden öwrüp getirýärdi. Owgana aşaýmak aňsat işem däl. Uzak ýol, giden baýlyk, mal-gara. Öz janyňy hem goramaly. Ine, şoňa görä-de Jüneýit han üçin saýlantgy ýigitler häzir hemişekilerden has hem zerurdy. Şonuň üçin bolsa gerek, ol bu gezek ýaňky iki adamyň çat maňlaýynda birsellem çydap otyrdy. Bu adamlar hakdaky maglumatlary Jelil kör bireýýäm hanyň huzuryna getirip ýetişipdi. Olaryň näjüre adamdygy hakda han içginsiräp soranda, Jelil olary bolşy-bolşy ýaly edip suratlandyrypdy. Muny ol obadaşlarynyň hatyrasy üçin däl-de, hana hasabat berýänligi üçin şeýdipdi. Ýok, ol şeýtmäge mejbur bolupdy. Öz bähbidini arap, hakykatdan daş düşäýse, özüne nämäniň garaşýandygyna düşünerçe bolupdy. Hanyň Jelil körüň obadaşlaryna beren häsiýetnamasyny diňländen soň pälwan hakdaky gürrüňlere azda-kände pisindi oturypdy. Ynha, ol häzir hem ýagdaýyny düşündirip oturan seýsi diňleýän ýaly bolsa-da, gözüni pälwanyň içinden geçiräýjek bolýardy. Ýöne, bu pursat uzaga çekmedi. Han seýse atbakarlygy tabşyrdy, Gudugy bolsa Rejep murtuň atlylaryna, Jelil körüň ýanyna goşmagy makul bildi. Şondan köp wagt geçmänkä han atlylarynyň kyrka golaýy asuda oturan özbek obalarynyň biriniň üstüne döküldi. Eýýäm han atlylarynyň arasynda öwrenişip giden ejize ganymlygy hem-de doňýürekligi bilen ýakasyny tanatmaga, hatda onbaşy bolmaga-da ýetişen ahally çapyksuwar Jelil kör üçin şeýle talaňçylygyň özi tapylgysyz bir pursatdy. Guduk pälwan üçin welin o zatlar wyždansyzlyk hem bigaýratlykdy, ejize ganymlyk hem wagşyçylykdy. Sähel salymyň içinde parahat oturan obanyň zenzelesi asmana galdy. Haýsy tarapa seretse-de, Gudugyň wagşyçylyga gözi düşýärdi. Nökerler ikibir-ikibir bolup, öýme-öý girip başladylar. Olar her baran gapylaryndan hem öý eýelerini süýräp çykaryp, altynmy-kümüşmi, bugdaýmy-arpa – ýygnanyny orta oklamagy buýurýardylar. Eger bir diýleni iki gaýtalatsalar, näme boljakdygyny ýatladýardylar. O bendeleriň näme boljakdygyna ýatladylmasa-da akyllary çatýardy, şonuň üçin hem her kim bu muşakgatlardan aman-esen başyny gutarsa kaýyldy. Pälwan basmaçylar hakda-da, talaňçylyklar hakda-da kän eşidipdi. Ýöne häli-häzire çenli olara gabat gelmändi. Ynha, bu gün welin ýowuz ykbal ony aýylganç tomaşa bilen ýüzbe-ýüz edip goýdy. Ol nökerleriň ählisiniň şeýle doňýürekdigine olaryň bolşuny görüp dursa-da ynanyp bilenokdy. Belki-de olaryň hemmesi beýle däldir? Pälwan has öňräkki ýagdaýlary görmek üçin atyny çala debsiläp goýberdi. Ol ýaňy taýak atym ýoly geçip-geçmänkä has beterräk elhençligiň üstünden bardy. Üstündäki adamyň howsalasyny duýan ýaly, dor gunan hem şobada saklandy. (dowamy bar)... | |
|
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |