20:57 Garagol / hekaýa | |
GARAGOL
Satiriki hekaýalar
Ikindinarady. Obanyň ortarasynda oturan magaziniň töwereginiň gaýmalaşygy bu wagtlar has-da artypdy. Nobata duranlaryň hatary onçakly uzyn bolmasa-da, gezegiň ýetýänçä ep-esli eglenmeli boljakdy. – Nobatyň yzy kim? – diýen sese iň yzda duran aýallaryň üçüsi-de ýalta öwrüldi. Uzyndan arryklaç, Annam brigadiri ýatladyp duran bu ýigidiň kellesindäki saýawana gaýra dur diýýän saman şlýapasy, her gözi ýüzüniň ýarsyny tutup duran äýnegi ony, has-da täsin görkezýärdi. Aýallar oňa haýran galdylar. – Aýtsaňyz-la, daýza janlar, nobatyň yzy kim? – Men yzy, janam! – diýip, togalak, garaýagyz aýal onuň jogabyny berdi-de, pully gapjygyny jübüsinden çykaryp, eline mäkem gysdy. Ýöne soňky gelen ýigidiň ol zatlar bilen işi ýokdy. Boýnuny bugurçyň boýny ýaly edip, uzyn nobatyň üstiaşyr uzadyp durşuna iki gözi satyjydady. – A gyz, barlagçy dagy bolaýmasyn bi? – Şeýle bedroýam bir barlagçy bor oguşýa! Onuň bu hyşy-wyşylar hem azaryna däldi. Ähli ünsi diňe satyjynyň töwereginde jemlenipdi. Şol wagt toruny harytdan dolabara eden bir ýaşuly satyja ýüzlendi: – Gyzym, dört gap duzam ber maňa. Şu ýerde yzda duran uzyn saklanyp bilmedi: – A gyz, duzy iki gapdan artyk berme. Satyjy «seniňki näme» diýen manyda onuň ýüzüne seretdi-de, sesini çykarmady. Bu işsiziň iň bolmanda ýüzüni bir görüp galmak üçin adam bary hem göwünli-gowünsiz yza gaňryldy. – Äl, ýigid-ä şorsuran bolmaga çemeli. – Duzuň barysy şuňa berläýse nähili bolarka? Uzyn bir salym dymdy-da, öň ýanyndaky aýallara ýuwaşlyk bilen çawuş çakdy: – Şu günler şäherde adam bary duz diýip pelesaň kakýar. Bir gysym duz tapjak bolsaň, uly hillalla. Kim bilýär bu duzlaryň nirä gidýänini?! Şu ýerde duz bardygyny ynha şäherliler eşiderem, durşuna dükany tozduraram. Gowusy... Bu gürrüňleri eşiden-ä eşitdi welin, eşitmedigem bir zadyň bardygyny aňlady. Ine, şondan soň magaziniň içinde duz sesi artyp başlady. «Bäş gapdan berersiň-de, on gapdan berersiň! Oňa kän berdiň-de, maňa az berdiň!» – Jan agalar, şu dükanda duzdan kän zat ýok welin, şoňa jynyňyz düşäýdi-le ýöne. Men-ä skladdan duzly gapyrjak çekip ýadadym. Indi kime duz gerek bolsa özi skladdan getiräýsin – diýip, magazinçi gyz ýektaýynyň syýny bilen ýüzüni süpürdi-de, içiniň ýangynjyna yzda duran yzyna alaryldy: «Mysalaň gursun, ikindiniň kölegesi ýaly bolup...» – Gaty getireris – diýşip, mähelle bary magaziniň gapdalyndaky sklada tarap eňdi. Kim motosikletiniň gozagyna duz gapgarsa, kim duzly haltalary welosipedine çykap dur. Duzdan eşek ýüklänler hem tapyldy. Şeýdip, sanlyja minutda skladdaky bar duzy towus göterdiler. Magaziniň içinde bolsa satyjy gyz bilen uzyn ýigitden başga jemende galmady. – Ak gyz, maňa iki ýüz gramjyk kolbasa beriň. Onsoňam, köne bolmasa, ýekeje duzly balyk çekiň. Mümkin bolsa, kolbasany kesişdiräýseňiz... – Size näme, duz gerek dälmi? Alan zatlaryny goltugyna gysyp, magazinden çykyp ugran ýigit işikde aýak çekdi: – Siz maňa bir zat diýdiňizmi? – Size duz gerek dälmi diýýän? – Hä, duzmy? Ony ýene bir gelemde alaryn. «Duz bilen gyza gytçylyk ýok» diýip, bir nakyljygam bar ahyryn. – Ol şlýapasyny kellesinden çykaryp, gyza baş atdy. – Çao! Ol skladyň ýanyndaky duza çozan başagaý adamlara ünsem bermän, öz ýoluna dowam etdi. Satyjy gyz henizem nämäniň-nämedigine düşünmän, aňk-taňk bolup durdy. Annageldi NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |