22:59 Pynhan syr -2/ powestiň dowamy | |
* * *
Detektiw proza
Ymamguly aga bilen Şäherli ikisiniň häzirki gürleşip oturan adamsyny bir bada kim etjegimi bilmedim. Kärdeşim gitmesine-hä Amanşanyň yzyndan gidipdi, ýöne oturan adam welin altmyş çeni ýaşan, owadan sakgally, nurana adamdy. Onuň bu keşbiniň üstüni diňe bir gelşikli sakgaly däl, egnindäki agar çäkmeni-de, başyndaky silkme telpegi-de magat ýetirip durdy. Ýaşulynyň agzyndan çykan ilkinji gürrüňi onuň kimdigini derrew aýyl-saýyl edip berdi: – Adam pahyr nireden nämäniň geljegini bilenok-da. Ynha, bir giden masgaraçylyk. Ile çykar ýaly bolmadyk. Şäherliniň ediberşini gör-ä, ogluna derek kakasyny alyp gaýdyberen aga diýerler muňa! – Hawa, nätjek-dä... – diýip, halypa göwünlik bermek üçin bir hörpden gopdy. – Elbetde, bu hem ýazgydyň biridir-dä. Ýaşuly soňra telpegini çykardy-da, emaý bilen stoluň üstünde goýdy. Içindäki tahýasyny öwrüp aýlaşdyrdy-da, ykjam geýdi. Telpegini geýmäge welin howlukmady. - Ýeri, onsoň, sakgaldaş, olaryň kimdigini heý anyklap bormuka? - Bolar, näme bolman – diýip, Ymamguly Berdiýew näme üçindir ynam bilen aýtdy. – Ýöne bu işde siziň kömegiňiz gaty gerek bolar. Ýaşuly gürrüňe doly düşünmedik bolarly. - Näme, bizem gözleşmeli borusmy? - Nireden gözlemelidigini bilseňiz, siziňem gözläniňiziň aýby ýok. Ýöne olary nireden gözlemeli – ilki bilen ana şony anyklamaly. - Biz ony nädip anyklaly? Bu siziň belet käriňiz, yz çalmany, güman etmäni özüňiz oňarmasaňyz... – Biz ony oňararys. Ýöne, ynha, görüp otursaňyz, munuň özi tötänlig-ä däl, diňe ar almak ýa-da nämedir bir zatda hasaplaşmak üçin edilipdir. Ýagdaýyň özi dolulygyna şuny tassyklaýar. Ine onsoň munuň üçin öň hut şu kysmy bir iş edilendir diýen çaklama öz-özünden peýda bolýar. – Siz näme, biziň tohumymyzda kimdir biri şular ýaly iş edendir diýjek bolýaňyzmy? – Men enteg-ä ony diýemok. Ýöne, kim bilýä... Umuman, häzirki döwrüň ýaşlaryna edil pylan diýip güwä geçäýmegem aňsat däl. Hany, indi bir wagtky ýüzüňe garap oturan ýaşlar barmy näme?! – Ol aýdýanyňam-a jany ýok däl welin, ýöne meňkilerde beýle-beýle zatlara baş goşubiljegi ýokdur. – Bolmasa has gowy, ýöne... – Ýogsa-da dur, dur, seň adyň kimdir-ä? – Ymamguly. Ymamguly Berdiýew. – Be-e, Ymamguly jan, ynha, indi hakydama gelip otyr, ýogsa-da şular ýaly ýaramaz iş bir wagtlar-a bolan eken. Ýöne beý diýsem edil muň ýalam däl. Meň kakam pahyra Atalyk diýer ekenler. Goşun gullugyna gidip, şo ýerdenem urşa iberilipdir. Soňam gaýdyp gelmedi. “Diýer ekenler” diýýänim, ony oglankam görşüm. Çala ýadyma düşýär, her egninde bir adam oturybermeli daýaw pyýadady. Ana, şol ýaş wagtlary bir iş edipdir. Soň eşitdik. Obada bir süpük tirýeki bar eken. Ir ertirden tä giç agşama çenli gara öýüň içinden çykman, tüsseledip ýatan bolarly. Şoňam heniz çagalamadyk bir owadan gelni bolan, tirýekä dözer ýaly däl diýýä. Ana, şony kakam pahyr aýalynyň üstüne alyp oturyberse näme! – Gördüňmi, sakgaldaş, sen welin tohumymyzda beýle zat bolup bilmez diýip gyzyp barýaň. Asyl sizde bar eken-ä ol – diýip, Ymamguly aga ýylgyrdy. Durdyly aganyň hem öz gürrüňine özi monça boldy: – Şeýle eken-aýt. Hawa, onsoň, kakamyň doganlary oňa aýdan ekenler, “Häk, bu edýän işiň telek bolaýmasa” diýip. Şonda ol şeý diýipdir: “Aý, indi telegem bolsa gitdi, telek dälem bolsa. Minneti egri gylyçdan çekäýmeli bor-da”. Eşidişime görä, iş egri gylyja çenli-hä baryp ýetmändir, ýöne kim bilýä, belki, olaryň içinde kitüw saklany bolsa bolandyr. Aý, gel-gel, şunça ýyldan soň olar şeýdişer ýörer öýdýäňmi-aý? Ýok-la... – Durdyly aga, pylanam diýip bolmaz. Siziň o diýýäniňiz kim bolmaly? – O pahyryň öz-ä zürýatsyz ölüp gitdi-le welin, onuň agasynyň çagalary bar. Özlerem tüweleme, aznawur ýaly, gaty dogumly. Ýöne olar-a şo zatlary bilýändirem öýtjek däl. – Öýtmeseňiz, siz öýdýän dälsiňiz, belki, il ähli zadyň hasabyny hetjikläp ýöredip ýörendir, kim bilýä. Ýogsa-da, şol tirýekiniň doganyna kim diýdiňiz? – Eşe aga diýýäler. Pahyr iki aýagyny göre sokup oturan garry-la, togsany-ha alyberendir. Üç sanam ogly bar, biri magazin müdiri, ýene birem çüýşe alynýan ýerde, beýlekisi, allajanlarym, näme iş edýär-dä, olam-a şolar ýaly bir işde bolmaly. Kolhozda ýaşasalaram, kolhoz işläp gönendirýäni ýok. “Gosstrahda işleýän bolsa, seň ogluňam kolhoza nepi degip barýana meňzänok-la” diýip, içimden pikir etdim. – Ýaňky diýýänleriňiziň ak “Žigulileri” barmy? – diýip, Şäherli hem ahyrsoňy dil açdy. – Bir-ýarym maşynlar-a bar, ýöne nähili-nähili maşyn, haýsy reňk, o zatlaryny biljek däl. – Ýagşy, görýän welin, şo ýerlerdenem sorag-ideg etmeli bolsa gerek – diýip, Ymamguly aga özi üçin bir zatlary bellik edişdirip aldy. – Siz onsoň, sorag-idegi nädip edýäňiz? – diýip, Durdyly aga gyzyklandy. – Aý, näme, elbetde, göni baragada, şol işi sen etdiňmi-hä diýäýemizok. Herki işiň öz ebeteýiniň bolşy ýaly, biziňkiňem irnikligi bar özi – diýip, halypa gepi öwür-çöwür etdi-de, ahyrynam belli bir zat pyşgyrmadam. – Bardyr-bardyr, ýeňil diýjek däl, ýöne gyzyklananyňyzda, olara şular ýaly wakanyň bolanynam aýdýaňyzmy ýa-da... – Ony aýtmajak bolarys. – Şeýdeliň-le –diýip, myhman her näme-de bolsa, bir az ynjalana çalym etdi. – Ýogsam, munymyz “Ölen-ä öleni welin, gözüni garga çokany nämä” barýar. Kimiň edenini biljek bolup, aýybymyzy özümiz ile ýaýyp ýörmäliň. Tapylmasa, owarram, başa gelenini göreris-dä, ýöne muny ile beri ýaýratmajak bolalyň. Gaty uly haýyş şu... Getiren adamsyny ugratmagam Şäherliniň paýyna düşdi. Olar daş çykan batlaryna, men häliden bäri özüme ynjalyk bermän duran teklibi orta atdym: – Raýonyň çägindäki ähli ak reňkli “Žigulileriň” eýeleri bilen gürleşip görläýse nähili bolarka? – Hawa, aýdaly gürleşdiň-dä, şol işi men etdim diýip, birden-biri elini göteräýer öýdýäň-dä? Göwnüme bolmasa, bu işiň ýola düşübilmän petige direnip duranyny menden görýän ýaly, halypa janagyryly gürledi. Asyl yzyny aýtmaga-da goýmady. Ýogsa, belkide, olaryň arasyndan Güller şol maşynyň eýesini tanasa tanardy. Şol ýigidiň özüniň ýöwselläp, bir zatlar aňşyrdaýmagam mümkin-ä. Belki, şonda maşynlaryň haýsynyň döwlet nomeriniň aýrylyp dakylanyny aňşyrsa bolardy. Şony anyklap bilsegem az zat däl. Ýöne halypa welin ynha, bir söz bilen ähli badymy aldy oturyberdi. Ýöne, her näme-de bolsa, öz sözüniň adatdakydan gödegräk çykanyny özem aňşyran bolarly, biraz wagtdan soň, az-kem eglişige geldi. – Sen, Kuwwat, ýene bir zat aýtjak bolduňmy? Munuň ýaly hele-müçek zatlar halypada öňem gabat gelmän duranokdy, şonuň üçin ondan göwün-kine etjek bolup durman, göwnüme gelen ýaňky zatlaryň birini aýtmaga gyssandym: – Biz, iň bolmanda, haýsy maşyndan düýn döwlet nomeriniň aýrylyp dakylanyny-ha bilerdik-dä diýjek boldum. – Ony bilip bilseg-ä, jenaýatçynyň ezeneginden ýapyşdygymyz hasap edäýmeli. Ýöne şeýle mojuk zady eden adamlar bu işiň aňyrsynda bolmanda sekiz-on ýylyň ýatanyny bilmän duran däldirler. Şonuň üçinem olar, meniň pikirimçe, gaty seresaply hereket eden bolarly. Şeýle seresaply adamlaryň bolsa bu işi şu töweregiň maşyny bilen etjeklerine ynanyp bilemok. Ýöne şonda-da “Ýatyp galandan atyp gal” diýenlerini edeli diýseň, bilemok. Ol şondan soň, raýon milisiýasynyň naçalniginiň ýanyna çykyp gitdi. Uzak eglenmän hem gaýdyp geldi-de, DAI-niň naçalnigi bilen ekspertleriniň biriniň bu işiň ugruna häziriň özünde çykýandyklaryny aýtdy. Şondan soň telefon trubkasyny göterip, haýsydyr bir nomeri aýlamaga oturdy. – Alýo, salam, bu raýon strahowaniýe bölümimi? Maňa Amanşa Durdylyýew gerekdi. Näme, milisiýa gitdi? Bolýar, sag boluň. – Halypa trubkany goýup-goýmanka maňa ýüzlendi. – Öz-ä bäri gaýdan bolarly. Ýogsa-da, sen şunuň dynç alyş günleri komandirowka diýip, Aşgabada gidip ýörşüni nähili görýäň? – Onuň nähili komandirowkadygyny Güller aýtdy ahyryn. Bu meselede, megerem, häzir aýdyljak zat az däldi. Ýöne nätanyş bir ýigidiň işikde peýda bolmagy biziň gürrüňimizi säginen ýerimizde ýolup taşlady. Bu gelen myhmany gören dessime, Amanşa bolsa gerek diýip, bada-bat göwnüme geldi. Şu günuzyn näçe gezek adyny tutan hem bolsak, ynha, özüni ilkinji gezek görüp oturyşym: kelte boýly, burunlak, soň goýlan ýaly bolup duran göm gök gözleri bir ýerde eglenmän oýnaklap duran. Saçy selçeňlän, öz biçüwine mahsus bolmadyk garynlakdan girdenejik pyýada. – Ymamguly Berdiýew diýilýän sizmi? – diýip, ol ätiýaçdan ýene bir gezek elindäki kagyza seredip, soňra halypanyň ýüzüne tiňkesini dikdi. – Hawa, men. Sizem ýalňyşmasam, Amanşa bolmaly, Amanşa Durdylyýew, şeýle dälmi? – Hawa. Siz meni çagyran ekeniňiz welin... – Hawa, çagyrdyk – diýip, Ymamguly aga myhmanyň özi ýaly, ara maý salman, çakgan gürlemäge durdy. – Düýn gijeki bolan ýagdaýdan habaryňyz bardyr-la? – Hawa, eşitdim. Olar kim eken, bildiňizmi? – Ýok, heniz-ä bilip-bilemizok. Bu işde elbetde, siziň kömegiňiz gerek boljak. Nähili pikir edýäňiz, bu işi kim edip biler? – Men näbileýin, siz milisiýa işgäri. Onsoň, ony siz bilmeseňiz... – Ol aýdýanyň dogry. Ýöne, näme diýsene, bu iş senden ar almak üüçin edilen ýaly bolup dur. Kimde şeýle niýetiň bolup biljekdigini barada bolsa bize däl-de, size äşgär bolmaly. – Wah, bilsem, özüm öldüräýjekmi? – diýip, ol gaýta düýbünden başga perdeden gopup ugrady. Men bolsa pikir edýän: adam öldüräýmek aňsat zatdyr öýdýämika? Tutup getirip, eline berlende, şony oňarjakmyka? Birdenem, esli ýyl mundan ozal bir klasdaşymyň düşen ýagdaýy hakydama geldi. Ol bir ýigit bilen gaçyp giden uýasynyň soň bir gün öýlerinden çykyp barýanyny göräýipdir. Onsoň ýaşy birçene baran kakasynyň ýanyna ylgap barypdyr-da: “Kaka, şo kemçin gaýdyp şu gapyda göründigi, özüm öldürin” diýipdir. Köp çarşenbäni başyndan geçiren goja onuň ýüzüne seredipdir-seredipdir-de: “Wah, ony oňarsaň-a, goçjak ogul bolaýmajakmy!” diýipdir. Sebäp diýseň, ol ogluny tanaýan eken. Hawa, Amanşanyň ýaňky gürrüňi maňa, näme üçindir, şol wakany ýatlatdy. – Beýle gürrüňiň geregi ýok. Bize, häzir, ilki bilen, bu işiň kimden çykyp biläýjegini kesgitlemek gerek. Onam, ýaňky aýdyşym ýaly sen çaklap beribiläýmeseň, başga kömek etjek ýok. Hany oýlan, öňde-soňda senden göwni galan ýa-da senden ahmyrly, içinde kitüw saklap ýören, garaz, seni ahmala salaryn diýen niýetli adam barmydyr? Amanşa gözüni gyrp-gyrp edip, bir nokada seretdi-seretdi-de, bir zatlary ýadyna salmaga oturdy. Onsoň, onuň howlukman gürrüň beren wakasy biziň işimizi belli bir akaba gönükdirmäge azda-kände esas boluberipdi. Alyjylar jemgyýetiniň işgäri Bekdurdy ol-bu iş üçin häli-şindi Aşgabada gatnardy. Onuň alanyna heniz iki ýyl bolmadyk “Žigulisi” hut şu iki arada tozsa tozup gidibermelidi. Ýöne ony tozmaga goýmadylar – soňky gezek Aşgabada gidende, şo maşynyny münüp gitdi-de, gaýdyşyn pyýadalap gelmeli bolaýdy. Aşgabat diýeniň Aşgabatda, bu ýerde sen ýerlimi ýa-da bir ýerden gelenmi, oňa seredip duran ýok. Çemeliräk maşyn gabat geldigi, gözüňi açyp ýummakaň, ýoguna ýanýarlar. Bekdurdy hem ine, şeýle derdiň pidasy boldy oturyberdi. Onsoň ol bir hepdeläp, Aşgabadyň milisýasyna gatnady. Ol ýerden iş bitmez diýensoňlar, iliňki ýaly, hununy töläp almagyň ugruna-da çykdy. Çykdajysyndan gaçmajagyny, iliň berýäninden artygy bilen berjegini aýtdy. Şonda kimdir biri arada durýandan bolup, onuň tegelek on müň manadyny elinden alyp, tas ýene bir gezek aňňalak gapdyrypdy. Hernä zordan puluny yzyna gaýtaryp aldy. Şeýdip, başagaý bolup ýörkä, kimdir biri oňa maslahat beren bolarly “Strahowaniýe etdiren bolsaň, az-owlak puljagaz-a bererdiler” diýip. Ýöne gaýa-gopuz ýok wagty kimiň strahowaniýe ýadyna düşüp dur. “Ugruny tapsaň, ony häzirem düzedip bolar” diýdiler. Ine, soňky maslahat hem ony obadaşy Amanşanyň üstüne alyp gelipdi. Gürrüňini çolarak ýerde aýdanyny kem görmedimi nämemi, myhman öýe girip oturmajagyny aýdyp, aýak üstünden habaryny almagyny haýyş etdi. Amanşa garşy bolup durmady: – Aýdyber, içeri girseg-ä, gowy bordy, galanynam, näme özüň bil. Hawa, aýdyber, näme habar? Bekdurdy sähel salymyň içinde diňe bir başyna düşen işi däl, eýsem, strahowaniýeli gürrüňi hem aýdyp ýetişdi. Amanşa oňa özüniň gynanjyny bildirdi, soňra hem strahowaniýäniň indi düzedip bolmajagyny aýtdy. – Hany, ugruny tapyp, düzedýämişler diýdiler-ä? – Diýseler diýýändirler, ýöne indi ol başartmaz. – Be-e, walla men-ä özüň bir gaýrat edersiň diýip gelipdim welin...Sen harjynyň-a gaýgysyny etme, iliň berýänini bererin. Oň gürrüňi ýok, ýöne düzetseň bolýa. – Çynymy aýdaýyn, men-ä heniz şeýle zadyň düzedilenini bilemok. Ýöne, sora diýseň, başlykdan sorap göreýin – diýip, Amanşa her näme-de bolsa ejizläp adama gaty-gaýrym jogap berip durmajak boldumy ýa-da başga bir hyýala atlandymy, gürrüňiniň hörpüni az-kem ýumşatdy. Bekdurdynyň möwjäp ugramagy üçin bolsa ýaňky sözler aňryýany bilen ýeterlik boldy. – Şeýtsene, dost jan, özüm gadyryňy bilerin, gaýrat et. Näme bermeli bolsa, aýdaý, öňünden ber diýseňem bereýin. – Ýok-ýok, hiç zat gerek däl, ýöne men sorab-a bereýin. Şol gürrüňden soň, ara düşse, bir gün düşendir-dä. Bekdurdy ýene onuň üstüne geldi. Hiç hili ýagdaýyň ýokdugyny eşitse-de, ýene gaýrat et diýdi durdy. Teý-ahyr bolmadygyny bilensoň, Amanşanyň üstüne nagarasyny döwmäge durdy. – Aý, bolýa-da, düzetjek bolsaňyz, düzedýänsiňiz-le welin, siziň edesiňiz gelenok, hamala, meniň pulumyň haramy bar ýaly. Adama dost-ýaryň, obadaşyň şunuň ýaly ýerde nepi degmejek bolsa, ol nämä gerek? Bolýa-da, ýöne ýadyňdan çykarma, altyn gapylyňam agaç gapyla dilegi düşýändir. Ýer biti ýaly bolup, it haýyr görmez ýeksürün ekeniň... Garaz, diýip-diýip içini sowadyp gitdi. Onuň şol gürrüňleriniň arasynda “ Meňem bir edişime seret” diýenini ýigit ýadynda bek belläpdi. Ýöne näme edip biljekdigine welin akyl ýetirip bilmändi... – Bekdurdynyň eli bar bolmagy mümkin diýjek bolýaňda, hä? – diýip, Ymamguly aga gürrüňi diňläp bolansoň ýene oňa ýüzlendi. – Şol bolaýmasa, men-ä başga kimden görjegimem bilemok – diýdi-de, ol soňra özüni has gyzyklandyrýan başga bir sowala geçdi. – Ýogsa-da, Gülleriň şu ýagdaýa düşenini köp adam eşitdimikä? Sowal jogapsyz galdy. Muňa garamazdan, ol öňküden kyn sowal tapdy: – Ýogsa-da, indi onuň bilen ýaşaşyp bolmaz-la, hä? Ol Ymamguly aganyň ýüzüne seredende, onuň oýnaklap duran gözleriniň aňyrsyndaky nem düşnügi syzylyp gitdi. Sowal hakykatdanam ýeňil däl bolarly. Köp çarşenbäni başyndan geçiren Ymamguly aga hem muňa pert jogap berip bilmedi. – Bu zatlar inim, meseläniň ikinji tarapy, häzir iň zerur zat şolary ele salmak. – Aý, boljak iş bolansoň, indi ele salaňda näme, salmaňda näme? – Sen, inim, beýdip, gaty ruhdan düşüberme. Şindi “Beterinden saklasyn” diýlen gürrüňem bardyr. – Mundan beter näme bolsun? – diýip, ýigit janyýangynly terzde hüňürdedi. Halypa bolsa şondan soň gürrüöiniň ugruny düýpgöter üýtgetmekçi boldy: – Ýogsa-da, Amanşa, dynç günlerem komandirowka gitmeli bolýan bolsa, siziňem-ä işiňiz biziňkiden aňsat däl eken-ow. Ýigit bu gürrüňiň aňyrsynyň nireleri tozadýandygyny aňan bolarly: – Näme, Güller aýtdymy? – diýdi. – Kim aýdanda näme? Ýa komandirowka-da dälmi? – Aý, iki-üç günlük gitjek bolamsoň: hassa adamdyr, ýüregini çişirip oturmaýyn diýip, aýdyp goýberdim-laý. – Diýmek, onda ol komandirowka-da däl-dä? – Ýok. – Eger, gizlin bolmasa, nirä, näme üçin gidendigiňizi aýdyp bilmezmiň? – Näme aýtman, bu ýerde gizlin zat näme işlesin – diýip, ol özüne basalyk berip zordan ýylgyran boldy. – Aşgabatda birki sany toý bardy, şolara göründim. Onsoňam, o ýerde dost-ýar kän, şonuň üçinem wagt-wagt gezeläp gaýdýas. – Kim bilen? – diýip, halypa onuň, megerem, oslamadyk sowalyny berdi. Myhman: – O nähili kim bilen? – diýende, ol özüni howsalasynyň hem ýok däldigini magat syzdyrdy. –Ýeke özüm. Ony nämeden soradyňyz? – Hiç. “Gezeläp gaýdýas” diýeňsoň, menem soraýdym-da: Eger-de “Gezeläp gaýdýan” diýen bolsaň, onda soňky sowala ýerem galmazdy. – Ymamguly aga ýaňky soragyndan soň, bir zatlar aňşyrdymy, nämemi, gürrüňiň şol ýerini sypdyrman, yzarlap alyp gidiberdi. – Ýogsa-da, birhilirägem bolsa, senden ýene bir zat soraýyn-la. Gatnaşyk edýän aýallaryňyz-a ýokdur-da? Ynha, munuň özi ýigidiň öz howsalasy bilen özüniň elinjek gazanan soragydy. – Bu gürrüňiň nireden ara düşdi? – diýip, ol göni gelen soragyň öňünden sowulmaga jan etdi. – Ýa Güller şeý diýýämi? – Ýok, Güller-ä hiç zat diýenok welin, näme, o-da bilýämi? – Nämäni? – Kimdir biri bilen aragatnaşygyňyzyň bardygyny? – Be, siz bu gürrüňi nireden aldyňyz? Men, näme, biri bilen gatnaşygym bar diýdimmi? – Ýok, diýeňok, ýöne onda Güller diýýämi diýmäň näme? – Aýal adamdyr-da, özüňiz bilýäňiz, olar mydama müňkür-ä. – Sen, inim, göniňden gelsene, tirkeşýän aýalyň barmy ýa-da ýok? – Ýok! –diýip, ol öz ýanyndan şu gürrüňi çürt-kesik etdim diýip hasaplady. Ol şu babatda ýalňyşmandam – şu günlükçe şu ýerde gürrüň gutaryldy. * * * Biziň işimizde sagadyňa seredilip işlenenok. Jenaýaty agtaryş bölümde-hä hasam beter. Umuman-a, beýlekilere garanda bizde iki zatda hiç kime ýetdirmeýän erkinlik bar: bir-ä “Hany milisiýa formaň?” diýjek ýok, birem işe haçan gelip, haçan gideniň bilen hiç kimiň işi ýok. Ynsap özüňde. Bu ýerde näçe sagat oturyp bilýäniň hakda däl-de, näme iş bitirip bilýäniň hakda soralýar. Şonuň üçin hem ol iş gününi gutaryp-gutarmanka, biz täze bir işe girişdik – Şäherli-hä Eşe aganyň üstüne, men bolsa niredesiň Bekdurdy diýip ýola düşdük... Käbir söwda işgärlerine mahsus dogumy bar diýäýmeseň, Bekdurdynyň hem adaty oba ýigitlerinden üýtgeşik ýeri ýok. Özüne ýeterlik myhmansöýerligi-de bar hasap etdim. – Düýnki bazar güni soraýamyň? – diýip, ol sowaly gaýtalap sorasa-da, jogap üçin uzak kelle döwüp oturmady. – It aýagyny iýen ýaly öýde oturyp karar tapýan adam-a däldirin welin, düýnki gün bir sebäp bilen öýden çykman oturmaly boldum. Gürrüňiň şo ýerine gelensoň, yzynam özi aýdar diýip, sesimi çykarman diňläp otyryn. Ýöne ol hem, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, “öýden çykman oturmaly bolandygyny” aýtsa-da, sebäbine gezek gelende kürtdürdi duruberdi. Şol wagt gapdaldaky otagdan boýurganyp oturan bir çaganyň sesi geldi. Ol ne-hä aglap aglaýar, ne-de ümsüm oturýar, durşy bilen hyk-çok. Arasynda käte “Kaka!” sesi hem eşidilip gidýär: Ahyrda-da ejesi onuň iňirdisine çydamadyk bolarly, ol iki-üç ýaşlyja oglanjygy getirip, edil kakasynyň gapdalynda oturtdy-da, ýene gelşi ýaly çykyp gitdi. Şol çaganyň getirilmegi asyl, biziň aramyzda ýatan düşünişmezligi birýanlaýyn etdi beräýdi: – Ynha, muň aýaklaryna seret? – diýip, Bekdurdy onuň iki dyzyndan aşagy süzmä suwalan aýaklaryny görkezdi. – Öten agşam ýaňy demlenen çäýnegi öz üstüne agdardy oturyberdi-dä. TÜýs “emgek göz bilen gaşyň arasynda” diýleni-dä. Onsoň, dogtora-da äkidip durman, süzme çalaýdyk. Şunuň ýaly bolanda, şeýleräk bir em edilýänini eşidipdim-dä. Öz-ä ynjalyk tapan ýaly, düýn gije-hä erbet ýatmady. Belki, emgek bolup sowlup gitsin-dä. – Şeýle bolsun-da – diýip, oňa ýürekden duýgudaşlyk bildirdim-de, menem öz bildigimden maslahat bermäge oturdym. – Ýöne ýumurtgaň agyny çalan bolsaňyz hasam gowy bordy. – Şunuň ýaly bolanda olam edilýänmidir? – Hawa. – Be-e, eger ynjalyk tapmasa, onda, onam bir synap göräýmeli bor-da. – Elbetde, çaganyň aýagynyň ýanmagy gynançly ýagdaý. Ýöne hernäme-de bolsa, onuň şol emgegi Bekdurdynyň öten agşam öýde bolanlygyna belli bir derejede güwä geçip berdi... Häzirki ýagdaýyň özi ýanym bilen alyp gelen şübhämi duran-duran ýerinde taşlap gidibermäge idin bermän hem duranokdy. Ýöne indi öý eýesiniň sorag bilen sürnüp ugramagy ýagdaýy birneme üýtgetdi. – Siz maňa bir zatda-ha müňkür bolupsyňyz öýdýän? Elbetde, arada müňkürlik bolmasa, sen beýdip, idelip ýörüljekmi diýsene. Her näme-de bolsa, nämäniň-nämedigini muňa jikme-jikligi bilen aýdyp oturmagyň geregi bardyr öýtmedim. – Aý, milisäň işidir-dä... – Ýeri, bolýa-la, sypaýyçylyk eden bolmak nämä gerek? Bu müňkürlik, hernä, öten agşamky keselhanadan äkidilen gelin üçin-ä däldir-dä? Al saňa gerek bolsa! Biz-ä ony jan edip gizleýämikäk diýýän welin, asyl, özüňden öňürti eşiden bolup çykaýýarlar. – Sen ony nireden bilýäň? – Bilýän-dä. Dogtor tanşym bar. Keselhanada işleýän, ana, şol aýtdy. Eger şonuň üçin müňkür bolýan bolsaňyz-a onda men size bir zat aýdaýyn. Bu işde “ýitigiňizi” ýaş-ýeleňleriň arasyndan gözläň. Men kinaýa bilen ýylgyranymy duýman galypdyryn. Müňkürlik öz üstünden sowlup-sowulmanka, büý-ä eýýäm akyl öwretmäge oturyberendir. Ol meniň ýylgyranymy halamadyk bolarly: – Siz gülmäň, men çynymy aýdýan. Birdenem onuň göwnüne bir güman giden bolarly, elinde birgeňsi bolup, aglaman oturan çagany bir gapdalda goýdy-da, çintgäp soramaga oturdy: – Ýogsa-da, meni Amanşanyň özi-hä salgy beren däldir-dä? Kim salgy berende näme tapawudy bar diýsene. Dogry, bu ýigit üçin, belki, munuň tapawudy bolsa-da bardyr, ýöne derňew üçin-ä onuň parhy ýok. – Aýtsan-a, dogrudanam, onuň özi şeý diýýämi? – Kim aýdanda näme, tapawudy barmy? – Hawa bar, gaty bar. Näme, her kim özi ýalydyr öýdýämikä? Beýle-de bir adamyň nejisi bolar eken-ow. Men sesimi çykarman diňläberdim. Sebäbi Bekdurdy gaharyna heniz soralmadyk zatlaryň hem bir çetinden girip barýardy. Ýöne arman, ol şondan aňry geçmän, sägindi. Özi-de, ýalňyşmasam, gerekli ýerinde sägindi. Indi itip ýöretmeli bolaýarmyka? Ugruna kowup göräýmeli öýdýän. – Ýalňyşmasam, sen oňa içinden çykmaz ýaly bir gepem aýdaýan ýaly-la? Hany, göreli, indi näderkäň? – Görýäňmi, onu haramzadadygyny! Men oňa, çynymy aýtsam, gaty ejizläp ýüz tutdum. Ol welin, elinden gelýän işem bolanok diýen bolup, gaýkynjyklady durdy. Bolýanyny-bolmaýanyny wah, özüm gowy bilýän-le. Bu wagt puluň bolsa, bolmaýan zat barmy näme! Ol bolsa, hamala, meň pulumyň haramy bar ýaly, şol işi kes-kelläm boýun almady. Menem näme, gaharyma, ite diýmezimi diýip gaýtdym. Ýöne gaharym gelende-gelmände-de, men onuň ýaly zady edip bilmen-ä. Näme etsemem, özüne ederdim. Ýeri, gelin pahyrda näme günä bar? Bu pyýada näçe gürlese-de, hälki gepiniň töwereginden bararly däldi. Maňa welin, näme üçindir, şol gürrüň has gyzykly göründi. – Be, onuň öz-ä şoňa meňzeş zatdan gaýtmazdy diýdiň-ow. – Men beý diýemok –diýip, ol gyzyp barmaşa maňa-da azgyrylyp gidip barýar. – Ýöne, birki ýyl bäri bir ärli aýaly süýräp ýör welin, şoňa janym ýanýa. Üç-dört sany çagasam bar diýýä-läý, oň. Gaýta hil bir zat tapan ýaly, ony Aşgabada-da alyp giden bolýa. Her gezekde şo ýerdäki tanyşlarynyň birine baran bolup, bellentg-ä bolupdyr. Ýeri, ol-a ýapyşak ýaly, görenine ýelmeşjek bolup duran ýeksürün diýjeksiň welin, o gelne nämä gerek diýsene! Ynha, onuň bu aýdyp oturan zatlarynyň welin bize peýdasy degse-de deger. – Kim ol? Sen tanaýaňmy? – Men-ä tanamok. Ýöne Aşgabatdaky käbir tanyşlary tanaýan bolarly. Aýdyp otyryn-a, yzyna düşürip aýlap ýör diýip. Birdenem şu ýerde Amanşanyň eli biotokly Şeripden aýal keselini bejerip bilýänini-bilmeýänini sorany ýadyma düşdi. Gelni üçin-ä soran däl bolsa gerek, sebäbi, gerek bolsa o hakda Gülleriň özi hem sorap bilerdi ahyryn. Bu iki arada Amanşanyň näme zerurlygy bar? Ýöne ol Bekdurdynyň aýdyp oturan aýaly üçin edilen alada bolaýmasa. – Adynam bileňokmy? – ýok. – Nirede ýaşaýar? – Men näbileýin, Amanşanyň özünden sora. “Soramaly bolsa özünden soraýarys. Şu aýdanlaryňam hele-müçek zat däl, köp sag bol, gardaş!” Gaýtjak bolup, ýerimden turamda, onuň maşynly ýagdaýy ýadyma düşdi: – Ýogsa-da maşyndan näme habar? Gördüm-bildim ýokmy? – Heniz-ä habar ýokdur. Bolaram öýdemok. – Her näme-de bolsa ruhdan düşmeli däl, nesibesi aýrylyşmadyk bolsa, bir ýerden çykar. – Aý, näbileýin-dä... Onuň bilen hoşlaşyp, ýolda keselhana sowuldym. Şondan soň, biz kärdeşler bolup, ýene-de edarada duşuşdyk. Ilki bilen Şäherli hasabat bermäge durdy: – Eşe aganyň ogullaram, agtyklaram dogumly adamlar eken. Ýöne şol waka hakda ýaşulynyň özünden başga bilýän ýok. Öz aýtmagyna görä, olam şo ýagdaý üçin içinde kitüw saklana meňzeş däl. Agasyny gaty ýamanlady. “Gije-gündiz galman, çekip ýatan bihepbedi, onsoň, bu gün bolmasa, erte öýüniň dargajagy görnüp durdy” diýýär. Özüm-ä şolardan güman eder ýaly zat duýmadym. – Bolanymy? – diýip, jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi onuň gürrüňini soňlaryna gyssandy. – Hawa. – Kuwwat, sen näme aýdyp biljek? Kän gürrüň bilen halypanyň başyny agyrdyp oturmazlyk üçin, men diňe derňewe nepi deger öýdüp hasap eden zatlarymy sanamaga oturdym. Elbetde, bularyň işe aýratyn bir anyklyk saljak gümany ýokdy. Ýöne, her näme-de bolsa, ol zatlar ertirki iş günümiziň mazmunyny düzmelidi. Ýumagyň ujuny şol pursatlaryň çygryndan aňtap ugramaly. * * * Nobatdaky iş güni öten agşamky gürrüňleriň galdyran ýerinden başlandy. Naçalnik ilki bilen Amanşa jaň edip, ony ýene edara çagyrdy. Soňra trubkany ýerinde goýup-goýmanka, bu gezek telefonyň özi jyrlady. – Maýor, Berdiýew diňleýär! Kim? Kuwwat Meredowmy? Bar. Häzir. – Ol trubkany maňa uzatdy-da: - Keselhanadan jaň edýäs diýýäler – diýdi. – Hawa, diňleýän. – Durdylyýewanyň aýal keseli barmy diýip soran siz dälmi? – Hawa, men. – Onda şoň aýal keseli ýok. Eger-de, sizi olaryň indi çagasynyň bolmanlygyny gyzyklandyrýan bolsa, onda ol ýatgynyň kesellidigi sebäpli däl. Oňa şu wagtky keseli üçin çaga dogurmakdan saklanmak maslahat berlipdir. Munuň şeýledigini onuň özem aýdýar, analizlerem. – Köp sag boluň. Trubkany gulagyma tutup, gürleşip başlalym bäri gözüni menden aýyrman oturan halypanyň hiç zat diýmese-de, näme habar bardygyny anyklamaga gyssanýandygyny bilip durun. – Öten agşam aýtdym-a, Amanşa Şeripden aýal keselini bejerip bilýänini-bilmeýänini sorapdyr diýip. Güllerde bolsa beýle kesel ýok eken. – Diýmek, onda ol muny, başga biri üçin soran bolmaly-da? – diýip, Ymamguly Berdiýew ýaňky habardan soň dörän bir soragyň üstüni ikinjisi bilen ýetirdi. – Şo, Bekdurdynyň diýýän aýaly üçinmikä? Gürrüňiň şu ýerinde Şäherli hem janlandy: – Kim üçindigi onuň özüne aýtdyrmak gerek. Asyl ol düýn gözümiziň içine seredip, ýalan sözläp oturypdyr-da? Her hili adam bar-aý. Biz-ä onuň üçin nirä urunjagymyzy bilmän otyrys, olam gaýta at oýnadan bolýar-ow... Amanşanyň gelip, ýene-de öňküsi ýaly, başyndan gum sowrup oturyşyny göreňde, asla gümansyradar ýaly hem bolmady – asyl, kişi at oýnadybilýär. Gaty oýnadýar. Eger-eger, boýnuna aldyrybilseň aldyraý. Ýeri, indi oňa Bekdurdy şeýle diýýä diýjekmi? Onda-da onuň üstünden dökülip ugrar. “Ýumşy bitmänsoň, onuň diýýän zady köp bolar” diýer. Gözüne dürtäýer ýaly subutnamaň bolmasa, bir zat diýäýmegem aňsat däl. Ýa-da Aşgabatdaky tanyş-bilişleriniň üstüne gitmeli bolarmyka? Göz-görtele ýalan sözläp oturansoň, Ymamguly aganyň ony uzak saklasy gelmedi: – Sen, hany, git-de arkaýyn işläber. Gerek bolsaň, ýene özümiz çagyrarys. – Näme üçin çagyrjak? Sorajak zadyňyz bolsa sorap dynyň. Beýdip, bu ýere günde gatnap durmaga ýagdaýym ýok. Bilýäňiz-ä, öňem derdim özüme ýetik. – Ýagdaýyňa düşünýän, ýöne senem biziň-kä düşünjek bolmaly-da – diýip, halypa ýene-de bir gezek ony silterläp görermen boldy. – Eger-de gizläp oturman, göniňden geleňde, bizem seni beýdip, gatnadyp ýörmeli däl. Şu gürrüňden soň, diňe bir maýoryň özi däl, Şäherli ikimiz hem ýerli-ýerden gulagy üşertdik: belki, ol indi çybany ýarar? Ýene-de bolmady. Amanşa bir zat aýtjak ýaly böwrüni diňledi-diňledi-de, soňam sesini-üýnüni çykarman çykyp gitdi. – Özi aýtmajak bolsa, birki gün yzarlap göräýsek näderkä? – diýip, Şäherli halys paltaň daşa degendäki çärä ýüzlenmegi teklip etdi. – Birhili bolaýmasa... – Birhili bormy? Oňa ýalan sözläp oturmak birhili däl-de, biz yzarlasak, birhili bolaýmalymy? Sypaýysyrabam bizar bolduk-la. Men-ä yzarlalyň diýjek. Ymamguly aga, maň rugsat beriň, özüm oňaraýyn şu işi. Halypa belli bir netijä gelmezden öňünçä, esli wagt diňşirgenip oturdy-da, ahyrsoňam: – Bolýa, ýöne Kuwwadam alyp git –diýdi. Şol gün biz ekspertizanyň netijelerini alyp, soňra-da keselhanadaky käbir adamlar bilen gürrüňdeş bolduk diýäýmesek, iş gününiň ahyryna çenli subytly bitiren goşumyz bolmady. Şäherli gijä galyp barýan ýaly, heniz altyň ýary bolmanka, strahowaniýe bölüminiň edarasynyň töweregine aralaşdy. Amanşanyň gyzyl “Žigulisine” gözi düşenden: – Öz-ä bar – diýip, ýeňillik bilen dem aldy. Şo töwerekden daşlaşman hem maşyny saklady. Kärdeşimiň häzirki gylawyny göreňde, jenaýatçy Amanşanyň özi ýa-da häzir onuň gapdaly bilen çykaýjak haýsydyr bir nätanyş ýaly bolup durdy. Bolsa-da ýigit kän garaşdyrmady. Edaradan çykan dessine gyssanmaç maşynyna mündi-de, ilerligine tarap tutduryp ugrady. – Görýäňmi, iş wagty gutarmanka, bir ýerik ýetişjek bolarly – diýip kärdeşim onuň indiki etjek işlerini-de bilýänden boldy. Ol edil yzy bilen süssürilip barmasa-da, Amanşanyň yzyndan garama-garama ýöräberdi. Herhal beýdişip, uzak gitmeli bolmady, ol raýon Sowetiniň ispolkomynyň agzynda sägindi. Şäherli hem edaranyň agzyndaky bäş-alty sany maşynyň aralygyna girip duruberdi. Her näme-de bolsa, gözüne ilendiris öýtmedim. Amanşa bu ýerde dursa-da durdy welin, ýöne maşyndan düşmäge howlukmady. Onuň bolup oturyşy asla maşyndan çykarly hem däldi, arkan ýaplanyp, ispolkomyň işigine gözüni dikip otyrdy. Kärdeşim onuň bu bolup oturyşyna-da bir at dakyp galjakdy welin, hernä şol iki arada edaradan bir ýylmanak gelin çykdy-da, ýaňky maşyna tarap ýöneldi. Ol işikde özara gürleşip duran üç adama uly hyjuw hem yhlas bilen gülümjiräp salam berende, tas eräp akypdy. Ýöne kän eglenmedi. Göni barybam Amaanyň maşynynyň yzky gapysyndan özüni içine goýberdi. Birdenkä-de onuň keşbi maňa şeýlebir tanyş ýaly bolup gitdi welin, arman, huş teý almady. Haçan gördüm, nirede gördüm, eger-eger, hakydaňa gelsin-le! Ýöne şol ýylgyryşy-da, şol eräp-akmalary men öň munça aralykdan däl-de, has ýakyndan görüpdim. Öz-ä ýada düşse gerek... – Görýäňmi, diýmek, öň gürleşilen bolmaly – diýip, Şäherli, hamala, asyryň syryny açan ýaly, öz gürrüňinden özi lezzet alyp oturyşyna ýene ugramaga häzirlendi. Gyzyl maşynyň ýola düşmegi bilen ol hem gyrmyldaberdi. Öňden barýan maşyn gitdi-gitdi-de, posýologyň çetine çykyp, täzelikde ulanylmaga berlen bir gat kommunal jaýlaryň deňesinde saklandy. Biz biri-birimiziň ýüzümize seredişip galdyk. Bu jaýlarda diňe raýonyň ýolbaşçylary, wezipeli adamlar ýaşaýan bolmaly. Diýmek, ol bu öýleriň biriniň keýwanysymyka? Biz bu zatlara üns bermeýän ýaly, gyzyl maşyndan ozup geçip, esli aralykdaky jaýlaryň deňesine ýetemizsoň sägindik. – Sen yzyňa seredip otur – diýip, Şäherli ünsi çekmezlik üçin özi maşyndan düşdi-de, gabat gapdalymyzdaky howla girip gitdi. Men uzak gaňrylyp oturmaly bolmadym. Kärdeşim gözi ýok ýaly bolup, girip giden howlusyndan çykýança, hälki ýerde gelinem galmady, ýigidem, hersi öz ýoly bilen gitdi. Bize bolsa şol jaýyň adresini alyp gaýdybermekden başga alaç galmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |