22:19 Janköýer / satiriki hekaýa | |
JANKÖÝER
Satiriki hekaýalar
Goňşym bilen ýaňy öňümize çaý alyp, telewizorda berilýän hokkeý oýnuna tomaşa edip otyrdyk. Şol wagt daşgynrak garyndaşymyz Motdy, edil aldyrany bar ýaly, işikden kürsäp girdi. – Äl, içigar, eýýäm başlapdyr-ow – diýip, ol otagyň burçundaky telewizora birsellem dikanlap durdy, onsoň: - Wiý, ýogsa-da, ýegen jan, gurgunmyň, gurgun otyrmysyňyz, hasap näçe boldy? – diýip, dyzyny epdi. – Enteg-ä hasap açylan däldir, daýy – diýip, saglyk-amanlykdan soň oňa ýassyk uzatdym. – Açylmany gowy-da. Ynha indi geçiribersinler bakaly – diýip, Motdy ymykly ornaşdy. Soňra özüne uzalan çaýly käsäni aldy, bokurdagyny ölläp ýerde goýdy-da, ýene gürrüňini dowam etdi: – Äl, şü hokkeýem döräýen zad-ow. Baý-bow, şu dagy bolmadyk bolsa, sport diýilýän zadyň gyzygam boljak däl ekeni. Telewizorda şunuň ýaly hokkeý bolýan güni öýümizde bolsam nädýän diýsene, çagalarymy aýratyn bir boş otaga salýan-da, olaryň birinem çykaramok. Onsoň, ajyksalar nan eltip berýäs, suwsasalar suw, ýöne garaz, oýun gutarýança şondan çykaramzok. Ýogsam olar oýun görmäge goýanoklar, how. Wijir-de-wijir, kikir-de-kikir. Bolar-la şular ýaly bir ümsümlik. Janyň gönenäýýä. Biri aldygyna gürläp otyrka gürrüňe goşulman oturmak hem birhili. Men-ä Motdyň häsiýetine belet bolamsoň sesimi çykarman, oýun görüp oturdym. Sebäbi onuň üçin “hä, hawa” diýip, gürrüňini tassykladyň, tassyklamadyň – edil atyň gulagy ýaly. Ýöne, goňşym her niçigem bolsa sypaýyçylygy elden bermejek bolup çalyşdy. – Onsoň çagalaryň ejesine-de hokkeý görkezeňokmy? – diýip, ol ýarym degişmä saldy-da, Motdynyň boşan käsesine çaý guýmaga oturdy. – Wah, ol bende hokkeýe düşünýä-le. Başga bir jaýda hamyr ýugrup oturan bolsa-da, Ozerowyň sesini eşitdigi bes, eli oklawly işikde häzir durandyr. Biziňki utulyberýän dagy bolaýsa, oklawyny iki eli bilen mäkäm tutup, şeýle bir ykjamlanýar welin, men-ä asyl özi oýnaberjekmikä doýýän. Şo wagt dagy onuň ýüzüni göräýsediň, baý-baý-how, hut hokkeý derwezeçisiniň ýüzüni ýadyňa salyp dur. Aý oňky ýürekden-le... Goňşy ikimiz üns berip, oýna tomaşa edip otyrdyk Hokkeý mazaly gyzyşypdy. Ýöne Motdam soňky käsäni owurtlandan soň täzeden bat alyp ugrady: – Äl şü bizde bir oýunçy baraýt, kimdir oň ady? Hawa, hawa, Arlaňow diýýärler – diýip, ol gürrüňe başlanda, goňşym saklanyp bilmän pyňkyrdy. – Arlaňow däl-de, Harlamowdyr – diýip, oňa düzediş girizdim. – Harlamow? Aý, ýok, diýseňem ol Arlaňowdyr. Asyl ol arlaňlardanmyş, şu günem näçe adamdan eşitdim how. Ozerowyň özem Arlaňow diýýär-ä şoňa. Sen, ýegen, şoň ady tutulanda gowuja üns bergin. Ugruna kowmasaň eýtgertmejegine göz ýetiren goňşym gürrüňe goşuldy. – Bolsa bolýandyr, biz-ä şoňa bir kän ünsem beremzok – diýip, ol sypaýyçylyk etdi. – “Bolsa bolýandyr” diýip, şol oýunçynam tanaňzokmaýt?! Äl, siziňem janköýer bolaýşyňyz gaty ýabygorly eken-ow. Wah, bu oýnam şü düşünýän adamlar bilen göräýseň... – Äl, Motdy, olary oýnamaga goýmadyňaýt, hany birsellem tomaşa edeli-de – diýip, goňşym öz kinesini ýaňzytdy. – Oýnasa oýnasynlar, näme, men olara oýnama diýýänmi? Näme, olaryň taýagyndan tutýanmy ýa aýagyndan aslyşýanmy?! Şaýbasyny ogurlaýanmy?! Dogry-da, özlerinden gidýänçäler oýnasynlar, gep onda däl. Ýöne, sen, halypa, men hokkeýe düşünmeýändir öýtjek bolýaň, ine, şonyň bolanok. – Ýeri-ýeri, daýy, gyzybermesene, seniň janköýerligiňe dil ýetirip bolmaz, oňa men gaty beletdirin – diýip, ony köşeşdirjek bolup jan etdim. – Dogry-da walla, biz şu oýunlary görjek bolup ýörite Moskwa gidip ýörüs welin... – ol biraz dymdy-da, ýene gürrüňini dowam etdi: – Ýogsa-da, ýegen jan, men häli nämede galdym-a? Hä, ýadyma düşdi, Arlaňowda galypdym. Ine şol oýunçy bir gezek... Motdy gürrüňiniň şu ýerine ýetende, goňşym ýasgynjak alan penjegini egnine ykjamlap, ýerinden galmak bilen boldy. Menem turup, telewizory öçürdim welin, Motdy süýnüp ýatan ýerinden dikeldi-de, geň galmak bilen soragly nazaryny maňa tarap öwürdi. – Wiý, asyl eýýäm gutaraýdymy? Äl, içigar, oýun gaty gyzykly bolanda, onuň nähili gutaranynam duýman galaýýaň. Ýogsa-da, ýegen jan hasap näçe boldy? – 5:3. – Biziňkiler utdumy? – Ýok. – Wah, şü gün utularmykan diýýädim-le, ertirden bäri sag gözümiň çekmesi bardy welin, gördüňmi, utuljak eken-dä. – Ýok, utulamzogam, utamzogam, Motdy. – Ol nähili boldaýt, utamzogam, utulamzogam?! – Nähilisi şeýle – bu gün şwedler bilen finler oýnady, şwedlerem utdy. – Bä-ä, asyl bu beýle bolup çykdy-how. Otagdan çykyp giden goňşymyň henizem başyny ýaýkap barýanyny çala görüp galdym. Annageldi NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |