07:38 Älhepus, biz-ä haýran... / hekaýa | |
ÄLHEPUS, BIZ-Ä HAÝRAN...
Satiriki hekaýalar
Uniwersitetiň bedenterbiýe fakultetini gutaran badymyza herimizi bir ýere işe iberdiler. Şeýdip, menem uzakdaky raýonlaryň çet kolhozlarynyň birine sport metodisti bolup işe bardym. Dogrusyny aýtsam, meni bu ýerde ýaramaz hem garşylamadylar. Başlygyň hut özi kolhoza baran badyma uly dabara bilen kabul etdi. Iki elini uzadyp, yhlas bilen görüşdi. – Tüweleme, sag-aman geldiňmi? Ine, muny oňarypdyrlar. Bize-de şeýdip, ýokary bilimli spesialistler ibermeli ahyry. Ýogsam obada sporty ösdürip bolýarmy näme? Ýogsa-da sen, inim, ýeke geldiňmi? – Hawa. Näme size köpräk metodist gerekmidi? – Ýok-la. Men çagalaryňyz bilenmi diýjek bolýan. Ýa-da sallahmy? – Hawa. – Gaty gowy-da. Ynha, öz elimiz bilenjik öýereris; Komsomol toýuňy tutarys. Iň esasy zat işleri ugrukdyrmak. Munuň üçin bolsa, näme, elbetde, işe yhlas, hyjuw, ýagny ýaşlaryň aýdyşy ýaly entuziazm gerek. Bu zatlary özüňem bilýänsiň-le. Eger-de oňatja ýerleşen bolsaň onda şeýt: kluba barsaň, garawul Hajy aga bardyr. Şonuň açar düzüminiň içinden sport otagynyň açaryny al. Onsoň ýuwaş-ýuwaşdan sport enjamlarynyň ýoklaryndan hek edinip başlarys. Dogrusy, edil häzir-ä kän sport enjamymyz ýokmuka diýýärin. Zyýany ýok, bu zatlar dura-bara düzeler. – Futbol pökgüsi-hä bardyr-la? – Wah, başyňa döneýin, biziň obamyzda şol oýnuň bir adyny tutmaweri. Bilmen näme üçinligini welin, şol oýundan ýaňa adam barynyň içi edil ot bilen ýalyn. – Onda ilki bilen woleýboldan başlaýarys. – Bo-how, bü-ýä ondanam beter. Bu oýun iliňkini däl-de, biziň içimizi ýakýar. Asyl germän toruň şo wagt ýokdur. Tor ýitdigiçe balykçy köpelýär. Derýajygymyzyň balygy gutaraýmanka, inijigim, hiç il ýüzüne tor çykarmawergin. – Onda... – Sen, gowusy, inim, meni diňle. Men-ä gymmat-gymmat bahaly enjam alyşdyryp oturmagyň kän bir hajaty ýokmuka diýýän. Uly çykdaýjy edip oturmaňda hem sport gyt däl ahyry. Ynha mysal üçin, düzzim bar, onsoň taklatdy, ýüzük, içýanagyz... Görýäňmi, kän-ä. Şulaň içinde gyzyksyzam ýok-how. Ynha onsoň guduk oýnuny hem aýaga galdyrarys. Bilýänsiň-le, hol hokkeý ýaly oýun. Hokkeýem şondan gelip çykypdyr diýjek bolýarlar. Ynha şol oýnam büs-bütin aýaga galdyrarys. Özem bu oýnuň çykdajysy bolmaz. Adama bir pil sapy bilen bir boşan konserwa gabyny tap – wessalam. Onsoň ýöne «şaýbu, şaýbu!» diý-de, gygyr-da otur. Ýa-da «konserwa, konserwa» diýip gygyrmaly bormuka? Aý, onçasyny soň görübereris. Umuman, bular ýaly milli oýunlar üçin kän bir türgenleşik hem gerek däl. Şu guduk bolaýmasa, galan oýunlara-ha kolhozçylaryň lýuboýy edil suw içen ýalydyr. – Bular-a gowy zat welin, ýöne iliň meşgullanýan sporty bilenem meşgullanaýsak gowy bordy-da. Beýleki kolhozlaryň sportsmenleri bilen duşuşardyk, ýaryşlar geçirerdik... – Goý, beýleki ýerlerde-de şu sportlary öwrensinler. Biz näme olaryň elinden çekýärismi? Bu zatlara diňe çynlakaý ýapyşmak gerek, yhlas gerek. Ine, şonda sportuň bu görnüşleriň hem öser gider otyr. Asyl nädersiň ýene-de birki ýyldan bu görnüşler boýunça äpet-äpet ýaryşlar geçiriberseler? Hawa, umuman, bu zatlaryň bir zady bolar. Ýöne ýaňky aýdyşymyz ýaly, esasy zat işiňe höwes, yhlas gerek. Şolar bolsa kyn zat bolmaz. Neme jan, ýogsa-da, adyň kim diýipdiň? – Welmyrat. – Hawa, inim Welmyrat, bu bir kolhoz ýeri bolansoň, öz işiň daşyndan käte oduk-buduk, ownuk-uşak işiň ýüze çykaýmagy-da mümkin. Şonuň ýaly-da sen kimin gujurly ýigit «däl» diýip durmazmyka diýýän. Ilki bilen-ä jemgyýetçilik başlangyçlarynda ýangyna garşy göreşijiler komandasyny düzersiň. Onsoň edil şonuň ýaly jemgyýetçilik tertibini goraýjylar komandasyny hem düzeris. Ýazda ekişe kömek etmeli bolarsyň. Tomusda gerek bolsa, az-maz hasyl ýygnamaga kömek edersiň. Birnemejik bede-de ýatyrmalydyr welin, ol-a näme seniň üçin tüýs fizzarýadka bolar. Eliňe çalgy alaga-da haýdabermeli. Ýöne bizde dowarlardan owlak-guzy almak kampaniýasyna hökman kömek etmeli bolar. Aý, bu bir döwürleýin zat-la. Özüň ýaly dört-bäş oglany ýanyňa alyp, haýsy sürüde işçi güýji ýetmeýän bolsa eňäýmeli. Ony oňarjagyňy bilýän. Ýogsa-da sen traktor sürüp bilýärmiň? Başlygyň häliden bäri edip oturan gürrüňlerine haýran galyp oturyşyma ýuwaşlyk bilen başymy ýaýkadym. – Zyýany ýok, öz-özüňden öwrener gidersiň. Neme-dä, oba ýerinde bu käriň gadyry başga bolýar. Hawa, ýogsa-da täze ýyl ep-esli ýere mekgejöwen ekmeli boljak welin, şonam öz boýnuňa alaýsaň oňarmazmykaň? Hany onuň maslahatyny soň ederis-le. Ýöne ynha basym sürüleriň üstüne bede iberip başlamaly. Şoňa-da gatnaşmaly bolarsyň. Eger bardy-geldi gerek bolaýsa, çopanlaryň ýanyna bäş-on günlük gitmeli bolarsyň. Meýdan ýeri hezildir. Özüňem, tüweleme, sallah janyň bar. Häzir sport otagyny göreniňden soň bolsa garaža bar. Ol ýerde guma gitmeli bir maşyn bejerilip durandyr. Başardygyňdan olara kömek et. Hawa, inim Welmyrat, gaýrat et-de, kömek ediber. Esasy zat işe yhlas, höwes ahyryn. Şeýle dälmi? – Başlyk aga, meniň hälki ýazan arzama heniz gol çekmändiňiz öýdýän? – Ýok. Näme? – Onda şony kyn görmäň-de, yzyna beriň. Men arzamy elime alan badyma kabinetden çykyp gitdim. Koridordan gidip barşyma bolsa başlygyň igençli sözleriniň diňe käbirini eşidip galdym: – Bäh, äl şäherde-de kadr-a taýýarlaýarlar-ow. Asyl bularyň işlemek niýeti ýok ahyryn. Beýle-de bir iş ýakmaz ýigit bolar eken. Älhepus, biz-ä haýran!.. Annageldi NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |