22:57 Pynhan syr / detektiw powest | |
PYNHAN SYR
Detektiw proza
Başy sary ýeňiljek öýmeli bu gelin tolgunmadan ýaňa janyna jaý tapanokdy. Käte çep eliniň, käte-de sag eliniň barmaklaryny döwere getirip, gaňryşdyryp otyrdy. Döwülse-de duýarly däldi. Ýogsa, onuň üçin iň pajygaly pursat eýýäm yzda galypdy. Pursadyň özi yzda galanam bolsa, jebri-jepasy heniz öňde bolarly. At ýüzli, bugdaý reňkden gelşikli, ýöne horlanyp, ýagşy sykylandygy äşgär bildirip duran bu gelniň şeýle ejizläp, bozulyp-ýazylyp oturmagyna öň-ä namysyna degilmegi, galyberse-de, raýon milisiýasynyň jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi maýor Ymamguly Berdiýewiň “Hany, waka nähili ýagdaýda bolup geçdi, aýdyp ber” diýmegi sebäp bolupdy. Barmaklaryny iki dyzynyň üstünde goýup, hamala, olaryň döwülişini görjek bolýan ýaly, gelin, heniz hem ber-başagaý bolup otyrdy. Barmaklarynyň döwülmese-de, göwnüniň döwlendigi onuň diňe bir hereketlerinden däl, boz-ýaz keşbinden-de aňşyrdyp dur. Gören görgülerinden ýaňa duluklary ýellenip, gözüniň aşagy gök öwüsýärdi. Adaty wagt bolanda, aýal maşgalanyň etjek işi däl: bir iligi gopan, dört barmak ýeri bolsa ýyrtylan halat hem egnindedi. Şo zatlary-da duýmadyk bolarly, belki, duýsa-da ýüregindäki derdi-düwüniň çägi onça-onça zatlara pitiwa ederden çökder bolarly. Ol käte bir başyny galdyrsa-da, diňe açyk penjireden aňry seredip, ýene ýüzüni sallaýardy. Şol wakany ýatladygyça, onuň howsalasynyň artyp, gidip oturandygyny häzir diňe bir tejribeli maýor Ymamguly Berdiýew däl, hat-da Şäherli ikimiz hem äşgär duýup otyrdyk. Ýöne biziň ýagdaýy duýup-duýmazlygymyzyň bu jenaýat işi üçin sähelçe-de ähmiýeti ýokdy. Gelin öz şaýat bolan wakasyny beýdip, kalbynda çökermän, paýlaşmaga otursa welin, ynha, onda äm-sämligiň içinde duran iş ýola düşse-de düşübermelidi. Elbetde aňsat däldir-dä, gelin gürlär ýerde gürlemedi. “Aňsat däldiriň” näme diýsene, adam pahyr bu kysmy täleýi iň uly betbagtlyk hasap edýär, ony ölümiň derejesi bilen çekip ölçeýär. Onsoň, sähelçe namysy bar adam – şol jebri-sütemi özüne namys bilen adam şeýle pursat hakda aňsat-aňsat jedirdäp oturyp bilmese gerek. Ol ýene bir gezek penjireden uzaklara gözüni aýlady-da, birdenem, nazaryny şo tarapda kän egledigiçe, ýüregini ersdiren waka ýene göz öňüne kaklyşaýjak ýaly, tisginip ýere bakdy. Aslynda hem käse ýaly bolup duran gözler bu wagt çäken aşypdy, onuň zyba roýuna gelşik bermeden geçen, gaýta aýylganç hem gazaply keşbe salypdy. Maýor Ymamguly Berdiýewiň bu kösençligi uzak synlap oturmaga takady ýetmedi: – Sen, Güller, beýdip özüňi kösäp oturma-da, birneme köşeş, demiňi dürse. Näme-de bolsa, boljak iş bolupdyr, indi beýdip hamsygyp oturmagyň peýdasy ýok. Gowusy, başardygyňdan wakany bolşy-bolşy ýaly gürrüň ber. Düşün, şol adamlary anyklamak üçin iň zerury häzir seň aýtjak zatlaryň. Eger sen bir zat aýtmasaň, onda biz olary nireden, nädip çenläli? Gelin düşünýän diýen terzdemi ýa-da aýtjak diýen terzdemi – birki ýola sodalyk bilen başyny silkdi. Belki, halypanyň ýaňky sözleri täsir edendir, belki-de, ol ýagdaýa göz ýetirendir, birneme ekezlendi-de, özüni ýagşy ele aldy. Şondan soň bolsa diňe bir derňew üçin nepi degjek gürrüňleri däl, ondan has aňyrrakdakylary hem sökläp ugrady. * * * Güller heniz Amanşa bilen goş birikdirmänkä, özüne “ýapy ýaly” diýdirip bilen gyzdy. Ýöne ýapy ýaly bolanda-da, laýyň galypyndan çykan kimin, inedördül bolup durman, bütin süňňi-synasy ýerbe-ýer, alla näme gözeldi. Görk-görmegem üstüne. Ýöne göz boldumy, dil boldumy, ol Amanşalaryň öýünden örüp ugrandan köp wagt geçmänkä, eräp-akyp başlady. Emma şonda-da hiç kim doktor diýip ylgabermedi. Owadan gelniň gaýynatasy bir takwa adamdy. Onuň bu zatlar barada öz pikir ýöredişi bardy: ýaş çatynjalaryň süňňünde özgerişlikler bolman bolmaz, öz-özi geçer gider. Ol öz pikirine her näçe ynansa-da, Güller süňňünde bir kemligiň peýda bolanyny aňýardy. Etiniň dökülmegi hem hiç diýse, sähel zada gahary gelip duran gagal adama-da öwrülip barýardy. “Geçer gider-le” diýse-de, Amanşanyň kakasy gelninde bir kemligiň bardygyny assa-ýuwaşdan boýun almaly boldy. Onsoň ony ilki Şehit öwlüýä aýlap görmeli diýen karara geldi. Aýlady. Netije bolmady. Onsoň, molladan doga-tumar alyp gördi. Ol hem kär etmedi. Molla okatdy. Ýene bolmady. Tatar mollasyny getirdip, gelniniň içersini ýüzärligiň tüssesine gömdi. Ýöne – ol hem täsir etmedi. Teý-ahyr paltasy daşa degensoň, ol doktora gidilmegine garşy däldigini aýtdy. Raýon keselhanasynda onuň keselini anyklamak üçin uzak kösenilmedi, “gelinde zob bar” diýdiler. Onuň özboluşly aýratynlyklaryny hem aýdyp berdiler: gözüň hanasy ulalyp, almasy kiçelene döner, göz mele bolar, boýnuň öň ýüzi hem ýellenen ýaly sallanar durar. Sähelçe zada gaharyň geler. Gaharyňy içiňe sygdyryp bilmän, derrewem gözüňe ýaş iner. Möňňürip aglap, içiňi sowatsaň, derdiň az-kem ýeňlän ýaly bolýandyr... Hawa, derdi derrew kesgitlediler, alamatlaryny birin-birin sanadylar. Emine gezek gelende welin ýaýdandylar, “däri-derman bilen bäri bakar ýaly-ha ederis, ýöne başybitin dertden gutararys diýibiljek däl” diýdiler. Onsoň, bu keseliň Aşgabatda operasiýa edilýändigini, şowuna düşse, gutulyp gitjedigini hem aýtdylar. Ýöne operasiýa etmek – “damaga pyçak çekmek” diňe bir Gülleriň özüni däl, daş-töweregindäkileri hem üýşendirdi. “Soňuny soň görübereris, belki, onuňam bir alajy bor-da” diýip halys tapdan düşen gelni keselhana ýerleşdirdiler, däri-derman edip başladylar. Güller gününi sanap, ers-mers bolup gidibermese-de, onuň jany aram tapdy, taby gowulaşdy. Ozalky etine-ganyna gaýdyp gelmese-de, bir durkuny saklamaga rowgat edindi. Ol muňa-da müňde bir kaýyldy. Üç hepde diýlende bolsa, ony keselhanadan çykarmak bilen boldular... Bu gelniň şeýdip, zoby üçin ilkinji gezek keselhanagireli bäri sekiz ýyl geçipdi. Yzly-yzyna bolan bir ogul bilen bir gyz bu öýe şatlyk getirdi. Düýnki gün ýaş çatynja bolup oturan Güller bilen Amanşa ikisi giň mellegiň bir çetinden salnan täze jaýa göçüp, rysgyny aýryladylar. Ýöne zatlaryň hiç biriniň hem Gülleriň tapynan derdini egismäge hemaýaty degmedi. Diňe bassyr her ýyl keselhana girip, däri-derman etmegi onuň azda-kände janyna aram berdi. Ynha, ol şo derdi üçin ýene-de keselhana giripdi. Eýýäm on gün bäri şu ýerdedi. Aslyýetinde, bu kesel bilen diňe bir owadan gelniň özi däl, eýsem, gaýynlary-da, ýüwürjileridir, baldyzlary-da öwrenişiberipdiler. Edil aldym-berdime salyp barýan dert däldigini bilensoňlar, bu ýere at tezegini guratman gatnaşyp hem duranokdylar. Gerek diýen zadyny welin, iki diýdirmän, nagt edýärdiler. Ýoldaşy Amanşa hem onuň ýüregine düşüp duranokdy. Bolsa-da, edil ýedi ýat däldigini hem käte bir syzdyryp gidýärdi. Onuň anna güni günortan gelip, duşenbä çenli Aşgabada, komandirowka gidýän diýmesi Gülleriň sähel wagtlyk böwrüni diňlemegine delil bolupdy: “Hezildigini, dynç alyş günleri komandirowka”. Dogrusy, ol ýoldaşynyň bujagaz komandirowkaly gürrüňiniň aňyrsynyň nireleri tozadýandygyna akyl ýetirmän hem duranokdy. Çünki bu bahana birinji ýa ikinji gezek bolsa, onda ýene ýagşy, emma... Eger-de aýal maşgala göwnüni özgä bölüp, göwün maksadyna ýetäýen halatynda-da(daş etsin!) ol ýoldaşyna aňsat-aňsat syr bermän biler. Erkek kişi welin beýle däl, ol kimdir biri bilen ham-çam boldugy, gelni derrew gözüniň içine seredip başlar, onsoň tasanjyrap ugrar, gürrüňi öňkä meňzemez, çaý getirişi-de üýtgär, işik ýapyşy-da... Özem hiç zat gürlemän, käte bir uludan-uludan demini alar... Nädip aňşyranyny welin duýman galarsyň. Keýpiňden ýa ädim urşuňdan biler, üst-başyňa seredişiňden ýa girip-çykyşyňdan aňar, geýmiň ýa-da endamyň ysyndan syzar, garaz biler... Güller ýoldaşynda bir üýtgeşikligiň bardygyny öňräkden bäri aňsa-da, ýagşydan-ýamandan sesini çykarman ýördi. Onuň-da ilki sebäbi nähoşluk. Dikleşip, deň sanaşyp durmaga-da güýç-kuwwat gerek. Onsuzam janyna ýaranyp bilmän ýören gelin üçin onsoň, bu dawanyň özi has artykmaç degjekdi. Adatça, ýigit gelerin diýen gününden birki gün giç gelse gelerdi welin, ýöne ir gelmesi ýokdy. Onuň bu gezek şol endigini bozup, hatda diýen wagtyndan bir gün ir, bazar güni gelmegi welin Gülleri geňirgenmän durmady. Dogry, gelin häzir ýoldaşynyň edil ýüzüni göräýmändi, ýöne bir ýaş oglan ony palatadan çagyrdyp, Amanşanyň howlynyň daş agzynda maşynyň içinde garaşyp oturandygyny aýdypdy. – Näme, özi gelip bilmedimi? – diýip, ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý üçin bir sellem äm-säm bolup galan gelin ondan sorady. – Aýagyny agyrdypdyr – diýdi-de, ýigdekçe öňe düşüp, derwezä tarap ugraberdi. Gelin welin ýene käbir zatlary anyklamasa, ynjalmady: – Onda maşyny bilen howla giräýmeli eken-dä? – Gireýin diýeniň bilen näme, garawul goýberäýýämäý! – diýip, oglan öňe düşüp gidip barşyna yzyna garaman gürledi. Ýigdekçäniň diňe bir habar getirişi däl, eýsem, ogurlyk edeniňki ýaly, häzirki bolup barşy hem gelne syrly göründi. Ýöne “aýagyny agyrdypdyr” diýen gürrüň ony uly alada goýdy. Onsoň ol baharyň heniz galak-gaçan çigrekli agşamyndan heder edýän ýaly, haladynyň iliklerini ildirişdirdi-de, howlynyň agzyna tarap haýdaberdi. Derwezeden çykan badyna-da Amanşanyň gyzyl “Žigulisini” gözledi. Ýöne bu ýerde ýekeje ak “Žiguliden” başga ulag ýokdy. Onýança-da ýaňky oglanyň şo maşynynyň ýanynda durandygyna gözi düşdi. Gelin ilki ondan Amanşany sorajagyny hem bilmedi, maşynyny sorajagyny hem. Asyl hiç birini-de soramaga ýetişmedi. Ýigdekçe öňürtdi: – Ynha, ol şu maşynda otyr. Garaňky gatlyşaly bäri heniz köp wagt geçmedik hem bolsa, bu ýerde eýýäm aýak çekilişipdi. Ýörite gurnalan ýaly, häzir-ä hasam çolalykdy. Şonuň üçin Güller nätanyş maşyna ylgap münäýmäge gyssanmady. Ýöne ol garawulhananyň depesinden asylgy çyranyň ýagtysyna maşynyň yzky oturgyjynda kimdir biriniň oturandygyny gördi. Şo diýlip aýdylany üçinmi ýa-da tötänlikdenmi, gelin ony ýoldaşy diýip hasaplady. Onsoň ol açyk duran yzky gapynyň alkymyna baryp, maşynyň içine seretdi-de, ýöne şondan aňry ätmedi. Niýetini ýamana diken ýigitler üçin onuň şol aralyga gelmegi hem ýeterlik eken – Gülleri keselhananyň agzyndan çagyryp, alyp gaýdan ýigdekçe duýdansyz gelip, ony bir iteklände gelin yzky oturgyçda oturan ýigidiň gujagyna nädip dolanyny-da duýman galdy. Ol şonda-da yzlygyna tarap bir dyzap galmaga güýç tapdy. Ýöne ol güýç iki tarapdan gapçan iki jahylyň ýanynda hiç zatdy... Maşyn kanalyň boýundaky gamyşlyga ýetýänçä, hiç ýerde säginmän gitdi. Ine, şo ýerde hem gelni alyp gaçan üç kişiniň üçüsi-de oňa biri-birinden beter sütem etdi. Güller bu waka hakda hernäçe jikme-jik gürrüň berendirin öýtse-de, heniz çintgelmeli zatlar bir ýa iki däldi. – Olaryň arasynda ozal, heý, gören ýa tanaýan adamyňyz barmydy? – diýip, Ymamguly aga anyklamaga girişdi. – Ýok. – Olary indi görseňiz tanarsyňyzmy? – Bilmedim – diýip, gelin birbada ýaýdandy. – Şol çagyryp giden oglany-ha tanaýmagym ahmal. – Ýogsa-da, şol oglan sizi nähiliräk ýagdaýda çagyrdy? Gelin soragyň hörpüne düşünmedi gerek, ol ýaýdandy-ýaýdandy-da. – Nähili çagyrsyn, çagyrdy-da –diýdi. – Ol siziň Güllerdigiňizi tanap, göni öz ýanyňyza geldimi ýa-da ilki kimdir birinden sorap bildimikä? – Men şol wagt öz palatamyzda otyrdym, beýleki aýallar bilen. Onsoň, kimdigi ýadyma düşenok, bir aýal-a gapydan boýnuny uzadyp, “A gyz, Amanşa diýilýäniň gelni haýsyňyz bolýaňyz, daşarda bir oglan sorap dur” diýdi. Şeý diýibem gitdi. Ol goňşy palatadaky aýallaryň birimikä diýdim. Ynha, daş çyksam, dur-da, şo ýer çeken, kibtini gysyp. Görenimden, göwnüme bir çiglik gitdem-le welin, meýdi ýanan, aldady-da, aýagyny agyrdypdyr diýip. Aýtmaly gepinem tüýs bilipdir, sebäp diýseň, Amanşa bir zat bolsa, hökman aýagyna bolýar, öňem iki gezek dyzy çykdy, ýene bir gezek topugy gaňryldy. Garaz, mydama aýagyndan kösenip ýörensoň, bu gezekki aýdylan hem ýalandyr öýtmedim-dä. – Olaryň, heý, birden-biri öňde-soňda siziň adyňyzy tutmadymy? –diýip, kärdeşim, jenaýaty agtaryş bölüminiň uly operupolnomoçennysy Şäherli Gelenow hem gyzyklanmaga durdy. – Ýok. – Özüňiz nähili pikir edýäňiz, olar sizi tanaýandyr öýdýäňizmi? – Ýok. Men-ä olary tanamok. Onsoň, olaram meni tanaýandyr öýdemok –diýip, ol soňra ýaňky soraga geň galyp oturandygyny äşgär etdi. – Siz näme bu işi hökman tanyş adam edendir diýjek bolýaňyzmy? – Ýok-la – diýip, Şäherli öz soragynyň manysyny düşündirmäge oturdy. – Ýöriteläp, hut siziň yzyňyzdan gelipdirler ýa-da olar üçin haýsy gelin bolanda-da, tapawudy ýokmudyka diýjek bolýan. Şäherli öz soragyny her näçe hetjikläp gelne düşündirip otursa-da, onuň jogabyny Ymamguly agadan eşitdi. – Çem geleni äkitjek bolsalar, Amanşanyň gelnini çagyryp beriň diýip, ýöriteläp sargap durmazdylar-a. – Olam-a şeýle – diýip, oňaýsyz ýagdaýda galan Şäherli birsellem soragyny goýbolsun etdi. Oňa derek halypa ýagdaýdan özüçe netije çykarmaga oturdy: – Durmuşda her hili ýagdaý ýüze çykyp biler. Ynha, meselem, garagol ýetginjekler içýäler-çekýäler-de, onsoň mesligine çydaman, çola bir ýerini peýläp, ilkinji öňlerinden çykan aýal maşgalany güpbasdy edýäler. Bu aýratynda şäher ýerlerine mahsus. Ýöne bu işde welin, siziň ugruňyza ýöriteläp çykylypdyr. Şonuň üçinem, hälki aýdyşym ýaly meseläni aýdyňlaşdyrmaga özüňiz kömek edäýmeseňiz, muňa başga kişiniň nepi degmese gerek. – Olary tanamasam-etmesem, men nädip size kömek edeýin? –diýip, Güller özüni gyssalyp barylýan ýaly duýdy. – Tanamaýanyňyzy bilýäs. Göreňizde tanasaňyzam bolar: Ýöne häzir başga mesele bar: näme üçin olar ala-böle hut seniň kastyňa çykypdyrlar? Näme üçin? Ine, mesele nämede. Belki-de, sizde öň kimdir biri bilen şeýdip, kişi maşgalasyna el garandyr-da, indem hasaplaşýandyrlar? Şeýle bolup bilermi? ¬Gelin bu sowala ör-gökden geldi: – Ýok, men-ä, dogan beýle zatlaryň bolanyny bilemok. Özümde-hä asla erkek doganam ýok, biz alty dogan, altymyzam gyz. Amanşa-da, onuň jigilerem beýle iş etjek adamlar däl. Gaýynym olary gaty berk tutýar-a. Özem mollaçar adam. – Mümkin, dogrudyr, men siziň aýdýanlaryňyza ynanman duramok, ýöne munuň hökman ýaňky ýaly bir sebäbi bolaýmaly – diýip, Ymamguly aga ýene bir zat aýtmakçy boldy-da, ýöne ony başlamanyň ebeteýini tapmadyk ýaly, birbada ýaýdandy, soňra nazaryny kesä sowdy-da ýene dowam etdi: – Biziň gürrüňimiziň birhilirägem görünmegi mümkin welin, geň görüp durmaweriň, işimiz şeýle. Siz durmuşa çykmankaňyz heý, yzyňyza düşen oglan bolupmydy? Gelin bir zatlary ýadyna saljak boldumy ýa-da soragyň hörpüni halamadymy, başyny sallap köp oturdy. Şonuň üçin hem gürrüňi ýene halypanyň özi dowam etmeli boldy: – Düşün, bu biz üçin gaty wajyp. Belki-de, öýüňize söz aýdyjy iberen bolandyr, ýöne sizi beren däldirler. Garaz, siz hakda arzuw edip, soňam size ýetip bilmedik adam bolupmydy, bize ine, şony anyklamak gerek. Gülleriň şol oturyşydy. Ýagşydan-ýamandan ýarsyn-la – Gürläweriň. Beýdişip otursag-a, biziň bitiren goşumyz bolmaz. Ýadyňyza düşmeýän bolsa, onda... – Şu wagt-a zat ýadyma düşenok. Şeýle ýagdaý asla bolandyram öýdemok. Ýöne, ynha, arada eli tokly adam bar-a, Aşgabatdan gelip, biziň keselhanamyzda işleýän? – Hawa-hawa, Şerip – diýip, Şäherli häzir wajyp bir zat aýdylaýjak ýaly, Ymamguly Berdiýewden hem öňe düşdi. – Hawa, ana şo. Bir aý çemesi mundan öň şoňka gatnadym, on gün çemesi. Şonda şo ýer çeken bir hamy-sumy etdi. “Seň ýaly bir gelin gabat gelip, heý, meňem bagtym açylmazmyka” diýdi. “Seň ýaly gelni bolan adamyň, heý, dünýe-de armany barmyka” diýip gördi. Soňam “Seň ýaly gelin üçin hetden aşyp, bäş-on ýyl oturyp gelseňem, arman galmazdy” diýdi. Ýöne men ýagşydan-ýamandan sesimi çykarmadym. Özi diýdi, özi goýdy. Amanşa-da aýtmadym. Biderek ýere ýüregini çişirmäýin diýdim. Ýöne özi welin sylagyny bilmeýän ýer çeken eken. Sähel ýüz berseň dagy, elini garmakdanam gaýtjak dälmikä diýdim... Ýa şoň ýalyň işimikä? – Ol şo üç adamyň arasynda bolsa tanardyň-a? – Hawa, olam dogry. Tanardym. Gelin gürledi-gürledi-de, birdenem, esli wagtlap kellesini tutup oturdy. Şonuň üçin Ymamguly aga häzirlikçe soragyny goýup, ony keselhana ibermegi makul bildi. Gelin çykyp giden dessine bolsa, maýor bu iş barada Şäherli ikimiziň pikirimizi aňmakçy boldy. – Men bir zady arkaýyn aýdyp biljek – diýip, Şäherli özüne gelişmeýän hörpde howalaly gürlemäge durdy. – Bu ýerde biçak arassa işlenipdir. – Ony sen aýtmasaňam bilýäs – diýip, jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi Ymamguly Berdiýew onuň badyny aldy. – Başga idili aýdyp biljek zadyň barmy ýa-da şo bolanymy? Elbetde, bolanydyr-da, şondan soň-a ol sesini çykarmady. – Aýdyp bolan bolsaň, onda sen häziriň özünde ýaňkyň adamsynyň üstüne git. – Kolhozamy? – diýip, kärdeşim anyklamakçy boldy. – O näme üçin kolhoza? Ol şu ýerde, raýonda işleýär diýmedimi näme? – diýip, halypa meniň ýüzüme seretdi. Men oňa dessine kömege ýetişdim: – Raýonyň strahowaniýe bölüminde. – Hawa, ana şol edarada bolmaly. Işinde ýok bolsa, öýlerine, kolhoza gidersiň – diýip, ol soňra öňündäki kagyzlaryň birinden onuň familiýasyny hem tapdy. – Amanşa Durdylyýew bolmalydyr. Tapdygyň, derrew şu ýere alyp gel. Şäherli heniz gapydan çykyp-çykmanka, ol maňa tarap öwrüldi: – Ýogsa-da, Kuwwat, sen ýaňkyň eli tokly hakdaky gürrüňlerini nähili gördüň? Onuňam agzyny ysgap göräýsek, heý, nepi degermikä ýa-da... – Ol sözüniň dowamyny özüme aýtdyrmakçy bolýan ýaly, gürrüňiniň şol ýerinde sägindi-de, maňa seredip duruberdi. – Nepi degmese, degmedigi bor-da, isleseňiz, gürleşip göräýeýin – diýip, Ymamguly aganyň oňa göwnüni bölmän hem durmaýandygyny aňşyramsoň, onuň pikiri bilen ugurdaş gürrüňi aýtdym. – Hawa-la, zyýany-ha degmez. Ýöne kän eglenme. Subytly bir zat aýtmasa-da, kimdigini beri bilip galaly. Günortadan soň bärik dolanjak bolawergin. Göräýmäge, halypanyň tabşyrygynda irnik zat ýokdy. Bardyň, gördüň, gürleşdiň, gaýtdyň. – wessalam. Ýöne onuň bilen şo gürleşmede iş bar eken. Asyl onuň ýanyna girip bilmän geçäýseň nädersiň? Keselhananyň bir çetindäki çaklaňja kabinetiň agzy nobata duran adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Men olaryň arasy bilen gapa tarap süýşüp ugradym. Ýöne gapa ýetirmän sakladylar. – Gardaş, şu duranlaram özüň ýaly adamlar, şoň üçinem nobata duraýsaň-a gowy bordy – diýip, ýüzünde reňk-pet galmadyk arryklaç pyýada meniň badymy aldy. Elbetde, meniň nobat belläp, garaşmaga ýagdaým ýokdy, onsoň: – Men milisiýadan – diýdim-de, ýene ileri-ileri dyzaberdim. Şol wagt arrygyň aňyrsynda duran ýaşuly ýaryldy: – Milisäň kakasy bolsaňam, sen-ä geçeňok, how! – diýip, diňe bir gepi bilen hem oňman, dyzap gelip, öňümi kesdi. Şondan soň maňa baş wraça ýüz tutmakdan başga alaç galmady. Bizi aýratyn bir kabinetde duşuransoň, baş wraç öz işi bilen çykyp gitdi. Ine, onsoň eli gudratly diýilýän adam bilen ikiçäk galyberdik. Up-ullakan kellesi göwresine kybap gelşip duran garaýagyz, orta ýaşlaryndaky bu pyýadanyň ellerinde nähili oýnuň bardygyny biljek däl. Ýöne oýnaklap duran gözleri welin, bir ýerde uzak eglenenokdy. Göräýmäge ynha, allanäme adam, ýöne näme üçindir, Gülleriň aýdan gürrüňlerinden soň, heniz özüni görmänkäm, oňa sähelçe-de bolsa ýigrenç duýgusy peýda bolupdy. Eger bir bendäň gelnine şonça zat diýmäge wyždany çatýan bolsa, onda başy boş gelni dagy näderkä? Näme üçindir şol wagt “ Görýan welin, adamlara känbir sen-sen diýibererligem ýog-ow” diýen pikir kelläme geldi. – Aýdyberiň, näme, bir ýeriňiz agyrýarmy? – diýip, ol gyssanýandygyny aýtmasa-da, muny ýaňky gürrüňi bilen syzdyrdy. – Hudaýa şükür, agyrýan ýerim-ä ýok – diýip, men birbada gürrüňe nämeden başlajagymy bilmän ýaýdandym. – Umuman, Şerip, ikimiziň gürrüňimiz ikimiziň aramyzda galmaly. Men milisiýadan, baş wraç aýtdy dälmi? – Hawa, aýtdy-aýtdy. Men diňleýän, aýdyberiň. – Siziň toguňyzyň zob keseline nepi degýärmi? – Men edil plan diýmäýin, ýöne köp zada peýda edýär. Zob diýýäniňiz, şo, alkymy sallanyp durýan kesel dälmi? – diýip, ol, näme üçindir, şo keseliň aýratynlygyny menden soramaga durdy. Haýran galdym, onuň tebipçiligi nire, bu çöňňeligi nire? Ol meniň bu pikirimi aňşyran ýaly, düşündirmäge oturdy. – Siz muny soraýanymy geň görmäň, dogtorlykdan känbir başym çykýan däldir. Men bir şopur adam, ýöne elimde tok bar eken-de, onsoň, gel, il-günüme peýdam degsin diýdim. Men esasy gürrüňden sowlup barýandygymy diňe soňky sowaly beremsoň duýup galdym: – Nädip bildiň? –Toguň bar bolsa, bilmek kyn däl-le. Aýalymyň iki aýagynda-da guragyry bardy, mydama uwlap ýörerdi. Onsoň bir gün işden gelsem, ol bedibagt ýene hyk-çok edip, özelenip otyr. Ine onsoň, nädip bu pikir kellä geldi, bilmedim, bir aýagynyň daşyndan ençe ýola elimi aýlaşdyrdym-da, soňam çilim çekmek üçin dalana çykdym. Birdenem içerden aýalymyň gygyryp sesi gelýär: “Gyýw, Şerip, gel, bu aýagymam şeýtsen-e!” Asyl şo tebipçiligimden soň ýaňky aýakda agyry galamadyk bolsa näme! Onsoň beýleki aýagam hezil etdi... Aý, bu maňa Hudaý tarapyn berläýen bir zat, how – diýip, ol özüniň büs-bütin ynanan zadyna menem üşertmekçi boldy. “Hudaý saňa tok berenden köpräjik akyl-paýhas beren bolsa gowy bolardy”. – Hudaýyň berenini nädip bilýäň? – diýip, men ýene bilesigelijiligimi saklap bilmedim. – Bilýän. Eger çynym. Şeýle boldy-da. – Nähili boldy? – Aýdyp bereýinmi? – Aýt. – Men goşun gullugyndan boşap geläýen uçurlarym köp wagtlap çölde, gum içinde işledim. Uly maşyn sürdüm. Gazçylaryň turbasyny daşaýardyk. Şonda bir gezek gaz çekilýän ýere turba alyp barýarkam, çöl-beýewanlykda öňümden bir kiçijik oba çykdy. Bolsa bäş-alty öýlüdir-dä. Ýöne adam gara göze ilmedi. Diňe obanyň bir çetinde ak sakgally, peşeneli dört sany ýaşuly düzzüm oýnap oturan eken. Menem olaryň ýanyna bardym-da, salam berdim. Olar salamymy almadan-a geçen, göwnüm üçin maňa tarap gözlerinem aýlamadylar. Men welin şonda-da olara üç kerem salam berdim. Şeýdibem, ýene öz ýoluma gidiberdim. Soň ýoldaşlarymyň ýanyna baryp, şeýle-şeýle diýip gürrüň bersem, gaýta gülüşýärler, bu jelegaýda oba nämişlesin diýşip. Ynanmasaňyz, ýörüň – görkezeýin diýdim. Onsoň, bäş-alty sany maşynly bolup, gumuň içiniň esli ýerini daraklap geçdik welin, eger-eger oba göze iläýsin-le! Hawa, gardaş, ine, şeýle boldy. – Onsoň, şol Hudaýyň berdigimi? – Ýogsam näme! Men-ä şeý diýip düşünýän. Aslyýetinde, oňa bu pişäni Hudaýyň berip-bermänligini anyklamak meniň wezipäme girip duranokdy. Şonuň üçin hem has bärräkdäki gürrüňlere geçileni kem däldi. – Hawa, onsoň, zoby bejerip bilýän diýdiňmi? – Siz ony nämeden soraýaňyz? – diýip, ol gaýta özüme sorag bermäge oturdy. Indi, megerem, anyk gürrüňe geçibermeli boljak öýdýän. – Siz gosstrahda işleýän Amanşany-ha tanaýan dälsiňiz? – Meniň şäherden göçüp gelenime heniz köp wagt bolanok. Onsoň, dogrusy, kimiň kimdigini onçakly tanamogam. Ýöne şeýleräk bir ady eşiden ýalag-a bolup durun. Amanşa... Amanşa... Gyzyl “Žigulili” oglanmyka? – Edil özi. – Hä-ä, ony bilýän, ýalňyşmasam, şoň aýaly meň ýanyma-da gatnapdy. Owadan gelin bolmaly. Ýogsa-da şoňkam zobdy gerek? – Hawa. – Ony bilýän. Çagalaram ýok öýdýän? – Aý ýok, ýalňyşmasam, çagalar-a bolmaly. Olaryň çagalarynyň ýokdugyny nireden bilýäň? –Bilib-ä bilemok, ýöne şol oglan bir gezek aýalynyň yzyndan gelende ýanyma girdi. Şonda “Aýal keseline-de kömegiň degýämi?” diýip sorady. – Aýalynyň ýanynda şeý diýip soradymy? – Hawa. Ýok, how, ýogsa-da aýaly daş çykansoň soradymaý? Hawa, gelni çykansoň sorady... Men düşünmedim-le, bu gürrüň nämä gerek boldy? – Hiç-le. Ýeri, onsoň, sen oňa näme diýdiň? – Göreli, bir zat etjek borus diýdim. – Sen näme, onam bejerýäňmi? – Bilýäňizmi, umuman, anyk bir zat aýdyp bolanok, ýöne şonuň ýalylaryňam peýda tapýany bar. Men-ä hiç welin, bu aýdylyp oturylan zatlara hut Lukman Hekimiň özem agzyny açyp galardymyka diýýän. Ýene bir zat: her näme-de bolsa, bu badyhowa kişiniň düýnki waka-ha galtaşygynyň ýoklugy äşgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||