00:16 Gözleg we çalşyrma | |
GÖZLEG we ÇALŞYRMA
Ylym we tehnologiýa
1. Bu serişde tekstiň parçasyny tapmaga, görkezilen tekstiň bölegini täze tekst bilen çalşyrmaga ýardam berýär (2.3-nji surat). 2. Найти и Заменить gepleşik penjiräni Главная menýunyň Редактирование panelindäki – Заменить buýruk bilen açmak bolýar. 3. Найти и Заменить gepleşik penjirede Найти meýdança gözlenýän tekstiň parçasy girizilýär. 4. Gözlegiň goşmaça parametrlerini bermek üçin, Большe düwmejige basmaly. 5. Формат, Специальный goşmaça düwmejikler berlen şekilde (obrazda) formatlaşdyrylan teksti, ýörite “çap edilen” simwollary gözlemäge ýardam berýär. 6. Tapylan teksti awtomatik çalşyrmak üçin, Замена goýundydan (wkladka) peýdalanylýar. 7. Çalşyrýan teksti Заменить на meýdança girizilýär. 8. Перейти goýundydaky dolandyryjy elementler ýörite (spesifik) tekste ýa-da obýekte (mysal üçin: berlen sahypa, çykgyda (snoska) ýa-da surata) geçmek üçin ulanylýar. Bellik. Gözlegi ýa-da çalşyrmany Ctrl + F klawişleriň utgaşmasy bilen ekranyň çep tarapynda açylýan Навигация penjirejigiň Поиск в документе sanawyny açmak bilen hem amala aşyryp bolar. Soňky buýrugy (hereketi) ýatyrmak we ony dikeltmek. Iň soňky ýerne ýetirilen buýrugy ýatyrmak düwmejik ýa-da klawiaturada Ctrl+Z klawişleriň utgaşmasy bilen amala aşyrylýar. Eger buýrugy ýatyrmak ýalňyşlyk bilen amal edilen bolsa, onda düwmejik ýa-da Ctrl + Y klawişleriň utgaşmasy bilen ony dikeldip bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |