19:55 Gözleriñde | |
GÖZLERIÑDE
Goşgular
Gözde galan keşbiñ gözläp, Syn eglendi gözleriñde. Çykdym ýola bagtym yzlap, Ýol eglendi gözleriñde. Gözüñe goýlan serpikler, Gözüñ goragyna diklen, Aljak bolanda kirpikleñ, Jan eglendi gözleriñde. Kalp gider giden ugruña, Yşkym gönezlik şygryma, Basaýyn diýip bagryma, El eglendi gözleriñde. Saçlaryñ bir boglan desse, Çözler gider elim ýetse, Bagtym çüwer, nesip etse, Päl eglendi gözleriñde. Hyýal ganatynda gazlañ, Bagty bilen ara sazlan, Göwnümiñ ýazynda ýazlan, Ýaz eglendi gözleriñde. Ýar bakyşyñ dürli-dürli, Bagyş eýlediñ göwün dürni, Ötüp bilmän ýaşlyk döwri, Kän eglendi gözleriñde. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |