22:32 Gül gowşuryp... / ýumoreska | |
GÜL GOWŞURYP...
Satiriki hekaýalar
Bu waka, meger, ýalňyşmaýan bolsam, ellinji ýyllaryň başlarynda bolupdy. Şindi-şindilerem birden ýadyma düşäýdigi, öz ýanymdan ýylgyranymy duýman galýaryn. Şu çaka çenli men muny kemteresinden iň ýakyn ülpetlerimiň ýanynda hem dilime çolaman geldim. Ýöne indi görüp oturýan welin, asyl şuny ile gürrüň beräýsemem, gelişmän durmajak ýaly bolup dur. Ine, şu niýet bilen galamymy elime alşym meniň. Okap görüp halasaňyz-a, meniň göwnümiň bitdigi, halamasaňyzam... aý, nätjek-dä. Kyssasyny otarmak meniň bilen. Galamasy bilen işim ýok. Hawa, ellinji ýyllaryň başlarynda, eşider bolsaňyz, Moskwa uniwersitetine iki bolup okuwa gitdik. Iki bolup diýýänimiň bir-ä men, beýlekisem hol Berdi çüýrügiň dogmasy Allaş. Ikimizem bir obadan, ikimizem gözlüje ýaşytdaş, ikimizem bir orta mekdebi gutardyk. Onda-da medalsyz gutardyk, özem bileje gutardyk. Ana, onsoň uniwersitete-debileje gitdik. Bilimizi berk guşap, girdik söweşe. Konkusr- söweş-ä! Onda-da nähili söweş! Her egzek ekzamene girmeli bolanda, edil ýaga depjek ýaly ýaýdanýaň. Gepiň keltesi, ganymat bahalar bilen konkusrdan aman-sag geçdik. Lenin daglaryndaky haýbatly otuz iki gat jaýyň “G” zonasynyň bäşinji gatyndan ikimize bir jaý berdiler. Jaý dagam däl. Şirwan şalarynyň köşgem beýle sapaly bolan däldir. Okuwa, onda-da iň uly uniwersitete kabul edilen adam özüňe belli. Aýak basyşymyzam üýtgedi, sesimizem. Ýöne dura-bara begenjimiz birneme köşeşensoň, dogduk depämizi küýsäp ugradyk. Okuw başlanaryna-da entek salym bardy. Moskwa ýaly mekanda ýüregi gyssa, adam özünden görmeli. Şeýle-de bolsa, garaz, göbek ganyň daman ýerini otursaň-tursaň küýsäp dursuň-da. Medisinada “nostalgiýa” diýen bir kesel bar. Şol terminiň manysyny biziň dilimize geçirseň, “dogduk depäňi küýsemek” diýmek öýdýän. Gaty dogry kesgitleme-dä. Kesel kemi ýok. Sähel gorum-gowşaklyk etseň, asyl aman-zamanyňy bermän alaýjak ol seni. Kesearkaçdan ugranymda, Babagammaryň senedini ýýanyma alanym hernä gowy bolupdyr. Köpetdagy telwas edýän köňlümi dutaryň owazy bilen azda-kände köşeşdirmäge gurbatym çatjakdy. Ana, onsoň, Allaşy gaşymda oturdyp, bir-iki sany heň gaçyrdym. - Hany, ýany bilen hiňlenibem bir goýber. - Allaş jan, eýgermejek zadymy etmäýin. Meniň bir ölä-dirä ýarar ýaly sesim ýokdur. - Şu taýda ikimizden başga syn-deramat edip oturjak adam ýok-laý. Bolşuna görä gygyrybersene. - Seniň göwnüň galandan... – diýip, gözümi ýumagadan damana ýolundan bir aýdymy gaçyryp berdim. - Sary bilbil bol-a! Sen-ä basyrylgy atan ekeniň... - Çynyň-maýt? - Walla, eger, gara çynym. - Oýnajak bolmasana... - Ah-ow, hudaýlygymy sözleýän! Sen şeýdip aýdýarkaň, men hut asmandan inen Bilbilgöýäň owazynam küýsemen. Walla-eger. Men-ä yhlas bilen başardygymdan gygyran bolup otyryn, o-da göz-görtele bihaýalyk bilen meni arşda-kürsde goýmady. Ýaňkyň ýerliksiz tarpyna geldi gaharym: - Arman, dutarym iki däl, ýogsam birini seniň dik depäňde döwerdim! - Be, be, munuň bolaýşyny – diýip, Allaş gözüni mölerdti. – Ile nähili ýarajagyny bilemok. Ýöne meniň üçin-ä seniň sesiň müň ajala derman. Galanynam özüň bil... Şol gün Allaş Leningrada gezelenje ugrady. Menem yrjak boldy. Emma men harjym az diýen bahana bilen galdym. Ýoldaşym gidensoň, hasam ýüregim gysyp ugrady. Kapasa düşen guş ýaly, karar-takatym gaçdy. Ýatsam-tursam dutarymy elimden düşüremok. Sapanyň sergin çagy penjiräniň öňüne baryp, ulus-illeri, keremli daglarymyzy, Arkaç şemalynyň şuwwuldysyny ýatlap, aýdyma ajöze gygyrýan. Bir jaýda ýeke özüm däli-porhan bolýan. Penjiräň öňüne baryp tüm garaňkylyga nazarymy dikip, ýatar garna hem bir gygyrýan welin, heziller edinäýýän. Birküç gün geçensoň, işigimiz kakyldy. Görsem, işikde bir ýigit bilen bir gyz duran eken. Ýylgyryp durlar. Şeýle bir ýüzi nurana adamlar. Gyz elindäki gül dessesini bada-bat maňa uzadyp, mähirli ýylgyrdy. Näme sebäpden ala-böle maňa gül gowşurylýandygyny bilmesemem, minnetdarlyk bilen başymy atdym. - Haýsy dilde gepleýäňiz? Rusça düşünýäňizmi? - Hawa – diýdim. Ýaňky ýigit edil yzyndan ýagy gelýän ýaly bolup gürledi: - Biler bolsaňyz, biz üç-dört gün bäri hol daşarda durup siziň aýdymlaryňyzy diňleýäs. Siziň aýdymlaryňyzyň bize nähili lezzet berýändigini siziň ýüzüňize aýdyp durmaly. Şu zonada ýaşaýan daşary ýurtlulardan çeper höwesjeňler kružogyny döretmeli diýen karara geldik. Eger siz tarapdan garşylyk bolmasa, onda sizem kružoga ýazmakçy biz. Siziň şirin owazyňyz, goý, bütin uniwersitete, bütin Moskwa, bütin Soýuza ýaýrasyn... - Gynanmalymy ýa begenmelimi, onçasyny bilemok, ýöne men... daşary ýurtly däl... - O nähili?! – diýip, olaryň ikisi birden seslendi. Olaryň ýüzünde lapykeçlik, aljyraňňylyk, nägilelik alamatlary mese-mälim äşgär boldy. - Nähilisi bormy... Men Bamydan, özem demir ýoldan ilerde ýaşaýan. Gepiň gysgasy, men Türkmenistandan... - Onda näme... – diýip, ýaňky ýigit gyzaryp durşuna sakawlady, soňam şadyýanlykda mähir bilen gowşuran güllerini elimden silip aldylar-da ötägitdiler. Şo günüň ertesi biziň işigimizdäki poçta ýaşşiginden bir hat çykdy. Onuň mazmuny şeýledi: “Ýoldaş Aşyrow! Siziň öz jaýyňyzyň öňünde durup, aýdym aýtmak bilen öz goňşularyňyza azar berýändigiňiz mälim boldy. Aýdym aýtmagy şundan şeýläk bes etmelidigiňizi, umumy ýaşaýyş jaýynda ümsümligi berjaý etmelidigiňizi size duýdurýarys. Eger şeýle ýagdaý gaýtalansa, onda degişli çäre görüljekdigini hem siz öňünden duýduryp goýýarys. Korpusyň komendanty (goly).” Aşyrberdi KÜRT. “Edebiýat we sungat” gazeti, 29.10.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |