AWTOMATLY GORAÝMASAÑ...
- Hawa, ýoldaşlar, mazaly esewan bolsañyz, meniñ ýüzüm-gözüm eñşäp durandyr, edil Hirosimanyñ harabalygy ýaly. Şeýle bolmaz ýalam däl-dä, walla. Uly oglumyzy öýermek üçin, çagalaryñ ejesi gudaçylyga barypdyr. Özi-de oglumyzyñ bar diýen ýerine barypdyr - insititutda bir kursda bileje okap ýören gyz eken. Gyzyñ ejesi: "Bize galyñ gerek däl, gyzymyzy bir laý geýindirip, şaý-sepli etseñiz bolýar" diýipdir-de, eline bir spisok berip goýberipdir. Ynha, görüñ: "Lama" paltosy - 6 müñ manat, benewşe reñkli panbarhat - 1500 manat, italýan ädigi - 220 manat, şagyñaç - 350 manat, şagyñajyñ aşagyndan han ýaglyk - 140 manat, altyn bilezik - 1500 manat, brilliant gaşly altyn ýüzük - 1500 manat. Her barmagyna gämi ýüzük - hersi 280 manatdan altun broşka - 520 manat, altyn gulakhalka - 310 manat, altyn sagat- 500 manat, hemme dişlerini altyna gaplamaly. Şu zatlar jemi 16 müñ 500 manada düzeljek.
Ine, ýagdaý-a şeýle, ýoldaşlar. Elheder alyp, oglum ejesiniñ spisogyny gyza görkezipdir welin, o-da içiñi ýakaýyn diýen ýaly: "Galyñ diýmändir-ä, ejemiñ düzen spisogyndaky zatlary äberseñiz bolýar" diýipdir. Ýeri, muña näme diýip, näme aýdarsyñ! Eger juldan çykyp, şo zatlary äberäýsegem, bir howply tarapy bar: 16 müñ 500 manatlyk zady geýip, dakynyp, şähere çykaýsa, ony ýaragly goramaly bolar. Onda-da awtomatly goramaly bolar. Bizde bir hazan alyp ýatan awtomatam ýog-a. Amerikada ony arkaýyn satyn alyp bolýarmyşyn. Turistik putýowka bilen Amerika gidip, getirip bolmazmykan-aý!? Öz-ä bir synanşyp görmeli. Ömrümde ilkinji gezek ogul öýerjek bolşum. Uly oglumyñ göwnüni ýykyp bolmaz-a!
Düýn ýöne ýassykdaşyma "proizwodstwony" ýap diýdim. Ilat sany boýunça Hytaýyñ yzyndan ýetjek bolup durmaly diýdim. Eger dogurmañy bes edip bilmeseñ, onda diñe gyz dograweri diýip, gaty berk tabşyrandyryn. Dogry-da, walla. Ýogsam her ogly öýerjek bolup, on alty ýarym müñ manat tapmak üçin, görgä galyp ýörmeli bolar. Onuñ üstesine-de, Atlantiki okeandan aşyp, awtomat getirmeli bolar. Iki aýakly 16 ýarym müñ manady ýaragly goramaly bolar-a!
Aşyrberdi KÜRT.
Satiriki hekaýalar