18:04 Söz-ä berdiler / kinaýaly kyssa | |
SÖZ-Ä BERDILER
Satiriki hekaýalar
Dek ýigrimi üç ýyl mundan ozal ýaşlar gazetiniň redaksiýasinda işläp otyrdym. Tomus. Yssy. Kondisioner diýen zat ýok o wagtlar. Yssydan ýaňa meýmiräp tas irkilen ekenim. Telefon jyňňyrdady. Görsem, Döwlet Howpsuzlygy Komitetinden bir turkmen polkownigi jaň edýän eken. Şol edaranyň meniň daşyma çyzyk çekip ýörendigini aňýardym – esli wagt bäri KGB-niň graždan eşikli işgärleri meniň dost – ýarlarymy ýolda-yzda saklap, meniň beýnimdäki 14 milliard kletkanyň özüni alyp barşy barada soraýan ekenler, özi-de her gezek olar “biziň şu gürrüňimiz şu ýerde galmalydyr” diýip tabşyrýan ekenler. Her gezegem sowal berilýänler gelipjik, şol gürrüňi gylyny gymyldatman, maňa aýdyp berýärdiler. Şeýle-de bolsa, men darygmaýardym. Etmişimiň ýokdugyny bilýärdim. Şol sebäpdenem, “geliň, bir gürrüňimiz bar” diýen dessine, göni gidiberdim. Şu wagtky Magtymguly prospektiniň ugrunda Saglygy saklaýyş ministrliginiň gabat garşysyndaky jaýyň Işigini sag aýagymyň burny bilen açjak bolup birneme sägindim. Onýança ýeňsämden biri gelip, meniň bu bolup durşumy geň görendir-dä: - Iki eliňiz boş welin, şonda-da işigi aýagyňyz bilen açjak bolup, azara galyp dursuňyz – diýdi. – Gyzamykdan galan endikden hiç halas bolup bilemok- diýip, onuň ýüzüne ýylgyryp bakdym. Dogrudanam, men äsgermeýän edaramyň işigini aýagym bilen açmagy halys endik edäýipdirin. Baryp-ha Moskwada işläp ýören ýyllarym, SSKP MK-nyň propaganda bölümiň haýyşyna görä, “Sowet Türkmenistany” gazetine her ýylda bäş- alty sapar syn ýazmaly bolýardym. Şol gazetiň bir-iki aýda çykan sanlaryny toplap, maňa getirip bererdiler. Ỳöne ýazan synymy elin eltmeli bolýardym. Ana şonda her gezek şol edaranyň jaýynyň işigini sag aýagymyň burny bilen açýardym. Şondan galan endik-dä. Hawa, ýaňky ýeňsämden gelip işigi açyp beren adama “Sag bol!” diýdim-de, içine girip gitdim. Meni ikinji etaža eltdiler. Girmeli kabinetimiň işigini açyp berdiler. Girdim. Uzyn stoluň başynda iki sany erkek kişi oturan eken. Biri türkmen, beýleki ýewropaly. Öz aýtmaklaryna görä, ikisem polkownik. Şol türkmen polkownigine kä wagt häzirem duşýaryn. “Respublikan harby komissariaty” diýen awtobus-trolleýbus duralgasynda düşýär ol. Hawa, geçip oturyň diýdiler, geçip oturdym. Rus dilinde gepleşýärdik. Ikisiniňem familiýalary ýadymda däl. Maňa ilki bilen ors polkownigi ýüzlendi: Bilýäňizmi niräk gelendigiňizi? - Bilýän. Sakar dowzahyň altynjy otdeleniýesiniň Ýerdäki filialyna geldim! – diýip, men ýylgyryp jogap berdim. Ors uzakçyl däl eken, girre gahary geldi: - Oýun edilýän ýer däl bi ýer! Şuny bek belläň! - Belledim, graždanin polkownik! Şeý diýdim welin, ikisi bir-biriniň ýüzüne seretdi. Onsoň ýene ors gepledi: - Näme tussag bolup gördüňizmi? - Aý, ýok. Ahyry meni bir gün KGB ýygnar, şonda gerek bor diýip, tussaglaryň geň-enaýy leksikonyny ätiýaçdan öwrenip goýaýypdym. Ýaňky kinaýaly ýylgyryp: - Başga-da öwrenen zadyňyz boldumy? – diýip sorady. - Hawa, islän wagtym islän ýerimde uklap bilýän. Dik durkam-da uklap bilýän. Üç hepde aç gezip bilýän. Nahar dannamam bolmaz. Öňümden çykan zady iýýän, gymyldan zady iýýän: möý, ýylan, sakyrtga, çekirtge … tapawudy ýok. Gaty ýerde ýatmany öwrendim … Ýene ors gepledi: - Türkmenistany SSSR-iň sostawyndan aýyrmakçy bolýarmyşyňyz. Men ýylgyrdym. - Hawwa, aýyrjak. Ýöne bäş-üç gün garaşmaly boljak. Çärjew köçesindäki bir otagly kwartiramy Berzeňňä çalyşmakçy bolup ýörin. Çalyşdygym, hökman aýdaryn. Şeý diýdim welin, polkownigiň gonjuna gor guýulan ýaly bolaýdy. - S Wami goworýat na urowne gosudarstwa, a wy pozwolýaýete sebe … - diýip, jümlesini soňlaman goýdy. Eger türkmen diline geçirseň, onda: “Siziň bilen döwletiň derejesinde gürleşýärler, siz bolsaňyz …" diýen manyny berýär. Men arkaýyn ýylgyryp, şeýle jogap berdim: - Men ýumorist ahyry. Men aglamda-da ýumor gatyşyklydyr görseň … Türkmen polkownigi sözümi böldi-de, öňünde açyk duran bloknotyna göz gezdirip, maňa ýüzlendi: “Ke-ge-be sypatlym, Gestapo gözlüm Il dönse-de, göwnüm dönmez, ýar senden …“ Ýa-da: Goltugymdan göterip, pylçap urduň, Watanym! Başymdaky telpegim papak etdiň, Watanym! Aýagymdaky çokaýmy çepek etdiň, Watanym! diýen setirler bilen başlanýan aýdymlary siz ýazdyňyzmy? Şeýle zatlary diňe ýumorist ýazyp bilse gerek. Şu neziräniň käbir setirlerini meniň ýoldaşym ýazypdy, şeý diýip aýdaýsam, meniň ony satdygym boljakdy. Şol sebäpden hemmesini öz üstüme almaga mejbur boldum-da: - Öýkünilip ýazylan şol aýdymlaryň hemmesiniň awtory men. Şahyrlar, ýazyjylar bolup bir ýere üýşdigimiz, onda-da şerap başynda otyrkak, degişmän-gülüşmän oňamyzog-a. Keýpim kökkä aýdandyryn-da. Polkownik gazap donuny engine atara meňzedi: - Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary munuň üçin siziň ýüzüňizi sypamasa gerek. - Howwa-la, sypasy ýok. Meniň belet zadyma ol. Biler bolsaňyz, baryp-ha 1958-nji ýylda, men Moskwada işläp ýörkäm, respublikamyzyň Jenaýat Kodeksini, Jenaýat-prossesual kodeksini we Graždan Kodeksini terjime etmäge hem-de redaktirlemäge gatnaşypdym. Şo ýylyň mart aýyndaky sessiýada – SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasynda tassyklapdylar. Şeý diýsem, ýaňkylaryň birneme doňy çözülen ýaly bolaýdy, göwnüme bolmasa. Indi geplemek gezegini ors aldy. - Ynha, görýäňizmi, paýtagtda siz abraýly edarada, onda-da gaty uly edarada işläpsiňiz, jogapkärli işlere gatnaşypsyňyz. Kodeksleriň terjimesine gatnaşandyklaryňyzy biz bilýäs. Ýöne siz Aşgabada geleniňizden soň welin … - Öz ilimiziň howasy täsir edýändir-dä – diýip, onuň soňlamadyk jümlesini gutardymmykam diýsem, ors bir mojuk zady tapdy oturyberdi: - “Eger türkmen nebitini turba bilen akdyryp, serhede çenli ýetirip bilseler, men ony daşary ýurtlara kürüşgeläp satyp, Garagumy altyn bilen bilen suwap çykardym”, diýipsiňiz. Men ýene ýylgyrdym: - Kim aýdanam bolsa, gaty dogry pikir. Şeýle pikir öz kellämden çykmandygyna gaty gynanýan. Arman! Ors egnindäki üç ýyldyzly pogonynyň güýjüne baýrynyp gepledi: - Haý-haý! Gaty gidibermäň! Hetdiňizi tanaň! Nirede oturandygyňyzy unutmaň! Ýene bir ýerde siz “Amerikany ýarag güýji bilen basyp bolmaz, ony ýok etmegiň başga bir, gansyz-şüwensiz, aňsatja usuly bar”, diýip gülüşdiripsiňiz. Dogrumy şol? Şol wakany ýatlatdy welin, menem 37-nji ýylda Ýežowyň penjesinden aman sypan köne rewolýusionerlar ýaly, asyl ýyryş ediberendirin. - Aýdýanyňyz rasdyr, graždanin … ýoldaş … polkownik! Halkyny dok ýaşadýan, adam hukuklaryny doly berjaý edýän ýurdy … Ol sözümiň arasyny gahar bilen üzdi: - Galat aýdýarsyňyz! Kapitalyň höküm sürýän ýurdunda adam hukuklarynyň äsgerilmegi mümkin däl. Bilip goýuň şuny! - Bolýa. Bilip goýdugym. Ýöne Amerika diýäýeýin. Şol Amerikany ýaragyň güýji bilen basyp bolmaz, diýdim. Aslyýetinde basjak bolmak nämä gerekkä?! Ol oglan, ýer şarynyň aňry ýüzünde ýerleşýär-ä. Juda indi oňa gün bermejegiň çynyň bolsa, dünýäň puluny harçlap, raketa ýasap ýörmeli däl-de, aňsatja tärini tapmaly diýdim. Mysal üçin, iki ýurduň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklary ösdürmeli diýen bol-da, bir ýyl möhleti bilen olaryň alymlaryny bärik çagyryp getir, biziňkilerem Birleşen Ştatlara iber. Biziňkileriň baran ýerinde ylmyň ösmegi, ylmy-tehniki progressiň bolmagy mümkin däl. Ylmy-tehniki progress bolmadyk Amerikany hem göz öňüne getirmek mümkin däl. Diýmek, Amerika öz-özüne çöküp dagaýar. Amerikadan gelen alymlar hem biziňkileriň ylymda çykaran hokgalaryny görup, düşünmän, hökman dälirärler. Ine, Amerikany şeýdip ýykmaly diýipdim. Indi türkmen polkownigiň gezegi geläýen ýaly: - Gedaýlyk baradaky siziň dawaňyz ýokarlarygam ýetipdir – diýdi. - O bir kiçi-girim mesele däl-ä. Öňkilik bolaýdy, onuň ýaly meseläni egri gylyjyň tygy bilen çözerdiler. Giden bir halky gedaýlykda aýyplap bolmaz-a. Onda-da türkmeni. Käbir enesi ýalamadyklar, aýyn bolmasa, “rewolýusiýadan ozal türkmenler gedaý ýaşaýardy” diýip ýazýarlar. Heý, türkmenem bir gedaý ýaşarmy?! Territoriýamyz tas Fransiýanyň territoriýasyna barabar. Biz Russiýa imperiýasynyň koloniýasykak, Nikolaý Ikinjiniň statistika edarasynyň 1913-nji ýyldaky maglumatlaryna görä Türkmenistanda 200 müň düýe, 86 müň gylýal, 20 milliondan gowrak (elbetde çen bilen) dowar bar eken. Şonça maly bolan halka-da bir gedaý diýip bolarmy! Gedaýsyz halk bolmaz, emma gedaý halk ýokdur. Aşyryň, Myradyň, Hydyryň gedaý bolmagy ahmal. Emma, bagyşlaň, bütin bir türkmen halkyna gedaý diýmäge diňe çöpdüýbüleriň dili öwürler. Özi-de bize gedaý ýaşapdyr diýýänler ors ýa-da ýewreý däl-de, hut hamyrmaýasy bisähet gün atylan türkmenlerdir. “Ozal öz halkym gedaý ýaşapdyr diýsem, syýasy ýolbaşçylara hoş ýakar, netijede maňa ulurak wezipe bererler” diýip tama edýän wezipeparaz türkmenlerdir. Şo tetelliler asyl manysynda türkmenem däl-de, eýsem türkmeniň borjuny wagtlaýynça ýerine ýetirýän haýwanlardyr. Olaryň ikisi-de çala ýylgyrdy. Ors arkaýyn gaýşybrak oturşyna gürledi: - Öz milletiňizi gazap bilen goramaga heran-haçan taýýar bolup durmagyňyz öwgä mynasyp. Ýöne başga halklaryň wekillerine garaýşyňyz birhili. Eger rugsat etseňiz, siziň bloknotyňyzdaky käbir ýazgylary okap bermekçi … - Hä, indi meniň bloknotlarymy bildirmän barlap başlapsyňyz-ow! Gutlaýan! Ýöne, araplaryň bir nakylyny ýatlamaga maňa rugsat edersiňiz.”Iliň hatyny okaýan adam öz ejesiniň satanynyň arasyna sereden ýaly bolýandyr”. Araplara şeý diýipdir. Menden sorag edýänleriň ikisi iki ýerden hüjüme geçdi: - Gürrüň Sowet döwletiniň bähbitleri barada gidýärkä, biz hiç zatdan gaýtmarys. - Eger zerurlyk ýüze çykaýsa, onda biz siziň ýalynyň diňe bir bloknotyny däl, eýsem bir depim gumy bilen hatda … diýdi-de, ene bloknotyny agtaryşdyryp ugradarys: - Ynha, esasy meselä geçeliň. Howwo. Ynha şeýle ýazgy bar eken: “Sotsializm erkek kişiniň gaýratyny aldy, aýalyňam haýasyny aldy. Gaýratsyz erkekleriň, haýasyz aýallaryň jemgyýetinden oňlulyk tamasyn etmäň”. Başga bir ýazgyny okap bereýin, özem rus dilinde ýazylypdyr. “W Turkmenistan ponaýehalas wsýakaýa neçist I wedýot brodýaçiý obraz žizni. I samoýe udiwitelnoýe to, çto oni imeýut naglost razglagolstwowat o culture I obwinýaýut nas, Turkmen, w otstalosti. Ýa uweren, çto porýadoçnyýe lýudi dolžny žit u sebýa na rodine. Ýesli werit istoriçeskomu opytu, to liş na swoýih zemlýah I, opiraýas na swoýi natsionalnyýe korni, lýudi imeýut wozmožnost sozdawat swoýu kulturu”. Ol okap boldy-da, meniň jogap bererime garaşdy. - Iliň bloknotyndan bildirmän göçürilen zatlara jogap berjek däl men. Gerek bolsa, suduň öňünde jogap bererin, - diýdim-de, arkaýyn oturyberdim. - Jogap bermezlige hakyňyz bar – diýip, ors polkownigi arkaýyn aýtdy. – Meniň size iň soňky sowalym: Günbatar Germaniýada general agam bar diýip, siz göreniň ýanynda öwünip ýörenmişiňiz. Gördüňizmi, ýüzüňiz ýagtylyp gitdi. Diýmek aýdylýan zatlar dogry eken. - Ke-ge-bäniň hakyna tutma şugullaryň berýän maglumatlary dogrudyr. Siz bir zady pikir edip görüň-ä: hiç zatdan bihabar adamyň doganoglany general bolup çykaýsa, näder öýdýäňiz ol ?! Elbetde, begener. Soň görüp otursam, meniň tohumymda general ýeke ol däl eken. Gurbandurdy Gäriçmegiň bir ýakyn garyndaşy Owganystanda general eken. Biziň birimizi çagaka Sankt-Peterburga äkidipdirler, kadetler korpusyny gutarypdyr ol, soň general Kornilowyň adýutanty bolupdyr. General öldürilenden soň , Türkmenistana gaçyp gelipdir. Öz ilinde ýerläp bilmändir, Türkiýä gidipdir. Soň Bolgariýada, Ýugoslawiýada general çininde gulluk edipdir. Ahyram Nýu-Ýorkda ölüpdir. Men şolaryň üçüsine-de guwanýaryn. Birinjis-ä has ýakynym. Kesip aýyrjak ýerim ýok. Olaryň näme işläp ýörendikleri bilen meniň işim ýok asyl. Olar Aşyrberdi diýen inisiniň bardygyny asyl bilýänem däldirler. Onda-da men olara guwanyp ýörin. Ahyry bir gün daşary ýurtda general agaň bar diýip, meni aýyplajakdygyňyzy bilýärdim. Arkaýyn boluň, olardan bize zowal ýok. Sowet adamsynyň daşary ýurtda general garyndaşynyň bolmaly däldigini aňdyk. Şol sebäpden öňräk men “Indiden beýläk general doguraýmaň” diýip, ýeňňelerime berk tabşyrandyryn. Olar söz-ä berdiler dogurmarys diýip… Iki polkownik gürrüňiň äheňini dura-bara üýtgedip ugradylar: meni türkmen okyjylary tanaýarmyşyn, bütin halkyň agzyna –diline düşüpmişim, abraýym ulumyşyn… Ahyram türkülediler: - Siziň gowy kwartiraňyzam, “Wolgaňyzam”, gowy wezipäňizem bolar, eger siz… Men olaryň teklibine hä diýip bilmedim. Çüňki meniň tohumymda garakçy, alamanbaşy, batyr, tentek, gorkak… bolupdy, emma şugul bolmandy. Aşyrberdi KÜRT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |