NYŞANALY SÖZLER
ÜÇ ZADY
Başga kişä ynanyp bolmaz:
1. Öz halkyñ taryhyny ýazmagy;
2. Öz aýalyñy;
3. Öz saglygyñy.
ÜÇ ZAT GÖRÜNMEZ
Ýylanyñ aýagyny, ýag garynjasynyñ gözüni, zalymyñ ýagşylygyny heniz gören ýokdur.
ÜÇ ZAT GEREK
Häzirki döwürde bagtly ýaşamak üçin üç zat gerek: aýalyñ gowy bolmaly, işleýän edarañ başlygy gowy bolmaly, saglygyñ gowy bolmaly. Şol üçüsi gowy bolanlygynda, wokzalda ýaşasa-da bolar.
OGUL ÜÇ HILI BOLÝANDYR
ŞABESER OGUL. Ogul diýip şoña diýäýseñ. Edenli. Gepi-sözi ýerindedir. Kelamyllanyñ bukjasyndan bihal söz çykmaz. Uly iliñ içinde arzysy bardyr, süýji labyzdyr. Göreniñ göwnünden turar. Uly ile ýarar. Illere "menem şunuñ ýaly bolsam" diýdirer. Gelim-gidimi tükenmez. Dabarasy dag aşar. Beýle ogluñ ýüzi bissimillaly, niýeti-päli täretli, maşgala ojagy dogaly bolar. Ýagşyzadalar onuñ ýüzüne bakyp, nepes eýlär. Tä ölýänçä onuñ ýüzünden tuwagy-nury syrylmaz. Ahyrda-da nury-iman bolup, dünýeden öter.
SERBE-SER OGUL. Şabeser ogluñ bäri ýanydyr. Gepi-sözi galapyn ýerbe-ýer bolansoñ, pylanyñ ogly diýdirer.
DERDESER OGUL. Ene-atasyna, il-gününe ysnat getirer. Öýli-işikli edip, öýüni aýyrarsyñam weli, keşigini ene-atasy çekmelidir. Ene-atasynyñ pensiýasyndan hantama bolýan wagtlary-da az däldir. Özi-de galapyn halatda şo zeýilli bihepbe ogul hut synly-salaly adamlaryñ maşgalasynda dünýä inýär.
NEBIS
Nebis üç hili bolýandyr. Ol seniñ ho...o...l öñüñden ýörese, sen dünýätalap bolarsyñ. Harsydünýäligiñ ýelgini seniñ jynsyñy üýtgeder. Jynsy üýtgän adamam durmuşyñ hözirini görüp bilmän, haçan görseñ gazanç ugrunda hallan atyp, magşar gününiñ diwanasy ýaly bolup ýörendir.
Nebsi yzyñdan ýöretseñ, sen biakyl bolarsyñ. Kemyrsgallylyk mydama saña hemradyr. Il-güne "özüni oñarmaýar" diýdirersiñ.
Nebsi deñiñden ýöretseñ, ile meñzärsiñ. Ýeñli-ýanly, synly-salaly bolup, il içinde ýagşydan adyñ tutular.
IÑ AÑSAT, IÑ KYN, IÑ BEÝIK
- Dünýäde iñ añsat zat näme?
- Akmak bilen akylyñy deñlemek.
- Dünýäde iñ kyn zat näme?
- Akmaga akmakdygyny boýun aldyrmak.
- Dünýäde iñ beýik zat näme?
- Akmagyñ dilini tapmak.
ÜÇ ZADYÑ PIRI GÜÝÇLÜDIR
SALLANÇAK. Sallançakda ýatyp ulalan çaganyñ nepesi mydam düzüwdir. Juda bir pelek tutaýmasa, sallançakdan düşenleriñ içinde bihaly bolmaz.
ENE HÜWDÜSI. Sallançakdaka ene hüwdüsinden ganan çaga soñ-soñlar öz ene-atasy, dogan-garyndaşlary üçin hergiz eşret işigini açar, ýüreginden rehim, ýüzünden nur, elinden bereket gitmez.
DUTAR. Hüwdi bilen, dutaryñ owazy bilen sallançagy üwrelen çagalar beýlekilerden tapawutlanyp durandyr. Sebäbi sallançagyñ piri, ene hüwdüsiniñ piri, dutaryñ piri - şu üçüsiniñ gudraty bilen kemala gelenler soñ türkmene howandardyr.
ÜÇ SANY EM
Çaga üç ýaşyna deñiç üç sany em bardyr.
BIRINJI. Enesiniñ göwsünden inýän süýt. IKINJI. Enesiniñ ysy. ÜÇÜNJI. Enesiniñ eliniñ ýokumy.
Çaga üç ýaşaýança başga-başga emleri ulanmagyñ özi ajalyñ buşlukçysyny işigiñe elin çagyryp getirmekden başga zat däldir.
TÖWELLA
Ozallar türkmenlerde töwellanyñ üç ýaragy bolupdyr.
1. KERAMAT GÜÝJI. Ýazykly tarap obanyñ ýaşulysyny, işan-mollasyny öñüne salyp, töwella etmäge gider eken. Eger şeýdilende töwellañ alynmasa:
2. HORJUN TÖWELLASY. Horjuny altyn-kümüşden dykyp-dolduryp, näme alsañ-al, emma töwellamyzy al diýer ekenler. Eger munda-da başartmasa, onda gezek güýje berilýän eken.
3. TÜÝLI ÝUMRUK. Şunça ýalbardyk - bolmady, indi eliñden gelenini ediber, meseläni ýumruk bilen çözeris diýer ekenler.
Töwellanyñ şol üç görnüşiniñ başgaça atlary:
- Söz öñi;
- Altyn ortasy;
- Gylyç ujy.
Aşyrberdi KÜRT.
Sözler