23:40 Ikimizem biçäre ekenik / ýumoreska | |
IKIMIZEM BIÇÄRE EKENIK
Satiriki hekaýalar
Keremli daglaryň mesgeninde - biziň myhmançylyga baran ýerimizde bir äpet hoz agajy bar eken. Uzakdan seretseň, täsin galdyrýar. Golaýyna barsaň, howuňy basýar. Astynda dursaň, hopugdyrýar. Ömrüň-de görmedik zadyň-da. Birsalym haýran galyp seretdim. Onsoňam dyrmaşyp, onuň çür depesine çykasym geldi. Oglanlykdan oba göçendigini dyrmaşyp başlanymdan aňdymam welin, yzyma gaýtmadym. Hyýalymdan el çekäýenem bolsam, şo taýda meni utandyrjak adam ýokdy, ýeke özümdim. Şeýle-de bolsa, hyk-çok bilen zordan çykdym. Mähnet şahalarynyň birinde jaýlaşykly oturyp, demimi dürsemekçi boldum. Täsin bir dünýä gelen ýaly töweregime esewan etdim. Bir görsem, garşymdaky şaha kä ýerinden çalaja towlanýan ýaly. Siňe seretsem... Seretmänler geçsem bolmyýamy! Ýylan! Ýok, apy! Ýok, aždarha! Ýuwdarha! Ganymyň kellesi o şahada eken. Meniň ennamymdan syrygýan gyzgyn deriň her damjasy ýere patylap düşýärdi. Oturan şahama dura-bara ýelmeşdim. Zalymyň kellesini öýümdäki bozuk reproduktorym bilen deňeşdiräýmesem, başga nämä ýanajagymy bilýän däldirin. "Ýa suw! Ýa saman!" diýip özümi aşak goýberäýeýin diýsem, meniň on iki süňňümden kotletiň garasy ýaly zadam ýadygärlik galjak däldi. Men onuň gözlerine mejalsyz garaýardym. Ol birden adam dilinde sözlemäge durdy: - Hä, geldiňmi, ogul. Hoş gelipsiň! - Salawmaleýkim! - Maňa al salaryn öýtme. Salamyňy alsam, sen meniň myhmanym borsuň. Myhmana-da zelel ýetirip bolmaz. Ha-ha-ha! Meni allap bilmersiň! - Diýmek, onda siz, ýoldaş ýylan, bagyşlaň, ýoldaş aždarha, meni iýmekçi-dä? - Dagy näme? - Siziň dişleriňiz eňňere bolupdyr. Öňünçä bir stomatologa görünäýseňiz... - Kime-kime?! - Ýagny diş doktoryna. zaýalaryny omça goparan ýaly edip, deregine altyndan diş salyp bererdi. Çeýnemek aňsat düşer. - Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun. Seni men diriligiňe ýuwutjak. - Özüňiz gowy bilýänsiňiz. Býurokratizm ara düşmese bolýa. Diliňizem gylawlapdyr. Gylawyny syryp aýryp beräýeýin! - Ýaranjaňlyk bilen sypmarsyň. - Aý, ýok, ýaranjaňlyk däl. Ömrümiň ahyrky minutlarynda bir ýagşylyk edip galaýaýyn diýýän, belki, ýalkanaryn. - Köp gepläp, meni allasyň ýok. Men köpi gördüm. Şu taýda mesgen tutalyma ençe müň ýyllar geçdi. Meniň görmedigim görde galdy. Şu agajyň astynda Bährem Gur, Rüstem Zal, isgender, Görogly deý ärlerem düşläp geçipdiler. Olar bireýýäm gabryň gujagyna doldular, men welin diri. Şunuň astynda hazyna köki gömlendir. - Hazynalaryň gömlen ýerini bilýän bolsaňyz, siz puldanam-a horluk çekmeli däl. Näme maksat bilen şu ýerde mekan tutduňyz? Ýere düşseňiz bolmyýamy?! - Sen indi sanalgysy dolan adam. Syrymy saňa aýdaýaýyn. Men ýowuz gaýyn enemden bez bolup, şu taýyk özümi atdym. Maşgalamdan aýra düşdüm, emma gulagym dynç. Gaýynymy görmesem bolýa. Edil şo demde meniň gaýynymyň sesi eşidildi. - Aýu, sen nirede, sen? Naharyň awa döndi-le! Aždarha ynjalykdan gaçdy: - Kim ol gygyrýan? - Gaýynym. Sözümi soňlap ýetişmänkäm, bir alahasyrdy boldy welin, ýerimde zordan saklandym. Dünýäde ýylan ýaly çakgan zat bolmaz eken-ä. Ol eýýäm agajyň haçjalaýan ýerindäki hinine sümülipdir. Aşakdan zordan naýynjar sesi gelýär: - Sen menden halas. Tizräk gideweri. Bärik geläýmesin. Gaýyn eneleriň hemmesi birir. Gideweri, gideweri! - Şo gelýänden menem bizar. Gel, ikimiz bileje ýaşawereli. Aždaryň gözlerinde ýaş göründi. - Ýok, gideweri, han ogul. öz ýagyň özüňe nesip edewersin. Menem bulaşdyrarsyň. Apynyň ejizländigini aňyp, men onuň üstüne süründim: - Ýa bile gideli, ýa bileje galaly. - Gurbanyň bolaýyn, git basymrak. Hazynalaram seniňki bolsun. Gaýynym agajyň astyna gelen eken: - Aýu, üstünde nä körüň bar! Basym düş diýýän saňa! Ýogsam oturan agajyňy goparyp, köki-damary bilen ho beýläk zyňaryn! Ejize ganymlyk etmedim. Aždarha bilen deň bolup durmadym. Ýaşyny syladym. Syrylyp düşüp ugradym. Meňkem-ä aňsat däl: ýokarymam aždarha, aşagymam aždarha. Özi gowusyny etsin-dä... Aşyrberdi KÜRT. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1967 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |