22:56 Altyn balyk / ýumoreska | |
ALTYN BALYK
Satiriki hekaýalar
Wraçyň maslahatyna görä, göze görünmeýän birahat nerwlerimi köşeşdirmek maksady bilen, boş wagtlarym keýpine balyk tutmak bilen meşgullanmalydym. Wraç aýtmyşlaýyn, toruňy ýa-da çeňňegiňi suwa taşlap, kanagata ýaran bolup otursaň, derdiň dep bolýamyş. Şu pikire uýup, düýn köle ugardym. Biziň jelgaýlarymyza kanal çekileli bäri, tüweleme, ululy-kiçili köl nirä barsaň bar. Men Gurtly kölüne eňdim. Bir gyraraga çekilip, ujy gurçukly çeňňegimi taşlanymam şoldy welin, çolpyma bir zat ilen ýaly boldy. Diş çykaly bäri balyk tutup görmedik adam özüňe belli, oljam oňdy-ow diýip, begenjimden hasyr-husur çekdim weli, çeňňegiň ujunda bir bitaý köwüş göründi. Kämillik ýaşyna ýeten erkek kişinň köwşi. Bu ne gudrat?! Bu nämäniň alamatyka?! Ýa balygyň buşlukçysymyka?! “Atylan ok daşdan gaýtmaz” diýipdirler. Çeňňegimi ýene taşladym. Ýene çeňňegime bada-bat ilendigini aňyp, silkip çykardym äelin... Bu gezekki oljam nämedir öýdýäňiz? Bir boş konserw bankasy. Bu nä boluş?! Balyk deregine zol köne-küşül zat ilip dur-la. Şeýdip durjak bolsa, bu taýyk arheologlary ýollamak gerek. “Üçden soň puç” diýipdirler, şonuň üçinem iň soňky sapar bagtymy synap görermen bolup, ho beýleräk çekildim-de, ýene çeňňegimi taşladym. Bir salymdan çeňňegim howsala tapdy, ujuny bir zat çekeleýän ýaly, eýläk-beýälk at saldy. Janly zada ilişendigine gaty bir ynam etmän göwünli-göwünsiz çekdim weli, ynha lowurdap duran balyk. Görmäge göz gerek! Geň-enaýy balygy emaý bilen elime alan dessime, ol dile geldi. Zähräm ýarylan ýaly, ony ho beýläk zyňyp goýberenimi özümem duýmandyryn. Ol çägäň üstünde ýatan ýerinden adam dilinde gürledi: - Eý, adamzat! Sen gaty görme, menden saňa zowal ýokdur. Sen menden diňe ýagşylyga garaş. Meni halas eýleseň, seniň islän üç sany şertiňi berjaý edip bilermen. Maňa altyn balyk diýerler. Gudratym bardyr... Gorkymdan ýaňa dilim tutulandygyny aňyp, ol ýene dillendi: - Sözüm rasdyr. Lebzimden dänmen. Seniň üç buýrugyňy ýerine salyp bilerin. Matlabyňy aýtdygyň bes, şo demde islegiň hasyl bolar. Ýöne meni halas etseň bolýar! Bu bolýan zatlaryň düýşüm däldigine göz ýetirip, zordan özümi dürsedim. Ýöne indi altyn balykdan näme dilesemkäm? Şa bolasym-a gelenok. Şa bolmagy başarmajagym hak. Maly dünýesi maňa derkar däl, sebäbi wedomosta gol çekip alýan aýlygym boleş-elin ýetýär. Baky ömür diläýsemmikäm? Aý, ýok, beýdip özümi görgä goýmaýyn. Elliden soň barybir garrylyk heseri başlanýan bolsa, baky garrylyk nämäniň görgüsi. Şu zatlary pikirimde aýlap durkam, birden bir zat güpbe ýadyma düşdi: - Eý, altyn balyk, men seni halas edeýin welin, sen maňa ýekeje ýagşylyk et: sen şu kölüň içini hapadan arassala, köne-küşül, döwük-ýenjik zatdan düýbi doly öýdýän. - Wah, men ony başarman! – diýdi-de, altyn balyk möňňüriberdi. – Arassalap aňyrsyna çykar ýaly däldir, gadyrdan! Gün geldigiçe hapasy artýar. Arakdan boşan çüýşemisiň, boş konserw bankasymysyň, köne-küşül zatmysyň, asyl suwuň astynda balyklaram itiň gününi görýär, gadyrdan! Sen, iň gowusy, başga bir ýumuş buýr, şo demde bitireýin. Zöreldip duran balyga rehimim geldi: - Eger şu ýumşumy bitirip bilmejek bolsaň, maňa başga zadyň gerek däl, bar, allaýaryň bolsun! – diýdim-de, altyn balygy öz mesgenine goýberdim. Aşyrberdi KÜRT. “Edebiýat we sungat” gazeti, 18.07.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |