19:14 Bir köpük / ýumoreska | |
BIR KÖPÜK
Satiriki hekaýalar
Baýak turistik putýowka bilen Husnabat welaýatyna sapar etdim. ýat ülkä baranymdan "iň täsin zatlary göresim gelýär" diýdim. Birgiden zatlaryň salgyny berdiler, emma şolaryň içinde meni "bäh!" diýdirip biljegi ýok eken. Turistler üçin ýörite düzülen gezelenç programmasyndan göwnüm suw içmänsoň, ýekelikde ygmagy kem görmedim. Şu maksat bilen baran günümiziň ertesi irden ýola düşdüm. Asuda ädimläp barşyma, saýasynda at çapdyraýmaly bir güjümiň ýanynda aýak çekdim. Onuň saýasy çaýhana eken. Heý, türkmenem bir gök çaýyň üstünden ätläp geçip bilermi! Barypjyk, märekäniň bir çetinde oturyberendirin. Çaýymy agdaryp oturyşyma gürrüňçilige goşulman, ýöne iliň gümür-ýamyryna gulak gabartdym. Synly-salaly gep urmagy başarýan ýaşulularyň gürrüňinden şeýle bir zady anykladym: Şu welaýatyň kethudasynyň göze görnen bir gyzy barmyş. Läliklikdenmi ýa başga bir beladanmy, garaz, şo gyz ençe mahal bäri dymma keseline uçranmyş. Ýedi yklymdan çagyrylyp getirilen gurrandazlar, jadygöýlerr, lukmanlar, bilgiçler şo gyzyň keseline em tapabilmändirler. ýöne bir maslahat berenler kezzap baryny ýygnap, şa gyzynyň alnyna getirmeli, belkem, çypdyrýanlaryň biriniň gepi halsy ýüregine düşüp,, gyzyň dil ýaraýmagy mümkin diýenler. Şu maslahata uýup, şa il arasynda şeýle jar çekdiren: "Kimde-kim ýalan sözläp, şa gyzyny gepledibilse, ýurt şasy gyzynam, şalygynyň gylla ýarysynam şoňa bagyş etjek. Eger başarmasa, onuň kysmaty dar agajy boljakdyr". Men diýenler bagtyny synap görenmiş. Emma barysy janyndan el üzmeli bolupdyr. Şu hekaýaty eşidenimden meniň janyma ot düşdi. Bilip bolmaz birden aşygymyň alçy gopaýmagy mümkin. Galyberse-de, men ömrümde henize-bu güne çenli diri şany, diri şa gyzyny görmändim. Ýagş-u-ýamany görmek jan saglygyň üçin peýdaly diýipdirler diýip, göni köşge tarap eňiberendirin. Barsam, menden başga-da iki sany janyndan iren bar eken. men üçünji boldum. Biraz garaşdyk, emma bizden özge döwtalap gapylmady. Şeýlelikde, şa gyzynyň gaşyna bardyk. Ýanyndaky iki ýigidiň iň ekabyrragy öňe saýlandy. Gezek şoňky. Ol söze başlady. - Men bir sähraýy adam. Kalbymda tutaşan yşk ody günüme goýmansoň, şu ýere gelşim. Şu gün heniz ýalançy ýagtylmanka, agyr kerwene baş bolup, Turan welaýatyndan çykyşym. Bir menzil ýol aşyp, dem-dynjymy alarman bolup, çöl-beýewanda ýük ýazdyrdym. Uky galasyna gyzar yssyda az salymlyk girermen bolup, düýelerimi düşlän ýerimdäki baglara bent eýledim. Kirpi keýpli ymyzgananymdan soň, bir gözümi açyp seretsem, ýaňky düýelerimden derek ýok. Eý Hudaý! Bu nä boluş?! "Hemme zat hudaý tarapyndyr" diýlensoň, ýokaryma ser salsam, al-asmanda düýelerim gaýyp ýör. Bu ne gudrat?! Wah, meniň agaç diýip daňanym serçeleriň injikleri bolsa nätjek! Olar uçup gidiberipdir. birden geldi meniň gaharym, ýanyp duran oduň tüssesine ýapyşyp, asmana galdym-da, olaryň yzyndan ýetdim. Şübela dur diýsemem, olar ýokarlygyna uçup gidip otyr, uçup gidip otyr... Rejäň geň däldigini aňyp, bir topbak buludy alyp, ýaňkylaryň aýagyndan saldym. Bulut degenden serçeleriň dyzçanagy ýazyp, birden şatyrdt etdi. Düýeler öz agramyna dik-başaşak gaýdyberendir. Ýa suw-ýa saman! Menem olary ýolda tutup, emaý bilen ýere düşürdim. Şol kezzap serçeleriň injigini ýere çiş edip kakdym-da, ýene uka gitdim. oýanyp, düýelerimi tüeklläp göreýin diýsem, asyl olar asmana dyzaýar. sähel wagtda olar uçmany öwrenen bolsalar nätjek! maňa geregem şo-da. Howada inerlerden birini çökerip mündüm-de uçuberdim. Şeýdibem, ynha, dek ýaňy siziň diýaryňyza gelip durşum... Ýigit sözüni tamamlady, emma şa gyzy ýagşydan-ýamandan dilini ýaraýsa nädersiň. Neressäň kysmaty... Gezek ikinji ýigide ýetdi: - Eşider bolsaňyz, men öz obamyzyň ýerli wagty bilen on birde düýn dünýä indim. ýagty jahana aýak basanymdan, daşym gurap-guramanka, näme üçin gelendigimi enem-atama aýan etdim. Goý, soňky gün pylan-pismidan diýmesinler. Hawa, eý dilber, eý köňlümiň aramy! Meniň aşyklygym owwaldyr. Entek enemiň göwresindekäm otursam-tursam, seniň adyňy dilimde sena eýlänligim hakdyr. Ogul boldy bahanasy bilen biziňkiler toý-şagalaňa gümra, men bolsam şo garma-gürmelikde ýagdan gyl sogrulan ýaly bolaýandyryn. "Ýar ýolunda maldan-başdan geçenleriň hatarynda bizem bir san bolsak" diýip, ümdüziem tutduryberdim. Iňlär siňeksi z çölüstanda aç-suwsuz surnugyp, tas amanadymy tabşyrypdym. Aýaklarym gan-gabarçak. Ysgyn-rowgatym galan däldir. Onuň üstesine-de, gyzamykdan galan çakyzam tutaýmazmy. Ölümiň öýünde bir serçeşmäniň başyna özümi atandyryn. Teşneligimi gandyryp, ýadawlygymy syndyraýyn diýen maksat bilen oturan ýerimde gyşardym. Çala ymyzganan bolsam ymyzganandyryn-da, nägehandan gelen bulut asmanyň ýüzüni eýeledi. Göwnüme bolmasa, şol äpet bulut göni meniň üstüme eňilip gelýän ýaly, mende kasty bar ýaly, gübürdäp gelýär. Dessalymda töwerek-daşym tüm-garaňkylyga gark boldy. birhili düşnüksiz ümsümlik aralaşdy. Birsalymdanam ýene gübürdäp, garaňkylyk asman sary göterilip ugrady. Janly bulut dura-bara kiçelip, gözden ýitdi. menem asmana tiňkämi dikip, ýöne agzymy öweldip oturypdyryn. Bir seretsem, kybla ýanymda bir äpet zat görünýär. Özem duw-ak. Ortasy gabarak, iki başy süýnmegräk. Synasyna zergäriň eli degen mermer ýaly. Janly zada-ha meňzänok. Mejalsyz göwräme haý-küş edip, ör turdum. Açlyk eňkimi alypdyr. Ynha, bir stakan çorba bilen, bir gazan aragyň gerek ýeri. her zat hem bolsa şo gaýypdan peýda bolan zadyň ynsdygyny-jynsdygyny anyklasym geldi. Dähedem-desemläp, çekine-çekine golaýlaşdym. Belentligi iki adam boýy, daşyndan bir kerem aýlandym. Elläp gördüm. Pitikläp gördüm. Daş ýaly berk. Syryňy bilmegiň ebeteýini tapman, ho beýleräk çekildim-de, ýumruk ýaly daş bilen berdim ýaňkyň böwrüne. Jopba deşilen ýerinden toşap ýaly bir zat dökülip ugrady. Aç adam özüňe belli - eňegimi basanymy özmem bilmändirin. Derrew mädäme degdi. Açlyk belasy başdan sowuly diýip begenmäge ýetişmänkäm, edil kebzäme ot ýapyşan ýaly bolaýdy. Ýagyrnym ala-hasyrdy, emma näme-nämedigini gözüm görýän däldir. Dura-bara iki egnim üstaşyry gözüme-de görnüp ugrady. Ganat! Ýagyrnymdan goşa ganat dömäýse nädersiň! Bu ne gudrat! Gitdigiçe süňňüm ýeňläp, guş bolup uçasym geliberdi. Ýerden örkümi üzdüm. Ylla diýersiň, diş çykaly bäri uçmakdan başga kär etmedik ýaly, azarsyz-bizarsyz ýöne uçup ýörin. Eeteginde durup seredeňde, haýbaty bilen hopukdyrýan gojaman daglaryňam çala sudury görünýär. Birden şol sesli gara bulut peýda boldy. Zalym göni maňa tarap süşşüp gelýär. Mazaly esewan bolsam, o gelýäniň bulut däl-de, her ganaty dag ýaly guşdugyny saýgardym. Ol gele-gelmäne söz açdy: - Eý adamzat! Sen meniň ýumurtgamy döwüp, öz başyňa zowal getirdiň. ma aSymrug diýerler. Men bahadurlar başy Rüstemiň atasy Zaly ekläp-saklan guş. Janyňa haýpyň gelsin, eý zaňňar! Eden etmişiňe görä jeza çekersiň. ýedi arka ýagşylyk garasyny görmeýsen! - diýip, meni kirpigi bilen kakyp goýberdi welin, gaýtdym şondan kelemenläp. ýalaw ýaly kirpik kellämi göwrämden jyda kylan bolsa nädersiň! Kellämiň yzyndan ýetjek bolýan, hiç eýgerder ýaly däl. Ejizläp, ýaradana sygyndym, bolmady. Sehten, heften, çilten-gaýyp erenleri, ýedi weli, on iki ymam, dört çaryýary, 24 müň pygamberi, 4400 öwlüýäni çagyrdym. Naýynsaplaryň ýekejesem dadyma ýetişmedi. Onýança kelläm ýere patylap düşdi. Ýöne içigaryny ýanyp duran tamlaryň içinden zordan aldym. Daşy gara köýük bolup gidipdir. Etjek alajyň ýok, o ýerini-bu ýerini kaky=dyran bolup, goltugyma saldym-da, göni professoryň ýanyna eňäýendirin. Baryp, kellämi stoluň üstüne taşladym-da, ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdim. - Gaýgy etme, bir alajy bolar - diýdi-de, meşhur hirurgymyz köne süňk-saňkdan täzesini ýasap berdi. Ýöne öňki kellämiň beýnisini alyp, täzesine guýdy-da, ýerinde oturtdy. "Eliňe güller bitsin!" diýip, daş çykamda, eýýäm göz baglanyp ugran eken. Uzyn gijesi bilen uçubam, ynha, seniň huzuryňa geldim, eý, dildar! Ýigit sözüni gutardy, emma şa gyzy dodagynam gymyldatmady. Bu neressäniňem kysmaty... "Gezek seňki! Näme aňalyp dursuň?" diýen azymly sese ziňk edip, ertirden bäri elime gysyp ýören bir köpükligimi gaçyranymy duýman galdym. diýmäýin diýsem, o içigary-da gaçyrlan ýerinde ýatybermän, tigirlendi-tigirlendi-de, edil şa gyzynyň aýagynyň astyna bardy. Ber indi habaryňy! Hemmäniň nazary meni ýazgarýar. Şeýle biedepligimi ýuwmarlamak üçin, bazzyk-buzzuk etdim: - Ä... Äg... adamlar, meni bagyşlaň... Men beýle bolaýar öýtmändim... Şo gara köpük meniň şu ýerik gelmezligime tas sebäpkär bolupdy. Şoň üçinem ony elimden düşürmän ýörşüm. Men şu gün taksiste bir manat uzatdym welin, şeýle halal adam eken. "Sçýotçigiň görkezeni 99 köpük, gaýtargysyny almasaň, men görümde dik oturaryn" diýip, ýaga düşäýdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ownuk bir köpükligi ýok eken. Şübela "gerek däl, how!" diýsemem, Şo bir köpük ownuk tapjak bolup, meni bütin şähere aýlady ýördi. Men gyssanýan diýsemem, etmedi. ahyry tapyp, maňa gaýtargy edip berdi... - diýenimem şoldy welin, şa gyzy: - Galat aýdýaň! - diýip gygyrdy! Turdy bir şowhun, sen goýaý! Kernaý-surnaý dillendi. şatlygyndan ýaňa aýdyma gygyryp ýatan haýsy, tans edip ýatan haýsy. Meň-ä aýagymy ýere degirmänjik, ýurt häkiminiň gaşyna eltdiler. öz sözünde durup, gyzyny hem-de şalyk mülküniň ýarysyny maňa bagyş edýändigini öwran-öwran gaýtalady. Ýedi gije-gündiz toý tutduryp, at çapdyryp, altyn gabak atdyrdy. Aşyrberdi KÜRT. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |