14:19 "Horlanmagyn..." / ýumoreska | |
"HORLANMAGYN..."
Satiriki hekaýalar
Biler bolsañyz, öñräk bize bir täze ýolbaşçy geldi. Raýon möçberindäki nomenklaturaly işgär. Raýon çäginde erk edip bilýän ýolbaşçylardan biri-dä. Menem onuñ "GAZ-69" maşynyny sürýän şofýor. Täze wezipede işläp başlan güni ol ilki bilen meni ýanyna çagyryp, hal-ahwalymy sorady. "Adyñ, familiýañ näme?" diýdi. Garaz, meniñ bulen mazaly tanyşdy ol. Ahyrynda-da aýlygymyñ näçedigini sorady. Men "110 manat" diýdim. Şonda ol başyny ýaýkap: "Öz-ä maşgala eklärden az eken. Ýöne sen bir zady bilip goý: sen meniñ sag golumsyñ - düşün şoña! Horlanmagyn!.." - diýip, sag eliniñ süýem barmagyny çommaldyp, syrly ýylgyrdy. Menem, näme, köpi gören ala gargantuan. "Üme düş, söz kim düşmiýä" diýlişi ýaly, şo demde añdym näme aýtjak bolýanyny. Täze başlyk bilenem mäşimiñ bişişjekdigine begenip, öz işime gümra bolup geziberendirin. Ana, onsoñ günlerde bir gün edaranyñ howlusynyñ içinde maşynyma serenjam berip durkam, başlygymyñ sekretary ýanyma ylgap geldi-de: - Dessine gelsin diýýä! Bar basym!.. - diýdi. Men o gyzyñ bolşundan rejäñ geñ däldigini añyp, başlygyñ ýanyna iñkisli ugradym. Barmaly ýerim ýakyn bolansoñ, ýolda mazaly oýlanara-da maý bolmady. Şol sebäpdenem gökden düşen ýaly bolup, onuñ kabinetiniñ işigini açdym. How... o... o... törde, uzyn stoluñ başynda otyr. Ýüzi gamaşyp dur - dessine añdym nagarasyny döwjegini. Ol oturan ýerinden butnaman: - Ýer-ow, seniñ bi edip ýören oýunlaryñ näme?! - diýdi. Menem egnimi ýygryp: - Men ala-böle näme edipdirin? - diýip, sowalyna sowal bilen jogap berdim. Garşylyklaýym sowalym onuñ gonjuna gor guýan bolarly, ol tarsa ýerinden turup, maña tarap ýöneldi. - Näme, mönsürän bolýañ?! Düýn iberen ýerimde nähili oýun turzup geldiñ?! - Men-ä hiç hili oýun turzamok. Bar diýen kolhozyñyza bardym-da, başlygyny tapyp, siziñ sargydyñyzy aýtdym. Diýen zadyñyzy getirdim öýüñize... - Öz öýüñe näçesini getirdiñ? - Ikisini. - Men seni bir goýun getir diýip iberipdim-ä. Sen birine derek üçüsini getirip, ikisinem öz işigiñe eltipsiñ... Bu nätdigiñ bolýar?! Men ýylgyranymy duýman galdym: - Başlyk aga, özüñiz aýdypdyñyz-a "horlanmagyn" diýip... Öñräkki aýdan zady ýadyna düşen bolarly. Ol kem-kemden ýylgyrmaga mejbur boldy. Aşyrberdi KÜRT. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||