00:39 Döwgyran / ýumoreska | |
DÖWGYRAN
Satiriki hekaýalar
- Daýza, adamyňyz bilen gelmeseňiz, men size sprawka berip biljek däl. - Wah, dünýäm, biz bir dag içinde, çeşme başynda elkin ýaşap ýören garry biz. Çagalarymyz kileň, tüweleme, öýli-öwzarly, indi hersi bir ýana uçrum boldy. Meniň garrymyň oýdan gozganary bolmaz, bilagyrysy heläk edýär ony. Onsoňam ara gaty uzak. sen gaýrat et-de, guzym... - Iki bolup gelmeseňiz, menden size sprawka ýok. Uly stoluň aňyrsynda oturan ýigidiň beren jogabynyň ymykly äheňi Akgül ejäniň lapyny keç etdi. Şunça ýol söküp gelibem, iş bitirip bilmän dolanjakdygyna gaty gynandy. Bir gezekki azabym owarram eken diýäýse-de, goja agyr ýolda synasyny süýräp biljek däldi. Galyberse-de, şol sprawkany indiki hepdäniň birinji güni eltilmeli ýerine gowşuraýmasaň, mesele çözmek hyllallasynyň ýeke gaýzygmagy mümkin. Bu gün anna güni. Şonuň üçinem ol näderini bilmän durka, birden gözleriniň owasynyň nemlenendigini özem duýman galdy. Ol ýüzüni daga tarap tutduryp barýarka, nägehandan tüweleý turdy. Ýaňky tüweleý guýlunyp towlandy-towlandy-da, ynha bir äpet jandara öwrülip duruberdi. - Daýza, gorkma, menden saňa zowal ýokdur. maňa Döwgalmagal diýerler. Biz bir atadan bäş dogan. Men şolaryň iň kiçisi. Biler bolsaň, biz Kap dagynyň bäş galasyny saklaýarys. Ýaňy ýöne birsalym jahankeşdelik edeýin diýip, aýak çekäýdim. Müşgüliň-asan bol-a, näme beýle gyn-gyssag görüp aglaýaň? - Men aglaman, kim aglasyn. Ýaňy... - diýip, Akgül eje başyndan geçenlerini birini-birin gürrüň berdi. - Köňlüňe melul getirme. Enşalla, derdiňi dep edermen. Iki dünýäden antym bar, eger wadamda tapylabilmesem, kaza okun şirin janymga dözermen - diýip, Döwgalmagal iki tirkeş bolup, ýaňky býurokratyň huzurynda häzir boldy. - Eý, býurokrat, ýeriň astynyň-üstüniň şalarynyň ýanynda gepimiz ötýändir. Bu bendäniň möhümini tiz bitirgil. Ýogsam janyňa haýpyň gelsin! - diýip, ol gele-gelmäşe hemle urdy. Bolmady. Döw bir nagra dartdy welin, jümle-jahan goh-galmagaldan doldy. Emma býurokratyň müň-de bir gylyndan ýekejesem gymyldamady. Döwgalmagal beýle ýagdaýy görüp, lebzinde tapylyp bilmändigine namys edip, duran ýerinde jan berdi. Şo demde ýene bir döw peýda boldy. Ol ýagdaýdan habarly eken, şonuň üçinem gele-gelmäşe býurokrata ýüzlendi: - Maňa Döwjenjel diýerler. Sen meniň inimiň ganyna galdyň. Onuň üçin men seni ýazgaramok, lebiz üstünde baş alyp, baş bermek döwleriň adatydyr. Älem şalary bilenem gep aňlaşsa bolýandyr. sen dagy näme. Daýzanyň sprawkasyny ber diýdigim beräýgin, ýogsam... - diýip, bu-da onuň üstüne haýbat atdy. Bolmady. Döw bri nagra dartdy welin, onuň jeňleşgeri şo demde häzir bolup, olar býurokratyň garşysynda kyýamat söweşini gurdular. onuň bedeninde abat ýerini goýmadylar. Şonda-da býurokratyň müň-de bir gylyndan ýekejesem gymyldamady. Döwjenjel beýle ýagdaýy görüp, lebzinde tapylyp bilmändigine namys edip, duran ýerinde jan berdi. Şo demde ýene bir döw2w gaýypdan peýda boldy. Olam ýagdaýdan habardar eken, şonuň üçinem gele-gelmäşe hemle urmaga başlady: - Maňa Döwtalaň diýerler. Sen meniň inilerimiň ganyna galdyň. Onuň üçin men seni ýazgaramok, sebäbi lebiz üstünde baş alyp, baş bermek döwleriň adatydyr. Meniňem iki dünýäden antym bar. Ýurt soraýan şalar bilenem düşünişip bilýändirin. Sen dagy näme. sanýetmez leşger dartyp gelendirin. Müň janyňdan birini hem aman gutarmaz men. Iň gowusy, daýzanyň sprawkasyny beräýgin. Ýogsam kepen donuň biçildigi bilgin... Eger-eger býurokratyň azaryna-da däl. Sözüniň geçmeýändigini aňan Döwtalaň şu býurokraty alyp göterdi-de, ir bilen daş taşlasaň, agşamara düýbüne ýetýän guýa taşlady. Bolmady. Otdan alyp, suwa saldy. Bolmady. Asman bilen zemini gapyşdyryp, çaý içmäge oturdy. çaýdan keýpini kökläp, jahany ýene öňki katdyna getirdi. Býurokrat amana gelmedi. Döwtalaňyň kyrk müň jadygöýi bardy, eli diplomly. Olar janly-jandaryň jynsyny-petini bir demde üýtgedip bilýärdiler. Şolaryň biri seýir dogasyny okap, bir gysym topraga dem salyp, bir stakan kefiriň içine guýdy-da, ony býurokratyň üstüne serpip goýberdi welin, ol siňege öwrüldi. Birsalymdan ony öňki sypatyna getirdiler. Bolmady. Döwtalaň beýle ýagdaýy görüp, lebzinde tapylyp bilmändigine namys edip, duran ýerinde jan berdi. Şo demde ýene bir döw gaýypdan peýda boldy. Muňa Döwmyrryh diýer ekenler. Ynha bir başy asmany-pelege ýetip duran döw. Emma onuň turuwbaşdan özüni alyp barşy adyna, boýuna-syratyna görä däl eken. Ol gele-gelmäşe býurokrat bilen gadyrly görşüp, onuň ýedi pyşdyna çenli saglygyny sorap çykdy-da, edil gaşynda oturyberdi: - Nahar wagtam bolup ýör öýdýän. Şol ýedi gat restoranda garbak-gurbak edäýsek nädýär? Saý-sebäp bilen bu ýerlere düşüpdiris. Nahar başynda has içgin tanyşsak, gowy bolar. - Wagtym ýok. - Bähbit bol-a. Soň bir gün oturşaýarys. Ýöne sizi görenimden asyl mährim otugaýdy. Şu eýýamda siziň ýaly ýüzi nurly adamlara duşaýmagam kyn. Size bir ýagşylyk etmän gidibersem, galan ömrümde ýöne hyrçymy dişläp ýörmeli bolaýmaýyn. Mende tanyş köki bardyr. Edil dek düýnüň özünde 1400 manatlyk garnitur geldi mebelnä. Isleseňiz-ä, guk diýäýiň. Belki, ýeňňemize ýüň seçekli-peçekli gerekdir. Bir agyz sözümize bitýän zady men sizden gaýgyrman... - Men zada zar däl. Meni egläp oturma-da, matlabyňy aýt. - Mende gaýry matlap nämişlesin. Men diňe siziň ýaly tapylgysyz adamlary dost tutunasym gelýär. Wezipeli adamlaryň uly-uly şäherlere ýoly düşgüç bolýandyr. Bilip bolmaz, uly ülkelere nesibäňiz dartsa, ýumuş bilmeseňiz, meniň ogluma 36 razmerli ädijek getirip beräýseňiz - diýip, bir petde puly onuň öňüne oklady. on sany ýüzlük lowurdap ýatyrdy. Býurokratyň zähresi ýarylan ýaly bolup, syçrap ýerinden galdy. - Para hödürleýäňmi? Puluňy yzyna al-da, gal şu taýdan, gurrumsak! - Gaharlanmaweriň. Ikimiz bir sakadan suw içýänlerden bolmalydyrys welin, garaz, özi bisähet gün duşuşaýypdyrys öýdýän - diýip, Döwmyrryh ýylgyrjaklap çykyp gitdi. Ölen inileriniň ahy tutdumy-nätdimi, işikden çykan dessine, Döwmyrryham duran ýerinde jan berdi. Şo demde ýene bir döw gaýypdan peýda boldy. Onuň mysalasy gaty edrençdi. Olam ýagdaýdan habardar eken, şonuň üçinem gele-gelmäşe gazap donuny geýip, hemle urmaga durdy. - Maňa Döwzenzele diýerler. Sen meniň inilerimiň ganyna galdyň. Onuň üçin men seni ýazgaramok, sebäbi lebiz üstünde baş alyp, baş bermek döwleriň adatydyr. Meniňem iki dünýäden antym bar. Ýeriň astynda, pelegiň üstünde mert döwüş gurýan döwlerdendirin men. Esrafylyň suruny ýasap berenem özümdirin, magşar güni ajal orkestrini çaljagam özümdirin. Ýele-guza hökümini ýöreden Süleýman pygamberiň möhri mendedir. Sen indi meniň demimden aman sypmarsyň. Asmana uçsaň, aýagyňdan çekerin, ýere girseň, gulagyňdan çekerin. Eý, býurokrat, ber şu bendäň sprawkasyny, ýogsam ölüm saňa mübärek bolsun! Pah-pah! Dört döwüň başyna ýeten býurokrat özüňe belli: Döwzenzeläniň haýbatyndan eýmenmeg-ä beýlede dursun, hatda kemtersinden onuň ýüzüne-de garap bakmady. Sözüniň ýer tutmandygyny aňan döw şeýle bir nagra dartdy, hut ýedi gat ýer godugyp, belent daglar eleniberdi, däli derýalar tersine akyberdi, gündiziň güni asmandaky ýyldyzlar ýere döküliberdi. Jümle-jahan lerzana geldi. Döwzenzele ony ýedi gat ýeriň astyna salyp çykardy. Bolmady. Başyna oýun baryny salyp gördi. Bolmady. Döwzenzele beýle ýagdaýy görüp, lebzinde tapylyp bilmändigine namys edip, duran ýerinde jan berdi. Şunça gyrgynçylyga sebäpkär bolandygyna ökünip, Akgül eje sprawkadan ellibizar bolup çykyp gitdi. Men-men diýen döwler ýatyr läş bolup. Býurokrat işini gutardy-da, göýä hiç zat bolmadyk ýaly, ýaňky döwleriň maslyklaryny basgylaşdyryp, öýüne bakan ugrady. Aşyrberdi KÜRT. "Edebiýat we sungat" gazeti, 21.03.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |