Aşyrberdi Kürt “Tokmak” žurnalynda işleýän wagty atly kolhoz başlyklarynyň birini tankytlap feleton ýazýar. Kolhoz başlygy bu hakda partiýanyň Merkezi Komitetinde işleýän uly wezipeli howandaryny habardar edýär. Hökmirowan uly wezipeli haýdan-haý žurnalyň baş redaktoryna jaň edip, şol feletony ýatyrmagy, žurnalda çap etmezligi talap edýär. Baş redaktor feletonyň awtory Aşyrberdi Kürtüň özdiýenli adamdygyny, feleton ýatyrylsa, onuň goh turuzjagyny uly wezipelä aýdýar. Hökmürowan wezipeli baş redaktora “Işgäriň seniň sözüňi alga almaýan bolsa, sendenem ýolbaşçy bolarmy? Şojagaş Kürtüňi ýanyma iber, özüm mugyra getirerin” diýýär. Aşyrberdi Kürti şol gün partiýanyň Merkezi Komitetine, hökmirowan wezipeliniň ýanyna iberýärler. Uly wezipeli Aşyrberdini birbada parahat kabul edýär. Onuň eserlerini öwýär. Durmuşda name problemasy bolsa, çözmäge kömek etjekdigini aýdýar. Özi bilen näme üçin hažyk-hužuk ediýändigini bilip oturan Aşyrberdi: – Meň problemam köp. Olary hatda Alla-da çözüp bilenok. Näme üçin çagyran bolsaňyz gönüläň – diýýär. Aşyrberdiniň öz çeýnejek çöpi däldigine gözi ýeten uly wezipeli aýlawly gürrüňi goýýar. Oňa: – Sen pylan kolhozyň başlygy pylany hakda erbet makala ýazypsyň. Ol abraýly başlyk. Biz ol hakda erbet makalanyň žurnalda çap edilmegine ýol bermeris. Başlygyň bu meselede biziň bilen pikirdeş. Senem gaýdyş – dawa etme-de, razy bol – diýýär. Aşyrberdi oňa razy bolmajakdygyny aýdýar. Gazaba münen uly wezipeli stoly ýumruklap ör turýar: – Meniň kimdigimi tanaýarmyň? – diýýär. Aşyrberdem örboýuna galýar: – Ýok, kimdigiňi tanamok. Ýöne şu edarada seniň ýaly boýny galstukly eşekleriň işleýändigini welin bilýärin – diýýär. Şol gün başga bir bahana tapyp, Aşyrberdi Kürti işden kowýarlar. Feleton çap edilmeýär. Ýöne minnetdar okyjylar märeke-meýlisde Aşyrberdiniň şerebeli sözlerini, şol sanda “Boýny galstukly eşek” sözünem ýatlap, gülüşýärler.
Eşek sözi gowy degnaňa degipdir öýdýän! Bu aýdylýanlar hemme galstukly başlyklar üçin däldir. Bar arasynda Gün ýaly ýüzüňe çoýunmaly başlyklar... Giden başlyklaryň arasynda haýsysynyň eşek haýsysynyň çoýunmaly başlykdyklaryny saýgarmak kyn bolýar elbetde.
Garşylyklaýyn pikirleriñ aýdylyp durulany gowy. Oba durmuşy bilen baglanyşykly nähili gowy zatlary aýtdy. Elbetde, eşek janawar bärde stol saklap duran käbir başlyksumak töññelere awusyny pürkmek üçin ýazyja metafora bolup hyzmat edýär. Ýogsa Aşyrberdi Kürtünem eşeklere ýigrenji ýokdur-la. Teswirleriñ yzy gür bolsun, agam. Ýaşlaryñ arasynda siz ýaly adamlar gerek.
Aý şu eşek janawer diýilende, ýuwaş haýwan ýaly welin, käte eşekligini edäýse ömür ýadyňdan çykmaz ýaly edýär...) Bir waka ýadyma düşdi, okamaga ýaltanmasaňyz... Ol döwürler güýz aýlary bolansoň, pagta ýygym wagtlarydy. Potradyma pagta ýygdyrjak bolup bir gelnejä jaň edipdim. Ol gelnejäň ýörüte komandasy bardy, 15-20 sany pagtaçydan ybarat, özem starşisi, işgär tapyp berýän şol. Garaz, şoň bilen gepleşip, irden olaň öýüne bardyk. Işgärlerini awtobusa mündürdik, ýöräp ugradyk. Özem öňde otyrdy. Ýöne, gelneje, kimedir birine sögünýär, "gyrandegen, ýerçeken, eşek diýseň eşek eken tüýs". Ýanyndaky gelnine-de hüňürdeýär, "saňa şolaň gapagyny ýap diýdim, özüň gözüň bilen gördüň dälmi indi" diýär. Öz ýanymdan, "bu gelneje adama sögünýärmik-ä ýa haýwanamyk-a" diýip oýlaýan. Ahyry özi dil açdy: "Düýn uzakly gün iş edinip garpyz gyrdyk. Irdenki başlaýşymyza, gije sagat birlere dyndyk. Iki gazan doly toşaplyk suwy boldy. Ýadaw bolamyzsoň, ertir turup gelinler gaýnadar diýip ýatdyk. Muňada hüňürdeýänim, gazanlara gapak goý diýsem goýmandyr. Irden turup görsek, gazanlary iki sany eşek gelip içip gidipdirler, gyrandegmişler" dieýär. Şol barmana-da, çatrykdan sowuldyk welin, iki sany eşek gyrada gäwüş gaýtaryp ýatyr. Gelneje ýene hüňürdeýär: "Sered-ä bulaň mysalasyna, gäwüş gaýtarşyp ýatyşlaryna. Garynlaryny alaň ýaly edip, ýerindenem turup bilenoklar indi..." Dogrudanam, seretsek, iki sany eşek çatrygyň gyrasynda ýatyrlar, garynlaram honda. "Edenimi edýän ine" diýen ýaly, sakgyç çeýneýän mysaly, ýüzüňe-de ýylgyryp seredýän ýaly. (sakgyç diýlende ýene bir waka ýada düşdi, oglankak üýşüp sygyr bakardyk. Şonda her kimiň agzynda sakgyç bardy. Zyňjak wagtymyz hemmämiz sakgyçlamazy üýşürip tokgalardykda, eşege çeýnederdik. Onam eşek görgüli pytradyp bilmänsoň, ýuwdubam bilmezdi, tüýküribem. Çeýnär durardy, hatap ýaly agzyny açyp. Gözüne-de oçki dakardyk, tüýs bir eşegiň barda) Başga zada geçip, temadan çykyp barýas. Ana şonda gabat gelipdim, eşekleň ýatdan çykmajak oýunlaryna...)
Men Eşek. Hyzmatkär. Ejemem, kakakam, barymyz hyzmatkär. Ýöne, gap-gadym-gadym döwürlerde ata-babalarymyz sährada erkin ýaşaýan ekenler. Maňlaýymyza ýazylanydyr-da, öýdeçilleşdirilipdiris. Adamlar tarapyndan. Ýöne, ine gulan garyndaşlar erkini elinden bermediler, öýdekileşmänjik geçdiler. Ýogsam adamlar iş edindiler. Bary boşuna boldy. Biz bolsa 5000 ýyl bäri eýämiziň hyzmatynda. Bilişime görä, aslymyz Afrika direýär. Ol ýeriň ynsanlarynyňam maňlaýyna ýazylanydyrda… olaram hyzmatkärleşdirilipdir. Ak adamlar tarapyndan… Adamyň adama edýänini eşideňsoň, kysmatyňa kaýyl bolmakdan gowusy ýok ýaly (ýöne, ýene-de sähraň erkin gulanlaryna gözüm gidýär). Kürrejikkäm bary ýogy dokuz aý ene süýdini emdim. Iki gezek doglan gün bellämsoň “indi sen ullakan eşek bolduň” diýip ýuwaş-ýuwaş iş buýrmaga başladylar. Üçünji doglan günümden soň arkama eýer okladylar. Eýerim gutly bolsun, ömrümiň soňuna çenli! Geçen ýyl garyndaşlardan bir ýaşuly ýogaldy, pahyr 15 ýyl ýaşady diýdiler. Bu ýaş her eşege nesibem edenokmyş. Ýöne, eşekleriň gowy ýaşaýan ýurtlarynda olar azyndan 30, köpündenem 50 dagy ýaşaýamyşlar. Bize sesimiz gaty diýýäler. Hawa, çynymyzy edip gygyrsak (siziň aýdyşyňyz ýaly aňňyrsak) sesimizi üç kilomertdäki eşege-de eştdirip bilýäs. Olaram eşidýär. Ol uzyn gulaklar keýpinedir öýdýäňmi? Şeýdip biz eşekler özara derdinişýäs. Kä wagt goranmalam bolýar. Nädip? Dişläp ýa-da art aýagymyz bilen depip. Kynam bolsa iýmsiz, suwsyz, otsuz, samansyz çydap bilýäs, emma çygy welin bolamyzok, esasanam gyşda. Ýatagymyz ýyly bolmasa bolman geçsin, ýöne gury bir bolawersin. Bize kejir haýwan diýýäler. Ýöne, kejir bolmasaň ýaşaýşymyza çydar ýalam däl. Götermejek ýükümizi üstümize ýükleseler, ýa-da iş bilen halys surnukdyrsalar, kejirlik edip gaýtawul bermekden başga näme galýar? Garaz adam eşeklik etse bizem eşekligimizi görkezýäs. Adam adam bolanda bizem adam ýaly bolýas. Onuň hyzmatynda gaýym durup oňuşyberýäs. Ýöne gepiňi etseler gynanýaň, aslynda gepi edilmeýän barmy? Biziňkem ýetik. Hamala edaralarda boýny galstukly eşeklere duş gelip bolýamyş. Bular ýaly gürrüňe hormatly Ýalňyz_özi_altmyş alty_nol sekiz_on iki örän jaýdar jogap berdi: “eger-de şol başlyk hakykatdanam boýny galstukly eşek bolan bolsady, onda halka, ýurda peýdasy gaty uly bolardy”. Ýene-de hormatly Ependi kakaň gürrüňine görä, gelnejeleň toşaplyk üçin gyryp goýan iki gazan garpyz suwuny iki sany eşek içip gidenmiş (her eşege bir gazan garpyz suwy). Bu waka üçinem Ýalňyz_özi_altmyş alty_nol sekiz_on ikiniň aýdyşy ýaly: diňe eşek däl, sygyram içip bilerdi. Günä gelnejelerde, gazanlaryny gapaklamaly ekenler… Ýeri, bolýa. Menem bir anekdot aýdyp bereýin. Žiraf bilen Eşegi sud edipdirler. Žirafy gören işine boýnuny sokýanlygy üçin, Eşegem kejirligi üçin. Ýöne, yz ýany häkimiýet üýtgeýär-de olaryň işine täzeden seredilýär. Indi Žirafa öňdengörüjiligi üçin, Eşege-de prinsiplerinde berk duranlygy üçin minnetdarlyk bildirýärler. Biz eşek. Bize bakyşyňyzy üýtgediň. Onsoňam, Isa pygamberiň münen ulagynyň eşekliginem unutmaň.
@yalnyzozi660812, dogry düşünipsiň agam, gynanjagyňam bileňok, güljeguňem. Onam aýdaýyn, garyp görgüli 1 teleşka garpyz ýygnap, 1 gazan toşap gaýnadyp ýarynam alanok şonuň, 3-den 1-ini alýar düýbüni, toşabyny. Beletsiňiz-le. Ýöne, iki gazan diýmek bilen, toşabyňam yzyna seretseň, näçe agyr hojalyk bolsada alyp çykýan mesele. Şonda, özümem birhili boldum. Gelnejä seredip, gürrüňlerini eşidip gynanýanam. Ýalňyşlygy, gazany ýapmandyrlar, üstüni. Dokalan gamyş örtseňem ýetik ahyryn. Ýadawdyrlar-da görgüliler, başga başagaýlyk bolubam biler. Gynandym welin, "özüm ýaly eşeklere gözüm düşende welin güljegimem, bilmedim" diýleni ýaly, gazandaky garpyz süzmeden diňe gönezligini goýup gidipdirler, olaram. Näme etjek, atjakmy? Olar haýwan ahyryn, düşünenok.
Göläm boşanda nebir parnigimiň içinden gönüläp aňryujuna geçip gidipdi. Gölämize bir guwanýardyk welin, parnigimize hasam guwanýardyk. Ýeri, näme etjek. Ýüpi gowy däl eken göläň. Tekizledi parnigi jyrtlap. Günäkär ýene özümiz.