GÜLKI BAZARY
Dünýä diýilýäni ~ gülki bazary,
Gyzyl-gyran etdi tilki, bazary.
Bir şagal möjege ýomak oklady,
Ol möjegiñ gara nebsi hakdady,
Şonda möjek nebsin çykaryp ýatdan,
Gülüp hezil etdi... hem diýdi: "Şat men!"
Ak sygryñ sözüni çekip beýleräk,
Wäşi öküz diýdi: - Zandym şeýleräk,
Eý, ýanýoldaş, sygyr, dilgir bolma sen,
Ölüp barýan birin ýañsa almasam.
Gülünende bir geçiniñ üstünden,
Ol gülüp çykaýdy gülkiñ astyndan.
Garga "Gara!" diýip güldi özgeler,
Olam diýdi: "Gülsem reñkim özgerer!"
Jalataý horazy orta aldylar,
Hem oña "Öwünjeñ" diýip güldüler.
Gepiñ küle ýeri: sypatmy, gybat? -
Her kim ýañsylandy nobatma-nobat.
Hatda Şir hem ýañsylandy, derledi,
Ýöne ol hiç kimden gaty görmedi.
Emma oña derek owadan dünýä,
Gülgiñ özi ýaly bolup görünýä...
...Gülki bazarydyr ~ älem diýilýän,
Şeýle bazar dälmi, eýsem, söýülýän?!
▶ GOÝUN ITINIŇ MYHMAN ALŞY
Tilki dostum, geldiňmi?
Gelen bolsaň, töre geç!
Salam berdim, aldyňmy?
Alan bolsaň, töre geç!
Azaşany şa ýola
Salan bolsaň, töre geç!
Aldanyp, gidip ala,
Ýanan bolsaň, töre geç!
Betpällerden daşlaşyp
Bilen bolsaň, töre geç!
Ýöne welin, dogrusy,
Ýalan bolsaň, göteril!
Towuk-jüýje ogrusy
Bolan bolsaň, göteril!
Biriniň kyn gününe
Gülen bolsaň, göteril!
Şeýle halda süp-süýji
Balam bolsaň, göteril!
Il gargynjyn ýüzüňe
Çalan bolsaň, göteril!
Akmy sen ýa garamy? –
Düşünmeli ilki, dost!
Ýogsam, durma gadalyp
Bosagamda, tilki dost!
Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular