GULLAR, LUKMAN ATLY GUL HEM OLARYÑ HOJAÝYNLARY HAKYNDA HEKAÝAT
Birçak Lukman diýilýän bir gul barmyş,
Işi sowuk-sala berjaý kylýarmyş.
Birhili äwmezek, haýal-ýagalmyş,
Ýoldaşlary oñ başyna baýarmyş.
Gullañ hojaýyny günleñ bir güni
Miwe ýygmak üçin ýollapdyr ony.
Beýleki gullañam gidipdir bary,
Miwe ýygmak dälmiş olañ azary.
Datly miwelerden sygnap, doýanlar,
Hojaýyna: "Lukman iýdi" diýenler.
Bu işe dergazap bolan hojaýyn,
Darapdyr Lukmana hut möjek deýin.
Lukman şonda şeýle diýipdir oña:
"Bular ýalan töhmet ýöñkeýär maña.
Hudaýyñ öñünde bular günäli,
Pursat geldi synap göreriñ ýaly.
Biziñ barymyzy synagdan geçir,
Ählimize diñe gyzgyn suw içir.
Soñam: "Bol, ylgañ - diý - baryñyz bile!"
Senem yzymyzdan atyñ debsile.
Bizi ýeke-ýeke ýörenden añtap,
Şeýtseñ, syryñ üsti açylar añsat..."
Hojaýyn hut onuñ aýdyşy ýaly,
Etmeli işlerni edipdir doly.
Gullaryñ ählisin gyssap, kowalap,
Özi-de galmandyr gamçysyn bulap.
Biraz wagtdan soñ miwe iýenler,
Içleriniñ towlaýanyn duýanlar.
Düşüpdir ählisi masgara hala,
Lukman arkaýynmyş bir ala-böle.
Şeýdip, açypdyrlar bu syryñ üstün,
Akyl mekirlikden gelipdir rüstem.
Goşgular