08:32 Gülşeniñ türsügi! | |
GÜLŞENIÑ TÜRSÜGI!
Maliýe we ykdysadyýet
Bülent Ersoýyñ saýawany… TW-däki maska bäsleşiginiñ satanisti… Leman Samyñ twiti… Gülşeniñ eşigi… Sezen Aksunyñ aýdymy… Bilenimiz-bitenimiz bolar-bolmaz şu žurnal (magazin) gep-gürrüñleri! Ýurt şu irrasionallyk bilen ýatyp-turýar. Ýurt hiç mahal şular ýaly derejede ýöntemleşmedi. Pikir-düşünje derejämiz hiç mahal şular ýaly derejede gymmatsyzlaşmady. Geçmiş durmuşymyzda žurnal habarlary bolmadymy? Elbetde, boldy. Emma hiç mahal ýurduñ esasy üns berýän ugry bolmandy. Indi "Bülent Ersoýa saýawan tutanmyş" diýip, ofiserlere temmi bererlik hala gelindi. Aýdymçylara ölüm haýbaty atylýar. Žurnal habarlary populýar medeniýetiñ miwesi - halkyñ göwün solpusyndan çykýan ugry, durmuşyñ reñki. Temmi bermek nireden çykan zat? Epeý pyýadalar ekranlarda utanman-uýalman žurnal habarlary bilen çykyş edýärler, gazet sahypalarynda žurnal habarlaryny ýazýarlar. Hatda terrrorçylygam žurnallaşdyryldy: Halk deputy bilen PKK-liniñ söýgüsi! Syýasat, ykdysadyýet, medeni durmuş, žurnalistika, sosial mediýa doly žurnala (gep-gybata) dezinformasiýa öwrüldi. Düýp pikir alyşmaly-çekişmeli zadymyzy ýatdan çykardyk: jehalet (nadanlyk) jemgyýeti ýesir aldy. Mysal üçin: Öññin walýuta kursy gyp-gyzyl boldy - 5% çökdi. Şu dereje peselişiñ sebäbi nämedi? Aýdylýar: ABŞ-nyñ Merkezi bankynyñ (FED) prosenti ýokarlandyrjagyny aýdandygy sebäp bolanmyş. Hakykatmy şu? Näçe gün öñki gürrüñ şu... Menden sorasañyz-a, "Gülşeniñ türsügi" diýjek! Degişme bir ýana, žurnal habarlaryndan el çekip, derwaýys jedelleri edip bilemzok! • GÖZLER-GULAKLAR Şu sahypada yzygiderli ýazyp gelýärin: Türkiýe ýaly az ösen ýurtlarda döwleti bazaryñ daşyna iterip bolmaýar. Iterseñiz - garyplyga, işsizlige, ullakan deñsizlige sebäp bolarsyñyz. Iterseñiz - global kapitalyñ guly bolarsyñyz. Şeýle bolandygy üçinem ýurdumyzda... Gözler birküç maşgalanyñ gözegçiligindäki FED-de! Gulaklar ABŞ-nyñ iñ uly otuz şereketiniñ üýşen ýeri "Dow Jones"-da! Agyzlar bolsa žurnal habarlaryny gepleýär! Sa:p finans merkezli humarhana sistemasyny seljermägr mejburdyrys. "Žurnal habarlaryna bir seretsene" diýip, kisämizde näme bar bolsa aldylar, alýarlar... Ýeri... Bu "ýapja oýnadyjylar" güýjüni nirden, nädip aldy? Düýni bilmesek, düşünmesek gelejegi gurup bilmeris. "Bäş maşgala" çekişmesi ýaly FED-iñem žurnallaşmagyna ýol bermäliñ. ABŞ-da iki güýç nijeme ýyllap garpyşyp geldi: FED we FDR... FED-ä bilýäñiz - ABŞ-nyñ Merkezi banky. FDR bolsa, 1933-1945-nji ýyllarda ABŞ-ny dolandyran prezident Franklin Delano Ruzwelt. ABŞ 1929-nyñ uly ykdysady krizisi başdan geçirýän wagty Ruzwelt Nýu-Ýorkuñ meridi. Ol ýagdaýyñ öwerlikli däldigini görüp, daýhana kömek, döwlet iş bilen üpjün ediş komissiýasy, işsizlik strahowaniýasy pikirini oñlan ilkinji mer boldy. Onuñ guran Wagtlaýyn gyssagly kömek adminstrasiýasy şäher ilatynyñ üçden birinden gowragynyñ golundan galdyrdy. Amerikanlar ýurtlaryny uly çökgünlikden çykarjagyna ynam bildirip, Ruzwelti 57,3% ses bilen ABŞ-nyñ Prezidentligine saýladylar. Täze prezident "döwletçidi"... • GÜÝJÜÑ ÝETSE Prezident Ruzweltiñ birinji maksady “3R” diýlen: relief, recovery, reform (durnuklylaşma, gowulandyrma, üýtgeşme) boldy. Maksatnama bazara döwleti aralaşdyrmagy maksat edindi. Maksatnama garyplygyñ, işsizligiñ derejesini pese düşürmegi maksat edindi. Maksatnama ikilenç çöküşiñ öñüni almak üçin maliýe ulgamynyñ reformasyny maksat edindi. Baý diaspora “New Deal” diýnen ykdysady tarapy agyrlykly bu täze programma garşy çykdy. Ruzwelt ykdysady garaşsyzlyk bolmasa, syýasy garaşsyzlygyñ bolmajagyna gowy düşündi. Şonuñ üçinem az sanly zannyýaman baýlar toparyna boýun egmedi. O zannyýamanlaram Ruzwelte ýeñilerli däldi: Detroýtda we Nýu-Ýorkda toplanşyklary geçirdiler. Döwlet Önüm öndürijiler bileleşigini (NAM) gurdular. Bileleşige ýolbaşçy edibem (XX asyra täsirini ýetiren 100 şahsyýetiñ sanawyna girizilen) Edward Bernaýsy bellediler! Hawa, maksatlaryna ýetmek üçin adyna "halk bilimi" diýen syýasy propogandalaryna başladylar. Özlerini "azat synanşyk" diýip aldan "DuPont", "General Motors", "Monsanto", "Standard Oil", "Johnson & Johnson" ýaly 262 sany uly şereket propoganda işlerine ummasyz pullary berdi... Ruzwelt ýeñilmedi; halkyñ goldawy bilen bassyr dört gezek saýlawlarda üstün çykdy. “Azat synanşyk” prezidentiñ garşysyna ellerindäki sud edarasy “Amerikan Ýokary sudy” bilen çykdy. Sud reformalaryñ köpüsini goýbolsun etdirmäge jan etdi! Baý garpyşyk gitd-ä… Ruzwelt bilen NAM-yñ urşy prezidentiñ 1945-nji ýylda 63 ýaşynda duýdansyz aradan çykandygy sebäpli soñlandy, "New Deal" towsa göterildi. "Sowuk urşy" başladan amerikan "azat synanşygy" kommunist howpy ýalany bilen Günbatary ele geçirdi, yzyndanam bütin dünýäni! Syýasata, medeni durmuşa puly sokdular. Şeýdibem Ruzwelt ýaly halkçy syýasatçylaryn ýoluny baglady. Uzyn gepiñ gysgasy: Gülşeniñ türsügine gepiñi atmak añsat, güýjüñ ýetýän bolsa global ketdelere garşy göreşsene! Soñ aýtmady diýme, señ bu bolşuñ bilen bir gün götüñdäki türsügiñi-de sypyryp alarlar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |