15:12 Gur Genç - oguzlaryñ genji-käni | |
GUR GENÇ – OGUZLARYŇ GENJI-KÄNI
Taryhy makalalar
• Köneürgenç–Ürgenç–Gürgenç–Gurgenç–Gur genji hakynda täze çaklamalar Döredijilik dünýäsiniň howasyndan dem alyp, göwni ylham çeşmesiniň suwundan ganyk şahsyýetleriň ymgyr manyly sözleri ýüregiňe jüňk bolaýýar. Bu gezegem şeýle boldy. Dünýäde alymlardyr şahyrlaryň, ýazyjylardyr žurnalistleriň tebigatyna umumy mahsus bolan, şolara häsiýetli bir dessur bar. Olar haýsydyr bir eseri döretmek duýgusy bilen ylhamlananlarynda, dünýäni unudyp işleýärler. Ylhamlanan pursatlary gorlary kem bolmaz ýaly hemişe okaýarlar, öwrenýärler, özleşdirýärler. Şeýle halatlarda olar özleri üçin maglumat çeşmesi bolup biljek, öňki dünýägaraýşyny baýlaşdyrmagy mümkindir öýdýän eserlerini ilik-düwme okaýarlar, gerekli ýerlerini, ýüreklerine jüňk bolan maglumatlaryny soňra tutaryk edinmek üçin ýörite belläp goýýarlar. Käteler hem şol eserlerden alnan hem-de özleriniň ylhamlanan pursatlarynda serine gelen täze pikirdir duýgularyny belläp goýan depderçesine seredýärler, tutaryklyk üçin ýörite bellenilip goýlan maglumatlaryň hem ylhamlandyryp goýberýän pursatlary az bolmaýar. Döredijilik dünýäsindäki ukyp-başarnygy bilen şahsy göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» eserinden makalamyza badalga hökmünde saýlap alan jümläme ýaňadandan sereden pursatymda meniň aňymda hem şol bir maglumatlar hakynda täze pikirler, täzeçe garaýyşlar peýda boldy. «Öň näme üçin şeýle pikir etmedimkäm?» diýenimi bilmän galdym. Şu makalany ýazmak bilen göz öňünde bir maksat goýdum. Ol hem şol maglumatlaryň oýaran täzeçe garaýyşlaryny öň bar bolan anyk maglumatlara esaslanmak arkaly beýan etmek. Eger başarnygymyz ýetse. Gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan milletimiziň köpöwüşginli taryhy bar. Onuň atlandyrylyşy babatynda-da şu pikiri aýdyp bolar. Dabarasy dünýäniň dürli künjegine ýaýran millet baradaky maglumatlar ony öwrenmek islän döwletleriň ylmy çeşmelerine siňipdir. Ine, köpöwüşgünliligiň bir tarapy hut şundan hem başlanýar. Olaryň biri biziň halkymyzyň taryhy adyny «guz» diýip bellese, beýleki biri «gun» diýip belläpdir. «Gur», «hun», «hor», dura-bara milletimiziň «türkmen» diýlip atlandyrylmasyndaky düýp sözüň ýaşyl reňk bilen tapawutlandyrylan «tür» bölegindäki sözüň döremeginiň badalgalarynyň biri bolan «Turan» sözüniň ýaşyl reňk bilen tapawutlandyrylan bölegindäki «tur» sözleri babatda-da şeýle pikire gelip bolar. Indi şu ýerde ýene-de bir logiki maglumata aýratyn üns bermek gerek. Ol hem Oguz hanyň oglanlarynyň ady. Aýratyn hem Oguz hanyň özünden soňra onuň esaslandyran döwletini dolandyran uly ogly Gün hanyň ady barasyndaky garaýyşlary hem bu pikire berkidesimiz gelýär. Zeminiň Asmandaky şamçyragyny hem-de Oguz hanyň şol şamçyragyň hormatyna atlandyran uly oglunyň adyny aňladýan «Gün» sözünden dörän «gunlara» gadymy hytaý dilinde «sünni» diýlipdir. Iňlis dilinde-de Gün düşünjesi aňladylanynda «san» diýip aýdylýanam bolsa, ýazylanynda «sun» diýlip ýazylýar, Geçen saparky makalalarymyzyň birinde-de alym Ahmet Bekmyradowyň: «Gadymy hytaýlylar hunlara «sünnü» diýipdir, mälim bolşy ýaly, eposda hem baş gahrymany garşydaşlary ýygy-ýygydan «Görogly sünni» diýip atlandyrýarlar. Munuň özi mezhep bilen hem dahylly bolman, şol gadymky düşünjäniň yzy bolmagy ähtimaldyr» diýen pikirine salgylanypdyk. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» eserindäki: «Itil derýasy bilen bu ýere ýüzüp gelýän täjirler üçin «Hwalin» ýa-da «Hwalis» – Hazar diýmek. Bu (207-nji sahypa) sözüň gelip çykyşy «Horezm» ady bilen baglanyşdyrylýar (210-njy sahypa)» diýen maglumaty biziň sanawymyzyň gerimini öňküsinden hem giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem, şu aýdylan maglumatlaryň esasynda okyjylarymyza şu atlaryň ählisini umumylaşdyryp biljek sada jedwel çyzgysyny hödürleýäris: O Gu:z / Oguz / Oguz Gür, Gu:r / 0gur. Gu:rogly-UýGu:r / Ogurjyk alp, Gu:rogly Gu:n (Gün) Go:r (ot, yssy) / Go:rogly / Go:rogly (Görogly) Hu:n (Gün) / Hu:ngär, Hu:nk+ är / Hungariýa (wenger) Hüňkär Ho:r (Gün) / Ho:rosan, Ho:razm, ho:roz (an) / Horosan, Horezm, horaz (Günüň dogşyny aýdyjy, buşlaýjy) Tür / Türk, türkmen / Türk, türkmen Tu:r / Turan, turkmen / Turan, turkmen Sun, Sün (Gün) / Sunni / Sünni Hwalin / Horezm Hwalis / Horezm (0+guz) U:z / (0guz) U:zboý / Uzboý (0+guz) Yz / Yz + (kent) / Yzgant Şeýlellikde, biziň gözlerimiziň öňünde 0-dan (nol), başlangyçdan gaýdýan «guz» sözüniň dürli dillerdäki orfoepiýasynyň, ýagny aýdylyş äheňiniň netijesinde, gur, gun, go:r, hun, hor, tür, tur, sun, hwalin, hwalis, uz, yz ýaly görnüşlere eýe bolandygyny öz dilimize mahsus bolan ençeme atlaryň esasynda aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik bolýar. Belki bu sanawdaky sözleriň sany wagtyň geçmegi bilen täze gözlegleriň netijesinde has uzalyp hem biler. Biz bu babatda gürrüň edýärkäk ýene-de bir hakykaty üns meýdançasyndan daşlaşdyrmaly däl. Ynha, ol hakykat. «Oguznama». «Oguznamaçylyk» ýordumlarynyň mazmuny biziň halkymyzyň gelip çykyşyny halkymyzyň häzirki zaman edebi dilinde şeýle yzygiderlikde suratlandyrýar. ♥ Nuh pygamber Ýer ýüzüniň şol wagtlarda ýaşamaga mümkinçilik berýän dörtden bir bölegini perzentlerine paýlanda, Maşryk we Türküstany uly ogly Ýafese berýär. Ýafese türki çeşmelerde «Uljaýhan» hem diýilýär. Gyşlagy (esasy ýaşaýan oturymly şäheri) Garagumda bolýar. Uljaýhanyň, ýagny Ýafesiň bir ogly bolup, onuň adyna hem Dib Ýabgu diýýärler. Dib Ýabgunyň hem dört ogly bolýar. Olar: birinji ogly, uly ogly – Garahan, ikinji ogly – Orhan, üçünji ogly – Gürhan we dördünji ogly, körpeleri – Güzhan. Oguz – Nuh pygamberiň ýuwlugy, Ýafesiň çowlugy, Dib Ýabgunyň agtygy, Garahanyň ogludyr. Sanawyň bu tertibi biziň halkymyzyň taryhyny bäş müň ýyl diýilýän seneden has aňry alyp gidýär. Çünki Nuh pygamber Oguzhanyň 5-nji arkasydyr. Muhammet pygamberden soňra Muhammet adyny göterýänleriň sanynyň çaklamalar bilen ölçärden hem has köpelendigine taryh şaýat. Bu Oguz han babatynda-da şeýle bolmaly. Gadymy hytaý çeşmelerinde Maotin ady bilen bellenen Oguz Nuh pygamberiň bäşinji arkasynyň adyny göterenleriň biri bolsa gerek. Esasy söhbetiň çygryndan daşlaşmalyň. Garahan ogly Oguza Dib Ýabgunyň üçünji ogly, öz inisi Gürhanyň gyzyny alyp berýär, emma Oguz özüniň birhudaýlylyk düşünjesini kabul etmändigi üçin ol gyzy gelinlige kabul etmeýär. Soň Oguza körpe inileri Güzhanyň gyzyny alyp berýär. Emma Oguz ýaňky sebäbe görä, ony hem kabul etmeýär. Ondan soňra Garahan Oguz ogluna özüniň yz ýanyndaky inisi Orhanyň gyzyny alyp berýär. Oguz ony kabul edýär. Diýmek, Güz, Gur, Or, sözleriniň bir çeti Oguzyň agalarynyň, ýagny kakalarynyň doganlarynyň ady bilen bagly eken. Orhon – Ýeniseý ýazuw-ýadygärligi Orhanyň hökümdarlyk eden çäklerinde dikeldilen bolmagy mümkin. Biz bu maglumatlaryň barysyny XII asyryň ahyrlarynda, orta asyrlaryň sene ýazgylarynda «Gürgenç», soňraky döwürlerde Ürgenç, has soňra bolsa, Köneürgenç diýip atlandyrylyp, dabarasy dünýä dolan şäheriň ady bilen baglanyşykly ýordumy aýdyňlaşdyrmaga gönükdirýän pikirlerimizi delillendirmek üçin peýdalandyk. Hakykatdan hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda «Müň derwezeli şäher» diýlip ýatlaanylýan şäher dogrusynda: «Anuştegin Gur şanyň esaslandyran uly bolmadyk oguz-türkmen döwleti asyrlar aşyp, Orta Gündogarda kuwwatly uly döwlete öwrüldi. Anuşteginiň nebereleri Beýik Horezmşalary diýlip atlandyrylmaga başlanyldy, olaryň paýtagty bolsa gadymy Gürgenç (häzirki Köneürgenç şäheri) boldy. (230-njy sahypa) diýlip aýdylýar. Orta Aziýanyň iň beýik minarasyny saklap oturan, taryhda «Müň derwezeli şäher» diýlip, görmedikleriň gursagyna ýekeje gezek görmek, görenleriňkä-de ýene-de görmek arzuwyny müdimilik ornaşdyrmagy başaran gadymy Gürgenjiň oruntutary bolan Köneürgenjiň merkezinde we günorta künjeginde gadymy şäheriň asyrlaryň sarsgynyna ýan bermän oturan ýadygärlikleri häzirki wagtda-da 650 gektara barabar meýdany eýeleýär. Bu şäher hem-de ondaky taryhy ýadygärlige öwrülip giden her bina dogrusynda özboluşly rowaýatlaryň ençeme nusgasy bar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, şol rowaýatlaryň her birisiniň diňleýjisini öz dünýäsine gurşap alýandygy dogrusyndaky pikirleri inkär edilmesiz hakykata eýedir. Şol rowaýatlaryň birinde: «Ir zamanlarda paýtagt şäher Gürgenç şeýle bir gurply ýaşapdyr, dünýäde onuň taýy bolmandyr. Her gün şäheriň bir ýüz altmyş bazarynda söwda gyzypdyr. Galanyň dört ýüz kyrk dört derwezesi bar ekeni. Galada ýedi müň ýedi ýüz medrese, her medresede hem hatar hüjreler bolupdyr... (236-njy sahypa)» diýlip diýip başlanýan mahabatlandyrmalar: «...ýöne bu hem şäher hakdaky aýdylanlaryň hemmesi däldir, biz okyjynyň ýüregine düşmezlik üçin gysgaldyp beýan etdik». (238-nji sahypa) diýen sözler bilen jemlenýär. Soňra bu eserde bu şäher barada ýene bir rowaýat getirilip, onda: Gürgenç şäheriniň ady hem «Hüýr» hem-de «Genjim» sözleriniň utgaşmasyndan döräpdir» (271-nji sahypa) diýen pikir öňe sürülýär. Genjimiň ady agzalsa her bir türkmen okyjysynyň kalbynda biziň Gu:r oglymyzyň – Go:r oglymyzyň – Göroglymyzyň agasy, ýagny kakasy Adybegiň-de agasy, Jygalybegiň ogly Genjim hakydaňda häzir bolar durybiýr. Hakykatdan hem, «Hüýr» diýlen perizat bilen «Göroglynyň» gahrymany, Röwşeni Görogly atly soltanlyk derejesine çenli terbiýelän Jygalybegiň ogullarynyň biri, hatda Göroglynyň ýalňyşlaryny dazyrdadyp ýüzüne aýdyp bilýän Genjimiň arasynda bir baglanyşyk bar bolaýmasyn diýen pikir döredi. Biziň bu pikir tohumjygymyzyň wagtyň geçmegi bilen şineläp, boý alyp, gol ýaýradyp, täzeçe bir açyşy ýüze çykarmagy hem mümkin. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde Genjimiň rowaýaty keşbinden durmuşy keşbiň logikasyny susup almaga gönükdirilen kämil pikiri diýseň gyzyklydyr: «Jygalybeg – ogullary bilen sarsmaz döwletiň eýesi. Bu ýerde onuň hakyky durmuşda nähili şahsyýet bolandygyny oýlanmakdan öňdäki bir hakykat, ine, şu pikirden aňlanylmaly. Ogully kişi – döwlet eýesi hasap edilýär. Indi şol döwlet nämelerden, nähili gymmatlyklardan jem bolmaly?! «Görogludaky» üç ogluň keşbi şony anyk salgy berýär diýip pikir edýärin. Edebiýatçy alymlaram bu pikiri ret etmezler. Uly ogul Genjim beg – ähli çykdajylary özi çekýär. Görogly begiň ýygnyna gerek harç onuň malyndan alynýandyr. Toý aladalary hem Genjim begiň hasabyna çözülýär. Onda il-ulsuň döwletliligi üçin gerekli ykdysady binýat alamatlandyrylýar. Adybeg – at üstünde, il-ulsunyň howpsuzlygyny goramak oňa degişli bolup durýar. Ol döwletliligiň bir sütüni – syýasaty alamatlandyrýar. Ýurduň asudalygy goralýarka, mal-mülk üpjünkä, Mömin bege halk içinde bolup, özara agzybirlikli ýaşaýşy üpjün etmäge gatnaşmak wezipesi düşýär. Onuň hemişe il-halkyň içindedigini okyjy duýýar. Syýasatyň, ykdysadyýetiň durnuklylygynda medeniýet ulgamy göwnejaý ösýär. Bularyň barysy utgaşyp, Jygalybeg soltanyň döwletini düzýär. Indi bolsa şular bilen bagly üns merkezine geçirmeli pikirlerden käbiri: ♥ hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän pikirinde Genjim Jygalybegiň döwletliliginiň ykdysady kuwwaty. Gürgenç hakyndaky rowaýatlaryň köpüsinde-de häzirki Köneürgenjiň topragyna egsilmez genjiň, altyn-kümşüň sepilendigi aýdylýar. ♥ eposyň bize mälim bolan nusgalarynda Kuhikapdaky Jahan patyşanyň gyzy Agaýunus perä öýlenen Görogly beg ýeňňesi Gülendamyň ýerine Arabyň gyzyny alyp gaýdyp, Genjim bege nikalap berýär. Emma ony wasp edeninde welin, asly otdan bolan perizatlary wasp edýän ýaly: «Görki – Gün, şuglasy älemi ýakar» diýen sözleri ulanýar. ♥ Hüňkär soltan kyrk müňlere baş bolup, Çardagly Çandybiliň degresinde düşläninde Görogla: «Senden üç dilegimiz bar, bitirseň, il bolup gaýdýas, aýt diýseňiz bolsa aýdýas» diýip dileýän gymmatlyklarynyň biri – onuň Agaýunus perisi. Şonda Görogly: «Perizady meniň ýadyma ýagşy saldyň... tagsyr, men özüm bolsam, perizadyň köp ýerini görüp geldim, baraga-da, täzejesiniň birini äkeläýerin» diýibem goýberýär ahyr, bir agzynda. Dogrudan hem Agaýunusy almaga giden ýollary Görogla tanyş ahbetin, belki ol inisiniňki ýaly perizat gelinli bolmak isleýän Genjim agasyna hüýr gyzlaryň birisini getirip berse-de berendir. Şol «hüýr» sözi soň-soňlar has ada öwrülip gidendir. Belki-de «Göroglynyň» agasy Genjim bege hüýr-perizat getirip berşi dogrusynda şahasy-da bolandyr. ♥ gadymy Hörezmşalar döwletiniň paýtagty, Berinunyň maglumatlaryna görä, Aleksandr Makedonskiniň gadamyndan 980 ýyl öň hem gülläp ösen şäher bolan Gürgenjiň ady Oguz-türkmenleriniň genji-känidir. Çünki Çingiz hanyň basybalyjylykly ýörişlerine çenli oguz derýasy bolan (çaý-y-hunyň) Jeýhunyň bir şahasy (oguz boýy) Uzboý Gürgenjiň edil alkymyndan akyp geçýän ekeni. ♥ «Şasenem – Garyp» dessanynyň wakalarynyň ýaýbaňlanýan ýeri Diýarbekirdir, ýagny (öküzleriň) oguzlaryň Diýarydyr. «Göroglynyň», «Şasenem – Garybyň», «Nejep oglanyň» esasy gahrymanlarynyň biri Aşyk Aýdyň piriň ýaşan şäheri Şähribossan hem Diýarbekrden o diýen uzakda däl. Şo-ol gadymy Şähribossanyň ýerleşen sebitinde Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşdirilen gonamçylyk hem bar. Her näçe ulaltma duýgusy çaýylanam bolsa, «Şasenem – Garyp» dessanynda wakalaryň ýaýbaňlanýan ýerlerine atly adamyň bir günüň dowamynda baryp-gelmek mümkinçiligi bar. Mysal üçin Garyp Diýarbekirden Halap Şirwana gaýdýar. Agzalan şäher atlary bilen baglanyşykly ýadygärlikleriň arasyndaky uzaklyklary nazara alsaň, onda onuň wakalarynyň hiç hili ualaltmasyz aralykdaky ölçegleriň çäginde bolup geçýändigine göz ýetirýärsiň. Akja gelin Garyby gözläp, Diýarbekirden Şamaka gelip bilýän bolsa, onda aralar juda uzak bolmaly däl. Garybyň Şasenemden öýkeläp gaýdýan mekany Şamaky Şirwan hem häzirki S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde. Bu etrapda häzir «Şamaky» daýhan birleşigi hem bar. Akja Diýarbekiri bilen Şamaka barýar. Iň gyzykly ýeri hem, şonda Garyp: «Ýene meni goýmaz bolsa bu ýerde, baş alyp gider men Çandybillere» diýýär. Bu sözüň logiki ýordumy Şaseneme indi gidäýsem, has uzagrak giderin, sen meniň yzymdan Akja gelni goýberibem getirip bilmersiň diýen manydan aýdylýandygyny äheňinden hem duýup bolýar. Diýmek, Çandybil has aňyrrakda. Diýarbekirden Şamaka gaýdýan ýol ýene gündogarlygyna uzaberse, Gürgenje barýar. Gürgenjiň (häzirki Köneürgenjiň) golaýynda Gülnahala (Akja gelne) aşyk bolan Ezber hojanyň ady bilen baglanyşykly öwlüýä hem bar. Diýmek, Gürgenjiň Göroglynyň agasy Genjimiň ýaşaýan şäheri bolan bolmagy hem mümkin. Eýsem, onda Çandybil niredekä?! Bu sowal häzirlikçe, anyk çözgüdine garaşyp ýatyr. Emma Gürgençden Genjimiň ýşaýan ýerinden uzakda däl. Görogly alys ýurtlara gideninde sapar Kösäniň baryp, goýun-guzy alyp gaýtmaga mümkinçiligi bolan aralykda. ♥ Umuman alanyňda, häzirki Köneürgenjiň taryhy bilen baglanyşykly sözleri şeýle derejede tertipleşdirmek mümkin. 1. Horezm 2. Uzboý (oguzboýy) 3. Diýarbekir 4. Gur genji. Köki nesilbaşymyz Oguzhana barýan urug-tireleriň wekilleri dünýäde dabarasy daglar aşan güýçli, kuwwatly döwletleriň ençemesini esaslandyrdylar. Geliň, olardan käbirine bilelikde ser salalyň. Söbük hökümdaryň ogly Mahmyt Gaznaly türkmenleriň Oguzhanyň bozoklar ganatyndan Gün hanyň Gaýa oglundan gaýdýan taýpadandyr. Seljuk hökümdarlyklary bolsa Oguzhanyň üçoklar ganatyndan Deňiz hanyň Kynyk oglundan gaýdýan taýpadandyr. Taryhda Horezmşalar döwleti diýlip adygan nesilşalygy esaslandyran bolsa Oguzlaryň Begdili taýpasyndan bolan Anuştegin Gurdyr. Anştegin Gur gelip çykyşy boýunça Oguz hanyň sag ganaty bolan Bozaklar Ýyldyz hanyň Begdili oglundan gaýdýan taýpadandyr. Gaýalaram, kynyklaram, begdililerem Oguz ýigrimi dörtlüginiň mizemez sütünlerindendir. Bu hakykat bolsa Gündogaryň şöhratly gahrymany Jelaleddin dogrusyndaky «Jelaleddin Munammet horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan» diýlip dürs ýazylanam bolsa, ýalňyş düşünilýän düşünjä dogry düşünmegiň badalgasydyr. Has takygy, ol sözlemi aýdyňlaşdyrylan görnüşde; «Meňburun lakamly Jelaleddin Meňguberdi asly Oguzhanyň begdili taýpasyndan gaýdan Anuştegin Guryň neberesi bolan Muhammet horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan ogludyr». Onuň Muhammet horezmşanyň türkmen aýalyndan bolandygy hökümdaryň başga milletleriň wekillerinden bolan aýalynyň hem barlygy sebäpli ulanylan nygtalmadyr. Häzirlikçe welin biz hakykata juda ýakyn bir çaklamany arkaýyn tekrarlamak isleýäris. Ol hem Diýarbekirden (oguz diýaryndan) gaty uzakda bolmadyk, alkymyndan (oguz derýasy) Uzboý akan, oguzlaryň dürli dillerde atlandyrylyşynyň bir böleginden – «hor» böleginden emele gelen Horezm oguz döwletiniň – Horezmşalygyň paýtagty Gürgenç şäheriniň birinji bölegi oguzlaryň, guzlaryň aýdylyşyny aňladýan «gur» sözündendir. Bu gadymy şäher taryhdan şu döwre çenli şeýle özgerişleri başdan geçiripdir: Gur genji – Gurgenç – Gürgenç – Ürgenç – Köneürgenç. Hawa, Gürgenç – Gur genjidir. Aşyrmät GARLY. 07.01.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |