GURBANJEMAL YLÝASOWA
Zehinli folklorçy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, türkmen folklorynyň düýpli meselelerini öz içine alýan, olaryň žanr aýratynlyklaryny, folkloryň taryhy köklerini, ösüş ugruny many ýaýrawyny, Gündogar halklaryň folklory bilen özara baglanyşygyny hersiniň özüniňki bolan milli özboluşlylygyny seljerýän, tutumly işleriň, ýygyndylaryň, ýüzläp makalalaryň, awtory Gurbanjemal Ylýasowa diňe bir halky eserleri öwreniji, seljeriji alym bolman, ilkinji nobatda ol bu baý ruhy mirasy toplaýjydyr hem onuň ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda bolup, toplan halky eserler TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 1164, 1234, 1551-nji we başga-da birnäçe bukjalarynda saklanylýar. Olar dürli-dürlüdir. Meselem, 1164-nji bukjada mirasgäriň Kaka etrabynyň Magtymguly köçesiniň 20-nji jaýynda ýaşan Toty Gurdowanyň dilinden ýazyp alan toý aýdymlary, toý däbine, ýas däbine degişli maglumatlary, nesihat häsiýetli gürrüňleri juda özboluşly. Şol bukja onyň Kakanyň öňki Lenin köçesiniň 81-nji jaýynda ýaşaýan Bajaw Işangulyýewanyň dilinden ýazyp alan toý aýdymlary hüwdüleri, çaga söýüp aýdylýan setirleri-de öz içine alýar. Bajaw eje mirasgäre 120 bent agylary, 10 bent toý aýdymlaryny, dürli tema degişli 46 bent goşgulary aýdyp beripdir.
Bajaw ejäniň agy bentleri ideýa-mazmun taýdan bir-birine meňzeş. Olary ýüregiňi paralaman, okamak mümkin däl. Durmuşdaky ölüm-ýitim bilen baglanyşykly ol agylaryň ençemesiniň Bajaw Işangulyýewanyň özüniň düzendigine-de şek ýok. Agylarda ynsanyň başyna düşen ölüm sebäpli diňe bimahal dünýäden öten ynsan üçin çekilýän gussa-gaýgy beýan edilenok. Edermen goç-ýigitler, edepli, gujur-gaýratly zenanlar bilen baglanyşykly bolanda ýigitleriň mertligi, gaýduwsyzlygy hem zenanyň başarnygy-da beýanyny tapýar. Olar hossarlaryndan, il-gününden jyda düşen gahrymanlara, mert, edepli zenanlara bagyşlanan ýadygärlige meňzeýär. Ol ýadygärlik halkyň kalbyna ornapdyr, adamlar olary unutmaýar.
Şu çeşmede ýerleşýän uly depderleriň birindäki 58 bent goşgular-da Bajaw ejä degişli bolup, olar beýik Watançylyk urşunyň gerçeklerine bagyşlanan. Ikinji umumy depder 146 sahypadan ybarat bolup ondaky sanawaçlar, küşt depilende aýdylýan bentler Kaka etrabynyň mekdep okuwçylarynyň dillerinden ýazylyp alnan. Duşak obasyndan ýazylyp alnan küştdepdilerde-de gelin-gyzlaryň isleg-arzuwlary beýan edilýär. „Täze ýylyň bahary saňa bagt getirsin, ýürekdäki besleýän arzuwyňa ýetirsin“ diýen mysaldan görnüşi kimin. Mysallaryň hemmesi soňky döwürde döredilen bentler. Many taýdan ýumora ýugrulan ol bentlerde degişme häsiýeti güýçli. Olar forma taýdan sadaja. Bu folklor eserleriniň arasynda Duşak stansiýasynda ýaşaýan Sona Gurbanmyradowanyň dilinden eşidilen hüwdülerdir rowaýatlar-da bar. Olar durmuşy söýmek, söýülmek, birek-birege wepaly bolmak, göwne degmezlik ýaly many-mazmunly.
Alma atdym nar geldi,
Keteni köýnek dar geldi,
Günüň günortan çagy,
Moskwiçli ýar geldi.
Sanalýan bentlerde degişme-de ýetik.
Kurilkada gizlenseň,
Dnewalnam kowup ýör,
Zdes delat niçego,
Dežurna-da sögüpdur.
Bu umumy depder birki sany ertekini-de öz içine alýar. „Jüýjejik“ atly ertekide özüne ýagşylyk eden adamlara al salyp açgözlük eden jüýje paş edilýär. Iň soňunda guzyny gelne öwrüp aldap alan jüýje ähli zatdan bizar bolup itlerden zordan başyny gutarýar. „Şütdi“ atly ertekide Şütdi atly oglanyň ýaltalygy ýazgarylsa-da, Şütdiň ýeserligi, diýen etdirijiligi bilen bir döwe al salyp, oduna giden ýoldaşlaryny ölümden halas edýär. Iň soňunda-da döwüň özüni ýok edýär. Ertekileriň ikisiniňem öwredijilik häsiýeti güýçli. „Şütdide“ halk öz ýalta gahrymanyny durmuşda duşman bilen ýüzbe-ýüz goýup, ony sada häsiýetleri bilen taplaýar. Ýeňişe ýetirýär. Bu erteki ýygyndylarda gabat gelenok. „Düýe oglan“ atly erteki sýužeti, beýleki mirasgärleriň toplan ertekilerinde, ady başgarak bolsa-da şu mazmunda gabat gelýär. Ertekide düýe bolup doglan oglanjyk jadynyň güýji bilen gijelerine adam, gündizlerine düýe bolýar. Ol baýyň gyzyna öýlenýär.Gyz jigilerine kömek etjek bolup düýäniň gije çykaryp goýan (hamyny) otlaýar. Ol netijede gözden gaýyp bolan düýäni tapmak üçin görgi baryny görýär.
Mazmuny birem bolsa käbir ertekilerde beýlekileri gaýtalamaýan haýsydyr bir alamat bolýar. Meselem, şu mazmunda duş gelýän beýleki ertekilerde ýigidiň öýlenen gyzynyň aýal doganlary oňa ýamanlyk edip doganlaryna adamsynyň gowuny otladýarlar. Bu ýerde tersine, maksat ýagşylyk etmekden ybarat. Ýagny ýigidiň gije-de, gündizem adam sypatynda gezmegi niýet edilýär. Bu ýagdaý bir tarapdan erteki sýužetleriniň bir welaýatdan beýleki welaýata ýa etraba göçüp-gonup ýörendigini aňladýar. Ertekiler neşir ediljek bolnanda, iň kämilini saýlap almak üçin bu ýagdaý peýdaly. Ýokarky ertekileri mirasgär Kaka etrabynyň öňki „Komsomol“ kolhozynyň ýaşaýjysy 71 ýaşly Garagyz Annaýewanyň dilinden ýazyp alypdyr.
Garybam göten ýagşy,
Köýnegiň keten ýagşy,
Gezende her ýer bolsun,
Ölmäge Watan ýagşy-
-ýaly manyly bentler gabat gelýän bu çeşmede mirasgär ýas däpleri, toý däpleri bilen baglanyşykly ençeme maglumatlary-da ýazyp alypdyr.
G.Ylýasowanyň dürli wagtda, dürli-dürli etraplardan toplan folkloryň ownuk žanryna degişli ýomaklardyr, hüwdüleri, küşt depilende aýdylýan aýdymlary Milli golýazmalar institutynyň 1234-nji bukjasynda saklanylýar. Ol ownuk žanrlar häsiýeti, many-mazmunlary boýunça soňky döwürlere degişli. Olary anyklamak kyn däl. Bu ýagdaý şol gymmatly ýadygärlikleriň dörän döwrüniň durmuşyny, folkloryny öwrenmeklige esas berýär. Olaryň arasynda Tagtabazar etrabynda Ataýew Muhammetden, Ylýasow Atagarrydan 1970-nji ýylyň sentýabr aýynda ýazylyp alnan adamyň daşky sypaty bilen bagly aýdylan, ýumora ýugrulan ýomaklar-da bar. Hatda olaryň arasynda dili duzluja gelin tarapyndan döredilen „delje“ bentler-de duş gelýär. Gelniň oguljygynyň babasyna-mamasyna garaýşyny atasydyr enesine garaýşyndaky ýumory ýylgyrman okamak mümkin däl. Ol çaga degişli sanawajy mirasgäre ejesi Nurbibi Ylýasowa aýdyp beripdir.
Gyrmyzy donly, gyr atly,
Daýysy bardyr oglumyň,
Gara saçy gotazly,
Daýzasy bardyr oglumyň.
Mele myssyk hamyrly nan,
Mamasy bardyr oglumyň,
Suwlanmadyk petir nan,
Enesi bardyr oglumyň.
Silkme telpek, hywa don,
Babasy bardyr oglumyň,
Şokurdyk possun, şum telpek,
Atasy bardyr oglumyň.
Döredilen döwrüniň durmuşynda duş gelýän nogsanlyklary paş edýän bentlere, küştdepdi aýdymlarynda-da duş gelinýär. Meselem:
Jygyldyg-a, jygyldyk,
Jygyldykda boguldyk,
Gorka-gorka zat satyp,
Ahyrynda kowuldyk.
Degişme häsiýetli küştdepdiler juda sadaja bolsalar-da, özboluşly eslije bentleri öz içine alýan ol degişmeleri Aşgabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Taganow Çarydan 1970-nji ýylda ýazyp alypdyr.
G.Ylýasowanyň toplan hüwdülerinde-de eneler, mamalar, uýalar tarapyndan döredilen bentlerde olaryň çaga bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary beýan edilýär. Ol arzuwlar giň, mazmuna baý, söýgä ýugrulan.
Meniň balam ýagşydyr,
Al palasyň nagşydyr,
Sürüli goýnuň sütügi,
Ak pamygyň übtügi,
Sorap-idäp gelseler,
Babasynyň agtygy.
Meniň ballym baş bolsun,
Münen aty guş bolsun,
Daş ýerlere gidende,
Erenler ýoldaş bolsun.
Mirasgärler G.Ylýasowa bilen A.Durdyýewa 2011-nji ýylyň maý aýynda Mary welaýatynyň Murgap, Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten etraplarynda ylmy saparda, bolup mekdep mugallymlarynyň Muhammetmyrat Durdyýewiň, Guwanç Durdyýewiň, Halykberdi Gurbansähedowyň kömegi bilen folklora degişli ençeme gymmatly maglumatlary, rowaýatlary, tymsallary, goşgulary hekaýatlary toplapdyrlar. „Barylmadyk ýerlerde eşidilmedik gep ýatyr“ diýlişi ýaly, ýygnanan maglumatlaryň arasynda heniz ile nämälim bolan gyzykly gürrüňleriň, rowaýatlaryň üstünden barylýar. Ol hazynalar TYA-nyňMilli golýazmalar institutynyň 1551-nji bukjasynda saklanylýar.
Alymlar saparda bolanlarynda, Daşkent litografiýasynda 1867-nji ýylda çap edilen dini meseleleri öz içine alýan „Şerhin wakaýa“, atly kitaby, 187 sahypadan ybarat arap grammatikasyny we“Mustahil jenan we musbahil iman“ (Jennetiň açary we imanyň çyragy) atly 1950-nji ýylda Stambul metbesinde çap edilen kitaplary, Alişir Nowaýynyň türk dilindäki rubagylaryny gola salyp, olary Milli golýazmalar institutynyň hazynasyna tabşyrýarlar. Toplanan edebi mirasyň agramly bölegi taryhçy, edebiýatdan hem, bagşyçylykdan hem başy çykýan Halykberdi Gurbansähedowyň Türkmenistanyň dürli-dürli künjeklerindäki bagşylar, sazandalar hakyndaky şol sanda käbir sazlaryň, aýdymlaryň döreýişleri hakyndaky aýdyp beren rowaýatlaryna, gürrüňlerine degişli. H.Gurbansähedow mirasgärlere Magtymguly Garly, Durdy bagşy, Şükür bagşy bilen baglanyşykly rowaýatlary gyzykly gürrüňleri aýdyp beripdir. Şol sanda Halykberdi Gurbansähedow Keminäniň „Ärsarynyň gyzy“, „Haýyt ýykan“, „Gelinler“, „Akmeňli“ goşgularynyň döreýiş baradaky rowaýatlary-da, Şükür bagşynyň „Aýa sataşdym“ sazynyň döreýşi hakyndaky rowaýaty-da gürrüň beripdir. Mirasgärleriň berýän maglumatlaryna görä, gürrüňçi Murgap etrabynyň Mollanepes köçesinde ýaşaýar. Ol 1933-nji ýylda doglan.
Mirasgärler başga-da bagşylar, sazandalar bilen baglanyşykly gürrüňleri, maglumatlary Mary şäheriniň ülkäni öwreniş müzeýiniň direktory Töre Nobatowdan, türkmengaladan mekdep mugallymy Muhammetmyrat Durdyýewden, hazyna toplaýjyGurban Sadykowyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Ol ýazgylar Nobat bagşy, onuň ogly Ödenýaz Nobatow, bagşy Gurt Ýakubow, Garly bagşy, Durdymyrat sazanda bilen baglanyşykly, olaryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki hyzmatlary bilen bagly.
Toplanan edebi mirasyň arasynda ençeme pähimler, nakyllar, aýtgylar, tymsallar türkmen halky hem Ojarly baba baradaky, Muhammethanapyýa, Sahy baba („Sagdy-Wakgas“), Ahmet pälwan, Kemine we gonambaşylar barada gyzykly rowaýatlar bar. Hazyna toplaýjylar 40 ýyl bäri sungat ussatlary bilen baglanyşykly öý müzeýini döreden Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Italmaz Ýagmyrowdan şol müzeý bilen baglanyşykly beren gyzykly gürrüňlerini diňläpdirler.
Türkmengala etrabynyň „Bereket“ daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Gurban Sadykowyň ensiklopedik sözlükleri, etnografiýa we taryhy senetleri öz içine alýan öý muzeýi baradaky gyzykly gürrüňleri mirasgärler 2011-nji ýylyň iýun aýynda ýazyp alypdyrlar. Bu öý muzeýiniň diňe maşgala üçin däl, okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly hazynadygy öz-özünden düşnükli.
Bukjada Şükür bagşynyň „Akmeňli“ „Söýli halan“ sazlaryny döredişi barada-da rowaýatlar saklanylýar. Bukjadaky edebi gymmatlyklaryň arasynda Magtymguly Garly bilen baglanyşykly aňyrsynda hakykat ýatan şeýle rowaýat getirilýär. Rowaýaty Ödenyýaz Nobatowyň ogly Mary welaýatynyň ülkäni öwreniş müzeýiniň direktory Töre Nobatow 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda gürrüň beripdir.
Jüneýit han Magtymguly bagşyny gowy görer eken. Bagşy onuň göwnünden turmak üçin bir aýdymy gaýtalaman üç gije aýdar ekeni. Jüneýit han „Ors gelýär“ diýip guma çekilýär. Ol akylly, paýhasly han eken. Ol birnäçe goşunlary bilen çölde ýerleşipdir. Ýaşamaga iýmit bar, emma ruhy iýmit ýetmeýär eken. Ahyrda han Magtymguly bagşyny getirmegi ýüregine düwüpdir. Han Ýolbars gotur diýilýän bir gözsüz batyryny bagşyny alyp gelmäge yzyndan ýollapdyr. Ýolbars gotur atyny çapdyryp, Magtymgulynyň ýanyna gelip, hanyň matlabyny aýdypdyr. Onuň sazandasy Sapar Beki ýasda oturan eken. „Eger gitmeseňiz, ynha, iki gözli horjun, heriňiziň kelläňizi alyp horjunyň gözüne salyp äkiderin“ diýende, olar ylalaşmaly bolupdyrlar. Jüneýit han olary keýpsiz garşylaýar. Magtymguly öz içinden „Bä-ä, munuň garşylaýşa bolmady“ diýip, bolsa-da syr bildirmän, üç gije-gündizläp, bir aýdymyny gaýtalaman aýdypdyr.
Aýdym tamamlanan soň, Jüneýit Magtymguly Garla matlabyny duýdurypdyr. „Men dagdan aşjak. Sen meniň bilen gitseň“ diýipdir. Magtymguly: “Han aga, men öz topragymda galaýyn, gaty görmeseň” – diýip jogap beripdir.
Bagşynyň gitmejegine gözi ýeten han Ýolbars gotura: „Bar bulary ugrat“ diýen. Emma Magtymguly bagşy özleriniň beýle ugradylyşyny halamandyr. Sapar Bekä: „Aý, biziň bu ugradylyşymyz-a gowy däl, bir sebäbi bolmalydyr” diýip gidiberipdirler. Ep-esli ýere ýetenlerinde Magtymguly Sapara „Kelemämizi öwreli“ diýipdir.
Ýolbars goturyň bagşyny ýoklamaga eli ysmandyr. Çünki üç günläp aýdylan aýdymlaryň täsirinden çykyp bilmändir. Ol aýdymlar „Selle getir diýilse, kelle getirýän”Ýolbars goturyň ýüregini eredipdir. Ol bagşa ýüzlenip: “Ine, horjunyň iki gözüne siziň kelläňizi salyp hana eltmelidim. Emma meniň elim baranok, men ony başaramok. Indi, baryň, gidiň, ýoluňyz ak bolsun, goý, han meni ataýsyn” diýip, atynyň başyny yza öwrüpdir. Gelip Jüneýit hanyň öňünde başyny goýup:
– Han aga, men bu işi bitirebilmedim. Bagşyny ýoklap bilmedim. Ynha, ýarag meni öldürseň – diýip, ýaragyny öňünde goýupdyr.
Han söýgüli bagşysyny ýoklamaga ibereni üçin, eden işine ökünip, gamgyn halda başyny aşak salyp oturan eken.
Ýolbars goturyň habaryny eşidenden hanyň ýüzi açylypdyr we nökerine:
– Ýolbars, dogry edipsiň. Bagşyny öldürmäniň gowy bolupdyr – diýip, begenjini daşyna çykarypdyr.
„Bilbil bagşynyň“ hoş owazly aýdymlary Ýolbars goturyň zalym ýüregini hem ýumşadypdyr. Han soň-soňlaram „yzymda bilbilim galdy“ diýer ekeni.
Halkyň arasyndan ýygnanan maglumatlara görä, Çuwal bagşy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan hiç aýdym aýtmandyr. Munuň sebäbini ondan soranlarynda: “Adamlar, akyldar bir ýanyp duran öwlüýä. Onsoň näme, onuň aýdymlaryny ýalňyş aýtmak külli günämikä diýýärin. Men bu beýik şahyra uly hormat goýýaryn” diýip jogap beripdir.
Mirasgärler türkmen halky bilen baglanyşykly „Myhman ataňdan uly, özi myhmanyň guly“.
„Türkmende açykdyr gapy,
Döwletdir myhmanyň köpü,
Gonagy gitmez söweşiň,
Hergiz ýokdur ownuk gepi“.
„Sagry ädigi, sagdyn eder bedeni, her kes edebilmez olaň edenni“ýaly käbir pähimleri-de halkyň arasyndan ýazyp alypdyrlar. Bukjada düýe hakynda-da şeýle pähimler bar: „At algydar, düýe bergidar“, „Basany aýlyk düýe, götereni ýyllyk“, „Düýe münen uzagy gözlär, eşek münen ýakyny“, „Düýe üstünde süýt uýamaz“, „Düýäm bar, dünýäm bar“, „Düýeli baý, dünýäli baý“ we ş.m.
Mirasgärlere Türkmenabat şäherinde ýaşaýan Annageldi Oramedow „Sere gelen setirler“ atly pähimleri beripdir. Elbetde, ol setirleriň durmuşda halkyň arasynda aýdylyp serde saklanan pähimlerdigini hiç kim inkär edip bilmez.
Olardan käbir nusgalar: „Söz adam aňynyň nusgasydyr“, „Gorkuzmakdan söýdürmek kyndyr“, „Hakykaty bilýänden, aýdýan azdyr“, „Ýalança-jeza ýok haýp“ „Ýalançy-ynam ogrusydyr“, „Süýji ýalandan, ajy hakykat ýagşydyr“, „Taryh üýtgedip bolmaýan geçmişdir“, „Akyl ogurlap bolmaýan hazynadyr“, „Adamyň edýän pikirinden aýdýan pikiri has azdyr“, „Adamy özünden kanunam gorap bilmeýär“, „Baý bolmakdan, bagtly bolmak kyndyr“ we ş.m.
Elbetde, halkyň arasyndan ýygnap bileniň özüňki, her bir rowaýatyň, ertekiniň, hekaýatyň, tymsalyň halk pähimleriniň türkmen folkloryny baýlaşdyrmakda, durmuşy öwrenmekde, diňleýjileriň ruhuny baýlaşdyrmakda hyzmaty uly.
G.Ylýasowanyň asly gullukçy maşgalasyndandyr. Ol Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň merkezinde 1944-nji ýylyň 11-nji awgustynda dünýä inýär. Ol ilki welaýatyň Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynyň (öňki “Kommunist”) d/b 2-nji orta mekdebiniň 6-njy synpyny tamamlaýar, soň ene-atasynyň Mary şäherine göçüp gelmegi bilen baglanyşykly, okuwyny şol ýerde dowam etdirýär.
1961-nji ýylda orta mekdebi tamamlandan soň, Aşgabada türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, onuň filologiýa fakultetinitamamlaýar.
Şu ýerde bir hakykaty nygtamaly. Mirasgär Ylýasowa talyp ýyllary özüniň iň hormatlaýan mugallymlary uly alymlar, folkloryň janköýerleri Mäti Kösäýewiň, Hojaberdi Hanowyň tabşyrygy bilen ýaşaýan welaýatynyň dürli-dürli künjeklerinden folklor nusgalaryny höwesjeň toplap, mugallymlaryna getirip tabşyrýar eken. Alymyň şu günki günlere çenli toplap, seljeren, irmän-arman halka ýetiren folklor mirasyna söýgüsi, olary içgin öwrenmeklige höwesi şol ýyllardan başlapdy. Ol häzirem şol ajaýyp mirasy toplap, öwrenip ýören hazyna toplaýjylaryň iň zehinlileriniň biri.
G.Ylýasowa Türkmen döwlet uniwersitetini 1966-njy ýylda tamamlandan soň Tagtabazar etrabynyň 1-nji türkmen-rus mekdebinde rus çagalaryny türkmen dilinden, türkmen çagalaryny hem edebiýatdan okadyp başlaýar. Soň ol Aşgabada gelip, gaýybana aspiranturakabul edilip, onda az salym okaýar. Şol döwürde Türkmen eniklopediýasynda işläp başlaýar. Soň TYA-nyň prezidenti, akademik Pygam Azymowyň kömegi bilen 1969-1971-nji ýyllaryň aralygynda aspiranturanyň doly kursuny tamamlaýar. 1974-nji ýylda „Türkmen halk döredijiliginde maşgala däp-dessur poeziýasy“ diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, şol ýyl filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Alym 1972-nji 1979-njy ýyllar aralygynda türkmen ensiklopediýasynda dürli kärlerde işleýär.
Mirasgär 1979-1990-njy ýyllaryň aralygynda TYA-nyň Taryh institutynda işläp, türkmen halkynyň taryhyny, onuň gadymdan gelýän medeniýetini öwrenip, seljerip, ençeme ylmy makalalar ýazýar, düýpli ylmy işlere baş goşýar.
G.Ylýasowa belli folklorçy alym, folklor bölüminiň müdiri Ş.Halmuhammedowyň ýardam bermegi bilen 1990-njy ýylda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň folklor bölüminde işe başlaýar. 1990-2003-nji ýyllarda institutda uly ylmy işgär bolup işlän döwründe türkmen folklorynyň taryhyny ýazmaga, ýygyndylary çapa taýýarlamaga gatnaşýar.
Metbugatda halk döredijiligine degişli makalalar bilen yzygiderli çykyş edýär. Olar many-mazmuny boýunça türkmen folklorynyň dürli meselelerini öz içine alýar. Meselem, onuň „TYA-nyň habarlarynyň“ jemgyýetçilik serýasynda agylar bilen elegiýalaryň gatnaşygy, folkloryň seýrek işlenen yrym-ynançlar, alkyş-dilegler hakyndaky gyzykly makalalary çap edilýär. Onuň „Edepnama“ atly ýygyndyda möhüm ideýany öz içine alýan „Adam - edebinden, ýurt - tugundan“ atly uly göwrümli makalasy çap edilýär.
Ol 2005-2009-njy ýyllarda Milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň şol bir wagtyň özünde „Miras“ merkeziniň bölüm müdiri hem bolup işleýär. Şol döwürde ol „Türkmen halk nakyllary“, „Türkmen ertekileri“ ýaly ýygyndylary, „Ependini“ redaktirleýär. 2005-nji ýylda „Miras“ merkezinde, „Türkmen halk yrym-ynançlary“ atly kitaby we A.Durdyýewa bilen bilelikde taýýarlan „Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi“ atly ýygyndysy çap edilýär.
Türkmen folklorynyň möhüm meselelerini öz içine alýan ýüzlerçe makalalaryň, birnäçe ýygyndylaryň awtory G.Ylýasowanyň makalalary daşary ýurtlarda-da çap edilýär. „Şaman ot - oldum şat“ (Türkiýe), „Türkmenlerde ýas däpleri we agylar“ (Türkiýe), „Türkmenistan we Türkiýe dügünü ölüm gelenek we ynançlar“ (Türkiýe, türk alymy doktor Ýaşar Kalafat bilen bilelikde) „Türkmen toý däp-dessurlary we toý aýdymlary“ (Angliýa, Amangül Garryýewa bilen bilelikde). Ol folklor bilen baglanyşykly olaryň ideýa-mazmunlaryny, milli häsiýetlerini açýan ençeme makalalar bilen türkmen topragynda halkara derejesinde geçirilen ylmy-amaly maslahatlaryň ýigrimi bäşden gowragyna gatnaşyp, türkmen folklorynyň many-mazmunyny, terbiýeleýjilik güýjüni, milli häsiýetini açýan nutuklar bilen çykyş edýär. Çykyşlar nutuklary öz içine alýan ýygyndylarda çap edilýär.
„Halk döredijiligi diýlende, ony Gurbanjemal Ylýasowasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bütin ömrüni halk döredijiligini öwrenmeklige bagyşlan bu alym zenan halk döredijiliginiň dürli ugurlaryna degişli düýpli ylmy-barlag işlerini alyp bardy“ diýip galamdaşy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa hazyna toplaýja baha berýär. Toplaýja hem halkyň edebi mirasyny sünnäläp, ideýa-gymmatyny, many-mazmunyny, terbiýeleýjilik güýjüni düýpli açyp halka hödürleýän alyma berlen bu baha juda dogry. Alymyň ylmy makalalary, tutumly işleri türkmen folklor ylmyna uly goşantdyr.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly