17:51 Gurbanlyk | |
GURBANLYK
Goşgular
Hak emrine kaýyllykdan kök alýan, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Ýylda üç gün şadyýana gurnalýan, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Bat asylyp, hiññillikler uçulýan, Gurbanlyk çalynyp, saçak açylýan, Wepalylyk üçin günä geçilýän, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Gudraty güýçlüden bir perman bolan, Persent gurban etmeklige buýrulan, Haka sygynylyp, tüýs ýalkanylan, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Ybraýymy synap gören Biribar, Ten bereni üçin bolan howandar, Ysmaýyly halas eden hökümdar, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Jebraýyla Hak edenmiş yşarat, Perişde şol demde ýaýýanmyş ganat, Ýas baglan jemende bolanmyşyn şat, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Musulmanda mukaddes, eý görülýän, Din-adat ýolundan öñe sürülýän, Orazadan ýetmiş gün soñ berilýän, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Ýaradan Hak, gurbandyryn adyña, Kaýyldyryn eden, etjek zadyña, Türkmen azat, Sen ýetişdiñ dadyna, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Hüşür-zekat ynsanperwerlik nyşan, Gurby çatan her musulmana hökman, Ata Gurban aýdar, dinde hasap kän, Sadakamyz, baýramymyz Gurbanlyk. Ata GURBANOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |