20:03 Guwançly goşgy | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ GUWANÇLY GOŞGY Jahana gelemde dokuzym düzüw ~ El-aýakly, gözli-göreçli boldum. Ak çägesin düşek berdi Garagum, Gollarymy gerdim ~ gulaçly boldum. Ýüregime ornap-ornap günsaýyn, Enäniñ ak süýdi boldy ynsabym. Ir öwrenip algy-bergiñ hasabyn Il bilen ümeli-üleşli boldum. Gep diñledim ~ özenini gözledim, Depä çykdym ~ guzaýyny gözledim, Dost ýitirdim ~ öwezini gözledim, Dosta-ýara herne ynançly boldum. Ak ýagyşlar mawy ýazy getirdi, Çypar tomus geldi ~ közi getirdi, Keltejik ak gyşlar buzy getirdi, Olardan eý alyp, berdaşly boldum. Jerenler sürlenip indiler kaka, Ellerim zowalsyz uzaldy oka. Gözlerim "at!" diýdi. Ýüregim "ýalka!" Ýalkadym. Birhili begençli boldum. Ejeme aýdamda bu ahwalaty Hopugyp, gumry deý gerdi ganaty: "Guba jeren guba sährañ zynaty ~ Oñarypsyñ, oglum!" ~ Alkyşly boldim. Kakam bolsa diýdi: "Gulak goý, iner, Owadan zat kändir, gözüñ eglener. Sen şonda göze däl, ynsaba eýer" Bu pende kanun dek garaşly boldum. Garaguma ýagyş ýagdy gar düşdi, Ýüregime bir çümmüjek gor düşdi. Onsoñ töre gara gözli ýar düşdi Gelim-gidim, baryş-gelişli boldum. Ojak ojak ýaly. Öýüñ öý ýaly. Hemme zat ýerbe-ýer, elipbiý ýaly. Magtymgulyñ "döwlet başy" diýýäni ~ Ogla gözüm düşdi. Buýsançly boldum. Ýene ýagyş ýagar, ýene gar düşýär, Tüýnügimden gün jyklaýar ~ nur düşýär. Arman, ýöne saça gyraw ir düşýär ~ Ýigit ýüreklikäm çal saçly boldum. Aýdanyñ diñlense, goýulsa gadyr, Çal baş şahyr! Başga islegiñ nedir? Gelişiñi gözüñ öñüne getir ~ Sopbaşdym. Il-günli, gardaşly boldum. Ýalañaçdyñ, egin-eşigiñ bitdi. Biakyldyñ. Aklyñ äleme ýetdi. Bir arzuwyñ bardy ~ olam perzentdi, Goç ogluñ bar ~ yzym tirkeşli boldum. Kän zat bilýäñ. Ýene bir zada düşün: Birje ömrüñ bolsa, birje-de başyñ, Şol baş amanatdyr. Başga kimmişiñ? Men kaýyl: ynsana degişli boldum. Indi öz ogluma diýýärin: "Iner, Owadan zat kändir, gözüñ eglener. Sen bolsa, göze däl, ynsaba eýer ~ Açyk ýaşap, göwni güneşli boldum. | |
|
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |