10:14 "Güýz howasy ýaly mylaýym bolsaň..." | |
"GÜÝZ HOWASY ÝALY MYLAÝYM BOLSAÑ..."
Goşgular
Güýz howasy ýaly mylaýym bolsaň, Topugňa çykmasa deňiz tupany. Garalap ýa sahypalaryn ýyrtyp, Kösemeseň ömür diýlen kitaby. Tanamasaň gahar diýlen apaty, Öýke öýkelese ýüz bermäniňe, Ýyllar haýran galsa synaglarynda Sykylyp-sykylyp özgermäniňe. Ýa-da hol kinonyň gahrymany deý Gül gowşursaň öňden çykan adama. Ýa göwnüňi güle öwrüp gowşursaň... Ömür diýlen zadyň iki gündügi Düşmezmikä adamlaryň ýadyna?! Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 8 | |||||
| |||||