10:33 Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi | |
GÜÝZDÄKI DÜÝŞ
Goşgular
Gülüp garap gözlermiň ýaşyna Çyn söýgä biperwaý bakan aýperim, Gözýaş dökdüň girdiň-de meň düýşüme. Güýz gijesi nämüçindir sen gamgyn Gussaly nazaryň bir ýana dikip, Gözýaşly gözleriň süzüp otyrsyň. Sessiz aglap, bir zat üçin dert çekip, Meniňem bagrymy ezip otyrsyň. Gözýaşlaryň dür-merjeniň dänesi, Ýyldyz dideleňden syrykdy durdy. Näzik kalbyň gör kimlerden kineli, Azaplary bolsa täk maňa berdi. Gözüm açdym... Gaýyp bolduň gözümden, Gaýyp bolan ýaly baky-müdimi. Turup penjireden syrsam tutyny, Sary baglaň arasyndan... Sen birden... Bu ne gudrat, görünýärsiň gözüme, Belki geçmiş bolup galmanyň üçin. Men gündizler aglap ýörün gör, ine, Bir gije düýşümde aglanyň üçin. 1998ý. GÜÝZDÄKI DÜÝŞ Güýzde düýş görýän men, düýşümde hem güýz Howlyňyz. Saralan baglar.Ýapraklar tänip seniň ýollaryňa düşelýär, sen bolsa ýalňyz. Ýalňyzlykda bu derdi çekip bilýärsiň nädip? Nämeden göwnüň galdyka, ne beýle çekýäň müýni, Gussaly gözlerňi süzüpsiň, äleme bakýaň gyýa. Gapyňyzdaky ala köpegem ýatyr ses-üýnsüz süýnüp, Aýyňam şuglasy gökden inip dur siziň öýe. Öň sen Gülüp garabam bilerdiň gamly gözleriň ýaşyna, Hem sen Çyn yşga biperwaý bakybam bilerdiň, Aý perim. Ondan soň kän ýyllar geçdi, Bu günem girdiň düýşüme, Has dogrusy şu gije. Özüňem gamgyn. Ömür uzap dert kemmedi, gaýta artdy kem-kemden Düýş bilen durmuş garyşdy, garyşdy gije gündizem. Sen şol gije düýşüme girip agladyň, indem men, Gündizler aglaýan, emma ýeňläp bilemok henizem. 14.07.2022ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |