00:51 Gyraty ýatlap... | |
GYRATY ÝATLAP...
Edebi makalalar
Aýlawlarda ýa-da telewizorda atçapyşyklara tomaşa edenimde uly tolgunmany başdan geçirýärin. Megerem, munuň sebäbi özümiň ýaşlykda at bilen baglanyşykly ýatlamalarymda bolsa gerek. 60-njy ýyllarda biziň bir atymyz bardy. Bu at dädeme özüniň işleýän edarasy tarapyndan berlen eken. Dädem – Sapar Allagulyýew, Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň suwaryş-dolandyryş ulgamynda inžener bolup işleýärdi. Bu aty maşgalamyzyň her bir agzasy gowy görerdi. Atymyzyň reňki edil ýumurtganyň reňki ýalydy. Nädersiň bir ýerinde sekil ýa-da tegmil bolaýsa... Özem gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän bedewlerdendi. Eýerläp-esbaplap ýola düşeniňde onuň kelle tutuşyny, her hili oýnaklap, keýýerjeňläp ýörüşini diýsene... Onuň sypatyny, häsiýetini doly derejede beýan etmek ýazyjy ýa-da şahyr bolmasaň asla mümkin hem däl. Aty suwa ýakmak, örklemek biziň iň gowy görýän pişämizdi. Irişmesinden iýdip, Sumbar derýasynyň kenaryna eltersiň, ol bolsa uzyn boýnuny uzadyp, äwmän suwdan teşneligini gandyrar. Soňra pyşgyryp, hokurganar-da “Meni ýuwundyryň” diýýän ýaly öň aýagy bilen suwy özüne tarap serpip (peşäp) başlar. Ýuwundyryp bolarsyňam welin, gürre silkinip, irişmesiniň ýetdigine daşyňda pyrlanyp her-hili oýunlar görkezer. Käbir häsiýetlerini ýatlap entek-enteklerem haýran galýarsyň. Ýaz wagtlary kellekisini aýryp birki gezek elňe çarparsyňam welin, ol golaýymyzdaky baýyrlyga tarap ýüzzin salyp gider. Iňrik garalaram atýatakda sarkyp durandyr. Dädem toýdan ýa-da işden gelende meni atyň üstüne mündürerdi-de: “Bar oglum, suwa ýakyp gel!” – diýerdi. Çarpaýa galanda dagy daşyndan howatyrlandyrýan hem bolsa, diýseň düşbi at üstüne münen 7-8 ýaşlaryndaky çagany ynjytman äkidip getirerdi. Megerem, Görogly beg 42 ýerinden ýaralananda Gyratyň duşmanlara syr bildirmän ony ýykman saklandygy hakykatdyr. Hawa, dädem seýisçilikden hem başy çykýan adamdy. Ol aty diňe işe münmän, eýsem ony toý-baýramlarda çapmak üçin irmän-arman taýýarlardy. Şol toý-baýramçylyklarda jarçy goşulýan atlary çagyran wagty, gezek biziň atymyza gelende “Göroglyň aty bolsaň gel haaa...w “ diýip çagyrardy. Çünki adamlaryň aýtmyşlaryna görä, ol at Göroglynyň atyna meňzeş bolmaly. Şeýle atlandyrarça hem bardy, sebäbi toýlardan baýraksyz gaýdan gezegi bolmandy. Şu at barada näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Gowusy men şu atyň soňky ykbaly barada gürrüň bereýin. Maşgalamyzyň, bütin obamyzyň göz guwanjy bolan şu aty şol döwrüň ýowuz hökümi çykarylyp, ete tabşyrmaly diýlip buýruk berilýär. Dädem närazy bolsa-da oňa edara başlygy: “Ulagyňy tabşyr, ýerine müner ýaly motor bereris” diýýär. Durgunlyk ýyllarynyň öz hökümini ýöredýän döwri bolansoň, dädemiň diýeni bolmaýar. Şeýlelikde Gyraty ete tabşyrmaly bolýar. Dädem aty et kombinatyna tabşyranda atyň eýerini, uýanyny aýran wagty at janawar gözlerinden boýur-boýur ýaş akdyrypdyr. Şol pursat dädem gynanjyny aşakdaky ýaly beýan edip, aty bilen hoşlaşypdyr: GYRAT INDI Seni goýup ugramakçy, Razy bolgun, Gyrat indi. Saňa derkar däldir gamçy, Razy bolgun, Gyrat indi. Köwlenmegin daşyň garap, Bu gün boldy halyň harap, Tapmaz boldum ilden sorap, Razy bolgun, Gyrat indi. Elmydam ýatlap gezerin, Waspyňa gazal düzerin, Men seni neneň dözerin, Razy bolgun, Gyrat indi. Atlanamda belent başyň, Beter garry däldi ýaşyň, Akdyrmagyn gözden ýaşyň, Razy bolgun, Gyrat indi. Köp atlaryň badyn aldyň, Göroglyňky adyn aldyň, Meniň göwnüm şadyn aldyň, Razy bolgun, Gyrat indi. Sensiz motor sürjek däldim, Senden gowy görjek däldim, Ygtyýar ýok berjek däldim, Razy bolgun, Gyrat indi. Niräk gitsem basym ýetdiň, “Sür” – diýemde känden ötdüň, Iň soňunda ete gitdiň, Razy bolgun, Gyrat indi. Men-ä seni har etmedim, Iým-otuňa zar etmedim, Tapdygymdan hor etmedim, Razy bolgun, Gyrat indi. Sapar bu gün gamgyn boldy, Toý toýlanyň ýada saldy, Ýaglyk aldy, ýaşyn çaldy, Razy bolgun, Gyrat indi. 22 / VIII – 1965 ý. Dädem dutardan başy çykýan şahandaz adamdy, häzirki Magtymguly etrabynda toýlarda, otruşyklarda “Sapar aga, şol atyňa bagyşlap düzen goşgyňy aýdyp bersene“ – diýip, haýyş ederdiler. Şol aýdymyň goşgusyny ýatdan bilsek-de, her gezek oba baranymyzda Gyrata bagyşlanyp düzülen aýdymy hem höwesli, hem-de gynanç duýgusy bilen diňlärdik. Hudaýa şükür, häzirki Berkarar döwletimizde bedewlerimize üns has-da güýçlendirildi. Ata-babalarymyzyň özleriniň ganaty hasaplan, ýowuz gününde ýoldaşy bolan, toý-tomaşalarda hezil beren bedewlerimiziň alnyndan ak gün dogdy. Goý, elmydama şeýle-de bolsun. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. "Aşgabat agşamy" gazeti, 23.04.1993 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |