01:16 Gyzyma | |
GYZYMA
Hekaýalar
Has dogrusy, entek dünýä inmegine garaşýan gyzjagazym bilen hyýaly söhbet Saňa bu zatlary ýazmagyň entek irräkdigini bilýärin. Ýöne ýakynda bir hekaýaty okadym. Ine, şondan soňra bolsa, bu ýazgylary hökman ýazmaly diýen karara geldim. Hekaýatda bir enäniň öz çagasy bilen akyldaryň ýanyna barşy barada gürrüň berilýär. Ene çagasyna haçan terbiýe berip başlamalydygyny akyldardan soramaga baranmyşyn. Akyldar ondan: “Çaganyň dünýä inenine näçe wagt geçdi?” diýip soraýar. Ene çagajygyň ýaňy alty aýlyjakdygyny aýdanda bolsa, akyldar: “Ah, keýgim, sen alty aý gijä galypsyň” diýýär... Mähriban gyzym, şu hekaýatdan çen tutsaň-a meniň bu ýazgylary ýazmagym juda bir manysyz däl ýaly. Ýöne şonda-da men bu ýazgy hakynda entek hiç kime gürrüň beremok. Hat-da ejeňe-de aýdamok. Aýdaýamda-da, onuň hem meni göwnemezligi mümkin. Şonuň üçin men serime gelenleri diňe seniň bilen paýlaşmak isledim. Bilýärmiň, gyzym, ejeň düýn maňa hoş habarjyk buşlady. Men näme üçin oňa “habarjyk” diýýän-ä! Ol uly habar ahyry! Şol wagt we häzir meniň begenjimiň nä derejededigini bir bilsediň. Biz ynanýarys. Indikijämiz hökman gyz bolar. Sen gelersiňem welin, biziň kiçijik öýmüze täze bir şatlyk dolar. Men şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ejeň ikimiz käte seniň adyň barada çynymyz bilen jedele girýäris. Elbetde, pikirlerimiziň köpüsi çapraz gelýär. Meniň saýlan atlarym ejeňe ýaranok, ejeňiň saýlanlaryny bolsa men göwnämok. Ýöne biz bir atda-ha ylalaşdyk. O-da, Jennet bolmaly. Jennet! Nähili owadan at şeýlemi?! Ýöne bu entek doly gelnen karar däl, gyzym! Belki ataňdyr-eneň, mamaňdyr babaň dagy has başgaçarak pikirdedir. Eger olar saňa başga ady teklip edäýseler, biz garşy bolup bilmeris. Onsoňam, adyň näme bolanda-da sen meniň mähriban gyzjagazymsyň. Wiý, ýogsa-da men saňa agaň hakynda gürrüň bermändirin. Sen, nesip bolsa, maşgalamyzyň ikinji altyn aşygy bolarsyň. Häzir ejeň ikimiziň ýekeje aşygymyz bar, o-da – agaň. Agaň, tüwleme, üçüne gadam basdy. Ýöne häzir öýdäki ýekeje çaga bolnasoň, ol biraz eljireýär. Wah, ejeň ikimiz-ä käte oňa daraýasam weli, diňe ataňdyr eneň ýokka. Çünki ataň bilen eneň agaňyň “ýakyn hossarlary”. Olar agaňa käýemäge-de rugsat berenoklar. Şonuň üçin hem onuň garagolluklary hem az däl. Hat-da oňa emzigi-de birki aý mundan öň goýdurdyk. Sen gelseň bolýar gyzym, soň biz ony beýle eljiretmeris. Hemme tarapyndan läliksiredilmek wezipesini hem saňa alyp bereris. Belki agaň häzir käbir garagolluklary hem öýde ýeke özüniň içiniň gysýanlygy üçin edýändir. Sen geleňsoň, ol saňa gowy görelde boljak bolup hem käbir garagolluklaryny taşlar. Belki, şeýle bolsun-da!.. Arada agaň, ejeň üçimiz “Çagalar dünýäsi” söwda merkezine gitdik. Agaň ikimiziň-ä gözümiz oglanjyklaryň eşiklerimidir oýnawaçlarda boldy. Ýöne ejeň weli köpräk gyzjagazlaryň eşikleri bilen gyzyklandy. Asyl ol birki sany owadanda köýnegi alaýdam öýdýän. Men bir çetden synlap durşuma, ejeňe nebsim agyrdy. Zenan maşgala nähilidir bir syrdaş gerek-dä! Menem-ä seniň maşgalamyza goşularyňa garaşýan weli, onuň garaşyşy meniňkiniň dagy çeni-çaky däl öýdýän. Käte eneň gürrüň berýär. Özümden soňky gyz jigim dünýä inenden soň, men ony şeýle bir ezizlänmişim weli, nirä gitsemem, ýaňy aýak bitenje uýamy hem ýanymdan goýmaýarmyşym. Käte bolsa, biziň nirä gidenimizden öýdäkiler hem habarsyz galýarmyşyn. Sen maşgalamyza goşulaňsoň, agaňyň hem seni şeýle ezizlejegine ynanýaryn. Geň zat, ol häzirem oglanjyklara görä, gyzjagazlar bilen gowy oýnaýar. Öz gyz jigisi bilen oýnaýsa-ha, ony öýe getiribem bolmaz. Soňky wagtlar men nämä üns berýän diýsene, gyzym! Käbir kakalaryň öz gyzlaryna nähili terbiýe berşine. Men eýýäm bu babatda köp zatlary öz ýanymdan bellik edindim. Meselem, men seniň bilen dost bolmaga çalyşmalydyryn. Elbetde, gyzlaryň öýdäki esasy syrdaşynyň ejesi bolýandygyny men bilýärin. Ýöne köp mesele babatynda meniň hem saňa maslahatçy bolup biljekdigime ynanyp bilersiň, balam. Käbir kakalaryň gyzlary babatynda berk kanun ýöredýänini men durmuşda kän görýän. Eger seniň bilen dost bolmak isleýän bolsam, men seniň üçin berk kanunlary goýman. Sebäbi men seniň hemişe ata-eneňiň tamasyny ödejek gyz bolup ýetişjekdigiňe ynanýaryn. Ejeň ikimiziň uly arzuwlarymyzyň ýene-de biri, geljekde çagalarymyzyň kämil bilimli bolmagy. Nesip bolsa, bu babatda hem size gowy ýardamçy bolup bileris. Ýöne ilki bilen seniň gowy öý hojalykçy bolup bilmegiň gerek, gyzym. Ýogsam öý işlerine ýetişjek bolup ejeňiň biraz gynanýandygyny agaň ikimiz duýýarys. Umuman, seniň maşgalamyza gowuşmagyň bilen, nesip bolsa, biziň öýümiz hem “bir kemsiz” öýleriň birine öwrüler. Mähriban gyzym, meniň saňa aýtjak zatlarym entek kän. Ýöne baryny häzir aýtsam, ikimiz soň näme gürrüň ederis. Şonuň üçin sen bu gürrüňleri biziň ataly gyz hökmünde süýji söhbetlerimiziň başlangyjy hasap et. Gel, häzirlikçe bolsa, hoşlaşaly! Anha, ejeňem nahara çagyrýar. Nesip bolsa, biz seniň bişiren datly tagamlaryň bilen hem agşamlyk edineris... 2012-nji ýyl. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |