HAJARBIBI NEPESOWA
A.Durdyýewa „Aýal-gyzlaryň folklor mirasy“ diýen işinde (iş golýazma görnüşinde) Hajarbibi Nepesowanyň we Bajow Işangulyýewanyň mirasyny hem bir çeşmä jemläpdir. Olara-da sözbaşy ýazypdyr. Ýygyndyda Hajarbibiniň aýdyp beren we dürli-dürli adamlaryň göçüren mirasy golýazmada 64 sahypa, B.Işangulyýewanyň folklor mirasy 39 sahypadan ybarat. Ürç ediptoplan aýal-gyzlara degişli bu ýygyndysynda A.Durdyýewa Hajarbibini, iki ugur boýunça, ýagny, edebi mirasy ukyply aýdyjy, ýaýradyjy hem şahyr hökmünde özboluşly ýol galdyran zenan hökmünde häsiýetlendirýär. Uly ahunyň (Rejep ahun) gyzy Hajarbibi 1901-nji ýylda Esengulyda eneden bolupdyr. Rejep ahun XIX asyrda ýaşap geçen Allaguly şahyryň ogly eken. Hajarbibi ejesiniň tälim bermeginde ýaşlygyndan haly dokap başlapdyr. Kakasy bolsa gyzy Hajarbibä-de bilim beripdir. Özi oglan okadansoň, çagalarynyň oglanyny-gyzyny sowatly edipdir. Kakasyna Hajarbibi käbir goşgy setirlerini bagyşlapdyr:
Ajaýyp dereje bardy başynda,
Sypaýy goçaklar degre-daşynda,
Köp talyplar gol gowşuryp daşynda,
Dünýäden hormatly, ötdi atam jan.
Hajarbibiniň ýatdan aýdýan halk hazynasyny köplenç onuň dogany, belli edebiýatçy Ahmet Gürgenli 1928-nji ýyldan başlap ýazyp alypdyr. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmänden soň, A.Durdyýewanyň ýazmagyna görä, Hajarbibiniň özi 1961-nji ýyldan başlap, TYA-nyňişgärleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. K.Nepesowa, A.Durdyýewa, M.Çaryýew. onuň dilinden ençeme maglumatlary ýazyp alypdyrlar. Olar aşakdaky bukjalarda saklanylýar. 254Ф çeşmedäki iki depderden ybarat ýazgylary dogany Ahmet Ahundow 1928-nji ýylda göçürip, instituta ýollapdyr. Bukjada Hajarbibiniň terjimehalyna degişli maglumatlar bilen Meret şahyryň „Nara gyz“, „Kän boldy“ Döwletmämmet Balgyzylyň käbir goşgulary, hüwdüler we zikire degişli gazallary öz içine alýar. 1043Ф bukjada-da hüwdüler magnit lentasyna ýazylyp alnyp, ony Myrat Çaryýew kagyza geçiripdir. Hajarbibiniň terjimehalyna degişli 1947Ф çeşmedäki maglumatlary we onuň öz döreden käbir goşgularyny 1961-nji ýylyň 1-nji aprelinde Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgärleri A.Durdyýewa bilen Käbe Nepesowa öz dilinden göçürip alypdyrlar we golýazmalar hazynasyna tabşyrypdyrlar. 2150Э çeşmedäki ertekilerdir rowaýatlar hem Hajarbibi Nepesowa degişli. Olary institutyň işgärleri M.Annamuhammedow, A.Durdyýewa, K.Nepesowa 1963-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda göçürip alypdyrlar.
Hajarbibiniň käbir rowaýatlaryndan mysal:
Gadym wagtlarda erbet gurakçylyk bolup, çeşmeler çekilip, akarlar kesilipdir. Ekin suwaryp, mal bakmaga beýle-de dursun, hatda agyz suw tapmak hem kynlaşypdyr. Ilat suwsuzlykdan elhenç ýagdaýa düşüpdir. Şol wagtlar garrap hem suwsuzlykdan ýaňa ejir çekip, tapdan düşüp ýatan bir goja çaý bermäge suw tapman, ogly gaty kösenipdir. Hatda onuň agzyna damdyrmaga-da suw tapylmandyr. Şonuň üçin-de, ogly atasyny örän seýrek tapylýan çaldyr süýt bilen güýmäp başlapdyr. Birnäçe wagt geçensoň çal, süýt berýän mallaryň-da süýdi çekilýär. Şundan soň ol oglan öz atasyna indi ähli mümkinçilikleriň gutarandygyny we ýurtda elhenç gurakçylygyň höküm sürýändigini aýtmaly bolýar.
Bu ýagdaýy eşiden garry ogluna suw tapmagyň ýoluny salgy berýär.
– Oglum, eger ýurtda şeýle ýagdaý bar bolsa, onda sen meýdana git-de, nirede ýandak gögerip oturan bolsa şony tap – diýýär. Ýandagy tapan ýeriňden aşaklygyna gazyber. Bir pil boýy, iki pil boýy, gerek bolsa, üç pil boýy gazyber. Gepiň gysgasy, ýerden suw çykýança gazyber. Ýandak gögeren ýerde hökman suw bolmalydyr – diýip öwredipdir.
Ogly kakasynyň öwredişi ýaly meýdana gidýär. Ýandak çapyp, şol ýeri gazyp başlaýar we suw çykarýar. Oglan muňa gaty begenýär we ylgawyny ýazman, öýlerine suw äkidýär. Demini sanap ýatan atasyny suwdan gandyrýar. Şundan soň suw çykan ýere (guýa) gelip, onuň agzyny basyryp goýýar. Ýöne, şu wakadan soň, pylanlar suw içýärmiş – diýen habar ilat arasyna ýaýran. Bu habar ýurduň patyşasyna-da baryp ýeten. Bu habary eşiden patyşa:
– Şol suw tapan ýaşulyny meniň ýanyma alyp geliň! – diýip buýruk berýär. Garryny patyşanyň ýanyna getirýärler. Patyşa garrydan nädip suw tapandygyny soraýar. Şonda garry patyşa ýüzlenip:
– Eý, patyşahym! Bir çemçe ganymy geçseň, suw tapanymy aýdyp bereýin diýýär. Patyşa bolsa:
– Men seniň ganyňa suwsamok, suwsasam suwdan suwsaýaryn. Seniň ganyňy geçýärin, aýdyber! – diýen.
Şondan soň goja suw tapyşlary barada gürrüň berýär. Patyşa bu garrynyň akyl-paýhasyna geň galyp, oňa uly hormat goýup, serpaý ýapypdyr hemde, şol günden başlap, garry adamlary taşlamak düzgünini ýatyrmaly edipmiş. Bu ýurtda şol wagta çenli garrylar dagdan aşyrylyp taşlanýan eken.
Guýy gazyp almaklyk hem şonda tapylan zatmyş.
3098-nji bukjadaky Hajarbibiniň öz düzen goşgularyny we käbir dürli waka degişli edebi-çeper eserleri-de K.Nepesowa, A.Durdyýewa göçürip alypdyrlar.
1980-nji ýylda golýazmalar hazynamyza tabşyrylan goşgular Hajarbibiniň dürli temadan ýazan goşgularydyr. Olar 1851Э çeşmede ýerleşýär.
3125Э-nji çeşmedäki edebi çeper eserleri (tymsallar, şorta sözler, şahyryň öz goşgulary) Käbe Nepesowa 1967-nji ýylyň 23-nji sentýabyrynda göçürip alypdyr. Şol bukjadaky käbir maglumatlary institutyň ylmy işgäri Sona Myradowa göçüripdir. Göçürilen wagty 1965-nji ýylyň 3-5-nji apreli.
H.Nepesowanyň goşgular ýygyndysy „Ylym“ neşirýaty tarapyndan 1965-nji ýylda neşir edilipdir.
Hajarbibi Nepesowa 1976-njy ýylda dünýäden ötüpdir.
Taýýarlan: Şirinjemal GELDIÝEWA.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly