10:56 Hak-hukuk gözleginden despotlyga Birleşen Korollykda ýeke-täk adam režimi: Kromwel | |
HAK-HUKUK GÖZLEGINDEN DESPOTLYGA BIRLEŞEN KOROLLYKDA ÝEKE-TÄK ADAM REŽIMI: KROMWEL
Taryhy makalalar
Iñlis korollygyna we demokratiýasyna "Kromwel betbagtçylygyndan" arany açmak üçin bir asyrdan gowrak wagt gerek boldy Imperiýalarda we patyşalyklarda tagta çykmak üçin diñe güýçli bolanyñ ýeterlik däl. Maşgalanyñ neberesinde idelýän "gök gan" diýlip at berilen ýokary aristokratiýadan hem gelip çykmaly. Şeýle ýagdaþ diñe günbatarlylara mahsusdyr öýtseñiz, gaty erbet ýalñyşarsyñyz. Soltan Ybraýymyñ (Telbe patyşa) sergüzeştini ýada salyñ. Osmanly soltany Myrat IV-iñ aradan çykmagyndan soñ tagta geçen Soltan Ybraýym ruhy näsaglyklary başdan geçirip ýören biridi. Iñ ýamany-da osmanly neberesi Soltan Ybraýym bilen soñlanmagyñ gyrasynda durdy. Şoñ üçinem nesilşalygyñ Krym hanlygyna geçmegi iñ esasy çykalga hasaplanýardy. Soltan Ybraýymyñ başdan geçiren ruhy näsaglygyny saklanyp galan şeýle setirlerden bilip bolýar: "Sanjy deýu ýatyryn, gäh arkama gelür, irkilür, gulaklarym dykylur... Şeýle darykmam bar ki, ölüp barýan, halym juda ýaman boldy… Halym beter mükedder, hüýümde geñsilik bar… Göreýin seni, meniñ derdime nije çäre edersiz… Meni gowy görýän bolsañ, munuñ çäresini taparsyñ, ondan-mundan sorap-idärsiñ". (Taýýip Gökbilgin, "Ybraýym", Yslam ensiklopediýasy). Patyşanyñ derdine derman tapjak we Osmanogly nesilşalygyny ýok bolup gitmekden halas etjek kişi ibaly medrese bilimi-de bolmadyk, doga-jady satmak, adam okamak bilen gününi dolaýan Safranboluly Hüseýin ependi diýen biri boldy. Üns berýän bolsañyz, Soltan Ybraýymyñ tagtdan düşürilen ýagdaýynda iñ güýçli weziriñ ýa-da serkerdäniñ däl-de, Krym hanedanlygyndan biriniñ getirilip osmanly tagtyna oturdylmagy göz öñüne tutulypdyr. Munuñ sebäbi Krym nesilşalygynyñ göterýändir hasaplanýan "gök ganydy". Ýagny, maşgalanyñ şejeresi diñe Günbatarlylaryñ gyzyklanýan meselesi bolmandyr. Elbetde, bu ýagdaýa Günbatarda has köp üns berilipdir. Muña garşy çykyp korol bolmaga synanyşan daýhansypat adamyñ başyna nämeleriñ gelendigine bir syn salyñ. Oliwer Kromwell • "Gök gan" däbini ýykmaga synanyşan Kromwel Oliwer Kromwel lowurdap duran parikli iñlis býurokratiýasynyñ ortasynda daşdan göräýmäge ýönekeý raýatdan parhy ýokdy, hatda daýhandan tapawutlamaýardy. Daşyndan şeýle görünýändigine garamazdan halk deputaty Kromwel güýçli dilewarlygy, suhangöýlügi, gorkmazak sypaty, dindarlygy bilen az wagtyñ içinde hemmeleriñ hormat goýýan adamsyna öwrülipdi. Korol Karl Stýuart Kromwell ähli gazabyny şumlugyñ başy hasaplaýan koroI Karl Stýuarta garşy gönükdirdi. Absolýut režimi elinde saklaýan korol parlamentiñ üstündäki agramyny güýçlendirýärdi we zowky-sapa içinde ýaşap, halkyñ edýän talaplaryny görmezlige-bilmezlige salýardy. Korol hökmürowanlygyny artdyrdygyça Kromwelem oppozisiýasynyñ dozasyny güýçlendirýärdi. Ahyrynda korolyñ býužet boýunça bisowut talaplary Mejlis tarapyndan ret edildi welin, köşk režimi demokratiýany señseletmek üçin herekete geçdi. Kromwel meşhur garşylyknamasyny ýazyp, korola "edeniñ däl" diýmäge çekinmedi. Beýik Britaniýada parlament bilen köşgüñ arasynda gönüden-göni garpyşyk başlapdy. Oliwer Kromweliñ gozgalañy Sezaryñ meşhur sözi bilen aýdanymyzda, "nard daşlary atylypdy". Indi ýa korol parlamenti penjesine gysmalydy, ýa-da parlament korolyñ ygtyýarlyklaryny çäklendirmelidi. Korol ýüzlerçe esgerini Mejlis binasyna sürdi we arasynda Kromwelkñem bolan käbir deputatlary ele salmaga synanyşdy. Korolyñ eden bu harby agdarlyşygy ýurtda graždanlyk urşunyñ turmagyna sebäp boldy, şeýle gowgaly ýagdaý 1651-njj ýyla çenli dowam etdi. Bu uruşda şol wagta çenli onçakly ady-sory eşdilmedik 43 ýaşly Kromwel göz açyp-ýumasy salymyñ içinde azatlyk ugrunda göreşýän halk gahrymanyna öwrüldi. Kromweliñ iñ uly artykmaçlygy dindarlygydy, korolyñky bolsa buthananyñ ygtyýarlygyny ykrar etmeýän häsiýete eýe bolmagydy. Şoñ üçinem ol parlamente ynanýanlaryñ we dindarlaryñ arasynda güýçli bileleşik emele geldi. Şol sanda Kromweliñ "tañry pajy" bilen serkerdelik ukyby añrybaş derejede karizmatik lidere öwrülmegine getirdi. Kromwel gysga wagtyñ içinde korola garşy düzülen goşunyñ serkerdebaşysy edilip bellendi. Iñ esasysy-da, ähli strategik kararlary joşgunly halk köpçüliginiñ we ruhanylaryñ arasynda kabul etdi. Şeýtmek bilen ol halky-da, buthanany-da öz tarapyna çekýärdi. Kromwel şeýle bir güýçlendi welin, Mejlis indi ondan dynmak üçin korola ýakynlaşyp başlady, emma şok ediji habar mejlisi sarsgyna saldy. Korol Uaýt adasyna gaçyp gidipdi. Parlament üçin korola garşy uruş yglan eden Kromwel Mejlisiñ eden bu hyýanatyny hiç ýadyndan çykarmady. Ol goşuny bilen Londony basyp alanda altmyş deputaty tussag etdirdi. Korol Karla garşy uruş yglan edilmeginiñ tutarygy bolsa bary-ýogy bäş deputatyñ tussag edilmäge synanyşylmagydy. 1648-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda Karl Stýuarta we onuñ maşgalasyna ölüm jezasyny bermegi başaran Kromwel mundan beýläk ýurduñ ýeke-täk lideridi, ýöne ol şindizem korol däldi we ýurtda korol ýokdy. Koroly agdaran Kromwel Mejlise gelip, "In the Name of God" ady bilen meşhur bolan nutugyny sözledi: "Mejlisi edýän hapa işleriñiz bilen zaýalamagyñyzy we ygtybarsyzlaşdyrmagyñyzy hemişelik soñlandyrmaga geldim. Eý siz, pitneçi bulagaý mejlis agzalary, siz gowy hökümet bolmakdan başga hemme zat!!! Hakynatutma masgaramaz mahluklar, biçäreler, ýurduñyzy iñ ownuk şahsy bähbit üçin satlyga çykaranlar, bäş-üç teññe üçin Hudaýa hyýanat edenler, içiñizde dyrnagyñ ujy ýaly hem bolsa mertlik galmadymy? Dyrnagyñ ujy ýaly wyždanyñyzam ýokmy? Siziñ dindarlygyñyz meniñ atymkyça-da ýokdur! Altyn siziñ täze hudaýyñyz bolupdyr! Satlyga çykarmadyk zadyñyz bir galdymy beri! Ýurduñyz üçin gowy zadyñ pikirini etmeli dälmi? Siz tetelli bähbitparazlar sürüsi oturan şu mukaddes mejlisiñizi ýürekbulanjy mysalañyz bilen hapalaýarsyñyz! Hudaýyñ mukaddeslik çaýan bu mejlisini ahlakdan binesip hereketleriñiz bilen ogrularyñ, orramsylaryñ sürenine dönderdiñiz! Halkyñ size beren ygtyýarlygyndan hyýanatçylykly peýdalandyñyz. Siz halkyñ umytsyz dertlerine çäre bolmagyñ ýerine, özüñiz halka iñ uly dert bolduñyz! Emma ýurduñyz meni nijeme asyrlap arassalanman gelen bu agyly arassalamaga çagyrdy! Bu güýji maña Hudaý berdi. Bu şeýtan mesgenini dolandyrmaga geldim. Indi siziñ dadyñyza ýetişjek bolmaz! Häziriñ özünde güm boluñ şu ýerden!!! Gyssanyñ, para-peşgeşiñ boýny bagly gullary! Gyssanyñ, gidiñ! Bezemen eşikleriñizi, paty-putyñyzy alyñ-da owarra boluñ!" Kromweliñ mejlis agdarlyşygyna "bihaýalyk" diýen deputata beren jogaby-da diýseñ manylydy: - Şeýlemi? Eger isleseñiz, şu gün bolup geçenleriñ barsynyñ öñüne böwet bolubam bilerdiñiz-ä, ýöne bolmadyñyz, islemediñiz! Diýmek, Hudaýam siziñ bu mukaddes ýerden şeýdip çykmagyñyzy isläpdir, başga näme edeli dagy? Koroly agdaran Kromwel bu gezek goşunyny korolyñ oglunyñ üstüne sürüp, ony-da derbi-dagyn etmegi başarypdy. Kromwel Angliýany doly ele alandan soñ howply arzuw-hyýallary etmäge başlady. Onuñ iñ uly arzuwy protestant goşunyny düzüp, katolik Rimi dyza çökermekdi. Hernä ol bet pygyllaryna ýetip bilmedi, emma Angliýany tegelek bäş ýyllap diktatorlyk bilen dolandyrdy. Mejlisiñ at-abraýyny goramak üçin baş goşan ýolunda iñlis taryhynda görlüp-eşdilmedik diktaturany gurdy. Ömrüniñ gysga bolmagy Ýewropany, hususanam Rimi uly howpdan halas edipdi. Onuñ ölüminden soñ ogly "korolyñ goragçysy" hökmünde ýerine geçenem bolsa, Kromwel barybir "gök ganly" däldi, şonuñ üçinem onuñ häkimiýeti özi bilen bile soñlandy. Iñlis korollygyna we demokratiýasyna "Kromwel betbagtçylygyndan" arany açmak üçin bir asyrdan gowrak wagt gerek boldy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Duşenbe, 06.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |