04:55 Halal gazanç / satiriki hekaýa | |
HALAL GAZANÇ
Satiriki hekaýalar
Günortan çagy. Tüp yssy. Köçe gum-gukluk. Bu wagt oba adamlary salkyn tamlaryna girip dynç alýarlar. Yssydan goranýarlar. Pilini egnine atan Hezret aýaklarynyň ujundan başga ýere gabagyny hem galdyrman gelýärdi. Dünýewi pikirlerden saplanyp bilmän gelşine öýe golaýlanynam duýman galdy. Köçeden sowlup, öýe aýlanaýan ýeriňde guma garylyp ýatan pullara gözi düşdi. Hezret ukudan oýanan ýaly ekezlendi. Eglip pullara elini ýetirdi. Soňra penjesinde tutup duran pullaryny kisesine salyp bilmän iki baka garanjaklap agyr ýuwudyndy. Gadymkylaryň edişi ýaly “Kim pul gaçyrdy, pul gaçyran barmy, kimiňki şu pul” diýip jar çekýän ýaly gygyraýsammykam diýip içini gepletdi. “Aý olam birhili bolaýmasa, adam-garasyz köçede gygyryp durandan peýda barmyka, gülkünjem bolar ol-a...” Uly oýlanyşyk bilen hem bolsa Hezret pullary kisisine saldy. Kisesine saldam weli göwnüne çiglik gitdi, özüni müýnli duýdy. Soňam “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna...” diýleni-dä diýip, öz hereketiniň dogrudygyna özüni ynandyrdy. Ol giň howlynyň töründe iki-baka köw-söw edip ugrady. Ogluna weloseped alyp berjek diýip beren sözi, aýalynyň köpden bäri syrkawlap ýörendigi ýadyna düşüp, keýpi bozuldy. Köýneginiň kükrek jübisini tümmerdip duran pullar bolsa, buz bölejigi ýaly bütin bedenine salkynlyk ýaýradýardy.Hezretiň göwnüne hyjuw salýardy. Ol giňiş howlusynda howanyň yssysyna duýman, ýene bir salym gezim etdi. «Oglumam, ejesem salkynjak eýwanda ýatandyrlar. Häzir pul tapanymy buşlap örüzäýsemmikäm ikisinem?!» Ol içeri girmäge howlukman, el-ýüzüni ýuwup durka goňşulardan eşidilip ugran galmagala üşerildi. - Şol pul diýip men bir aýlap ýaban ýatýan, samsyk heleý! Iki egnimden gum sowrup gazanýan-a ol pullary men. Senem ony gaçyryp gelýäň. Walla malades-aý. Hezret ýakymsyz ýyrşaryp, kellesini ýaýkady: -Gel-gel indi meniň tapan pulum goňşymyň gazanjy bolaýmalymy?! Ýap-ýaňy jaýyň gapdalyna getirip goýan pilini ýene egnine atyp, yzyna gidiberesi geldi. Goňşulardan tanyş aýal sesi eşidilip ugrady: -Wah, kakasy, geçen ýerlerimi üç gezek aýlanyp geldim. Tapmadym. Elek bolup elendim. Gaçyran ýerimden biri alan bolaýmasa. Öý bikesiniñ soñky hüňňürdisi Hezretiň gulagynda top oky bolup ýaňlandy: «Kim tapanam bolsa, kim alanam bolsa öýüne ýetmän meýdi yransyn!» Goňşular tarapa garap, diňşirgenip duran Hezret ýoknasyz ýylgyrdy: «Ine,öýe ýetdimem-dä, hiç zadam bolanok, öýe giremsoňam hiç zat bolmajagyny bilip durun». Biraz säginip duran Hezret araçilden ýeňiljek ätläp geçip, goňşulara tarap ýöneldi. Käýinç sözleri ýaňlanyp duran gapa gelip saklandy-da: - Goňşy, aý goňşy-diýip gorkarak gygyrdy.- Boýnuňy uzatsana bäri, haý goňşy! Gapy açyldy, egni kirjigen maýkaly keltejik ýaşulynyň tegelek ýüzi göründi: - Gel goňşy, gel-gel! Hezret onuň kiçi dilden bärde eşidilýän sowuklaç mürehädine üns bermän: - Goňşy-diýip ýylgyrdy.-Biderek ýere gelnejeme gygyryp-käýäp dursuň-aý,puluň halal bolsa özi gaýdyp geler. Goňşusy allaniçigsi bolup Hezretiň ýüzüni seretdi. - Al ine, ýoldan gelýärkäm tapdym...-Hezret biraz näme geplejegini bilmänsägindi.- Al ine, nesibäňden çykman eken,goñşy. Hezretiň goňşusy ýitigini aýasynda gysymlap durşuna: - Hezret jan, hany içeri girsene-diýip, çyny bilen özelenýärdi. Ol ellerindäki pullaryň özüniňkidigine ynanyp bilmeýän ýalydy. Hezret sag bol diýip uzak eglenmän öýüne dolandy. Ýöne öýüne ýetip gelýärkä: «Beh, bir desse puluny getirip eline tutdurdymam weli, şonda-dame ine, baýragyň diýip bäş manadam uzadyp bilmedi-äý» - diýip, haýran galdy. Soňam bir dem säginip: - «Me, baýragyň diýip uzadar ýaly men näme edipdirin-aýt» diýip, özi özüne düzediş berdi. Ýitiren puly ýene eline gaýdyp gelen goňşy aýal bolsa, äriniň ýanynda özüni aklamaga synanyşýardy: «Goýmadygyňy göterme diýleni, harap bolan Hezret ýolda ýatan pula degmedik bolanda, bir ýörän ýolumda sekiz gezek sermenmezdim, derrew puljagazymy tapyp gelerdim». Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |