21:07 Hälem ädigimi geýmedigim | |
HÄLEM ÄDIGIMI GEÝMEDIGIM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýarpy ömrüni ýarlykly garyp, gazanany bezenenine ýetmekden geçen bergä batyp görgä galyp ýören bir ýigit günlerde bir gün şowuna düşürip ädik edinipdir. Gözüñe döneýin aýnagonç diýilýän geýp ýöreseñ dagy basan ýeriñden ot çykýan ýaly. Yöne täze ädigini geýmäge dözmedik ýigit köplenç köne çaryk-çepegi bilen oñşuberipdir. Aýnogonçly ädik bolsa apalanyp dulda duryarmyş. Bir günem bir ýerik howlugyp barýan ýigit ýoly gysgaltmak üçin ene ýabyñ darrak ýerinden bat alyp böküpdir. Böküp düşen ýerinde hem gazyk ýaly çökür edil dabanyny pörse deşip daraklygyndan çykaýmazmy. Hanjar bolup aýagyna giren çöküriñ ýürege ornan yzasynamy ýa başga bir zatdanmy ýigit: - Oh-h, - diýip başyny ýaýkapdyr. - Hälem täze ädigimi geýmedigim, gül ýaljak zadymy zaýalaýjak ekenim - diýip, ol begenjinden Hudaýa şükür edipdir. Toplan: Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |