09:12 Halkara jemgyýetçiligi ahyrynda Talibany ykrar edýär | |
HALKARA JEMGYÝETÇILIGI AHYRYNDA TALIBANY YKRAR EDÝÄR
Publisistika
Türk dilinde "Eplemedik eliñi öpmeli borsuñ" ("Bükemediğin eli öpeceksin" ) diýen söz bar. Halkara jemgyýetçiliginiñ Taliban bilen gatnaşyklaryna göz aýlanyñda, şu ýagdaýy görmek mümkin. Taliban 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustynda Kabulda häkimiýeti eýelände, muña beýleki ýurtlar bilen birlikde guramanyñ hemaýatkäri Päkistan hem Kabuldaky Taliban hökümetini ykrar etmejekdiklerini mälim edipdi. Birnäçe Günbatar ýurdy Kabuldaky ilçihanalaryny ýapan bolsa, Russiýa, Türkiýe, Eýran ýaly käbir goñşy we sebit ýurtlary wekilhanalaryny ýapmadylar. Taliban hökümeti bolsa "Özüñiz boýnuñyzy burup gelersiñiz" diýýän ýaly özüne ynamly ýagdaýda garaşmaga başlady. Taliban häkimiýetiniñ birinji ýyly dünýä pandemiýa belay bilen başagaý bolandygy üçin diýseñ imisala we sessiz-üýnsüz geçdi, şeýle-de bolsa, Owganystan YŞYD-niñ Horasan şahasynyñ amala aşyran ganly teraktlary bilen ýygy-ýygydan dünýäniñ ünsünden düşmedi. Agressiýalaryñ baş maksady ýurduñ şaýy azlygy hazareýlerdi. Sünni mezhebine we ýowuz wahhaby ugruna eýerýän Taliban üçin şaýy bolmak arassa yslamy bozýandygy üçin hristian ýa-da jöhit bolmakdan has erbetdi we howpludy. Emma hazareýleriñ hakly dady-perýady onda-munda gazet sahypalaryny bezänem bolsa, dünýäniñ piñine bolmady. Taliban öz bilenini etdi. Taliban häkimiýetiniñ birinji ýylynda garaşylan ýaramaz senarileriñ (içerki uruş, köpçülikleýin gandöküşlikler, uly bosgunlar we başgalar) hiç biri bolup geçmändigi üçin dünýäniñ howsalasy ýatyşansoñ, köp sanly haýyr-sahawat guramalary şu ýylyñ ortalaryndan başlap Kabula gaýdyp gelmäge başlady. Mundan ýüreklenen öñki režimiñ birnäçe ýokary wezipeli býurokraty-da Talibanyñ çagyryşy we kepilligi bilen Kabula dolanyp bardy, hiç biriniñem bitiniñ burny ganamady. Munuñ özi has owal birnäçe ýerde we platformada öñe süren pikirime güwä geçýär: Taliban soñky ýigrimi ýylda diplomatiýadan, halkara gatnaşyklaryndan, tehnologiýadan we aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmagy mazaly öwrendi, indi olar bulary her pursatda diýen ýaly öz peýdalaryna ulanýar. Taliban esgeri topugy görünendigi üçin zenanyñ aýaklaryny gamçylaýar Taliban edinen täze maglumatlary we tejribeleri arkaly halkara jemgyýetçiligiñ nägileliklerini ýumşatmak bilen bir hatarda öz prinsipleri babatda-da eglişik edenok. Gyzlaryñ bilim almaga, aýal-gyzlaryñ işlemäge bolan hukugy babatda öñden bäri öñe sürýän pikirlerinden dänenok we bu boýunça daşardan gelýän hiç bir çagyryşy, nesihaty ýa-da talaby kabul edenok. Şol bir wagtyñ özünde halkara guramalar Owganystanyñ täzeden dünýäniñ başyna bela bolup inmezligi üçin ýeñ astyndan maliýe goldawyny bermäge başladylar. Häzir dünýäniñ gözüne Taliban Owganystany makul şekilde dolandyrýana meñzeýär. Günbatara we beýleki ýurtlara Owganystan dünýäniñ kellesini agyrtmasa bolany, ol ýerde nämeleriñ bolup geçýändigi hiç kimi gyzyklandyryp duranok. Kabuldaky köne rus tankynyñ ýüzüne "Ne mutlu Türküm diyene" diýip ýazylan ýazgy Türkiýe barada aýdanda bolsa, Ankara ilkibaşdan bäri Taliban bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyny dowam etdirýär. 2021-nji ýylyñ awgustynda Kabul elden gidende gorkunjyna howa menzilinde düşlän türk ilçihanasy birnäçe hepdeden soñ yzyna dolandy we hemişeki işine başlady. Soñra Kabuldaky türk diplomatlarynyñ torba sakgally, garañky ýüzli, gorkunç bakyşly Taliban liderleri bilen gujaklaşyp, elleşip duran suratlaryny görmäge başladyk. Türkiýe respublikasynyñ Kabuldaky ilçihanasy Soñky gezek Kabuldaky türk ilçisi Mazary-Şerif, Şybyrgan şäherlerine gidip, ol ýerdäki türk mekdeplerine bardy, Şybyrganyñ asly türkmen häkimi bilen duşuşyp, biri-birlerine sowgat gowşurdylar. Bulam az bolýan ýaly, Taliban hökümetiniñ ýüzi saýylýan press-sekretar Zabihullah Müjahit ýakynda bir ýygnanşyga gatnaşmak üçin Türkiýä geldi. Türkiýäniñ Owganystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Taliban ýolbaşçysyna sowgat gowşurýar Diplomatiýa ugrundan sowatsyzlygymy bagyşlañ welin, meni gyzyklandyrýan bir mesele şu: Haýsydyr bir ýurt resmi taýdan ykrar etmedik we ykrar etmekden ýüz dönderýän ýurdunda nädip diplomatik wekilhana saklap bilýärkä? Nädip ol ýurduñ ilçisi resmi taýdan ykrar etmedik ýurdunyñ ýolbaşçylary bilen gujaklaşyp, elleşip surata düşüp bilýärkä? Meni gyzyklandyrýan ýene bir mesele-de şu: Eýsem türk ygtyýarlylary Ankarada kaşañ köşkde patyşalar ýaly ýaşadylyp ýörle Talibanyñ baş duşmany General Dostuma şu meselede nähili tutarygy öñe sürýärlerkä? Ýa-da Dostum babatda Talibana näme diýýärlerkä? Bir ýurt ganly-pyçakly iki duşmany bir wagtyñ özünde gujaklap-ogşap, başyna täç edip bilermi? Eger edýän bolsa, muña näme diýmeli bolýar? General Dostum Bilmeýänler üçin aýdaýyn: Türkiýe respublikasy General Dostumy 1992-nji ýyldan bäri işjeñ ýagdaýda Talibana garşy goldap gelýär. Özbek lider Owganystanda haçan kyn ýagdaýa düşse, Türkiýä gaçyp geldi. Hatda Türkiýe 2009-njy ýylda köşgi owgan polisiýasy tarapyndan gabalan Dostumy alyp gelmek üçin Kabula ýörite uçar ugratdy. Täsin ýeri, diñe Türkiýe däl, beýleki ýurtlaram Taliban meselesinde şuña meñzeş şekilde hereket edýär. Amerikaly we ýewropaly diplomatlar düýnki güne çenli terrorçy yglan edip, kellesine pul goýlan Taliban liderleri bilen häzir hiç zat bolmadyk ýaly oturyp, gepleşik geçirýärler. Muña-sa diplomatiýa diýýärler. Medeni dünýäniñ ähli kada-kanunlaryny aýaklarynyñ astyna alyp depgileýän Taliban bolsa, öz düzgünlerini ýöretmegiñ keýpinden çykýar. Şeýlelikde, elinde ýüz müñlerçe bigünä owganystanlynyñ gany bolan garañky terrorçy gurama geçen ýyl gazanan harby ýeñişini bu ýyl diplomatiki ýeñiş bilen perçinledi. Näme diýip, näme aýtjak! Häkimiýet başyna gelmek üçin amatly pursatyna garaşyp, wagt peýläp ýören beýleki garañky toparlaryñ aşygy alçy gopdy! Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 01.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |