00:30 Dosta näme serpaý etseñ az ýaly... | |
DOSTA NÄME SERPAÝ ETSEÑ AZ ÝALY...
Goşgular
Dosta näme serpaý etseñ az ýaly, Näçe söýseñ, Şonça söýüp ýörmeli. Ýokdur dostuñ gymmady ýa arzany Dost dost bolar, Şoña janyñ bermeli. Ýöne ol janyñy almaz hiç haçan, Şoñ üçin gar, Gyşda galanyn bilseñ, Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan Iñ soñky otluçöp dänesi bolsañ. * * * Hamala çagalyk geçmejek ýaly, Çagalygyñ kenarynda kän durdum. Bu dünýe durşuna sowaldy maña, Şu sowallañ jogabyna näm berdim? Ol şeýle kenardy,ㅡ Beýik kenardy, Alkymynda sorag Adasy bardy. Añyrsynda bolsa, başga bir beýik, Başga bir giñ kenar uzap gidýärdi. Ol şeýle bir uzak, şeýle çuñ eken, Ol şeýle bir beýik, şeýle giñ eken. Çeker şatlygyny diñe göteren, Gaýgysynam diñe göteren çeker. Şo kenara gelip, oý edip ýörün, Ýygnap ýeñil, agyr soraglañ baryn ㅡ Ne bir o kenarda jogap tapdym men, Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |