13:24 Hany, çal dutary!.. | |
Hany, çal dutary, mähriban dostum...
Goşgular
Hany, çal dutary, mähriban dostum, Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn, Geçilen ýollaryñ şatlyk-bagtyny, Geçilmedik ýodalaryñ gussasyn. Egseli gussasyn ýalañaç baglañ, Güýzüñ ýaprak bürän ýata suwlarnyñ. Egseli gussasyn, duw-ak gussasyn Mesopotamiýa barýan guwlaryñ. Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz, Büdremeler, ýasly gündür bagtly gün. Asuda düzleriñ gussasy bile Düşündik biz manysyna şatlygyñ. Ýyllar geçdi durdy yzly-yzyna, Has agras ýaşadyk, has agras söýdük. Şu eziz topraga belent ynamy Biz ähli zatlardan belentde goýduk. Biz söýüldik, bagtly bolduk şoñ üçin, Diñe söýen güýzde gussa düşünýä. Kim aýdypdyr pany diýip barlyga? Ýaşanyña juda degýär bu dünýä. Ine, şu gözellik ýaşany üçin, Küýsedik baharlar basymdan-basym, Güýzüñ ýaprak bürän ýata suwlarny, Onuñ ýadan ýodalarnyñ gussasyn! Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |