14:14 "Hatyjagöl" haly göli hakynda / taryhy hekaýa | |
«HATYJAGÖL» HALY GÖLI HAKYNDA
Taryhy proza
(Aýralygyň gamgyn namasy) ...Joşly derýa egin diräp oturan beýik baýryň eteginde Soltanýaz begiň galasynyň aşak-ýokary taraplarynda sakçylyk çekýän dört sany nöker ýigitlerden başga bu gidende adam-gara görnenokdy. Düýbi inli edilip tutulan bu goranma galanyň günorta-gündogaryny alkymlap oturan Akdepe obasynyň ýokary ýüzündäki ene ýabyň kenarlarynyň erňegini gyrmalap akýan suwuň, endigan şyggyldysyna goşulyşyp, oba itleriniň üýrüşýän mydamalyk sesleri diýäýmeseň, daş-töwerekde ünsi çekäýer ýaly başga üýtgeşik bir del goh-galmagal eşidilenokdy. Daş-töweregiň işbu görnüşinden çen tutsaň, şu wagt dünýäniň bu imisalalygynda, göýä, ýurtda hem, halkyň ömürboýy isläp gelen ýagdaýy bolan parahatlyk bolaýjak ýalydy. Bir göräýmäge, bu şuňa-da meňzeýärdi. Emma... Şindiki, oňa çalym edýän imisalalyk parahatlyk bolup, parahatlyk hem däldi-de, deňizde gopjak aýylganç tupanyň, giň sährada turjak bolýan güýçi harasadyň öňüsyrasynda kalplara gorky gaplap, dünýä dolýan syrly dymyşlykdy... ...Türkmen taýpalarynyň iň soňky uly göçünde Ärsarybabanyň uly ogly Eýnelgazydan örňän Lamma bilen Çarşaňňynyň hem-de ortanjy ogly Zeýnelgazydan köpelen Gara we Bekewüliň nesilleri Amyderýanyň ortaky akymy bolan çep kenaryndaky şu sebitleri orun-ojak tutunyp, ornaşypdylar. Emma bular gelmezden burun türkmen topragynyň bu ýerlerine Buhara emiri eýeçilik edýärdi. Şondan ötri, munda mesgen tutan halk hem emire salgyt töläp, oňa garaşly ýagdaýda ýaşamalydylar. Emma öňde-soňda erkinlige bolan çäksiz söýgüden ýaňa: «Zadym şärikli bolandan janym şärikli bolsun» diýen ýaly janagyryly sözi aýdan türkmenem tabynlygy, teý, her zatdan beter ýekinde ýigrenýärdi. Şonuň üçinem, agyp-dönüp, bir söý bilen el-aýagy gandally bolsa-da, kellesinde erkinlik ýeli öwüsýärdi, Erkinligi şeýle söýýän halkymyz mukaddes ýurt garaşsyzlygymyza çenli soňky yüzýyllyklaryň dowamynda öz topraklaryna eýemsireýän daş-töwereginde ýerleşen şalyk bolsun, emirlik ýa-da hanlyk bolsun, olara garşy durup, garaşsyzlygy ugrunda kän göreşipdiler. Bu gowgaly waka hem ärsarylaryň Lebaby mekan tutmagyndan ýüz elli ýyl soňra bolup geçdi. Hywa dikmesi Muhammetrahym han Buhara emiriniň üstüne top süýräp gelipdi. Han türkmenleriň erkinlik arzuwlaryna belet bolany üçin, eger-de bular özüne goşulyp, emire garşy hereket etseler, ondan garaşsyzlyk gazanyp biljekdiklerini aýdyp, hatda, bu babatda olara ýardam etmäge wada hem beripdi. Netijede, ata-baba arzyly maksat-myratlaryna gowuşmak üçin dörän bir amatly pursat hasaplap, lamma, çarşaňňy, gara, bekewül, sakar ili, Narazym begligine degişli raýatlar hem Hywa hanynyň bu ýakymly sözüne yrylypdylar. Lamma töwerekdäki meýletinçiler hem Hywa hanynyň goşunyna goşulmak üçin üç hepde mundan burun topar-topar atly bolup, Diwanabaga tarap ýola düşüpdiler. Hatyja soltanyň hem göwresiniň çep tarapyndaky ýüregi, hem sag goly bolan Seýitnazar-Seýdi hem şu meýletinçileriň öň hataryndady. Gaýduwsyz gerçek: Watan üçin çykdym gyr at üstüne, Tä janym çykynça dönmenem, begler! diýip, öz ýiti täsirli şygry bilen goşundaky ýigitleri gylawlandyryp, ruhlandyryp, at segredip barýardy. * * * Içi-daşy hellewläp oturan äpet tutlaryň ýaşyl diwary bilen gurşalan obanyň ortasynda Seýdi şahyryň arassa ak şykgy toýun palçykdan salnan giň howluly, ortarasy serhowuzly öýi Diwanabag-Kerki arabaýolundan barýan her bir ýolagça gündiz Gün şöhlesine, gije Aý ýagtysyna atgaýtarym ýerden obanyň beýleki jaýlaryndan saýlanyp görünýärdi. Şatutlara basyrylyp oturan bu uly eýwanly öýüň gapysynda tal agaçlaryndan tagta ýasalyp, bejerilen tagty-rowan – tagta seki goýlupdy. Seýdi muny kyrk ýaşyna ýetip, ilerki çöl etekdäki mülk ýerine Saltyk arykdan suw çykarmak maksadynda suw bilen öz-özünden işläp duran bir jykyr gurduranda, yşk edip, şol harrada hem ýasatdyrypdy. Bularyň giňiş howlularynyň aşak ýüzünden geçýän Saltyk arykdan kesek atym uzaklykda gurlan oba metjidi hem işläp durdy. Seýitnazar-Seýdiniň atasy Habyp hoja öýlerine goňşy diýen ýaly golaýlykda bolan şol metjitde ymamlyk edip, jemagata şam namazyny okadyp gelşine, bir tarapy gapylarynda gögerip oturan şatuda direlip duran, ýerden dyz boýy belentlikde gurşalan şol agaç sekä çykdy. Ýörite özi üçin öňden taýýarlanyp, ýazylyp goýlan ýumşak düşekçä geçip, şatuda arka berip oturdy. Ýaňy namazdan çykyp, ymam Habyp hojany yzarlap diýen ýaly gelýän bir aýal maşgala hem bu tagta sekä golaýlap gelşine, birden saklandy. Oňa gözi düşen badyna Habyp hoja: – Be-he, Aý, Soltan, bi senmidiň? – diýip, hemişeki edähedine görä, aýalyň adynyň asmandaky A:ýy aňladýan başky bölegini gysgaldyp, ýüzlenme sözi hökmünde getirip aýtdy. – Nä, bütüki, garaçy ýaby ýaly, birden kürtdürip duruberdiň-le? Geç-dä, gelen bolsaň, sekiniň üstüne! – diýdi. – Geçmesine-hä, men geçjek-le, Habyp. Ýöne sen adymyzy dürs tutsaň – diýdi. – Aý, «dürs» diýip, kemsidilmeseň, boldugydyr şol. Soltan diýilseň, nä kemiň bar? Hany, geç ýokary. Size-de ýaranyp boljak däl-dä, elgaraz – diýip, aýala saçak başyna mürehet etdi. Gelen aýal: – Ýaranyp-ýaranmaz ýaly... – diýdi-de, sözüni kesdi. Soňra-da, pes ökjeli hokgasyny çykaryp, sekä çykyp barşyna: – Sen mundan müň ýyl ozalky medrese döwrümiziň gepini etmekçi bolýarsyň. Bizlerde indi soltanlyk nirede galdy, Habyp? – diýdi. Habyp hoja: – Soltanlyk diýlen närse galyp-gaçyp ýören bir zat hem däldir. Ol, meselem ki, Soltan Sanjar Oguzhan diýlen kysmy, adamyň adyna bir ýelmeşensoň, öli-diri aýrylýan hem däldir – diýdi. – Haýyr, sen munça pähimdar bolsaň, gidenlerden habar ber, Habyp! – diýip, aýal oturyşyny edip oturan Aýsoltan köýneginiň giň etegi bilen aýaklarynyň dabanyna deňiç örtüp gürledi. – Sen, Aý, Soltan, Rebbiň takdyr edenini diňe bildirileni bilýän gulundan sorama. Biziňki ýagşy niýetde bolmak. Herniçik, indi uzaga çekmeseler gerek. Bu gün-erte oglanlardan habar düşse-de düşer. – Şeýle bolgaý-da, ýagşy habar gelgeý-dä! – diýip, Aýsoltan mama iki elini goşawuçlap ýüzüne syldy. Habyp hoja hem oglanlykda medresedäki sapakdaşynyň ýagşy dilegine goşulyp: «Ämin!» diýip seslendi. Onýança Hatyja soltan öz baldyzy Orazbibi bilen towuk eti düşelip bişirilen käşirli palawdan hersi bir ýaýbaň tabagy tümmekläp göterip, alyp geldiler... * * * Ýassy namazyndan soňra Hatyja soltan baldyzy Orazbibini hem yzyna düşürip, giňiş «haly otaga» bardylar. Tüýnükden düşýän dolan Aýyň ýagtysyna ýaňyrak ýüwürdilişine, ýaryna çenli dokalyp, alabahardaky gül-pürçük meýdana meňzäp, gyzyl-ala öwsüp ýatan halysyna gözi düşende, birdenem kalby gozganyp, göwni hala höwrügip gitdi. Täze halyda arzuwlarynyň wysalyny gören Hatyja ýeňil gopup, dokma mündi. Dokmanyň sag-çep – iki tarapynda pel-pelläp ýanyp duran goşa çyralaryň ýagtysyna Hatyja soltanyň öňdenem haýbatly topbusy has hem uzan ýaly bolup göründi. Çeýelik bilen çitimini dolduryp, darak urmaga oturdy. Ýeňňe-baldyz ikisi iki ýerden «Gürp-gürp», «dark-dark» darak kakdylar. Birdenem... bularyň darak güpürdisine daşardan eşidilen at toýnaklarynyň «güpürdisi» hem goşulyşyp gitdi... Edil şu pursatda, şu halda garaşylmadyk bu ýagdaýa tisginip giden Hatyjanyň elindäki ýokary göteren daragy haly kirişlerine ýetmän, howada doňup galdy. At toýnaklarynyň, haly daraklaryň «wagty-biwagty» ýok «güpür-tapyr» sesleri şu çaka çenli hem bu howly üçin ýa:t ýa-da del bir zat däldi. Ýok, gaýtam-a bu «güpür-tapyrlar» şolar bilen ýaşaýan bu howlynyň ýürek urgularynyň sesleri diýseňem boljakdy. Umumanam, ümsümligi bozup, ünsleri özüne çekýänligi üçin, toýnak sesleri uzyn taryhboýy ýa haýyrdan ýa şerden habar berip geldi. Emma üç hepde mundan öň bu jelegaýdan ýigitleriň goşun bolup göterilip, söweşe giden häzirki ýagdaýynda ýarygije eşidilen at toýnaklarynyň «güpürdisi» haýyrdan şere has golaýdy. Hatyja soltan elindäki dokma daragyny halynyň dokalan böleginiň üstünde goýup, daş çykanda, howlynyň ýaşaýjylary Habyp hoja başlyklaýyn eýýäm som-saýak aýak üstündedi. Howludakylaryň erkeklerden bolan topary Habyp hojanyň, aýallar ugry bolsa, onuň aýalynyň daşyna egele bolup, özara hyşy-wyşa başladylar. Onýança satanlak demirgyr atyny gara der-de-ak köpük edip, howlynyň agzyna gelen çapar at üstünden habaryny berdi: – Hywa hany emirden ýeňlip, gelen ýurduna gaçyp gitdi. Ýigitlerimiz emiriň goşunyny oba düşürmejek bolup, olary öz yzlaryna düşürip, çöle çekildiler. Emma mundan soňra Mirhaýdar bu obalara gelmän goýmaz. Ylaýta-da, urşa gatnaşanlaryň maşgalalary, ne iş kylgujy bolsaňyz, öz najadyňyzy özüňiz görüberiň... * * * Atly çaparyň mojuk habarynyň yz ýany diýen ýaly dürli ýaşly birnäçe erkek-aýal Habyp hojanyň howlusyna derhal ýygnanyşdylar. Olaryň arasynda Selim hoja öz aýaly Emine bilen has hem göze ilginç görnüşde zowzuldaýardy. Adamlaryň wagyrdysy degirmeniň mesenesinden güwläp inen suwuň sesi ýalydy. Birden agyr mähelläniň şowhuny ýatdy. Ýusup işan agraslyk bilen ädim urup, howla girdi. Az sanly märekäniň öňüne geçip, ýuwaş gürläp, sözüne başlady: – Eziz adamlar, bu jeňňi-jedele Seýitnazaryň guramaçy bolup gatyşmagy gaty ýeser boldy. Emir muny bagyşlamaz, ol ar aljak bolar. Şondan ötri... Halaýyk, hemmäňiz ýagşa-ýamana düşünýän adamlar... Beşirli garyndaşymyz Mürze Mir hoja Kytgy bizlere ýa:t adam däl. Özem her ýerde sözi ötgür, gaýratly kişi. Allahyň goldawynda birlän-ikilän naçara penakärlik etmäni başarmajak adam däl. Hawa, eziz adamlar! «Ýagydan ýaý boýy» diýleni. Gep munda Seýitnazaryň maşgalasy bilen naçar uýasy Orazbibi ikisi barada barýar. Näden nä bolynça... Ýusup işany diňläp duranlar onuň näme diýmekçi bolýanlygyna düşündiler. Gürrüň Seýdiniň naçarlary Hatyja Soltan bilen Orazbibini obadan gaçyryp, derýadan gaýrak Beşir obasynyň öňe çykan adamsy Mürze Mir hoja Kytgynyň penasyna ibermek barada barýardy... Saýyp bagşy arkasyny tama diräp çommalyp oturan ýerinden taýagyna söýenip, sandyraklap, ör turdy. Köseleç sakgalyny titredip gürleýşinden bagşynyň bu nahaklyga hem-de zora ýanalmaga gaty gaharynyň gelendigi bildirýärdi. Ol bolýan işler üçin titräp, tolgunyp gürledi: – Howwo-da, indi öz ýurduňdan awara bolup, gaçyp-tezip ýaşamaly bolsa diýýän-ä, Hakyň beren bu bäş günlük ömrünem... Ýaşuly, kiçeňsi kellesini «hekim» horazyňky ýaly, öňe-yza edip, uludan bir ýuwdundy-da, başky äheňini haýalladyp, sözüni dowam etdirdi. – Aý... çagalar eli hünärsiz-ä däl. Kaýda bolsalaram, hor-zar, ýa birine ýük bolaslary-ha ýok. – «Hünär – baýlyk» diýen eken Zamahşary diýlen alym bir çak. Hojaýyn guluny har etmez. Adam nirede, ne halda bolsa-da, rysk berýänem, goraýan hem Biribaryň bir Özüdir! – diýip, Ýusup işan metjitde wagyz edýän şekilli gürledi. – Howwo-la, oňa kimde şübhe bar! – diýibem, Saýyp bagşy ýene gürlemekçi bolanda, Hatyjanyň enesi Emine-de onuň sözüni kesip, gürrüňe goşuldy. – Aý, Hatyja janym üçin Beşir diýen ýuwurdam ýat bir ýer däl-le. Gyz oglan çagy, soň-soňlaram bir öýi daýylarynyňky boldy Hatyja janymyň... Özünden ýedi ýaş uly aýalynyň aýdanlaryny çuňňur ýürekden makullamak üçin çyny bilen başyny silkende, Hatyjanyň atasy Selim hojanyň gytyk tüýli ýatyş telpegi çüri başyndan sypyp gidişine, Akpamygyň kökesi ýaly tigirlenip barşyna, Saýyp bagşynyň öňünde badyny togtatdy. Saýyp bagşy Selim hojanyň tigirlenip öz öňüne gelen telpegini, özüne üns berilmäge laýyk bolmadyk, asla, bigerek bir zat ýaly edip, elindäki, söwütden kesilip, çala pudalyp ýasalan hasasy bilen bir gapdala süýşürdi-de, hälki arasy kesilen sözüni dowam etdi. – Adamlar, bu wagt zamananyň öwzaýy bozuk. Her ýerde, durna ýaly, hüşgär bolmak zerur bu wagt. Men ýolagçylaryň ýanyna kempirim Aýsoltan mamaňyz bilen elli-aýakly ýegenim Şirlinem goşaýyn. Saýyp bagşy töweregine ýaltaklap, howlukmaç gürledi. – Göçi daň ýagtylmanka ýola salyň, adamlar. Içde-daşda duşman-beýleki ýeterlikdir, ägä bolmak gerek, durna ýaly... * * * Derýany gyratlap ýaşjak bolup duran Günüň aşagynda örküji gabarylyp görünýän iner aýagynda baryny edip, loňkuldap, öňe omzap barýardy. Derýanyň ters akymyny syryp, gämigüzeri nazarlap, tirkeşip gelýän üç kişiden ses-seda çykmaýardy. Meýdan torgaýlarynyň «jibirdisi» kimdir biriniň gara çyny bilen janyýangynly jibrinmesi bolup eşidilýärdi. Telim düwünli owsaryň nogtasyndan tutup, üsti ýükli ineri idip barýan Hatyjanyň ýüzi solgun görünýärdi. Keltejik kerwendäki at-eşegiň toýnak sesleri-de, töwerekdäki guş-gumrularyň owazy hem ol üç adama hiç hili täsir etmeyärdi. Obadan ara açyldygysaýy, Hatyjanyň ýüregine, birhili düşnüksiz, nämälim, başy-aýagy belli bolmadyk syrly howsala aralaşyp başlady. Öz meýliniň tersine, nähilidir bir güýç Hatyja soltany birden sakga saklanmaga mejbur etdi. Hyýalynda nämeleriň bolup geçýändigine birbada onuň özi-de düşünip bilmedi. Emma gursagyndaky ýiti bir sanjyny ol kem-kem, dura-bara syzyp başlady. Ol göze yssy, göwne ýakyn bolan obasynyň ýaýbaň şahaly, gaba agaçly baglaryndan, guba giňişliklerinden dirilikde jyda düşmeginiň jan awusyny, ine, gel-gel, şu pursatda hanjar ýarasynyň ýitiligi bilen duýup galdy. Hatyjanyň Seýdiniň at segredip gezen, şygyr ýazyp oturan ýeri bolan goja şatuda tarap ýönelip, gös-göni derýanyň sowmasyna tarap ugranyny gören Aýsoltan mama muňa geňirgenmän durup bilmedi. Ol «ýalt» edip, yzky düýäniň üstünde iki bükülip oturan Orazbibä seretdi. Emma ondan-da öz aljyraňňy duýgusyna haraý tapmansoň, içinden pyşyrdap, doga okady-da, iki eli bilen öz ýakasyndan ýapyşyp, gözlerini gorkuly tegeledi: – Alla janlarym, bu nä ahwalat boldy? Hatyja, sen ugruňy Pelwerde garşy däl-de, başga tarapa alyberdiň-le?! – diýdi. Hatyja soltan Seýdini soraglap, şatuda arkasyny diräp, gamgyn halda başyny aşak salyp, ýuwaşjadan hiňlenmäge durdy: Eý, zamana, zamana, Rehim et natuwana. Bir dem ýardam görmesem, Ahym ýeter asmana. Men şuglaly şam şemi, Yşkynda aşygana. Hijran ody köňlümde, Ýandy bu gün gümana. Gaýgy-hasrat, gam üçin Gelmeýsedim jahana. Kä gan döküp, gan içer, Ynamym ýok bu pana. Başymdaky täjimi, Aldy, goýma:n amana. Beşir, Mekan, Burdalyk, Batdy gara dumana. Döwrämde ýok medetkär, Düşdim otly pygana. Köňlümde hasrat-gaýgy, Ýalňyzlykdan nyşana. Lamma, Gara, Bekewül – ilden boldum bigana. Başym alyp giderem, Men bir telbe-diwana. Hany, Aýjemal bagşy, Hany, Jümbül jenana?! Hany, Gülzar, Zargülüm, Aklym galdy haýrana?! Hany, şaýyr Intizar, Düşerinmi hijrana?! Hany, oglum – Enwerim, Nirde ol akly dana?! Rozybike Düldüli, Şähri Banu – dürdäne! Ýetsem ýakyn gardaşa, Hoja Kytgy Kengana. Hijran dagyny çekip, Ýetsem Seýdi Soltana. Sakar, Saýat, Nerezim, Göçsem Beşir, Mekana. Golumda galam, depder, Galmaz köňül armana. Hatyja, görsem bu gün, Il-günümi bostana, Il-ýurdumy dostana! Hatyja soltan ýokarsyna – asman-pelege garady. Boz torgaý onuň dik depsinde pel-pelläp perwaz urup durdy. Zenan ýüregi diňe daşyndan seredeniňde teselli tapana meňzeýärdi. Hakykatda, ol... aglaýardy. Mert zenanlara mahsus bolan ýagdaýda – sessiz hem-de gözýaşsyz aglaýardy. Tomaşa kyl, seýran et gülli bostana, Seýdi, Näz birle azm eýleýip, bag-gülüstana, Seýdi. Assa basyp, uz ýöräp, gel bu gün ýar ýanyna, Köýdürme sen aşygyň, golda, dostana Seýdi. Pynhan wysala ýetmek magşuklar yradasy, Jöwlan urup, janygan ýar sen merdana, Seýdi. Aşygyňa rehm eýle, etme sen jebir-sütem, Ýanyp duran şem – menem, sen bir – perwana, Seýdi. Giriftary – nikahy, çeşmi — mahmur, farzana, Bawar birle bäri gel, kylma efsana, Seýdi. Görse, ol ruýy mahyň ger Züleýha bir zaman, Eýlemez bir dem nazar Ýusup-Kengana, Seýdi. Çünki Allah eýledi fikri-oýun köňlümden, Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi. Hany, meniň gamhorym, ömürlik arkadagym, Gel, gowuş sen peýweste Hatyja hana, Seýdi. Hatyja soltan sessiz goşgy okaýarka, birden «Ah, ah...» sesi bilen horkuldaberenini özem duýmady. Gursagyny ýarara getirýän ýüreginiň gürsüldisi bilen «Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi» diýen armanly sözleri derýa tolkunlaryna düşüp, güňleç ýaňlanyp gitdi... * * * Hatyja dagy säheriň ümüş-tamyşlygynda Pelwert gämi geçelgesine ýetdiler. Geçelgäniň üsti bilen derýadan geçdiler. Bularyň bar aladasy, elbetde, öz janlaryny, hem-de mallaryny güýçli towlanyp akýan däli derýanyň aýylganç girdabyna lukma etmän, derýadan sag-aman geçirmekdi. Yňdarylyp akýan mes suwly derýa misli ýaraly aç aždarha ýaly çyrpynýardy. Derýanyň girdaby «gür-gür-r...» edip, hokurdap, aýylganç-aýylganç seslenýärdi. Yzly-yzyna gelýän tolkunlar kükregini kert kenara jalkyldadyp urup, çym-pytrak bolup gidýärdi. Derýadan geçilenden soň Şirliniň göwrümi giňän ýaly boldy. Ol «Çuw! Çuw!» diýip, aşagyndaky Melejesini gyssap başlady. Hezreti Bilal babalaryň deňine ýetilende, Aýsoltan mama daşyndan gepläp: – Daň-säher – mynajat çagy. Belki, täleý seni Beşirde ýagşy güne ýar etsin – diýip, Hatyja göwünlik berdi. Hatyja soltan ýüzüni asman-pelege öwrüp: – Nesip işi – diýip pyşyrdady. Gülendam mama Hatyjanyň ýüzüne çiňňerlip seretdi. Obanyň ýeňsesinde derýa tarapdan howalanyp görünýän göm-gök gara tallaryň tyllaýy ýapraklary Hatyja soltanyň kalbynda, bolsa-da, biraz köşeşdiriji duýgulary, süýjümtik arzuwlary oýardy. Hatyja soltan iki düýelik, bir at we bir-de eşekli hem dört kişilik kiçi kerweniň öňüni çekip, dogan daýysy Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüne golaýlanda, ir örlän çagalaryň: – Buşluk! Hatyja soltan geldi! – diýen sesleri ümsümligi böwsüp, golaýdaky metjitde ýaňlanan daň namazynyň azan sesine goşulyşyp gitdi... Beşir obasynyň halky uludan-kiçä ylgaşyp öýden çykdylar. Uzynly gün obanyň gürrüňi Hatyja soltanyň Beşire gelenligi hakda boldy. Gün guşluga galyp-galmanka obanyň gyz-gelin, oglan-uşak bary Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüne – Hatyja soltan bilen görme-görşe çozup geldiler. Gyzlar Hatyjanyň öňüne geçişip, biri: «daýza», biri: «ýegençi», ýene biri: «eke...» , elgaraz, her haýsy bir at tapyp, misli igdä üýşen garasarlara meňzeşip, jagyl-da-jugul boldular. Kyssamyzyň girişinde Hatyja soltanyň çaga, soňra ýetişip barýan nowça ulugyz çaglaryny bir Lammada – atasy öýünde, bir-de Beşirde – daýysy Mürze Mir hoja soltan aganyň giň howlusynda geçirendigini aýdypdyk. Gyz-gelinleriň arasynda Hatyja soltanyň ýaşlykda Beşirde geçiren şol gyzykly we gyzgalaňly günlerine şärik bolanlaryndan hem bardy. Ýöne welin, olaryň köpüsiniň etekleridir ýakalary gadymy pelegiň köne çarhyna ilişip, onuň siltewli aýlawunda kösenip, şol gyz gözelligini, terligini ýitiripdiler. Emma şol ýitirilen owadanlygy, terligi bu gün olaryň tirkeglerindäki ýa-da gujaklaryndaky oglan, gyz oglan keşplerinde öz şöhlelenmelerini tapypdy. Bu şöhlelenme, herniçik, kalby köşeşdirýän bir ýagdaý bolup, elbetde, ýaradylyşyň kanunydy. Emma şol ýitirilen owadanlykdyr terligiň soňra hiç bir ýerde hiç bir keşpde öz şöhlelenmesini tapyp bilmän, dereksiz ýitip, ýok bolup gidenleri-de bardy. Düýp dereginde «bar» sözi «ýok» diýmek däldi. Aslynda, asly nebisjeň adamy «bar» sözi begendirjek ýalydy. Ýöne welin, bu «barlyk» işbu ýerde tersinedi, ol ah bilen armana öwrülip, öz ýolugan adamsyny diňe bir gynandyrmak bilenem çäklenmän, eýsem, diriligine ýakyp-ýandyrýardy. Şu oturanlaryň arasynda olaryň biri-de, elbetde, Hatyja soltandy. Emma bu ýerde şol ýaşlyk gözelligini we terligini öz özgelerinde görüp, teselli tapanlaryň-da, ony baky ýitirip, ýanyp-bişenleriň-de barysy bu ýerde ýokdy. Olardan birnäçeleri, ykbala eýerip, hatda, uzak, ýa:t obalara gelin bolup, düşüp gidipdiler. Käbirleri bolsa, kysmata tirkelip, bu ýerden juda uzakda hem bolmadyk ilerki «oba» göç edipdiler... Bu ýerde Hatyja soltanyň daşyna jem bolan köne joralaryň gep-gürrüňi, ine şu zatlar barada boldy. Onýança dört-bäş ýaşulynyň öňüni çekip Hatyjanyň daýysy Mürze Mir hoja soltan aga peýda boldy. Atyny gazygyna iltedi-de, giň howluda äpet şatuduň saýasynda düşelen uly-uly halylaryň üstünde oturanlara göz aýlady. Ol gelip, gülli ak keçeleriň üstünde öwrüm berip oturan ýaşulular bilen içgin görüşdi. Mir Mürze aganyň su:r silkme telpegi garaýagyz ýüzüne, mele donuň üstünden egne alan düýe ýüň çäkmeni gabsa ýaly uzyn boýuna gelşip dursy. Ol çäkmeniniň aşagyndan donuň synlaryny aşak çekip: – Geldiňizmi, Hatyja, sag aman!.. Hoş geldiňiz! Ilerki illerem, garyndaşlar-da gurgunmy? – diýip, ýeňil ýylgyrdy. Onuň sözlerinde içki duýgusy, içki dünýäsi, mähribanlygy mese-mälim, duýlup durdy. Oba adamlaryň hemmesi-de Hatyja hem-de ýoldaşlary bilen görşensoňlar, onuň daýysyna: – Hatyja soltanymyz gelipdir, gözüňiz aýdyň, Mir Mürze aga! – diýip ýüzlenýärdi. O-da: – Alla ýalkasyn, geleweriň-de-geçeweriň! – diýýärdi. Şol gün Mir Mürze baga bakan semiz öküzçesini ýykdy. Beşir obasynda bela-beteriň sag-aman sowulmagyny Alladan diläp, uly-uly gazanlar atarylyp, jöwen ýarmasyndan bişirilen tagamly milli nahardan «ýarmasadaka» berdiler. Jöwen ýarmanyň bygyrdysyna, onuň işdä açyjy hoştap ysyna agzy suwaryp, ýüzi ýagtylan Ogulsapar mama: – Beşiriň begenen güni etli jöwen ýarmasyndan çagajyklaryň garny bir ýazylsyn-da, jan Alla! – diýip, damarlary bildirişip duran elleri bilen ýygyrt atan ýüzüni sypady. Çagalar jöwen unundan edilen zagara tötegini paýlap, öýme-öý aýlandylar. Beşir obasynyň adamlary şol gün gijäniň bir wagtyna çenli oba, ýurt ýagdaýlary dogrusynda söhbet edişip oturdylar. Gürrüňçilik, esasan-da, Hywa hany Muhammetrahym bilen Buhara emiri Mirhaýdaryň arasyndaky iki tarapdan hem top atyşykly gazaply urşy hakynda gitdi. Ýurt erkinligini gazanmak üçin Muhammetrahym hana goşulyp, Buhara emirine garşy gozganan ärsarylar, olaryň indiki ykballary barada çen-çakly köp gürrüň etdiler. * * * Hatyja soltanly kerweniň Beşire gelenine üç gün bolanda, daýysy Mürze Mir hoja Kytgy olaryň ýanyna goragçy hökmünde ortanjy ogluny hem goşup, ýegeni Şirli bilen Aýsoltan mamany ilerik ugradyp geldi. Şondan soňra Beşiriň iliň öňüne düşüp ýören, agyzly aýallary Hatyja soltanyň daşyna geçdiler. Ogulsapar mama: – Türkmenlerde «suw küýzesi suwda synar» diýen bir söz bar. Sahypjemal gelin Hatyja soltanymyzyň hem abyny-tabyny kemsiz ele alan halyçylyk senedine-de näjüre ezber bolşuna biz hemmämiz belet. Ol heňňamlar aşyp gelen zynatly meşhur Beşir halylarynyň nusgasyny ýaýmakda, olary kämilleşdirmekde yhlasyny görkezibersin. Obamyzyň dessuryna görä, halyçy gyzlaryň hallaryndan habardar bolup, olara halypalyk edibersin. Onuň hünärinden haýyrlansynlar. Hany, näden nä bolynça. Onsoňam, bikärligiň ýüzüne köz degsin. Adamy ýykýan zat iş däl, işsizlikdir. Obamyzyň şöhratyna şöhrat goşsun. Galanyny Hudaý oňarsyn – diýip, meseläni açyp goýberdi. – «Galany-gaçany» diýip, gudraty-mülki bölüp-büçjek bolmaňlar, bütin barlygyň öňi-soňy Biribaryň Öz ygtyýaryndadyr-la – diýip, Rozugül rawy hem gepe goşuldy. – Lekin, mundan ozalky aýdanyňyz nälaýyk däl. Hatyja soltanyň gapdalynda baldyzynyň bolmagam bir taň zat. Kömekçili bolup, oturan jaýynda eli uzadan ýerine ýeter durar – diýdi. Soňra hem: – Hatyja soltan ylymdar ýerleriň maşgalasy. Ol gerçek Seýitnazar-Seýdi, molla Gaýybynyň ogly Molla Myrat, Banu hanym Hijrany, Zargül... dagylar bilen Lammanyň şyh Zübeýdiň medresesinde bile okap, sapakdaş bolup ylym aldy. Kitapda: «Heý-de, ylymly bilen ylymsyz deň bolarmy?!» diýlen ýeri-de bardyr. Aramyzda ylymdar adam bolup, perzentlerimiziň öňüne düşse, bize Allahyň berdigi dälmi, eýse, adamlar! Galyň bende bu işi çözmek üçin ara ýurt salyp gidýor. Biziň bolsa, ideglimiz üstümize gelýor – diýip, Rozugül rawy öz sözünde aýtdy. Aýjemal bagşy bolsa: – Hatyja soltan edep-ekram hakdaky söhbetlere gaty ir höwrükdi, dessanlara, nusgawy şahyrlaryň goşgularyna ir maýyl boldy. Hatyja soltan obamyzyň ýaş nesline ylym-sowat hem öwretsin – diýende, Ogulsapar mama gapdaldan çykyp: – Ylym meseläňizi özüňiz çözüň. Ýöne «Bu kempiriň-ä halys garryp-guryp, barja akylam çaşypdyr» diýmeseňiz. Men-ä nadan janyma bir gepem aýdyp galaýyn, adamlar. Inelikin, erte-birügin ol batyr şahyr gelägede, Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüniň bosagasyna Gyratyny ýanagada: «Mün, Hatyja hanym, dal bedewiň syrtyna!» diýäýse, özüm-ä, dogrusy, halap durmaryn. Kelinalyjyda edilişi kysmy, muşt ýaly kesegi atyb-a galaryn yzyndan, bolsa, bolubersin batyr serkerde Seýti han!.. – diýip, Ogulsapar mama gara çyny bilen «öz dilinde» gürläp aýtdy. Rozugül rawy ajyny-süýjini görüp, berkeşen, iliň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören bir süýji dilli, şähdaçyk aýaldy. Onuň il içinde rawy – hekaýatçy bolup, «ylym ýaýradyp», köpçülige ýarap ýörşi nämä degmeýärdi. Rozugül rawy Hatyja soltan, Rozybike Düldüli, Nowtäç, Aýjemal bagşy... dagylar bilen Lebap boýlarynda tutulýan ululy-kiçili köp toý-tomaşalara bile gatnaşyp, özara gazal, kyssa, aýdym... aýdyşyp, her bir diňleýjiniň kalbyny heýjana getirip, süňňüne ýeňillik guýup, göwün guşuna ganat bekledip bilipdiler. Ol Hatyjanyň golaýragyna süýşdi-de: – Öz aýagyň bilen gelipsiň, janym. Obamyzda dokma senediniň garamatyny merdi-merdanalyk bilen çekersiň diýip, saňa bil baglamakçy bolýorys. Biz muny seniň oňarjagyňa ynanýorys. Hany, seniň özüňem aýt, biziň bu teklibimize ne diýer sen?! – diýip, Hatyja soltana soragly bakdy. Elgaraz, işbu üýşmeleňde Hatyja soltanyň baldyzy Orazbibi bilen daýzasy Mürze Mir hoja Kytgynyň aýaly Aksoltan daýzadan gaýry Hatyja soltana edilen teklibi oňlap, geplemedik galmady. Aýal-gyzlar, «gürlemediler» diýip, bi ikisinden bolsa, aýyp-syn edibem durmadylar. Çünki Orazbibi-hä ol – gaýry bir ýeriň ulugyzy halyna, Beşiriň meselesine goşulup bilmez. Dymmalykda ile belli Aksoltan daýza bolsa, mundan ozal goşulypmyşmy iliň geňeşine bu gün orta çykar ýaly. Şondan ötri, galjaň äri Mürze Mir hoja Kytgy tarapyndan biçäräniň ne gözel Aksoltan ady Täksoltan diýlip tutulmagynda-da bu aýalyň dymma bolşuna kakdyrma bar diýýänler-de ýogam däldi ýeke-tüke oba içinde. * * * Bişiren datly unaşyndan goňşokara alyp gelen Ogulsapar mama hasasyny tamyň pagsa diwaryna söýedi-de, öýüň içinde öz işlerine gümra bolup oturan Hatyjanyň gapdalynda çökdi. Hatyjanyň aladasynyň ýetikligini onuň çaňjaryp, tozanjyrap, ümürläp duran ýüz-gözünden habar alybam bilibermelidi. – Aýuw, Hatyja, amanlykmy, gurgunlykmy? Nämelere güýmenen bolduň?! Hatyja: – Geliň, Ogulsapar mama, düşege geçiň – diýip, mürähet etdi. Onuň teýine galyň düşekçe, öňüne düýe ýüň saçagy ýazyp, içi saryýagly gaby hem goýdy. Ikisi şahy düşekçede oturyp, noýbaly unaşyň daşyna geçdiler, çaý içdiler. Çaýyň ýelginine bu ikarada gürrüň gyzyşyp gitdi. Ýaşlarynda ýagşyja tapawut bardygyna garamazdan, Hatyjanyň iki eli işli, sadaguraw bu ene bilen gatnaşygy örän gowudy. Dogrusy, Hatyja soltan – bir baksaň, hiç zadyň alnyndan bolmadyk sada jan ýaly görünýän, bir seretseňem, aýal-gyzlaryň iş-hünärleri babatda halypa çykyp giden, gep-sözi ýerbe-ýer bolan syrly ýaly görünýän bu aýalyň tebigatyna düşünjek bolýardy. Ogulsapar mamanyň hortap göwresi daşdan gartaň ýaly görünse-de, süňňi sagdynlykdan, oturyp-turşy dogumlydy. Özi takwa aýaldy. Beşiriň obalarynda Ogulsapar mama gyz-gelinleri daşyna üýşürip, köplenç haly işi barada gürrüňler ederdi. Ol: «Haly, keşde diýen ýaly işlere «inçe iş» diýilýär. Iňňäni ýeke ýerde ýalňyş sançsaň, birje çitimi nädogry çitseň, keşde bozular, nagyş ýoýlar. Şonuň üçinem, senediňize gaty yhlasly ýapyşyň. Zehiniňize yhlasyňyz goşulmasa: «Men, däninim, pylan-pismidan iş etjek» diýşen bolşup, ilem, öz-özüňizem aldaşypjyk ýörmäň. Ýöne ýaňky ikisi birigäýse welin, eden işiňiz Dünýä baýyň gözlerini gamaşdyrar» diýip, sargyt ederdi. Häliden bäri haly barada gürrüň gozgajak bolup oturan Hatyja el ýeterindäki haly çuwaldan ýumaklary aldy-da: – Ogulsapar mama, şu gün dokma ýüwürdişmäge eliňiz degmezmikä? Aýjemal bagşy hem: «Bararyn-a» diýipdir. Şu alada bilen haçan dokalyp, haçan kesiljeginem-ä bilemok welin... Keltejik dymyşlykdan soň Ogulsapar mama Hatyjanyň ýüzüne mähir bilen seretdi-de: – Tüweleme, tüweleme, Hatyja! Haly ýüwürtseň, gowy edýärsiň. Men saňa ony bek ýüwürdişerin. Seniň dokan nusgalyk halylaryň derýanyň iki ýakasynda-da taryp edilip ýör. Mülk Eýesi her bendesine bir ýol goýandyr, gaty gaýgy-alada hem galyp ýörmezler. Her ýerde bolanda-da, gul başy goragsyz däldir. Hawa, dokma diýeniňem ýeňil iş-ä däldir özi welin, emma başyna barsaň, bir gün biter durubir. Aýdyşyp-diýişdig-ä bulary baýaky üýşmeleňde. Halka halypalyk etjek bolsaň, özümizem, obanyň gyzlary bilen kömegimizi gaýgyrmarys bu işde. Bir zady bolar, enşalla, hemmesiniň – diýdi. «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?!» diýleni çypba-çyn-ow, Ogulsapar mamanyň açyk göwünden, mährem ýürekden aýdýan ýalan ýa-da hile goşundysyz sözlerini eşidende, Hatyjanyň göwün guşy şatlyk äleminde ganat kakmaga başlady. Ýüregi ersdi. Ol: – Wah, sizden müňde bir razydyrys, mamam jan – diýip, özüniň bu mährem ene babatda kalbynda gizläp-ýaşyryp bilmedik duýgusyny daşyna çykardy. Ogulsapar mama Hatyjanyň ýumaklaryny eline aldy. – Adamyň derdini egisýän närse ýene iş, güýmenjedir. Inelekin, dokmanyň üstüne bir münersiň welin, ähli dert-aladaň ýeňlär gider. Türkmen zenanlarynyň ata çykdygydyr, dokma mündügi. Hany, – Ogulsapar mama «seniň Seýdiň» diýjek boldy-da, ýüzugra «ýalňyşyny» düzedip goýberdi, – biziň şahyrymyz aýdanýokmy näme: «Seni münen hassa bolsa, sag olur» diýip, goşgusynda bedew barada! Özümiz-ä: «at münüp, atam gomlap, at üstünde satan somlap» ýörenlerdenem däl welinim... Ogulsapar mamanyň bu aýtgysyna Hatyjanyň, dogrusy, ýeser gülküsi tutdy. Ýöne edep ujundan çala ýylgyryp oňaýdy. Hatyjanyň heňňamdan umydygär gözleri arzuw, tama bilen ýyldyrady. Goňşusynyň göwnüni, azajyk hem bolsa, galkyndyryp bilenine Ogulsapar mama hem begendi. Esli salym oturandan soň Ogulsapar mama haly horjunuň gözündäki kagyzlary görüp: – Bä, bu kagyzlaryň kändigini! Bulardaky ýazgylar näme baradaka? – diýip, ol gyzyklandy. – Bu kagyzlara, mamam jan, men göwün arzuwlarymy geçirýärin. Şu kagyzlar, şu dessan Seýdi hakda – diýip, Hatyja oňa ýylgyryp jogap berdi. – «Seýdi hakda» diýdiňmi? Ba, syr bolmasa, bizlerem diňläp bilermikäk olary? – diýip, Ogulsapar mama, bir ömre etmedik işini edip, goşgy-gazallar bilen hem gyzygyp sorady. Hatyja ýagty ýüzüni gürrüňdeşine tarap öwürdi: – Syr kemi-hä ýokdur, mamam janym. Ýöne sizler olary, inşalla, diňlärsiňizem, okarsyňyzam. Belkem, basym olar ýüwürtmekçi bolýan şu halymyzyň emer-damaryna ornar... – diýende, Hatyjanyň gözlerinde, adatdaky bolşy ýaly, umyt uçgunlary ýyldyraşyp gitdiler... * * * ...Hatyja soltan özüniň çeper golunyň, ýiti pikiriniň, agyr zähmetiniň döreden gymmatly dokmasynyň üstünde eňegini iki dyzyna diräp oturyşyna, köp külpetli, az lezzetli ykbaly hakda çuň oýlanýardy. Pikirinde Seýdi bilen sorag-jogap alyşdy. Birdenkä onuň gamgyn, ýadaw, ýöne juda gelşikli, owadan gözleri sag egindäki diwara söýelip goýlan içi gat-gat hat-hat kagyzly çaklaňja, ýöne nepis dokalan haly horjunda eglendi. Ol horjuny eline alyp, ony bagryna basdy. Uzak wagtdan bäri ellenmedik haly horjun Hatyjanyň giň, gyzgyn gujagynda owazlanyp ugrady. Haly horjundaky golýazmalar, olardaky duýgur zenan kalbyndan zarynlap çykan nepis setirler «Aýralyk mukamyny» endiredýärdiler... Arz-şikaýat eýlärem, bagtymdan bolup heýran, Hassa jana ot saldy, ýandyrdy meni hijran. Dilşat bolup wysalda çekdim hasrat her daýym, Şeme ýanan perwana, – boldum haly perişan. Ýary ýar, dosty dostdan aýran pelege nälet! Näumyt galdym munda, hany, sapaly döwran?! Ajalda kazam dolsun, gapylýet jezam bolsun, Ajy ölüm köňlümni etsin bakyýa weýran! Ýar yşkynda intizar, janym ýanar – ahy-zar, Züleýha men hijranda, başym Ýusupga gurban. Men binowa, çäräm ýok, Seýdi ýardan aýryldym, Biz biçäre mazluma Habyb eýlesin Perman! Bagrym başy ýaradyr, aýralykda göz dikip, Hany, körpe pudagym, Enwer – janymga derman?! Ol saýýad jepasyndan, ähti-ýar wepasyndan, Gül jemalym sargaryp, elip katdym lam-Keman, Aman, aman, eý, aman! Eý, pelek, şirin janym salma indi hijrana, Hatyja diýr, aýyrdyň ýarymdan, zalym, aman! Aman, aman, eý, aman! Hatyjanyň kalbynda köwsarlaýan bu ahy-zaryny tutuş älem, şol sanda, bu taýdan atgaýtarym ýerden güwläp akýan derýa-da jeýhun bolup diňleýärdi. Ol owazdaky ýalňyzlyk, söýgä teşnelik, umyt... duýgulary derýany hem elendirip, joşdurýan ýalydy. Derýa Hatyja syrdas bakýardy. Bolmanda, oňa düşünýärdi, emma şonça güýç-kuwwaty bilenem edibiljek çäresi ýokdy... Töwerekdäki gaba-gaba toraňňylar, uzyn-uzyn gara tallar, toraňňy-petdeler... Hatyjanyň zaryn owazyna çydam edip bilmän, iki ýana baş ýaýkaýardylar, gözýas ornuna ýapraklaryny derýa dökýärdiler. Aňyrsy-bärisine göz ýetmeýän jeňňelligiň her bir agajy özbaşyna nala tartýardy. Olar bolmanda, oňa düşünýärdiler... Emma Asman-Zemini birikdirip oturyşlaryna-da, edibiljek çäreleri ýokdy... Içini dünýä döküp otyrka, gözünden syrygyp gaýdan bir damja ýaşy Hatyja süpürjegem bolmady. «Ah! Ýandy-la ýüregim» diýip, ýalňyzlykda ýene-de ýaryny ýatlady: «Ah, Seýdi! Seniň bilen ýaşaşmaga mende, gör, näçe höwes, hyjuw, yhlas... bardy! Sen: «Gelerin» diýipdiň, emma gelmediň. Men başymda – gowga, kalbymda – dert, janymda – agyry, zarymda – nala bilen saňa garaşyp, bu dünýäden armanly ötmeli boldum-da!» diýip, öz göwresi bilen bile agyr pelegi-de çaýkap, iki ýana yranyp otyrdy. Gyzyl ýüzüň sargardyp, haly – perişan ruhsarym, Bedew atyn segredip, gylyç urşan ruhsarym. Gör, ne ajap görüner, tomaşa kyl oýnuna, Rüstem Zal dek mertdir ki goçagym – wepadarym. Bugra kibi ters dönüp dyzar duşman üstüne, Dyzlap, döşläp, gerdenläp, seňseleder gandarym. Ata Watan jem bolup, ýansa şuglasyn saçyp, Urar özün perwana oda watanperwerim. Duşman aýak sekdirmez bu mukaddes topraga. Galkan tutup, gylyçlar, batyrym – bahadyrym. Soltanlardan güýç tapyp, bähre alyp illerden, Buharaýy rakyby, gör, uşadar berdarym. Destinde şamkir gylyç, ol ki ýalawdan ýiti, Algyr, awun sypdyrmaz albaý guşum – şuňkarym. Alyň ala meýdany läş üste läş galypdyr, Bedewini segredip gyzyl ganly şamkirim. Ýatlap aşrat-wysalyň, hijran gaýgy-gam çekip, Hatyja Soltan ýyglap, galdy munda bisýarym. Ol gamly kalbyny mazaly gowzatdy-da, elindäki golýazma diwanyny öňünde keserdip goýdy. Birden... onuň duýgular dünýäsini birwagtdan bäri lerzana getirip, dömüp çykabilmän, basyrylgy ýatan bir täsin syr göwnüne aýan bolan ýaly bolup gitdi. Garaňky zyndan içre ýagty dünýä yş görnene meňzedi. Egnini çökerip gelen agyr ýük ýeňläne döndi. Ýyllaryň aňyrsynda galyp, bireýýäm unudylan şatlyk gaýtadan gözlerinde uçganaklap başlady. Kalby takat tapan ýaly bolup, ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. Hyýalda öňünde ýar goly bilen täsin edilip baglanan, hiç haçan güli solmajak, ýapragy süllermejek bir desse gül çemen peýda boldy. Haýal etmezden, ýady bilen hyýalyna gonan şol täsin çemendäki gülleriň suratyny aldy-da, olary özüniň gyradan agan halysyna üýtgeşik yhlas bilen çitip başlady. Endigine görä, çep eli bilen dokmany basyp, argajyny geçirdi. Dartysyny berk çekdi-de, darak urmaga oturdy. Onuň hereketi mukama sapdy. Täsin owaza goşulan elleriniň hereketi bilen nusga döredip barýan Hatyjanyň hyýal-arzuwlarynyň nikasy baglaşyp, halynyň gül pürçük meýdanyna ýaýrap barýardy. Ol hasratly dünýäni unudyp, umyt-arzuwlardan, wysaldan, gözellikden... doly täze bir dünýä döredip gidip barşyna, uzynly gün halynyň üstünden düşmän, «gürpe-de-gürp» darak kakdy. Yzyna gaňrylyp, özüniň ortadan agyp barýan dokmasynyň çitimlerini, täze döreden gölüni gana-gana içgin synlady. Ruhy telwaslanyp başlady. Gara gözlerinde mähir, duýgularyna gyzgynlyk çaýyldy. Tutuş emer-damaryna, süňňi-süýegine egsilmejek täze bir güýç gelen ýaly boldy... * * * Giňiş otagda ýüwürdilen halynyň üstünde alny egmeli, arassa kümüşden ýasalan ýaly, ak, nepis goşarlary gyzyldan goşa bilezikli, inçe bili bir garyş çemesi inlilikde düýe ýüňünden dokalan mele guşak bilen bek guşalan Hatyja soltan işleýärdi. Ol çalasynlyk bilen sülük barmaklary ýüň ýüplükli çeper ellerini saz gurallarynyň tarlary kysmy dartylyp çekilen her iki erşiň daşyndan dolap alyp, her gezekde ýiti keseri bilen ýüplügini ujundan tüýdümläp, darak kakýardy. Gamyş barmaklar ol erişden bu erşe çalasyn hereket edýärdi. Sag-çepde lypyrdaşyp ýanyp duran goşa çyralaryň ýalnynyň ýalkymyna onuň maňlaýyndaky egmesiniň, ellerindäki bilezikleriň lowurdysy öýüň içine melewşe symgylt reňk çaýýardy. Daragynyň sesi gapdalyndaky, her çitimde özünden yza galmajak bolup, çus hereket edýän gelin-gyzlaryň kakýan daraklarynyň sesinden saýlanyp, Ogulsapar mamanyň aýdyşy ýaly, hakykatdan-da, takyr ýoldan çapyp barýan at toýnaklarynyň sazlaşykly seslerini biygtyýar ýada salyp, «güpür-güpür» edip, al-asmana göterilýärdi... Biri-birinden gözel, erjel bu dokmaçy gelin-gyzlaryň «at çapuwlarynyň» toýnak dükürdileri bassyr kyrk gije-gündizläp dowam etdi... * * * Hatyja soltan dokalyp, bitip barýan halysynyň täze göllerini synlap, taýly gezek ýuwdundy, pessaý ardynjyrap, bokurdagyny arçady, ahyrynda-da, dodaklaryny çalaja gymyldatdy. Ol öz-özüne: «Goý, meniň köňlümde beslän wysal, bagt hakyndaky soňlanmajak arzuwlarym şu täze göllerimde ebedi orun tapsyn. Ony görenler meniň ömür yhlasymyň güýjüne göz ýetirsinler, oňa düşünsinler, munuň bilen ruhlansynlar. Goý, bu köpöwüşgünli halynyň roýuna gözi düşen her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgüsi, umydy terlenip dursun. Meniň bu täze tapan göllerimi illerim «söýginiň we hasratyň nagşy» diýip atlandyrsynlar» diýip, içini gepletdi. Ol haly bilen onuň öz dilinde gepleşdi. Bular bir-birleri bilen düşünişdiler. Hyýalynda Seýdi bilen bu halynyň üstünde ganatlanyp uçdy. Olar ýaýlyp ýatan Gyzylgum çölüniň, Garagum sährasynyň, köne-täze galalaryň köşki-şäherleriň, obalaryň üsti bilen älem içre ganat gerdiler. Ol elindäki keserini goýdy-da, ýap-ýaňy gutardym eden gölünden howpurgap, yza tesdi. Içinden öz-özi bilen gepleşip: «...Gujagymda götermesem-de, bir ömür kalbymda göteren perzendim dünýä indi... Seýdi soltan ikimiziň gaýypda süren ömrümiziň hasratly döwranymyzyň haklygy hakyna... Buşluk, Hatyja soltanym!» diýende, onuň ala gözleriniň jikgesinden bir-iki damja gözýaş çekgesiniň üstaşyry togalanyp gitdi. Arzuw-hyýallaryň çuňlugyna çümüp, depesinde gaýyp ýören Hatyja garaşylmadyk ýerden «Salamälik! Işiňiz ileri!» diýen sese özüne geldi. Gölden gözlerini aýryp bilmän oturan Hatyja soltan göwünli-göwünsiz halda gapa tarap öwrüldi. Gapynyň eňsisini syryp, Rozugül rawynyň gelendigini gördi. Soňra Hatyja soltan gapyda duran Rozugül rawa garap, ýaňky içinden aýdan zatlaryny daşyndan hem gaýtalajak boldy. Emma Rozugül rawy onuň özünden öňürdip gepledi: – Buşluk, Hatyja soltanym! Hatyja hem özünden biygtyýar «Buşluk!» diýip, täsin owaz bilen pyşyrdady. Rozugül rawy halynyň täsin täze gölüni haýran galyjylyk bilen synlap durşuna: – Könekiler: «Gudrat görseň, – daglara bar» diýen ekenler. Seniň bu eseriň bilen şol gudratly daglaryň gapdalyna täze bir gudrat goşupsyň, Hatyja! Gudrat – gudratdan döreýär. Bu göl – ilähi gudrat. Bu, belki, seniň keç ykbalyň garşysyna goýan uly yhlasyň, yhsanyň öwezine, wepadarlygyň haky üçin berlen tölegdir, ýadygärlik peşgeşdir... – diýdi. Hatyja soltanyň döreden bu täsin hem hikmetli haly göli soňra uly derýanyň ugruna hem tersine akyp gidişine, ol obadan bu oba ýaýrap, tutuş türkmen ülkesine doldy. Halkymyz muny «Hatyjagöl» diýip atlandyrdy. «Hatyjagöl!». Ýüreklerinde yşky, arzuwlarynyň wysalyna umydy bolanlar bu täsin gö:le düşündiler. Ony nepislik bilen halylaryna hem-de ýüreklerine çitdiler. Şeýlelikde, üstüne Gün dogýan närsäniň hiç bir zady bilen hatda, deňäp bolmajak milli haly sungatymyz «Hatyjagöl» haly göli bilen ýene bir gül bezeldi, beýgeldi... Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |