09:25 Bozulmaz Oguz boýumyz | |
BOZULMAZ, OGUZ BOÝUMYZ
Taryhy makalalar
● ýa-da mukaddes ýigrimi dörtlük barada söhbet Ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgelerinde, syýasy we jemgyýetçilik kadalarynda ýigrimi dört san bilen baglanyşykly yrymlar, ynançlar, düşünjeler özboluşly orny eýeleýär. Taryhçylar bu gadymy däbi atarman-çaparman hunlaryň harby-administratiw bölünişigi esasda ýüze çykandygyny öz eserlerinde, ylmy makalalarynda belläpdirler. Mälim bolşy ýaly, hun türkmenleriniň goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdirler. Her ganat üç şahadan, her şaha hem dört böiümden ybarat eken (jemi 24 bölüm). Taryhy çeşmelerde uly boýlaryň hersiniň özüne mahsus atynyň (günbatarda ak at, gündogarda mawy ýa-da gyr at, demirgazykda gara at, gündogarda bolsa, gyzyl dor at) bolandygy hem bellenilýär. Her tarapyň özüne berlen mukaddes reňki esasynda atlar goşunda nyzama duruzylypdyr. Hunlaryň döwründäki bu bölünişik däbi türkmenleriň 24 taýpa bölünmek däbinde şu wagta çenli saklanypdyr. Belli taryhçy L.I.Gumilýowiň hunlaryň taryhyna bagyşlanan «Hunnu» diýen kitabynda şeýle sözler bar: «Biziň eýýamyzdan ozalky 206-njy ýylda hunlar özleriniň ýigrimi dört taýpasyny jebisleşdirdiler. Soňky wakalaryň esasynda 24 taýpanyň birleşigi jemgyýetçilik ösüşiniň has ýokary basgançagyna göterildi: taýpalaryň birleşigi «döwlete öwrüldi». Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dünýä dolan Ruhnamada, şeýle hem gadymy «Oguznama» eserinde Oguz hanyň alty oglunyň bolandygy, her oglundan dört sany agtygynyň dünýä inendigi aýdylýar. Oguz hanyň ýigrimi dört agtygynyň adynyň soň-soňlar türkmen taýpasynyň adyna öwrülendigi bellenýär. Ine, XIV asyr taryhçysy Reşideddin bu hakda şeýle ýazýar: «Oguzdan hem onuň perzentlerinden soň köp zamanlar hem köp ýyllar bu taýpalardan kän hökümdarlar çykdy. Her asyrda bu ýigrimi dörtler kowmundan kuwwatly hem döwletli soltanlar peýda bolýardy... Türkmen jemagaty haýsy emiriň, haýsy soltanyň nähili taýpadan çykandygyny anyk bilýär». Bilşimiz ýaly, dünýäniň taryhçylary tarapyndan «Iň gadymy haly» diýlip atlandyrylan Pazyryk halysynyň merkezine hem dört-dörtden alty hatara bölünip, ýigrimi dört göl salnypdyr. Elbetde, bu Oguz hanyň nesil şejeresi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şol ýigrimi dört gölüň hemmesinde hem birmeňzeş görnüşde ok-ýaýyn şekili juda ezberlik bilen şekillendirilipdir. Bu şanly şekili her bir adam häzirki zaman türkmen halylarynda-da aňsatlyk bilen duýup, synlap hem oňa guwanyp biler. Türk taryhçysy Nejat Diýarbekirli häzirki dünýä halyçylylyk sungatynda bu gölüň «türkmen göli» ady bilen meşhurdygyny adalatly belleýär. Gadymyýetiň meşhur türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly öz eserinde her bir oguz boýunyň nyşanyny, tagmasyny, olaryň süýeklerini-üleşiklerini ýeke-ýeke anykma-anyk derňäpdir, olaryň ýerleşiş tertibini çyzyp görkezipdir. Şol tagmalara, nyşanlara taryhyň islendik dowamynda az ähmiýet berilmändir. Mahmyt Kaşgarlynyň aýtmagyna görä, tagmalar dowarlara, ýylkylara basylypdyr. Oguz boýlarynyň tagmalarynyň mallara basylmagyndan başga, hala-da, kilime-de, nagyş edilip, gabsalarda, diwarlarda, gap-gaçlarda, geýimlerde, gelin-gyzlaryň kümüş şaý-seplerinde, esbaplarda, hatda mazar daşlaryň ýüzlerindäki ýazgylarda hem ulanylypdyr. Göz degmezlik, ugruň- ýolun oň bolmagy ýaly ynançlarda hem peýdalanypdyrlar. Bulardan daşary, käbir nyşanlary oguz türkmenleriniň döreden döwletleriniň baýdaklarynyň ýüzlerinde hem görmek bolýar. Türk taryhçysy Faruk Sümer «Oguzlar türkmenler» diýen göwrümli kitabynda: «Osmanly döwletiniň gurluşynda sag gol, çep gol diýen düzgünleriň ýörändigi bilen birlikde, 24-li düzgün hem bolupdyr. Meselem, Rumeli welaýaty 24 sanjaga bölünýärdi. Diýarbekir welaýaty hem sekizisi ýurtluk, bäşisi ojaklyk bolmak bilen jemi 24 sanjakdy» diýip ýazýar. Türk taryhçysy Ziýa Gökalp «Türk medeniyetiniň taryhy» diýen kitabynda: «Ýigrimi dörtlüge bölünmeklige Seljuk türkmenlerinde, Akgoýunly, Köneürgenç, Anadoly we arabystanly (şamly) türkmenlerde uly ähmiýet berlipdir. Osmanly türkmenleri döwleti Rumeli we Anadoly diýip, iki gola (şaha) bölüpdir. Osmanly patyşalarynyň wezirleriniň nökerleri-de 24 sanydy» diýip beýan edýär. Oguz türkmenleriniň söweş tilsimleri 24-lige bölünip, goşunda jemi 24 tümen nöker bolup, her 10 müň atly bir tümen hasap edilipdir. Şunlukda, 24 sany beýik baştutanyň ygtyýarynda goşun 10 müňlüge, 1 müňlüge, 100 müňlüge, 10-luga paýlanmagy şol gadymy däp-dessura wepalylykdan nyşandyr. 24 oguz sanjak begleri hem öz aralarynda bölünenlerinde ýa-da nyzama duranlarynda, «ikili», «dörtli», «altyly», «on ikili», «ýigrimi dörtli» görnüşinde duruzylypdyr. Türkmeniň meşhur «Gorkut ata» eserinde hem 24 sany sanjak begi hakynda söhbet açylýar. («Baýandyr han buýurdy: ýigrimi dört sanjak begi gelsin diýdi»). Ýöne Gorkut atada oguz iline köplenç, «galyň, oguz» diýilýär, ol «uly oguz ili» diýmekligi aňladýan bolsa gerek. Ýene-de F.Sümere salgylansak, osmanly türkmenleriň maliýe guramalarynda hem 24 san bilen baglanyşykly köp mysallary görmek bolýar. Ol öz kitabynda Osmanly türkmenlerinde biriniň goýny 24-den az bolsa, ony ýoksul hasaplandyklary, ondan salgyt almandyklary dogrusynda ýazýar. Gadymy ata-babalarymyzyň söweş ýaraglaryny ýasamakda hem 24 sany ulanandygyna taryhyň sahypalarynda duşmak bolyar. Mysal üçin, osmanly türkmenleriň ýaý oklary 4 dirhemden 24 dirheme çenli bolup, ýaýyň ululygyna görä ýasalypdyr. Şol oklaryn dördüsi bokurdak, ýedisi göbek, altysy jalbar, ýedisi aýak derejesinde ýasalypdyr. Nemes taryhçysy Hammer ýigrimi dörtli oguz boý gurluşynyň Müsürdäki memluk türkmenleriniň hem 24 beg hökmünde ulanandygyny aýdýar. «Görogly» şadessanynda «Gyratyň ýigrimi dört ýörişi bar» diýlip görkezilýär. Ýigrimi dörtlük däbiniň türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň dürli gatlaklarynda mäkäm saklanyp galandygy barada edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradow «Andalyp we oguznamaçylyk däbi» diýen ylmy eserinde şeýle ýazýar: «Edil hunlaryn keçe-halysyndaky ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbininiň ýörgünlidigini aýtmalydyrys. Bu däpler hem hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly. 24göli dörtden alty hatara bölmek Oguz hanyň alty ogly hem olaryň hersiniň oglundan emele gelen türkmen taýpalarynyň birleşigini aňlatsa, 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak hem Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr». Nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalyp hem öz eserinde Oguz hanyň 24 agtygynyň soň bir oguz maşgalasynyň, taýpasynyň adyna öwrülip, kuwwatly oguz döwletini emele getirendigini umumylaşdyryp, beýan edýär: Bularnyň her birine dört oguldan, Bolup, iň başladylar sag-u-solugdan. Alarda inji mallar köp ferawan, Tamam öz erkige bermiş üguz han. Gadymy oguz elipbiýinde 24-25 belginiň bolandygy hem ünsi çekerlikdir. Ýigrimi bäş – Oguz hanyň özüniň hem-de 24 agtygynyň belgisidir. N.Biçurin oguzlaryň25 harpdan ybarat bolan elipbiýiniň bolandygyny, onuň keseligine ýazylyp, çepden saga okalandygyny öz işinde belläpdir. Taryhçylar Oguz hanyň agtyklaryna bagyş eden şol ýigrimi dört tagmanyň soň-soňlar oguzlaryň milli elipbiýinden halyçylyk sungatyna has köp ornandygy dogrusynda öz işlerinde belleýärler. Üns berseň, häzirki zaman türkmen haly önümlerinde şol ýigrimi dört tagmaly nagyşlary, gölçeleri tapsa bolyar. Olary diňe okamagy, milli nyşanlarymyza guwanmagy başarmaly. Şonda her bir türkmeniň gadymy ata-babalarynyň döreden gymmatlyklaryna bolan buýsanjy hasam artar. Serdarymyzyň Ruhnamasynda Oguz hanyň düzen elipbiýi dogrusynda şeýle sözleri okaýarys: «...Oguz hanyň düzen elipbiýi müň ýyllyklaryň içinde hereket edipdir. Biz bu gün ol elipbiýiň haçan ýitip gidendigini bilemzok, emma on sekizinji asyrda, mundan tas üç ýüz ýyl öň ýaşap geçen şahyr Şeýdaýynyň döreden «Gözel ýigrimi bäş» mersiýe goşgusy Oguz hanyň ýiten elipbiýiniň agysy». Elbetde, Ruhnamadaky bu sözler tötänden aýdylan söz bolman, taryhy ýazgylaryň güwä geçýän maglumatydyr. Şeýle hem Beýik Serdarymyzyň «Meniň ruhubelentlik baharym» atly şadiwanynda «Oguz hanyň elipbiýi» atly şygry mukaddes ýigrimi dörtlüge goýulan sarpadan nyşandyr. Şygyrda şeýle dürdäne sözler bar: - Ýigrimi dört agtyk, ýigrimi dört tagma, Her tagmasy bir owazdan ybarat. Ýigrimi dört owazdan jümle döredi, Haýran kylyp ulus-iliň akylna, Dünýe içretäze dünýe döredi! Ýigrimi dört owaza senasyn ýazyp, Dünýe Oguz hana etdi ybadat! Türk taryhçysy Ziýa Gökalp «Türk töresi» diyen kitabynda: «Ýigrimi dört boýuň begleri jemgyýetde syýasy hem dini taýdan hökümlerini deň ýöredipdirler. Olar uly ýygnanyşyklarda, milli dabaralarda, toý-şagalaňlarda oturanlarynda, ellerini göge galdyran pursatynda dogalary doga, gargyşlary gargyş ýalydy. Olar toýlarda, üýşmeleňlerde «Oguznamany» okaýardylar, gopuz çalýardylar» diýip belleýär. Ýene-de Ruhnama salgylansak, onda Oguz hanyň ogullaryna, agtyklaryna öwüt-nesihatlar berip, uruglar, boýlar biri-birlerine uýup, daýanyp ýaşamalydyklary dogrusynda goýup giden pentleri, türkmeniň bozulmaz ýigrimi dört boýunyň bir maşgala öwrülip, dünýäde nähili gudrat görkezendikleri dogrusynda gyzykly söhbet açylýar. Ata-babalarymyz Oguz hanyň şol pentlerini, öwüt-ündewlerini müňýyllyklaryň dowamynda mukaddes tutdular. Oguz hanyň şol mukaddes pentleri türkmene düzgün-nyzamly döwletleri guranda, pugta ýol-ýörelge boldy. XVI asyr türkmen alymy Salar Baba Gulaly oglunyň ýazan «Oguznamasynda» Oguz hanyň weziri Erkil Hojanyň Oguzyň ogullaryna beren maslahatynyň hekaýaty saklanyp galypdyr. Eserde Erkil Hoja Oguzyň bozuk we üçok lakamyny beren alty oglunyň we olardan önen ýigrimi dört ogluň her birine bir lakam berip, mallaryna basar ýaly we ol tagmalaryň üsti bilen mallaryny parhlandyrar ýaly bir tagma berýär. Her bir ogla olaryn uýguny bolar ýaly bir guş belleýär. Eserde berilýän beýan boýunça Oguzyň alty ogly, ýigrimi dört agtygy pelek derejeli, hormatly ata-babalarynyň beren öwüt-ündewlerinden, wesýetlerinden çykman, jahanda köp halk, il-ulus bolup, öz ýerlerinde we derejelerinde ornaşyp, öz ülüşlerinden we orunlaryndan çykmadylar. Düzgün-nyzamly boldular. Taryhyň bütin dowamynda her bir asly nämälim pes kişiler pelek derejeli, şöhrat-şanly, ata-babaly nesle neşder urup bilmediler. Mukaddes ýigrimi dört boý bir-birine daýandylar, söýendiler, goldandylar. Ganybir taýpadaşlaryň arasynda derýalar, ýaýlalar, gyşlaklar ortalykdy. Olar maddy we ruhy taýdan birdiler, biri-biriniň toýlaryny üýşüp tutdular, ýasyna baryşdylar. Han azamatly, belent derejeli boýdaşlar hukuk taýdan ähli babatda deňdiler. Olar erem şekilli mejlislerinde, oturlyşyklarynda atly perzentlerine we hökmürowan doganlaryna arka bolup, döwletlik we soltanlyk baýdagyny belent tutdular, «Bozulmaz oguz boýumyz!» diýen şygara gulluk etdiler. Hemme zadyň ösüşde bolşy ýaly, gadymy ata-babalarmyzyň medeniýetinde, ruhýetinde giňden orun alan «ýigrimi dörtlük» durmuşyň ähli babatynda ösüşe eýe bolupdyr. Üns berseň, häzirki türkmen halylarynda hem gölleri üç hatardan sekize bölmek, 24 göl salmak däbi kanuny dowam etdirilýär. Mundan başga-da, taryhyň sahypalarynda ata-babalarymyzyň 24 aý, 24 sagat görnüşindäki ýylnamasy dogrusynda gyzykly maglumatlara gabat gelýäris. Serdarymyzyň «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly şadiwanyna salgylansak, «Okaň!» diyen hekaýatda Oguz hanyň ýigrimi dört agtygyna nyşan paýlanda, olara beren wesýeti şeýle suratlandyrylýar: - Ynha, heriňize menden bir nyşan, Şu tagmalar getir size şöhrat-şan. Köpeliň siz, käneliň siz, örňäň siz. Gylyç gemriň. Hiç bir ýerde durmaň siz! Asly merdiň mydam başy amandyr, Neberäňiz tagmasyndan tanaň siz. Ýigrimi dört tagmany size bagyş etdim. Özümde-de biri. Ýigrimi bäş etdim. Setirlerde beýan bolşy ýaly, Oguz han Türkmen öz milli häsiýeti bilen ogullaryna agzybirligi, bozulmazlygy, jebisligi, mertligi, köpelgiçligi pent edýär. Oguz han atamyz otursa-tursa, janyndan eý görýän milletiniň gaýty milletlerden egsik bolmazlygy, ýigrimi dört tagmaly tireleriň bir baýdagyň astynda şöhrat-şan gazanmaklarynyň aladasyny edýär. Hatda sag gol bilen çep goluň gurultaýda, maslahatda hersiniň oturjak ýerini belläp berýär. Üns bersek, Serdarymyz özüniň ýokarda agzalan hekaýatynyň üsti bilen türkmen halkynda ata-babalarynyň gahrymançylygyna buýsanç duýgusyny döredip, häzirki nesillere-de gahrymançylykda nusga alarlyk tälim berýär. Her bir raýatda watançylyk duýgyny oýaryp, türkmeniň gadymdan gelýän milli nyşanyna, tagmasyna sarpa goýýar. Pederlerimize, geçmişdäki ruhy dünýämize has oňat düşünmäge görüm-görelde, öwüt-parasat almaga ýardam berýär. Türkmeniň gadymyýetdäki hakydasyny oýarýar. Serdarymyz özüniň şadiwanlarynyň üsti bilen halkyny agzybirlige, jebislige çagyrýar. Muňa mysaly Serdarymyzyň eserlerinden näçe diýseň tapsa bolar. Serdarymyzyň «Watana howp etjek üç apat» atly goşgusynda, onuň atalyk pendi belent ýaňlanýar. - Elli asyr bäri dogandyr türkmen, Şol doganlyk syýasatyn ýörediň! Uýup Oguz, handan galan akyla, Bir Allanyň hakyna, Bir Watanyň hakyna, Bir Diýaryň hakyna, Agzyňyzy bir ediň! Agzyňyzy bir ediň! Serdarymyzyň ýokarda mysal getirilen şygyr bendi ähli eýýamlarda-da, döwürlerde-de öz mazmunyny ýitirmän galjak goşgy, agzybirlige, bütewileşmäge çagyryş türkmeniň ýüregini joşdurýar hem-de belent ýaňlanýar. Serdarymyzyñ şygrynda ündeýşi ýaly, oguz boýlary Oguz handan galan akyla uýup, bozulmazlygyň, agzybirligiň, doganlygyň, erkinligiň, özbaşdaklygyň syýasatyny ýöredip, dünýäde döwletlilige ýetdiler. Diňe şonda ýedi yklyma han bolup, gudrat görkezdiler. Jahanyň çar künjünde ýeriň göbegi ýaly edip, türkmeniň yeňiş diňlerini – minaralary gurdular. Oýlan, galkyn türkmen! Gadymy Oguz boýlarymyzyň tükelliginiň, öçmejek baky şan-şöhratynyň, döreden ençeme mirasynyň, medeniýetiniň... hatyrasyna ýene-de bir gez beýgel, türkmen! Başymyzy bir eden, agzymyzy aşa ýetiren, mertebämizi beýgelden, söýgüläp-apalap, dillerimize Garaşsyzlyk namasyny, hakydamyza mukaddes Ruhnamany beren Beýik Ynsana – Saparmyrat Türkmenbaşa guwan, türkmen! Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |