09:33 Derýanyñ aýdymy / şahyrana oýlanma | |
DERÝANYŇ AÝDYMY
Ýene şol goýny möwçli, köňli yşkly, heserli derýa. Ýene şol kenar. Seni küýsäp giden ekenim, joşgunly derýam! Seniň bu owadan kenarlaryňda «Ynsana ylham, belent ruh bar» diýýärler. Çyn eken. Asyl, seniň ruhuňa sataşyp heserlemän gaýdýan barmy diýsene?! Hawa, derýam, göçgünli ruhuňy al-asmana galdyryp, dolup-daşyp, göwräňe, dünýäňe sygman, şo-ol çaýkanyp ýatyrmyň?! Men seniň syrly hem joşgunly dünýäňe ýene-de seždä geldim. Bilýäň-ä, men seniň jeren güzerleriňde yşk heserine ulaşan aşyklaryň biri bolup, köp gezek saňa hemdem bolupdym. Şonda, biz, aşyklar seniň keşt edýän tolkunlaryňa aşykdygymyzy telim gezek pyşyrdabam, gygyrybam aýdypdyg-a. Biz seniň goýnuňa teňňe zyňyp, öz arzuwlarymyzy amal etmegiňi medet diläp, kän gezek ýalbarypdyg-a. Sen şonda bize öz joşgunly hem heserli dünýäňi hiç kimdenem gizlemeýändigiňi aýtdyň. Iki güzer arasynda çarp urup, bize baky söýginiň aýdymyny hiňlenip berdiň. Kükregiňi ýere oýkap-oýkap, ynsandan näçe esse güýçli söýgiň bardygyny aşyklara subut etdiň. Biz ynandyk, onda-da nähili ynandyk. Köne dünýäniň täze ruhuny senden, seniň her dem güýjeýän tolkunlaryňdan tapdyk, derýam. Senden söýmegi, söýülmegi öwrendik. Seniň tebsirän tarplara, sähra-gollara jan salşyňdan sahawatly bolmagy öwrendik. Hawa, seniň bolsa joşgunly söýgiňi hiç kimden gizlemän, belent heňli aýdymyňa hiňlenip, şo-ol bir bolşuň. Hakyň didaryny gören meňziň bolsa, şo-ol hoşroýlugy. Hawa, derýam, seniň joşgunly,owadan kenaryňda säher howasyna gark bolup durun. Bu ýerde hemme zat tebigy. Hal-ha, sary Günem özüniň şuglaly demini seniň çigrejik melemtil ýüzüňe üfläp dur. Towlam-towlam tolkunlaryň üstünden ýeňiljek bug göterilýär.Hal-ha, seniň güzeriň gutarýan ýerinde bolsa, göm-gök toraňňylar,tel-tel saçly serwerler haýat ýaly bolup, ümezlenip görünýär. Uzakdan bir ýerden gelýän jaňjagazyň sesi seniň tolkunlaryň sesine goşulyşyp, mukama öwrülýär. Bir ýerlerden burnuňa ýaňy orlan hyrawa ýorunjanyň ysy gelýär. Şahyrana tebigat seniň yşka düşüp, iki ýana at çapýan tolkunlaryňy öz dili bilen wasp edýär. Köp adamlar saňa «Däli derýa» diýip ýüzlenýärler. Sen ony göwnüňe alma, derýam! Sende dälilik däl, bir ýakymly näz bar, derýam! Seniň belent-belent daglaryňdan şaglap gaýdýan bulagyňda türkmen dutarynyň owazy bar. Şildir dilli tolkunlaryňda gopuzyň, çeňiň kakuwlary bar. Ýeňil ganatly şemalam seniň tolkunlaryň döşünden itip, senden tämizlik, joşgun, güýç tapýar,derýam! Ýuwlup-ýuwlup syrça dönen kenarlaryňda mesgen tutan goja toraňňylaram seniň mukamyňa maýyl bolup, başlaryny yraşyp otyrlar. Ho-ol özüne höwürtgejik edinýän guşjagazlaram seniň bilen höwrügip gidipdir. Sen bolsa olaryň hemmesi üçin hossar hem syrdaş. Halha, görýärmiň, öz işleri bilen garabaşyna gaý, ner dek çyrpynýan tolkunlaryň ördek-gazlara parham edenok. Olar seniň demiňi dürsemän çarp urýan islendik oýnuňa öwrenişip gidipdirler. Hal-ha, baharyň gowsunmasy bilen niredendir bir ýerlerden akyp gelýängarry töňňäniň üstünde oturan geçiguşam seniň saz-söhbetiňe maýyl bolup, seniň ýoluň bilen syýahata barýar. Derýam! Seniň öz yşkyňa özüň ýanyp duran joşgunly dünýäňde heziller edýän gaýyga münüp, hallan atyp, ýüzmegiňem özboluşly lezzeti bar. Kürekleriň endigan pagşyldysy seniň heýjanly gujagyňa düşüp, birgeňsi ýaňlanýar. Şonda seniň kükregiňi oýkap-oýkap, däli göwnüňi açyşyňy has ýakyndan synlap, lezzet alyp bolýar. Şonda seniň durmuş hakdaky aýdymyňy gursagyňdan eşidip bolýar. Gaýduwsyz gaýyk bolsa seniň şirin heňiňe goşulyp, tolkunlaryňy emaý bilen dilip, parahat ýüzüp gider. Gojaman derýam! Seniň ýaşyl kürteli kenaryňda men behişdi bedewleriň ikiýana çapyşyşlaryny kän gezek synladym. Şuňkar gözli bedewleriň ýüpek ýallaryny seçelendirip kişňemesi seniň goýnuňa düşüp ýaňlanardy. Boz meýdanyň hyrawa ýorunjasyndan doýan atlaryň göwün açyjy kişňemesi saňa hasam ruhanalyk çaýardy. Biz çaga bolsagam, her bir aty sesinden tanardyk. Çym-gyzyl sülgünleriň göwnühoş jok-jokusyny sanardyk. Ülker ýaly topar-topar ap-ak guwlaryň haýsysynyň ene guwdugyny uzakdan tanardyk. Seniň bu owadan giň kenarlaryň gyzylinjik ak guwlaryň, ýaşylbaş sonalaryň ylhamydyr. Olar seniň belent ruhuňa ruhuny düzüp söýýärler. Başy gupbaly serwiler zülplerini seniň suwuňa ýuwup, owsunjyrap, seniň yşkyňa telwas edýärler. Wah, mele kürteli derýam, seniň mähriňden ganan datly gülabynyň, sap-sary meňirsegiň tagamy bilen dünýä içre deňeşdirer ýaly nygmat barmy diýsene. Sen olary gögüň mawy şowhuny astynda hüwdüleýäň. Seniň meňziňden tyllaýy reňke boýanan datly gawunlaryň roýunda «Pygamberleriňhaty bar» diýýärler. Işläp elleri gabaran ýürekleri akan daýhanlar seniň göwsüňi emip, behişdigoýnuňda kemala gelen şol datlygawunlary giň kenaryňda dilip-dilip iýýärler. Soňundanam seniňheňiňe heň goşup, kenaryňda abadan durmuş, baky söýgi hakdasaz-söhbet edýärler. Şonda seniňmöwçli goýnuňa daýhanlaryň akarzuwlary garylýar-da, sen bu sadaadamlaryň seniň ykbalyňdan üzňe ykbalynyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň, keýpihon derýam. Bilýäň-ä, derýam! Kenaryňd doglan her bir ynsan seniň joşgunly söýgiňe siňip ýaşaýar. Bu jelegaýlarda her bir neberäniň aksakgaly seniň belent owazly aýdymyň, möwçli dünýäň giň sahawatyň barada gursaklara guýup dur. Seteran oturan obalaryň her bir maşgalasynda bolsa Görogly ýaly batyr ýürekli, Magtymguly ýaly paýhasly, Seýdi ýaly joşgunly, giň göwrümli bolmak ündewi berilýär. Beýik Serdarymyz hem seni öz ylahy şygrýetinde: «Joşgun-daşgyn derýalaryň şahy sen» diýip wasp edýär. Saňa «Oguzlaryň han derýasy, tüýs türkmen dogumy ýaly» diýýär. Gadymy Hun derýam! Oguzlaryň Han derýasy! Mes iner dek kükre, çyrpyn, gaýna, derýam! Baş perdeden mukam çalyp, oýna derýam! Bu gün seniň saz-söhbetli dünýäňe külli oguz ili aşyk. Mele gözleriňden nuruň seçip, gaýna derýam! Meýlisiňden dünýä göçýär. Serpaý paýlaýan ene dek, eçilýäň göwsüňden, göwnüňden joşup. Sahawatyňa Hak guwanýar, il begenýär. Dogmuňdan ogul ner çykýar, derýam! Türkmen ýaýlasynyň mele owsuny, aýdymyň, sazyň, joşgunyň bakydyr. Güwle, joş al, batlan sen çeşmim! Çalyber mukamyň ýene-de çal sen! Ak göwüsli jerenlerem, müň tilli bilbillerem, ýyldyza baý asmanam seniň kükregiňde diňmeýän mukama maýyl. Belent ruhly han derýa. Gözbaşyň guramasyn, mele gözleriň nury öçmesin, saz-söhbetiň sowulmasyn. Il-günüme belent ruhuňdan ruh, güýjüňden güýç ber! Bir gysym teňňe seçdim, arzuwlarym kabul eýle, ene derýa! Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |