19:06 Sary öküz - oguzlaryñ ilkinji oñony | |
SARY ÖKÜZ - oguzlaryň ilkinji oňony
Taryhy makalalar
"– Türkmen ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir". Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan". Ata-babalarymyzyň owalbaşky ynanjy, Beýik Taňry tarapyndan ýaşaýşy, janly başlangyjy hasyl edýän mukaddes oňonymyz sary öküz barada düşünje milletimiziň binýady tutulan döwründen – Oguz han eýýamyndan gözbaş alyp gaýdýandygy dogrusynda Mukaddes Ruhnamada gymmatly pikirler aýdylýar. Beýik Serdarymyz özüniň Mukaddes Ruhnamasynaa «Türkmen ruhunyň birinji eýýamy milletiň dini ynanjy – oňony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, düýäni, jemgyýeti herekete getirýär» diýip, ylahy pikirlerini beýan edýär. Hawa, her döwrüň öz beýikligi, öz ruhy, medeni ösüşi bar. Häzirki Beýik Türkmenbaşy neslini bir wagtky geçip giden wagtlaryň, eýýamlaryň öçügsän ruhy gyzyklandyrýar. Has dogrusy, adamzat medeniýetinde öz adyny ebedileşdiren ata-babalarymyzyň başyndan geçiren sada durmuşyna, irki medeniýetine, dinine, milli oňonlaryna çuňňur akyl ýetiresiň gelýär. Taryhy taýdan akyl we aň ýetirilen zatlar bolsa häzirki Altyn asyrda ýaşaýan her bir raýata jemgyýetiň işjeň adamsy hökmünde kemala gelmegine güýç-kuwwat, belent ruh berýär. Biz turuwbaşdan bir zady aýratyn nygtamalydyrys. Baky Beýik Serdarymyz Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen ylmynda ilkinji bolup hemmeleri gyzyklandyran şöhratly pederlerimiziň öçügsän şol baý medeni, ruhy dünýäsiniň gömlen akabalaryny öz elleri bilen arçady. Altyn asyrymyzyň Beýik Ruhy Atasy özüniň gudratly aň-paýhasy bilen Mukaddes Ruhnamany, «Türkmen ilim aman bolsun» atly şygyrlar diwanyny, «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly Şa eserini ýazyp, pederlerimiziň bize miras galdyran örän ajaýyp hem baý, joşgunly ruhundan ýene-de belent ruh döretdi. Ol: «Ruhdan ruh döreýändir» diýdi. Serdarymyz özüniň şa kalby, soltan yhlasy bilen döreden şol altyn eserlerinde öz milli medeniýeti bilen erkin hem döwletli ýaşan oguz türkmenleriniň gadymy ruhy dünýäsi, mukaddes oňonlarymyz – sary öküz, gök böri, keramatly bürgütler dogrusynda taryhy hakykaty dünýä äşgär etdi. Eziz Serdarymyz: «Türkmen milleti döräli bäri onuň milli ruhy bolupdyr, her döwürde şol ruh dünýäniň özgermegi bilen öz öwüşginini tapypdyr, emma gymmatyny ýitirmändir, kämilleşip bäş eýýamy geçipdir» diýip jaýdar belleýär. Hormatly okyjylar! Geliň, ata-babalarymyzyň beýleki halklaryň medeniýetiniň täsirine düşmänkä ýöreden owalbaşky dini ynanç, oňonçylykbarada taryhy hem edebi çeşmeleriň mysalynda söhbet edeliň. Mälim bolşy ýaly, köp ylmy ýazgylarda oňonçylyk has irki döwrüň dini garaýşydygy, gadymyýetde oňon bolup köplenç ýagdaýlarda haýwanlaryň (öküziň, gurduň, bürgüt guşlaryň), olaryň tenleriniň bölekleriniň, tüýleriň, ösümlikleriň hyzmat edip gelendigi bellenilýär. Bu dini garaýyş gadymy halklaryň hemmesine degişlidir. Mysal üçin, gadymy Müsürde, Rimde, Hindistanda sygyrlara we öküzlere bolan mukaddes garaýyş, ynanç has ösen bolupdyr. Hindiler häzirem sygry keramatly saýýarlar. Gadymy ýunanlarda akyl-parasadyň oňony baýguş hasaplanylypdyr. Taryhçy D.Ý.Haýtun özüniň «Oňonçylyk. Onuň manysy we gelip çykyşy» diýen işinde şeýle ýazýar: «Oňonçylyk tötänleýin hadysa bolman, eýsem hemmä umumy hadysadyr, sebäbi ol hemme ylymlarda dünýäniň köp halklarynda we taýpalarynda dowam edip gelýän garaýyş hökmünde ýa-da köne galyndy hökmünde bellenilipdir». Beýleki ylmy ýazgylarda: «Oňon – bu urugyň penakäridir. Urugdaky adamlaryň ýaşaýşynyň oňat ýa erbet bolmagy tutuşlygy bilen şoňa garaşlydyr» diýlip bellenilýär. Gadymy ata-babalarymyz öküziň güýjünden ruhlanyp, oňa milli häsiýet berip, onuň tebigy güýjüni özlerine kada, ýol-ýörel- ge edinipdirler. Olar köplenç halatlar-da özleriniň milli dini ynanjyny urug-tire, döwlet düşünjelerinden has ýokarda goýupdyrlar. Milli ruhy häsiýete duwlanan sary öküz tutuşlygyna iliň oňonyna öwrülip, onuň reňki-de oguzlaryň baş ýa-da merkezi reňki (beýleki mukaddes reňkler gök, gara, ak, gyzyl) hasaplanypdyr. Bu reňk öküze tebigy taýdan gelşik berip, ol patyşalaryň reňkini aňladypdyr, Taryhy maglumatlarda ýazylyşyna görä oguz hakanlary, beg-soltanlary sary altyn reňkli lybaslary geýipdirler. Bu däp olaryň goňşulary çynlylara-da geçipdir. Çynlylar özleriniň ruhy ynanjyny sary aždarha siňdirip, ony baş milli nyşany hökmünde göteripdirler. Gadymy ata-babalarymyz bäş reňki ylahy mukaddes reňkler hökmünde aýratyn hormat goýup, olary maddy medeniýetine-de siňdiripdirler. Şöhratly eždatlarymyzyň dört tarapa, ýagny gündogara gök reňki, günbatara ak reňki, günorta gyzyl, demirgazyga bolsa gara reňki bermekleri gyzyklydyr. Alymlaryň aglabasy gök, ak, gyzyl, sary we gara ýaly reňk aňladýan sözleri reňk bilen däl-de, şol ady göterýän tireleriň ýerleşýän taraplary bilen baglanyşdyrýarlar. Üns berseňiz, ata-babalarymyz gündogar tarapda ýaşan oguzlara «gök türkmenler» ýa-da «gündogar oguzlary» diýipdirler. «Tuwa taryhynyň» awtorlary ak, gara sözleri gadymy oguzlaryň harby tertibi bilen baglanyşdyrýarlar. Oguzlar atly goşunlaryny dörde bölüp, olary tarap atlary bilen atlandyrypdyrlar. Meselem, goşunyň günbatar ganatyna aklar, demirgazyk ganatyna garalar diýlipdir. Goşunyň merkezi böleginde tylla beden mele atlary münüpdirler. Garaşsyzlyk eýýamynda Serdarymyz altyn suwy çaýylan bäş kelleli bürgütli döwlet tugrasyny döretdi, altyn gupbaly Prezident köşgüni gurdurdy, endamyna sary Günüň reňkini siňdiren Ýanardag atynyň keşbinde milli gerbimizi dünýä inderdi. Ol mukaddesliklerimiziň ählisinde milli tagam, gadymy türkmenleriň söýen reňki, gudratly ruhy, ynanjy bar. Türkmenleriň gadymy rowaýatlarynda, dessanlarynda «sary» sözi, umuman, sary reňk bilen baglanyşykly köp maglumatlara duş gelýärsiň. Oguz hanyň, Görogly begiň sary altyn suwy çaýylan ýaýlarynyň bolandygyny biz bilýäris. «Sary» sözi gadymy awesta dilinde «zaranýa», «zaryý» sözleri, weda dilinde bolsa «surýa» sözi altyny we sary reňki aňladýar. Bu söz bilen rus dilindäki «ýarkiý» sözi gaty meňzeşdir. Sary sözi bilen gelýän taýpalaryň, uruglaryň we tireleriň türkmenleriň düzüminde örän köpdügini hem aýtmalydyrys. Köp taryhçy alymlar oguz sözüni öküz sözüniň üýtgedilen görnüşidiýip hasaplaýarlar. Gündogarşynas A.N.Bernştam bu barada şeýle ýazýar: «Belli gun urugyndan patyşa saýlananlaryň biri Hoýan bolupdyr. Bu sözüň mongolça manysy «öküz» diýmekdir. Akademik S.P.Tolstow bolsa «oguz» sözüni «öküz» diýen oňona ýa-da «derýa» manysyndaky oguz diýen gadymy türki söze syrykdyrýar. «Oguz» ýa-da «öküz» sözi belli bir derejede tebigat we asman giňişligi bilen baglanyşyklydyr. Ýyldyzlaryň arasynda «öküz» atly ýyldyz bar. Amyderýanyň gadymy adynyň oks, oguz ýa-da öküz bolandygy dogrusynda-da taryhy maglumatlar agdyklyk edýär. Halkymyzyň arasynda Öküz ady seýrek bolsa-da duş gelýär. Ýöne onuň manydaşy Buga ady has köp. Türkişynaslar «öküz» sözüniň manydaşy «buga» sözüniň türki dilleriň ir eýýamlarynda döräp, türki, mongol, tungus-manjur, fin-ugor we hindi-ýewropa dillerine-de ýaýrandygyny ýazýarlar. Mysal üçin: bika (manjur), byk (ors), boga (bolgar), bowgaç (grek) we ş.m. Oguznamanyň uýgurça görnüşinde oguz – öküz manysynda berilýär. «Awestada» görkezilişine görä, otpa- razçylyk dininde ýokary hudaýlyk ha- saplanan Agura-Mazda ilkinji öküz adamyny döredýär. Hindileriň meşhur «Kalila we Dimna» diýen eserinde Öküz baba ruhy güýç, mukaddes jan- dar hökmünde çykyş edýär. Şol eser- de keramatly öküziň güýjüne sežde etmek, oňa ýakyn durmak dogrusynda gyzykly söhbet edilýär. «Gorkut ata» dessanynyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» diýen şahasynda buga bilen urşup, ony öldürip at gazanan oglan barada gürrüň berilýär. Dessanda Baýandyr hanyň ak meýdanynda öküz bilen söweşip Bugaç adyny alan oglanyň gazanan üstünliginde milli häsiýet bilen birlikde ruhy taglym bar. Dünýä medeniýetine gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary peşgeş beren ata-babalarymyzyň geçmişindäki öküz bilen döwüşmek däbi kämilleşip, soň ol gaýry halklaryň medeniýetine goşulyp gidipdir. Mysal üçin, ispanlaryň «matador» (matador – ispança «öldürmek») diýen öküz bilen söweş oýny oguzlaryň Ýewropa elten gadymy dessurly oýny hasaplanylýar. «Gorkut ata» dessanynda «Salyr Gazanyň öýi ýagmalandygy boýny beýan eder» diýen hekaýatynda çaga sallançagyny oguzlaryň öküz derisinden eýläp gurnaýandyklary dogrusynda beýan hem üns bererliklidir. Öküziň hamy, guýrugy, kellesi, aýaklary, gözleri bilen baglanyşykly tagzymly ynançlara, nakyllara gadymy edebi mirasymyzda duş gelýäris. Mysal üçin, «Öküziň hamy-dünýäniň dony» diýen nakylyň aňyrsynda many ýüki ýeten tymsal ýatyr. Türk taryhçysy, professor JewatHeýet «Türkleriň taryhyna we medeniýetine syn» diýen ylmy kitabynda oguzlaryň mukaddes saýylan sanjak baýdaklarynyň ujuna bir penje atyň ýa-da öküziň guýrugynyň gyllaryny örüp, uzyn gotazlary daňyp göterendikleri dogrusynda ýazýar. Şonuň ýaly örme gotazlary atlaryň söweş we baýramçylyk lybaslaryna-da dakypdyrlar. Türkmenlerde gurnama ak öýleri, otaglary gurlanda olaryň tüýnüklerinden öküziň guýrugyny, guýrugynyň tüýlerini ýa-da tüýlerden örülen uzyn gotazlaryasyp goýmak däbi bolupdyr. Bu däp Anadoly türkmenlerinde has ýörgünli eken. Ýöne bu mukaddes däpler soň-soňlar wagtyň geçmegi bilen ýiteňkirläpdir, unudylmak ýagdaýyna ýetipdir. Taryhçy Arrian Aleksandr Makedonskiniň harby ýörişleri barada ýazan «Anabazis» atly eserinde skifleriň söweş baýdaklarynyň uzyn syryk taýaklara berkidilendigini, haçanda söweş lybasyndaky atlar öňe tarap okdurylyp başlanlarynda gotazly söweş baýdaklary bilen utgaşyp aždarhanyň porhan görnüşli hereke- tini emele getirýändigini ýazýar. Taryhçy Arrianyň (ol A.Makedonskiniň ýörite taryhçysy) ýazyp beýan eden eserindäki öküz guýrugynyň gyllaryndan örülen gotazly tugralarymyza ata-babalarymyz «beçkem», «berçem» ýa-da «peçkem» diýipdirler. XI asyryň görnükli dilçisi Mahmyt Kaşgarly «Diwan-i lugat at türk» atly sözlüginde: «Beçkem-alamat, belgi. Ýüpekden ýa-da ýabany sygryň guýrugyndan edilen alamat bolup, söweş günlerinde ýigitler dakynýar» – diýip belleýär. Deňsiz-taýsyz zehinli, söz gudratynyň piri Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly şa dessanynda Oguzhan eýýamynyň ruhuna degişli bölümde «Oguz tugrasy» atly goşgusy ýerleşdirilipdir. Türkmeniň Şa Şahyry şol goşgusynda: Ýer göteren sary öküz, Gondy ogzuň tuguna ' – diýip, öküz nyşanly oguz baýdagy, dogrusynda çeper taryhy hakykaty beýan edýär. Şol kitabyň «Buýsanjym bar» diýen goşgusynda: «Oňonynda öküz gördüm, möhür gördüm tagmasynda» diýýär. Gudratly setirlerde Beýik Serdarymyz şöhratly pederlerimiziň elli asyrlap göteren baý hem jahangirlik ruhuny öz halkyna aýan edýär. Hormatly okyjylar! Biz ýene-de XI asyrda türkmeniň sözlügini ýazyp, uly hyzmatlar bitiren M.Kaşgarlynyň söz derňewine gaýdyp gelsek, ol oguzlaryň «gotaz», «kutuz», «hotoz» diýen sözleriniň «kut» mukaddes, «uz» gündogar türklerde «öküz» diýmekligi aňladýandygyny ýazýar. Belki, rus atlarynda duş gelýän Kutuzow diýen familiýa hem şol sözden gelip çykan bolmagy mümkin. Türkmenler öz balalaryny «uzum meniň» diýip söýgülemesi hem şol gadym sözden gelýär. «Kutuz» ýagny «mukaddes öküz» diýen söz «Kutadgu – bligde» hem duş gelýär: «Domuz gibi inatçi, kurt gibi güçlü, aýi gibi azirli, kutuz gibi öçi». Gadymyýetde köp halklarda güýjüň we hasyllylygyň şahlarda toplanýandygyna ynanypdyrlar. Gadymy Parfiýa döwletiniň ruhy we maddy medeniýetinde öküz we onuň şahlary bilen baglanyşykly däp-dessurlar köp duş gelýär. Şah şekilli äpet gaplar (ritonlar) öküziň meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr. Dünýä sungatynyň iň ajaýyp nusgawy şah gaplaryndaky ähli şekiller parfiýalylaryň dini ynanjy bilen bagly bolup, ýöne olara ýunan (grek) häsiýeti berlipdir diýse dogry bolar. Rim döwletiniň hudaýlaryny hem-de gadymy Müsüriň hasyllylyk hudaýy Osirisi hem depesi şahly şekillendirer ekenler. Beýik Makedon patyşasy Aleksandrözüni iň uly gadymy ýunan hudaýy Zewsiň ogly diýip yglan edenden soň, öz şekillerini depesi şahly çekmegi buýrupdyr. Oňa arapça Isgender Zülkarneýin diýen lakamy berlip, türkmenleşdirseň munuň manysy «Isgender iki şahly» bolýar. Üns berseňiz, şol we ondan öňki döwrüň hökümdarlary kuwwatlylygyň alamaty hökmünde söweş tuwulgalaryna öküz şahlaryny berkidipdirler. Taryhy maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiniň iň söýgüli aty Busefal diýlip atlandyrylypdyr, grek dilinden terjime edilende ol «öküz kelle» diýen manyny berýär. Bu at gorkyny-ürkini bilmeýän, göýä öküz ýaly bolup duşmanlaryň goşunynyň içine okdurylyp girip, daş-töweregindäkileri derbi-dagyn edipdir. Dünýäde iň gadymy medeniýet ojaklarynyň biri bolan Altyndepeden tapylan öküziň altyn kellesiniň syry ýerli ilatyň dini garaýyşlary bilen berk baglanyşyklydygyny taryhçy alymlar belleýärler. Esasanam onuň maňlaýynda aý şekilli ýakut daşyň bolmagy gyzyklydyr. W.Massonyň bellemegine görä, maňlaýy aýly öküziň (obrazy) şekili Mesopotamiýada aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol ýerde ýokarda belleýşimiz ýaly, şeýle hudaýlyk ynanç iň aňrybaş hasaplanypdyr. Türkmen medeniýetiniň gaýmagy milli edebi eserlerimizde gadymy ata- babalarymyzyň oňonçylyk garaýyşlary, dini ynançlary saklanyp galypdyr. Aýratyn-da halk döredijiliginiň has gadymy görnüşleri bolan rowaýatlarda, ertekilerde, dessanlarda bu hakda maglumatlara duş gelýäris. Türkmen ertekilerinde her hili haýwanlar adam neslinden bolanlara öýlenýärler ýa-da adamlara durmuşa çykýarlar. Taryhçy alymlar türkmenleriň milli oýunlarynda aşyk oýnamak, umuman süňk bilen baglanyşykly oýunlaryň gözbaş manysynyň oňonçylyk bilen baglydygyny tekrarlaýarlar. Bu barada alym A.Jykyýew şeýle diýýär: «Däp bolan türkmen halk oýunlary we güýmenjeleri, şeýle-de baýramçylyk däp-dessurlary türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň bir bölegi bolup durýar. Olaryň köpüsi Oguz han döwrüniň jümmüşinde döräp, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Günorta Türkmenistanda b.e.öňki IV-II müňýyllyklaryň ýadygärliklerinde (Altyndepe, Namazgadepe we başgalar) gazuw-agtaryş işleri geçirilende köp sanly oýun oýnalýan süňkler (aşyk), stoluň üstünde oýnalýan «peçiz» oýny üçin ýylan kellesiniň şekilindäki predmetler tapyldy. Tapylan adam we haýwan heýkeljikleriniň bir bölegi diňe bir jadygöýlügiň däp-dessurlary manysyna eýe bolman, eýsem çagalaryň oýunjaklary bolup hem hyzmat edipdirler». Türkmenleriň milli aýak oýunlarynda (tanslarynda) ýigitleriň öňe omzap buga ýaly biri-biri bilen süsüşmesi gadymy ynanjymyz, ruhy medeniýetimiz bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem gadymy türkmenleriň öküz kellesiniň gäbini geýip, dessury oýunlary oýnandyklary dogrusynda ýazgylaryň bardygyny aýtmak gerek. Oňonçylyk düşünjeler, mukaddes ynançlarbilen baglanyşykly maglumatlar türkmenleriň tire-ugur atlarynda hem bar. Mysal üçin türkmen tireleriniň arasynda öküz, gara öküz, bürgüt, gurt, möjek ýaly atlar köp gabat gelýär. Rus taryhçysy S.P.Tolstowyň habar bermegine görä, türkmen tireugur atlarynyň 122-si oňonlarymyz bilen baglanyşykly atlardyr. Merhum alym M.Kösäýew hem türkmenlerde ýyl atlaryna haýwan atlarynyň dakylmagy gadymy oňonçylyk düşünjesi bilen baglanyşyklydygyny belleýär. M.Kaşgarly öz sözlüginde oguzlaryň on iki seneli ýyl ýazgysynda «ud» ýa-da «uz» diýip, öküzi ikinji orunda goýýar. Asyrlaryň geçmegi bilen şöhratly pederlerimiziň owalbaşky dini ynançlary üýtgeşmelere ýa-da başga bir medeniýetiň täsirine sezewar bolupdyr. Mysal üçin türkmen jemgyýetinde on bäş asyr bäri ýaşap gelýän yslam dininiň gelmegi bilen owalbaşky düşünjelerimiz hem oňa goşulyp gidipdir, emma tutuşlygyna ýok bolup gitmändir. Arap taryhçysy Wehbi bin Münebbih özüniň «Zeminiň gäbi» diýen eserinde Allatagalanyň bir äpet öküzi ýaradyp, Ýer togalagyny hem şonuň göterýändigini, onuň aýaklarynyň aşagynda bolsa Behmut atly balygyň durandygyny ýazýar. Şunuň kysmy bir rowaýatda hem Taňrynyň owaly bilen bir ýaşyl göwheri ýaradyp, ony suwa öwrendigini, ol suwlardanam buglary, arşy-kürsi döredendigi barada aýdylýar. Şeýle hem bu rowaýatda Beýik Ýaradyjynyň Firdews uçmahyndan ýere kyrk müň şahly, kyrk müň aýakly (Magtymgulyda dört müň dört ýüz aýakly) öküzi iberip, perişdäniň kömegi bilen Zemini onuň şahlarynyň üstünde goýadygy çeper beýan edilýär. Bu öküz şahlary bilen ýeri dörüp, ilkinji çeşmäniň açylmagyna sebäp bolanmyş. Pygamber ýükli şahyrymyz Beýik Magtymgulynyň «Niçe ýaşyndadyr» atly goşgusynda: Ýer göteren sary öküz, Bilmen, niçe yaşyndadyr. Tört müň tört yüz aýagy bar, Hemmejesi döşündedir – diýip, sary öküziň töwereginde tutumly pikir öwürýär. Nurmuhammet Andalyp «Leýli-Mežnun» dessanynda kyýamat ahyrda Leýli bilen Mežnuny biri-birine gowşuryp, ýer göteren sary öküzi soýup toý ederin diýýär. Hawa, yslam dininiň täsiri bilen dörän diýlip çaklanylýan rowaýatlarda bir görseň öküziň şahlarynyň ortasynda, bir görseň aýaklarynyň aşagyndaky gök ýakut daşy baradaky söhbet özüne çekýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, Altyndepeden tapylan sary öküziň maňlaýynda hem aý şekilli gök ýakut daşy bar. Şu ýerde hemmämizi ruhlandyryjy bir manynyň, aýanatyň syrlary kelläňi dörjeleýär. Türkmenleriň Oguz han eýýamynyň ruhy medeniýetiniň nyşany nire, yslam dininiň ruhy siňen rowaýatlarda köp duş gelýän ýakut daşy nire?! Biz şu ýerde gadymy türkmenleriň dini ynançlary bilen birnäçe asyrdan soň dörän yslam dininiň arasynda ýakynlaşmanyň, olaryň many-mazmuny taýdan biri-birine örän meňzeşliginiň bardygyny nygtamalydyrys. Ýene-de bizi buýsandyrýan zat, ol hem dünýä döräp, dünýä ýaly baý türk- menleriň milli nyşanlary, ruhy ynançlarymyz ähli döwürlerde milletimiziň aňyýetiniň mazmuny hökmünde öz suduryny ýitirmän ýaşap gelenligidir. Ol ýene-de ýaşar. Sary öküziň altyn reňki Altyn asyrymyzyň esasy ruhy hem maddy reňki bolar. Aşgabadyň merkezinde Ýer togalagyny şahlarynda göterip duran öküziň heýkelinde milli ruh bar. Onuň düýp many-mazmuny taryhy şertlerden gelip çykýandygyny onuň baş awtory Beýik Serdarymyz öz çykyşlarynda nygtap aýdýar. Hawa, Garaşsyzlyk binasynyň öňünde sol elinde altyn ýaýyny, sag elinde kümüş oklaryny tutup duran nesilbaşymyzyň heýkele öwrülen keşbinde Taňrynyň türkmene eçilen ruhy, gujur-gaýraty, edermenligi, gudratly parasaty bar. Ýedi yklyma soltanlyk nazaryny dikip duran hanlyk paýhasynda Jahanyň köňli, gerdenin- de ýeriň ykbaly bar. Taňrydan berlen tylla tagtynda ebedi ýaşaýyş, oguz tugunda altyn ruh, milli tagzym bar. Goý, täze türkmen eýýamyny açan, sarsmaz baky abadan döwleti guran Serdarymyzyň alnyna Oguzhan atamyzyň ruhy kümmet içre şugla saçyp dursun! Goý, ähli özgerişlerde sary öküziň altyna bürenen ruhy elli asyr taryhymyzyň ol ujundan güýç-kuwwat, baky rowaçlyk bersin! Biz sary öküz dogrusyndaky edebi söhbetimizi Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz tugrasy» atly goşgusynyň bir bendi bilen tamamlamagy makul bildik. Arşda Asman paýhasy – Oguz hanyň baýdagy! Ýerde Ynsan paýhasy – Oguz hanyň baýdagy! Ýer göteren sary öküz, Gondy Ogzuň tuguna. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |