19:01 Jeýhundan Ganga çenli | |
JEÝHUNDAN GANGA ÇENLI
Taryhy makalalar
● Ruhnamada teswirlenýän Delidäki türkmenleriň soltanlygy barada "– Hindistan – türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatr. Hindi topragynda türkmen halkynň gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr". Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan". Jeýhun, Hind we Gang derýalarynyň kenarlary, Köpetdagyň, Kaşmir daglarynyň etekleri, Horezmiň, Horasanyň, Penjabyň bereketli ýerleri gadymy türkmen we hindi halklarynyň medeniýetleriniň özara gatnaşyklaryna uly itergi beren mukaddes ýerlerdir. Gadymy türkmen topragynyň melhem çeşmesi, Beýik Serdarymyz tarapyndan, oguzlaryň han derýasy diýlip waspy ýetirilen Jeýhun derýasy ata-babalarymyzyň sežde eden derýasydyr. Gadymy ýunanlar tarapyndan «Oks» diýlip atlandyrylan derýanyň degresinde oguz kowumlary joşgunly-göçgünli durmuşlary, däp-dessurlary bilen azym-azym şäherleri gurup-döredip, aga-ýana döwran sürüp, milletini belende göterip, müňlerçe ýyl bäri ýaşap gelýärler. Hawa, biziň bilşimiz ýaly, hut şol gadymy derýalaryň kenarlarynda mundan 5 müň ýyl öň Mohenjodaro we Harap, Köpetdagyň eteginde Altyndepe medeniýetleri gülläp ösüpdir. Merkezi Aziýanyň türki dilli halklary we taýpalary eýýäm biziň eýýamymyzyň başlarynda gadymy Jeýhun. Seýhun derýalarynyň kenarlaryndan Owganystanyň üsti bilen Demirgazyk Hindistana ýol salypdyrlar. I-IV asyrlarda Kuşan patyşalygy döwründe söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar has gülläp ösüpdir. Kuşan patyşalygyna Jeýhunyň kenarlaryndan başlap, häzirki Owganystan, Merkezi Aziýanyň we demirgazyk Hindistanyň bir bölegi giripdir. Biziň eýýamymyzyň V asyrynda demirgazyk Hindistana, Kaşmir sebitlerine ak hunlar barypdyrlar. Gadymy hindi eposy «Mahabharatada» (V-VI a.a.) hunlar barada (huna) agzalýar. Eposyň wakalary köplenç Gang we Hind derýalarynyň töwereklerinde bolup geçýär. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Hindistanyň Gupta hökümdarlygyndan bolan Skandagupta (470ý.) atarman-çaparman hunlardan goranmaly bolupdyr. Hindi senenamalarynyň, ýazuw ýadygärlikleriniň we hytaý syýahatçylarynyň görkezmegine görä, V asyryň ahyrynda, VI asyryň başlarynda hindi hunlarynyň başynda Töreaman diýen serkerde durupdyr. Ol hindi ýazgylarynda, köplenç, «Beýik, şöhratly Toreaman» diýlip görkezilýär. Onuň ornuna bolan Mihirakul hytaý syýahatçysy Sýuan-Szanyň ýazmagyna görä, ol ähli Hindistanyň hökümdary bolupdyr. Mihirakul Kaşmir hökümdary gupta neslinden bolan Ýaşodharmandan ilki ýeňilse-de, soň Kaşmir sebitlerini basyp alypdyr. Köp taryhy maglumatlarda häzirki hindi rajputlaryň we brahmanlaryň şol gadymy hunlaryň nesilleriniň wekilleridigi dogrusynda aýdylýar. Bu bolsa öwrenmeli ugurdyr. Hunlaryň nesilleriniň wekilleri bolan rajputlar we brahmanlar hindi halkynyň arasynda begzadalar, eldegirmesiz adamlar hasaplanýarlar. Gadymy pelsepeçiler tarapyndan «Aziýanyň tomusdaky salkyn ýüregi» diýlip atlandyrylan Kaşmiriň, Hindiguşuň we Gimalaýyň beýik dag gerişlerini, Hind, Gang derýalarynyň kenarlaryny eýelemek ata-babalarymyza köplenç ýeňil düşmändir. Köp taryhçylaryň bellemegine görä, esasan, Hindistanyň demirgazyk sebitleri, Hind bilen Ganga derýalarynyň kenarlary dinleriň (jaýnizm, induizm, otparazçylyk, yslam), ornaşan, dürli medeniýetleriň galtaşan, halkyňtaryhynyň ilkinji belentliklere galan ýerleri hasaplanýar. Ata-babalarymyz bolsa, özleri bilen şol ýerlere yrym-ynançlaryny, durmuş däp-dessurlaryny eltipdirler. Otparazçylyk dininiň kitaby bolan «Awestada» Merkezi Aziýanyn halklary Hind derýasynyň demirgazyk tarapynda ýaşaýanlar hökmünde suratlandyrylýar. VII asyrda Hindistana syýahat eden Hytaý syýatahçysy I.Szin (671-695 ýý.) şol demirgazyk tarapda ýaşaýan taýpalaryň wekilleri Hindistany «Sindhu» diýip atlandyrandyklaryny özüniň ýatlamalarynda belläpdir. Hindistanyň döwlet işgäri Jawaharlal Neru türki taýpalary tarapyndan hindilere dakylan, «hind» ýa-da «Hindustany» diýen sözüň tä şu wagta çenli ýaşap gelýändigini özüniň «Hindistanyň açylyşy» diýen kitabynda belläpdir. Şunlukda ählumumy«hindi», «Hindistan» diýen sözüň hiçhili dini adalga bilen baglanyşygynyň ýokdugyny, bu ady hut ata-babalarymyz tarapyndan dakylandygyny nygtamalydyrys. Х-ХШ asyrlarda Jeýhunyň ýakalaryndan Owganystanyň üsti bilen Eýrana we demirgazyk Hindistana oguz-türkmen taýpalary bolan gaýalar, halaçlar we beýlekiler göçüp barypdyrlar. Halaçlar Deli soltanlygyny döretmäge-de işeňňir gatnaşypdyrlar. Akademik W.W.Bartold halaçlar hakynda: «Kämahal olara özbaşdak döwlet gurmak başardypdyr. Aýratyn hem Hindistandaky hiljiler halaçlaryň adynyň özgerdilen görnüşidir» diýip ýazýar. Muny edebiýatçy alym A.Bekmyradow hem «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi» atly kitabynda belläp geçipdi. Beýik Serdarymyz mukaddes Ruhnamanyň birinji kitabynda Deli soltanlygynyň taryhy dogrusynda söhbet açýar. Hindi alymlary N.K.Sinha bilen A.Banerjiň «Hindistanyň taryhy» diýen işinden Muhammet Bagtyýar han halajy hakynda şeýle maglumat alýarys: Kutubeddin GangJamna aralygyny basyp alan wagty musulmanlary birleşdirmegiň ýoluny gözleýän Muhammet Bagtyýar halajy Gündogar Hindistandan başlap Bihar, Bengaliýa ýaly ýerleri basyp alşynyň teswiri berilýär. Hindistanyň taryhy, Gang derýasynyn kenarynda gurlan Lektun (Laknaut) atly şäher bilen bagly bu wakalar Nurmuhammet Andalybyň hem ünsüni çekipdir. - Muhammet Bagtyýar atlyg bir han Hyraç etmiş halaçdan, gitdi bir ýan. Anyň paýtahty Lektun atlyg bir şähr, Ajaýyp lälezar ol bag-u-hoşbähr. Kakyp adyga zikge Bagtyýar han, Tüzüp döwlet, hyruç etdi ki çendan. Orta asyryň başlarynda Hindistana ilkinji bolup ýol açan Mahmyt Gaznaly (998-1030 ýý.) Kaşmir daglarynyň demirgazyk tarapyny, Hind derýasynyň kenarlaryny, Penjap welaýatyny öz şadöwletiniň Gündogardaky welaýatyna öwürýär. Gaznaly türkmenleriniň hökümdarlyk eden döwründe bu ýerlerde (Lahor, Gazna, Multan, Uç) ilkinji musulman dininiň öýleri, jemgyýetçilik desgalary gurlup başlanýar. Türkmenler tarapyndan ilkinji desgalar Taksikolada Giri metjidi, Fatyhabat ýadygärligi we başgalar şu güne çenli abat saklanyp galan gadymy desgalardyr. Akademik W.W.Bartold öz işinde: «Mahmydyň hindi ýörişleri oňa, onuň goşunyna we ähli ýerden, şol sanda Mawerannahrdan hem gelip, onuň leşgerine goşulan köp sanly «meýletinçilere» ummasyz olja peşgeş berdi: käte Mahmyt bu serişdelere ajaýyp ymaratlar, meselem, Gaznada metjit we medrese saldyrdy» diýip belleýär. 1173-nji ýylda Gurly (Owganystan) türkmenleriň nesilşalygynyň düýbüni tutujy Şyhabuddin Muhammet Gurly tagtdan düşürilen Mahmyt Soltan Gaznalynyň ýerine geçýär. Gurly türkmenler Penjap welaýatynda ýerleşýän Kattiçop diýen şäherinde kümmet gurup, ýeke-täk ýadygärlik galdyrypdyrlar. 1191-nji ýylda Muhammet Gurly Deliniň rajput hökümdary Prithwirajy ýeňýär. 1192-nji ýylda onuň mirasdüşeri Kutubeddin Aýbek Delide ornaşýar we basylyp alnan ýerlere hökümdarlyk edýär. Ol täze, özbaşdak syýasy gurluşy – Deli türkmenleriniň soltanlygyny yglan edýär. Aýbeg Delide ilkinji musulman binalary bolan – Kasry Sefid (Ak köşk) atly ajaýyp köşgi, Kuwwatul yslam (yslamyň kuwwaty) ady bilen meşhur bolan metjidi, Ajmirde (Rajastan) Arhandin kajampera metjidini gurdurýar. Şunlukda Deli soltanlygynda Merkezi Aziýa binagärligine mahsus bolan ýadygärlikleriň düýbi tutulýar. Türkmenler özlerinin täze mekanlarynda abadançylyga, binagärlige uly üns berip, täze äheňleri, täze binagärlik usullary girizipdirlär. Häzirki zaman taryhçylary iki halkyň medeniýetiniň utgaşmasynyň şol binalardan başlanandygyny öz işlerinde belleýärler. Şu ýerde biz birzady aýratyn nygtamalydyrys. Ol hem Orta asyrlarda Gündogar Gaýtadan döreýiş zamanasynyň iň belli, iň gowy aýratynlyklarynyň biri şol gurlan köşklere parasatly alymlary, ajaýyp şahyrlary, tanymal tebipleri, ezbernakgaşlary, ussat zergärleri ýygnamak bolupdyr. Gaznaly, Seljukly döwletleriniň Deli soltanlygynyň türkmen hökümdarlary bu däbi ussatlyk bilen ýöredipdirler. Amyderýanyň kenarynda, türkmen topragynda doglan Biruni Mahmyt Gaznalynyň köşgünde 1019-njy ýyldan başlap, uly döredijilik ýoluna düşüpdir. Biruni ylmy maksatlara harç etmek üçin puly we beýleki serişdeleri Gaznanyň türkmen soltanyndan alypdyr. Akyldar 1025-1030-njy ýyllarda aýratyn öndümli işläpdir. Onuň 1030-njy ýylda ýazyp gutaran «Hindistan» atly kitaby öz mazmuny we ähmiýeti boýunça tapylgysyzdyr. Biruniniň we beýleki akyldarlaryň gaýnap-joşýan zamanasynda Horezm, Merw, Buhara, Balh, Nişapur, Gazna, Multan, Deli, Laknau ýaly şäherlerde ylym we medeniýet işgärleri bilen bir hatarda baý gaznaly kitaphanalar bolupdyr. Jeýhundan Ganga çenli höküm toplanan alymlar şol şäherlerde bolan kitaphanalara uly höwes bilen gatnapdyrlar. Hindistan merkezi Aziýanyň beýik derýalarynyň suwuny içen gerçekleriň Kutubeddin Aýbegiň, Iltutmuşyň, Raziýe hanymyň, Alautdin Halajynyň, Muhammet Togalagyň we beýlekileriň soltanlyk eden döwürlerinde uly ösüşlere eýe bolupdyr. XIV asyrda marokkaly syýahatçy Ibn Batuta Deli şäherine syýahatedip, «dünýäniň iň beýik şäherleriniň biri» diýip baha beripdir. Beýik Serdarymyzyň mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabynda Deli soltanlygynyň 1526-njy ýyla çenli höküm sürenligini belläp, «...medeni merkezi hökmün-de Deli şäherine uly üns berlipdir» diýip, nygtap geçýär. Taryhçy Ferişte bolsa türkmen soltany Firuz şa Togalagyň (1351-1388 ýý.) ajaýyp gurluşykçy bolandygyny we bu hökümdaryň gurduran ýadygärlikleriniň, şol sanda 845 sany jemgyýetçilik desgalarynyň, akabalarynyň, bentleriniň uly sanawyny getirýär. Şeýle hem Penjap welaýatynyň iň uly şäherleri bolan Multanda we Lahorda türkmen hökümdarlary özleriniň ilkinji dini äheňli binalaryny gurdurypdyrlar. Taryhçy P.Braun öz işinde Lahor şäheriniň binagärlik sungatynda gaznewi-seljuk äheňlerini duýup bolýandygyny belläpdir. Deli soltanlygynyň türkmen hökümdarlary paýtagt şäher Deli we onuň töwereklerinde ýerleşen oba-şäherleriň gurluşygyna, abadançylygyna aýratyn üns beripdirler. XIV asyryň başlarynda Kyýasutdin Togalak Türkmeniň baştutanlygynda Deliniň golaýynda Togalagabat atly şäher galasy gurlupdyr. Ibn Batutanyň ýazmagyna görä, XIV asyryň birinji ýarymynda Deli şäherinde 28 sany uly derweze bar eken. Öz döwründe «Ikinji Isgender» diýen ada mynasyp bolan Alauddin halajy köne Deli şäherinde Kuwwatul yslam metjidiniň ýanynda 6 sany arka gurdurypdyr. Onuň öz ady bilen baglanyşykly – Alauddin derwezesi özüniň kaşaňlygy bilen häzirem baranlary haýrana goýýar. Şeýle hem Alauddin Halajy öz döwründe «Hazar-sütün» (Müň sütün) atly köşgi, «Bijan Mandal» köşgüni gurdurýar. Şeýle hem Alauddin Halajy Deli şäheriniň ilatyny agyz suwy meselesini çözmek üçin köp alada eden hökümdarlaryň biridir. Ol Deli şäheriniň golaýynda «Hauz-i has» atly uly we giň agyz suw howzuny gurdurypdyr. Bu howuz özüniň ululygy we giňligi bilen Merkezi Aziýadan baran basybalyjy Teýmirleňi haýrana goýupdyr. Maglumatlara görä, şol howzuň bir kenarynda durup, ýaý atsaň, onuň oky beýleki kenara ýetibilmändir. Firuz şa Togalak bolsa, Gang derýasynyň şahasy bolan Jamnadan Firuzabada çenli 180-200 kilometrlik uly suw bekedini (kanalyny) çekdiripdir. A.Badauniniň ýazyp beýan etmegine görä, şol uly suw ýaby gazmaga 50 müň adam gatnaşypdyr. Abdul Kadyr Badauni öz işinde Deli soltany Kyýasutdin Balabanyň Deli şäheriniň 150 kilometrlik daş-töweregini tokaýlardan arassalatmak we ekerançylyk ýerlerine öwürmek üçin öz goşunynyň esgerlerini sürendigini ýazýar. Netijede, Deliniň töwereklerinde, Hind we Gang derýalarynyň kenarlarynda ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almak däbi ornaşdyrylyp başlapdyr. Deli soltanlygy döwründe ýurtda esasy dänelik ekin-şaly ýörgünli bolup, onuň 21 görnüşi ýetişdirilipdir. Ibn Batuta öz ýazgylarynda tüwiniň we mäşiň, künjiniň ýerli halkyň milli iýmitine öwrülendigini beýan edipdir. Jeýhunyň kenarlarynda ýetişýän tüwiniň, mäşiň, künjiniň, jöweniň, gawun-garpyzyň saýlama tohumlary, ekerançylygyň beýleki däp-dessurlary Hind we Gang derýalarynyň kenarlaryna, hindi topragyna ornaşyp başlapdyr. Hindistanda ata-babalarymyz tarapyndan ornaşdyrylan bu we beýleki däp-dessurlar barada ýekänme-ýekän durup geçibem bilerdik. Hindistanda Kaşmir sebitlerinde giňden örňän halyçylyk däp-dessurlary hem gönüden-göni türkmenler bilen, ata-babalarymyz bilen baglanyşyklydyr. Kaşmir we türkmen halylary özleriniň nepisligi we tebigatynyň meňzeşligi bilen biri-birinden känbir tapawutlanmaýaram. Merdana türkmen serdarlary geçmişde Jeýhundan Ganga çenli müňlerçe kilometrlik aralykda birnäçe döwletleriň beýik gurujylary, zehinli diplomatlary bolmak bilen, Gündogaryň taryhynda özleri we öz halky barada adamkärçilikli yz galdyrdylar. Jeýhun bilen Gangyň aralygynda birnäçe azym-azym şäherleri, obalary, dini jemgyýetçilik binalary, köprüleri, howuzlary... gurdular. Olaryn guran binalary, durmuşy däp-dessurlary barada döwürdeş alymlary, taryhçylar, öz gözleri bilen synlan syýahatçylar, ýazyjy-şahyrlar «abadançylygyň türkmen soltanlary» diýip, uly göwrümli eserleri döretdiler. Olar barada bir makalanyň çäginde giňişleýin gürrüň etmek mümkin däl. Iň esasy zat, şol gerçekleriň ruhuny galdyrmak, ýagşylykda ýatlamak Garaşsyzlygymyzyň paýyna düşdi. Gadymy derýalaryň aralygynda keremli topraga duwlanyp ýatan şan-şöhratly ogullar, olaryň halkyň öňünde bitiren hyzmatlary, özlerinden soňkulara goýup giden miraslary, ruhy hem maddy baýlyklary ebedidir, ölmez-ýitmezdir. Baýramgeldi ÇARYÝEW, gündogarşynas. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |