10:07 Çary Berdiýew | |
ÇARY BERDIÝEW
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyñ halk artisti Çary Berdiýew 1952-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inýär. Çary Berdiýew 1979-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlap, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda işe başlady. Soňra Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda, “Jan” eksperimental teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işledi. Häzirki wagtda Çary Berdiýew Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda işleýär. Inçeden uzyn, daýaw göwreli, edenlikli, gujurly, zähmetsöýer Çary Berdiýewiň kesgitli hereketleri, umytly garaýyşy, oýlanmagy başaryşy oňa türkmeniň taryhynda ymykly yz galdyran gahrymanlarynyň, taryhy şahslarynyň ençemesiniň keşbini janlandyrmaga mümkinçilik berdi. “Däli Domrulda” Däli Domrul, “Oguz handa” Gün han, “Togrul Soltanda” Alp Arslan, “Daňdanakan bürgütlerinde” Togrul beg, “Apatda” Derse han, “Türkmen ruhunda” Görogly... Çary Berdiýewiň şowly çykan keşpleriniň hatarynda “Sen söýseň meni” spektaklyndaky Bally mollanyň, “Täsin söýgidäki” Öküzleriň ýaşulysyny, “Dowamat-dowamdaky” Oguz hanyny ýatlaman geçmek bolmaz. Çary Berdiýew “Ajaýyp”, “Bäşinji hazyna”, “Men-menlik”, “Ýatsam düýşümde, tursam huşumda”, “Sopyň halwasy” ýaly milli filmlerimizde hem surata düşüp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Çary Berdiýewiň ýakymly hem berdaşly sesi oňa labyzly okamaklykda kömek edýär. Onuň çeper okaýan goşgulary, monologlary diňleýjileriň göwnünden turýar. Baýramgeldi ÇARYÝEW. ■ Bellik. Teswirde ýazylan maglumat. Hakykam il içinde Galkan kaka adyny alan Çary Berdiýew halkyň söýgüsini gazanan artist. Çary agaň gadymy şahsýetleri janlandyryşy hakyky sungatyň özi. Öz boluşly labzy bilen sahnany ýanlandyrýan Çary aga hakykam "Alp Arslan"," Togrul beg","Göroglydyr" öýdip pikirleneniňi duýman galýan. Halypa ýagşydan at galar diýilşi ýaly öz maşgalasynam söýilip söýilýän artistler edip ýetişdirdi. Halypaň ogly Döwletde öz kesbini dogumyny görmek bolýa. Mundan beýlägem artistler maşgalasyna agzybirlik, jan-saglyk abraý arzuw edýäs. aýaly Nartäç ýada Narjan Berdiýewa çepbäň toýunda-da başgada kän filmlerde oýnaýa. Magtymguly adyndaky teatrda zähmet cekýä. Ogly hem şol teatrda işleýär. Konsertlerde gosgy okaýar. Döwlet Berdiýew. Galkan kakan oglunyň gelni Türkmen owazda işleýär. Ýagny Tuwak Berdiýewa. Gyzy Aýnabat Berdiýewa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |