10:04 Hindileriñ Haýdarabat hekaýaty | |
HINDILERIÑ HAÝDARABAT HEKAÝATY
Edebi makalalar
Günorta Hindistanda ýerleşen Haýdarabat şäheriniň döreýşiniň juda gyzykly taryhy bar. Taryhçylar ony: «aşyklar şäheri», «gözelligiň we bakylygyň şäheri», «dürler şäheri», «Dekkanyň gülşeni»... diýip, dürlüçe atlandyrýarlar. Hindileriň keramatly hasaplaýan Musi derýasynyň kenarynda binýat bolan bu paýtagt şäheriniň döreýşi bilen baglanyşykly arkama-arka aşyp gelen täsin hekaýatlar, hakykatdanam, özüne çekijidir. Biz Haýdarabat şäheriniň dik ortarasyndan şäheri kesip akyp geçýän we Dekkan halkyna durmuş suwuny berip, onuň meýdanlaryny, baglaryny bezeýän Musi derýasynda gaýykda ýüzýän wagtymyzda, owadan hindi gyzy bilen gerçek türkmen ýigidiniň öz päkize söýgüsi hakyndaky şirin aýdymlaryny eşitdik. Hawa, bu sözde geň galar ýaly zat hem ýok. Öz şöhratly zamanasynda şindiki ahalteke bedewleriniň ata-babalary bolan gaýratly türkmen atlary misli laçyn guş kysmy ganat gerip, dünýäniň haýsy çetinden çykan bolsa, şol atlaryň bilinde hem bürgüt ýaly bolup ýapyrylyp, gaýratly türkmen gerçekleri jylaw deňläp otyrdylar. 175 ýyllap dowam eden garagoýunly türkmenleriniň nesilleri tarapyndan esaslandyrylan Kutub şalar döwletiniň paýtagty herhal Oguz kowumlaryndan gopan är gaýratly gerçegiň Musi derýasynyň beýleki kenaryndaky aýdymçy we tansçy bir oba gözeline bolan söýgüsi edil Golkondanyň özi ýaly, rowaýata öwrülip gidipdir. Dört ýarym asyra golaý wagt bäri bu söýgi hakyndaky hekaýat hem edil şol joşgunly derýany ýadyňa salýar. Gözýaşlaryň we pajygaly wakalaryň, el-aman gylyçlaryň we dembermez hanjarlaryň, aldawuň we şeriň arasynda bu dünýäniň erbet bolup bilmejegine seni ynandyrýan söýgi hakyndaky gyzykly hekaýat, ine, şeýle başlanýar. Hindi dostlarymyzyň aýtmaklaryna görä, Bagmati bilen Muhammetgulynyň gözel we päk söýgüsi hakyndaky halk aýdymlary ençeme ýüz ýyllar taryhyň belent-pesli gerişlerini aşyp, halkyň ýüreginde saklanyp gelipdir. ...Kutub şalar döwletiniň bäşinji hökümdary Muhammetguly häkimlik yşgyna gaýry gardaşlaryndan has ir düşüpdir. Şeýle hem, ol ýaşlygyndan edermenligi hem düşbüligi bilen tapawutlanýar. Şol gylygyna belet bolan Ybraýymguly Kutub şa şazada oglunyň hyjuwyny kanagatlandyrmak üçin oňa aýratyn üns berip, onuň ylym ýüküni kemsiz tutupdyr. Söweş we serkerdelik tilsimatlaryny öwredipdir. Kutub şalar hökümdarlygynyň ýaş şazadasy Muhammetguly oglanlykdan harby sungatdan gaýry, saz çalyp, aýdym aýtmagy, goşgy düzmegi öwrenýär. Döwrüniň çeper eserlerini ürç edip okaýar, sungat eserleri bilen höwrügýär. Aýlar-günler aýlanyp, 14-15 ýaşyna ýeten ýaş şazada Muhammetguly günleriň bir güni paýtagtyň etegindäki, Musi derýasynyň ýakasynda ýerleşen obalaryň birine atly gezelenje çykýar. Bir ybadathananyň deňinden geçip barýarka, ol garaşylmadyk ýagdaýda hindi halkynyň «puja» atlandyrýan täsin baýramçylygyna täze açylan ter güllerden boglan çemen göterip barýan boý-syraty dik ösen gargy gamşy ýatladýan, syrdamdan sagdyn hindi gyzyna tötänden (kim bilipdir, belki, bu tötänlik hem däldir!) pete-pet uçraşýar. Birek-biregi düýpden tanamaýan iki ýaş juwan biygtyýar biri-birine nazar salýar. Ine, saňa – ýaňy açylan ter-tämiz gülüň jemi gözelligini hem-de burkuny özünde jemlän, elwan sarisini owadan edip oranan, ýaraşykly maňlaýy basma hally, Aý ýüzli – ak meňizlije näzenin! Gulaklaryna gülden ysyrga dakyp, bezenip, ýaşlyk we gözellik guwançlaryna, arzuw-umytlaryna dolup-daşyp, – mes bolup, towlanjyrap dur. Gyzyň maral gözlerindäki mähir-muhabbetiň nury ýüreginden ýyldyrym deýin parran geçip, oňa haýran galmakdan ýaňa ýaş şazada duran ýerinde aty bilen bile doňup galýar. Ýüregi mähir-muhabbet nury bilen gürsüldäp urýan ýaş şazada bir bakyşda aşyk şazada bolýar duruberýär. Ol gyzyň ýüz keşbiniň owadan bolşundan, jemalynyň şuglasyndan daşgary hem, onuň ajaýyp kaddy-kamaty şazada ýigidiň akylyny alyp gaçýar, şazada ýigidiň şahyrana dünýäsine ot berýär. Şondan soň ol gyz uz basyp, seýkin ýöräp, ybadathana girip gidýär. Bada oňa aşyk bolan Muhammetguly derrew dosty Sapar begi ýanyna çagyryp: «Bu gyzyň kimdigini bilermi sen?» diýip soraýar. Ybadat-dessurlaryny berjaý etmäge giren hindi gyzynyň kimdiginden ýa-da näme iş edip ýörenliginden hiç hili habary bolmadyk Sapar beg: «Ýok» diýip jogap gaýtarýar. Elgaraz, aşyk şazada başga hiç gyzyň däl-de, hut işbu gözeliň özüni bir köýe salanlygyna anyk göz ýetirýär. Ol: – Buşluk, Hindistan! Bu gün meniň kalbyma seniň gökdäki Gün ýaly gyzgyn ýüregiň şuglasy ýetişdi. Meniň takdyrym anyk alnymdan çykdy. Men seniň owadan perzendiňe aşyk boldum! Bu pursat – aýdym, bu pursat – saz, bu pursat – sungat! Men ony söýdüm, heý! – diýip, hindi gyzy taryplap nagra tartyp, ülkä jar çekýär. Adamyň arzuwlary bilen durmuşy hakykat gabat gelende, bar zat başgaça bolýan bolmaly. Şol wakadan soň şazada öz ýoluny kesen şol ajaýyp hindi gyzyny ýene-de görmegiň arzuwynda bolýar. Ol ilkinji gezekki duşuşygyň täsirinden çykyp bilmän, mežnunlyk hetdine ýetýär. Ýüregini elendirip duran duýgularyna kökerilip, iki dyzyna çöküp, gözlerini bir nokada dikip, ses-sedasyz gymyldaman oturmagy tapýar. Göbek ganynyň daman ýeri, köp märekeli beýik baýryň üstündäki berk diwarly giň Golkonda galasy hem Muhammetgula dar görünýär. Başy pyt-pyr pyrlanyp, älemiň gündogary oňa günbatar tarapy bolup duýulýar. Köşgüň somalyp duran minaralaryndan çykýan azan sesleri, galanyň içindäki owadandan owadan jaýlaryň mertebeli we haýbatly keşbi, şildireşip akýan egri-bugry çeşmeleriň, serhowuzlaryň gaýtalanmaýan şypakerdem lezzeti, höwrügen adamlarynyň adaty hormaty, hoşamaýlygy hem onuň parhyna däldi. Kalbyndaky gozgalaňa karar tapman, birden-birdenem, göýäki bir ýerlerden yşgyna düşen gözeliniň özüni çagyrýan näzli hem şirin owazyny anyk eşiden ýaly bolup, oturan ýerinden «öwfüldäp» turuberýärdi. Onuň nowjuwan köňli... Hawa, ol köňül öz islegini bedene etdirmän goýmajak bir aşyk köňüldi. Aşyk köňlüň kalpdaky gaýnawundan ýaňa, ýüregi bir kaşyk suw bolup, sabyr-takady tekiz tükenen Muhammetguly ahyrsoňy öz dostuna: – Sen bu beladan has alysdaky, akyly öz jaýynda bolan birisiň. Maňa tizara maslahat ber! Içim gysýar, men nätmeli?! – diýýär. Sapar begiň-de wezipesi şazada höwür bolmak, her bir müşgilatynda derhal oňa ýardamçylyk etmekdi, dadyna ýetişmekdi, ýüregini gysdyrmazlykdy, göwnüni açmakdy. Şondan ötri, ol mylaýym ýylgyryş bilen Musi derýasynyň beýleki kenarynda çyn rawylaryň, belli bagşylaryň, ezber tansçylaryň, atly aýdymçylaryň, hak şahyrlaryň ýaşaýan mähellesinde bir meşhur aýdymçy-tansçynyň hem bardygyny, onuň her gün meýlishanada çykyş edýändigini, eger makul bilse, ertir şol aýdymçynyň çykyşyna tomaşa etmäge gitmegi, hindiniň aýdym-saz, raks ýaly köňül hem beden tomaşalaryny synlamagy teklip edýär. Şazada Muhammetguly dostunyň bu garaşylmadyk teklibine razylyk berýär. Şeýlelikde, ertesi gün irden iki dost derýadan geçip, şol aýdymçyny diňlemäge meýlishana gidýärler. Depleriň, dümbelekleriň, surnaýlaryň, sitaralaryň... göçgünli owazy bu gideni gaplap, Musi derýasynyň kenarlaryna ýaýrap gidýärdi. Bu ýerde mähelläniň erkegi-zenany joşgunly halda raks oýnaýardylar. Aýdymçylaryň meýlishanasynyň gapysyndan ätlän badyna, Muhammetgulynyň ýüregi gürsüldäp, batly urup başlaýar. Bu ýerde ýeňil gopup tans edýän göwüsmen gelinleriň arasynda göwresini sazlaşykly tans hereketleri bilen oýnadýan peripisint gyzyň beýik mertebeli söýgi hakynda aýdýan bal ýaly şirin aýdymy bada-bat ýaş şazadany aňk edýär. Şirin we ýakymly aýdym barha güýjäp, Çiçlam obasyny, derýa kenarlaryny doldurýar. Sünnälenip bejerilen sarisini badam gözlerine, gül ýüzüne perde edinen uzyn boýly aýdymçy gyz ussat sazandanyň sazyna nepis injiklerine dakynan düwmejiklerden çykarýan sesiniň owazyny goşup, ýaş şazada hormat bilen baş egýär. Muhammetguly şu wagt özüniň kän wagtdan bäri göwni iňňän küýsän ýönekeý, erkin, şol bir wagtda, şahandaz hindi döwresine düşüpdi. Kalby we aňy jadylaýjy mukamlaryň dünýäsine melul bolan şazada şonda, göýäki ganaty bar ýaly bolup, kebelekläp tans edýän görmegeý gyzdan nazaryny hiç ýana sowup bilmän, onuň «süňksüz» bedeniniň suwdaky balygyňky kysmy hereketlerine kökerilip galypdy. Tansçy gyzyň kümüş bileziklerini şaňňyrdadyp, göz-gaşlaryny kakyp, ik ýaly pyrlanyşy, şazada ýigidiň ýüregini elendirýär. Owadan gözler, näzik bedeniň ajap hünäri ýaş ýigidiň söýgüsini hasam möwjedýärdi. Şazada ortada misli tüweleý ýaly pyrlanyp duran gyzdan töwerege ýaýraýan ýagta gözlerini gamaşdyryp durşuna, göýäki asmandaky Aýdan bölünip, bu ýere gaçan bu şuglaýy-näzenin barada öz hemrasy Sapar begden soraýar. Şonda Sapar beg: – Ol Bagmati, meşhur aýdymçy. Bu aýdymçy siziň şol gezekki ybadathananyň gapysynda gören owadan gözeliňiz, şazadam... – diýip jogap berýär. Ýüregi telwas urup, reňki-roýy üýtgän şazada sypaýyçylyk bilen tansçy gyza golaý baryp, ýumşaklyk bilen oňa ýüzlendi. – Aý gyz, siz bereketli hindi topragynda biten üzüm şerbetinden öz gelşiklije gollaryňyz bilen aşyk ýigide bir pyýala sunmazmysyňyz?! Bir pursat dünýe heňňamy-da, kalbyň taryna kakyp ýaňlanýan şirin mukam-da, asmandaky şugla saçyp, sallanyp duran Aý hem, suw ýüzüni sypalap öwüsýän ýakymly şemal-da müň millionlarça ýyllap ynsan tebigatyna edip gelen öz täsin täsirini ýitirýär. Päk göwünli goşa juwanyň arassa niýetli goşa ýüregi saz içinde gürsüldäp, bir-birege «öwhä-de-öwhä» atyşýar. Näz bilen Aý dek ýagty ýüzüni ýokary galdyranda... nazary öz alnynda erk-ygtyýardan aýrylan şazadanyň edil şuş-şu pursatdaky «nalajedeýin» ýüzüne gözi düşüp, gyzyň gülküsi tutýar... Bolsa-da, hindi gyzyň ýüzi ýagtylyp, roý-jemaly has hem şöhle saçýar. Peripisint gyzyň emaý bilen äberen bir pyýala şerbetini aljyrap, «edepsizlik» bilen howul-hara başyna çekende... şerbet aşyk ýürege teselli bermekden-ä elli bizar geçen, gaýtam-a, köräp duran oduň üstüne hut goýnuň eredilen guýruk ýagy guýlan ýaly bolýar... Muhammetguly hindi gyzyna: «Men ýanýaryn...» diýen manyda birtöwra intizar nazary bilen bakyp, oňa özüniň aşyk bolanlygyny beýan edýär. Şonda Bagmatiniň çin käsesiniň düýbi ýaly, owadan gözleri hem ot bolup ýanýar. Aşyk şazada gyzyň öz çuňňur sowally garaýşyna şirin söz bilen jogap bermegine bitakat bolup, sabyrsyz halda garaşýar. Bagmati: – Şazada, men kim?! Bir sada daýhan gyzy. Siziň bu islegiňiz barada abraýly hem, hakykatdan-da, beýik hökümdar bolan ataňyzyň gulagyna habar dagy ýetäýse, munuň soňy nämeler bilen gutarar?! Soltanlyk tagtynda oturan ataňyz öz mirasdüşer şazada oglunyň gaýry ygtykatda bolan, bir garyp tansçy gyza öýlenmegini kabul kylarmy, heý?! Beýle nika soltan-şalaryň maşgalasyny-ha agzabam oturmak gerek däl, garyp-gasarlaryň arasynda-da ýog-a şindi. Hindi... Aşyk şazada gepiniň şu ýerinde Bagmatiniň sözini kesmekçi bolýar. Emma ýurt şazadasynyň garşysynda durup, oňa öz geljekki ykbaly barada gara çyny bilen içini döküp duran ak gyz, hatda, şazada üns hem bermän, sözüni dowam edýär. – Onsoňam... Onsoňam... Meniň ömrüm – sungatym – kalbymyň rahaty şul sungatym – hormatym, durmuşym meniň... – Aý ýüzlim, Men seniň maňlaňýyňa basylan menekde, meger, öz täleýimi aýan gördüm. Köşk bizleriň nikamyza razy bolmasa, bizem köşge razy bolmarys. Tagty terk edip, başyma çalma baglap, seniň birle tansa girer men, eý, näzli ýar! Owazyň ýüregime derman, alma ýaňakdaky halyňa gurban men seniň! Nerkes gözleriň bilen näzli bakyşyň meniň üçin täji-tagtdan-da ýegdir. Sol elimde şerbetli bada göterip, sag elimi seniň bilezikden geçjek inçe biliňe dolap alyp, tüýs türkmen gözeliniňki ýaly tüm gije saçlaryňy boýnuma orap, ine, şeýdip, şeýdip... öz keýpimi çaglap, geleniň göwnüni awlap, şu meýdançada aýlanyp, seniň bilen raks kakmak isleýärin men... Şeýlelikde, hindi gyzynyň yşgyna gaýym düşen aşyk şazada magşugynyň didaryny görmek üçin her gije Golkondadan ýol söküp, gelip, onuň bilen duşuşmagy dowam edýär. Ýaş şazada ýigit öz söýgüsiniň waspyny ýetirjek bolup, şygra baş goşýar. Şol döwür onuň yşk odundan bähre alan ölmez-ýitmez döredijiligi başlanýar. Söýgi dura-bara olaryň birini saýradyp, – şahyr, beýlekisini bökdürip, – tansçy, sazanda, ýasaýar... Gudratly söýgüden gözbaş alyp gaýdýan şahyr ýigit bilen tansçy gyzyň pynhan bolmadyk gizlin gatnaşyklary baradaky habary Kutubşalar döwletiniň hökümdarynyň gulagyna ýetirýärler... Gulagynyň aýyl-saýyl eşidýän sözlerine soltanyň teý ynanasy gelmeýär. Şonda patyşa: – Bu nä habar boldugy boldy?! Meniň mirasdüşer şazada oglum bir tansçy hindi gyzyna akylyny aldyryp ýörmüşmi?! Men bu ýurduň patyşasy bolup, beýle masgaraçylyga ýol bermez men! Jana-gan halkym bolan türkmen ilimiň içinden ýar tapmaý, gaýry ygtykatly gyzy gelinlik edinmek... Akylsyzlyk we patyşa nesline nälaýyk iş bolar. Ybraýymguly şa gat-gat gahar-gazap bilen joşup, ogly şazada: – Sen – oglanjyk, meniň munça döwletimi, şunça azabymy, at-abraýymy, derejämi, mertebämi... olaryň barysyny bir tansçy hindi gyzynyň maňlaýynyň möhürine bagyş etjekmisiň?! Hany, göreli, bujagaz aşyk-magşuklaryň yşk odunyň tüssesi ýedi yklymyň haýsy birinden çykarka?! – diýýär-de, şazadany galadan çykarman, berk gözegçilik astynda saklamagy buýurýar. Ybraýymguly şanyň bu zabun hökümine onuň ýanynda duran emeldarlar haýygypdyrlar. Olar ýerli-ýerden: – Hökümdarymyz, munyňyz gabahat bolýar. Heý-de, mirasdüşer şazada babatynda beýle ýowuzlyk edip bolarmy? Oňa haýpyňyz gelsin! – diýşip, şanyň ýüregini ýumşatmak isläpdirler. Emma soltan öz diýen sözünde durýar. Şazada Muhammetgulyny Golkonda galasynda tussaglykda saklaýarlar we ol mundan beýläk Bagmatini görüp bilmeýär. Ol oturyp, barmak büküp, ömrüniň günlerini, pursatlaryny sanamaga girişýär... Şazadanyň gündelik gatnawy kesilenden soň, Bagmati bolsa, göwün beren sungatynyň güýji bilen özüniň ussatlygy arkaly söýgüsine wepalylygyny halkyň içinde aýan etmäge başlapdyr. Bagmati aýaklaryna kümüş jaňjagazlary dakynyp, tans baryny döredipdir. Ol tans hereketlerinde özüniň başyndan geçirýän agyr günleriniň zaryny, heserini, hasratyny, gam-gussasyny, arzuw-islegini... halka düşündiripdir. Halk hem onuň bilen bilelikde hasrat çekip, ýanyp-köräpdir. Şeýdibem, Bagmati özüniň inçe sungaty, ruhubelent garaýşy bilen özüniň Kutubşalaryň köşgüne mynasypdygyny ýaňzytmak isläpdir. Garşydaşlary bilen gurlan darkaşda özünden soňkulara diňe wepalylygyň, mukaddes maksadyň üstün çykýandygyny baky ýadygärlik hökmünde galdyrmak isläpdir. Bu belent ruhly hindi gyzynyň tansyna ýurtda muşdaklar gün-günden köpelipdir. Onuň aýdym-saz, tans sungatyna bolan ussatlygy ilden-illere gezipdir. Buýsançly hindi gözeliniň yşgyna düşen aşyk şazada: – Eý, sen owaldan zalym pelek, biziň bilenem namart oýnadyň-ow! – diýip, ýar jemalyny görmegiň arzuwynda bolup, perýat edýär. Şonda galanyň kethudalary jemlenişip, Muhammetgulynyň ýanyna barypdyrlar: – Sen ol gyz üçin özüňi gynama, şa nesli sen, ol bolsa, bir butparaz hindi gyzy. Bu barlyşyk bizleriň ýol-ýörelgämize sygyşýan zat däl. Onsoňam, sen halkymyzyň mukaddes umydysyň, geljekki hökümdarsyň. Her kim durmuşda öz laýyk taýyny tapmaly. Öz deňiňi agtarmaly – diýşip, aşyk şazada töwella-tagsyr hem edipdirler. Emma bularyňky bir ýana, söýgüsinden jyda düşüp, oňa duşmak lezzetinden mahrum bolan şazadanyň agyr aladasy hem bir ýanady... Wagt diýeniň bolsa, şol gadymky ýoly bilen akyp barýardy. Günleriň garaňky gijesiniň birinde asman diýeniň gap-gara bulutlara bürenip, ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp, Ýer-Gögüň asty-üsti tapyşyp, dünýä ala-zenzelä dolýar. Musi derýasynyň kenarynda gaý-harasat möwjäp, güýçli ýagyş ýagyp başlaýar. Yşgyň aýdymçysy, tans senetkäri Bagmati hem gamgynlygyň girdabyna çümýär. Pelek Gökden guýulýan ýagyş-ýagmyry bilen bularyň keç ykbalyna begenip, el çarpýan dek bolup görünýär. Söýginiň bu gamgyn sazy iki ýaş juwanyň ýüreklerini paralaýar. Aşyk şazada Muhammetguly her zada boýun bolsa-da, özüniň mundan artyk beýle ýüki çekip-çydap bilmejekdigine magat göz ýetirýär. Aşyk şazada assyrynlyk bilen galanyň diwaryna çykýar we Göge gollaryny gerip, mynajat edýär. Musi derýasynyň agzy-burny bilen dolup-daşyp, çarp urup akmasynyň – ölüm we bagtsyzlyk jarçysydygyny, açlyk we ýalaňaçlyk nyşanasydygyny, har-u-zarlygyň başlangyjydyny aňladýardy. Emma şazada Muhammetguly galanyň başynda söm durşuna, pelegiň bu tersa oýnunda söýgüsiniň hatyrasyna onuň bilen darkaşa girýär. Ýarynyň wysalyna ýetmek arzuwy bilen möwç urup, çyrpynyp akýan Musi derýasynyň girdabyna bökýar... Güýçli akýan derýa özi bilen başa-baş söweşe çykan şazadany öz goýnuna düýrläp-dolap alýar. Garaňkynyň içinde bir çümüp, bir çykyp barýan şazada derýanyň güýçli gomlarynyň içinde ýitirim bolýar. Derýanyň ol kenarynda bu ýagdaýy gözi bilen görüp duran Bagmatiniň ýürek tolgundyryjy zaryn aýdymy asmanda dünýäni lerzana getirýän ýyldyrymyň dabarasyny basyp, şeýle bir howsalaly ýaňlanýardy. Bu hindi gyzynyň söýgüden doly ýüreginden joşup çykýan mukam diriligiň, wepalylygyň, birleşmegiň... çakylygydy. Ol mukamda täzeden döräp gelýän ýaşaýşyň demi duýulýardy. Gül gyz Bagmatiniň zaryn owazyna gaýry gülleriň – gyzlaryň owazlary hem gelip goşuldy. Olar dady-perýat edip, aýdym aýdanlarynda, umyt we söýgi heňleri hut janly görnüşe geçip, bütin jülgäni gaplapdy. Hindi gyzy gudratyň ýüz bermegini, öz ýarynyň sag-aman halas bolmagyny diläp, mynajat edýär. Birden Bagmatiniň gamly gözleri derýanyň girdabynda görnen çalajan şazada gözi düşýär. Ol derýa özüni oklap, güýçden gaçan şazadany salyň üstüne mündürip, halas edýär. Şazadanyň yşkdan doly gözleri ýumuk bolsa-da, göreşjeň ýüregi urup, özi-de dem alýardy. Bagmati şonda gap-gara gözlerini bulduradyp, şazadanyň üstüne eglip, titreýän leblerini ýarynyň gulaklaryna ýakyn eltip: «Derýalar tersine aksa-da, sil gelip, ýer astyn-üstün bolsa-da, men sensiz oňup bilmerin, bilmerin!..» diýip, pyşyrdaýar. Bagmatiniň bu sözleri Muhammetgulynyň ýüregine umyt bagyşlaýar... Bagmatiniň ýüzüne çabraýan ýyly demi, onuň süýde batyrylyp alnan ýaly ak jemaly şazadanyň gowşaşan bedenine rowgat berýär. Şonda gara güýçleriň penjesinde galan päk ýürekli juwanlar dünýäde ýaşaýyş bilen söýgini ýok edip biljek güýjüň ýokdugyna bek ynanýarlar. Ertesi daň atyp, älem ýagtylan badyna, galada uly başagaýlyk başlanýar. Galanyň garawullarynyň köpüsi günemasy üçin ýürekleri gorkudan dolup, indiki düşjek ahwallaryna, wakalara kaýyllyk bilen garaşýardylar. Ybraýymguly şanyň buýrugy bilen hemmeler şazadanyň gözlegine çykýarlar. Şazadanyň dosty Sapar begiň ýolbeletlik etmeginde, ony tapyp getirýärler. Bolan wakalaryň änigine-şänigine ýeten hökümdar, täç-jygaly başyny aşak egip oturyşyna, çuňňur oýa batyp dymýar. Onuň ata ýüregi janyna jaý tapman, çarp urýar. Ahyry, töweregindäkilere seredip, pyşyrdap diýen ýaly gürleýär. – Görýän weli, bizleriňki boljak däl öýdýän... Ýurduň sylagly-sarpaly adamlary dürli pikirleri orta oklaýarlar. Şonda şanyň weziri Mir Mömin: – A-haw, han-begler! Şazadanyň hindi gyzy bilen nikasyna garşydygymy men owalbaşdan aýdypdym. Mirasdüşer şazada taý boljak gyzyň şahsyýetinde gözel häsiýetler, ajaýyp edep-ahlaklar we taýsyz artykmaçlyklar, beýiklik nyşanlary bolmalydyr – diýýär. Emirleriň biri: – Wezir hezretleri, siziň bütüki sanan sypatlaryňyz ýürekde bolmalymydyr ýaki hereketde?! – diýip, meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar. Emirleriň ýene biri: – Şu donuň bahasy ýetdi, begzadalar. Şazadamyz söýgüsi üçin özüni köşgüň başyndan taşlady. – Eger biz pikirimizden gaýtmasak, ol pälinden gaýtmaz! – Bolsa-da, bu gezek biziň bagtymyz işledi... – Indikide ol mundan-da beterini tapar... – diýşip, köşgüň kabulhanasyny alagoh etdiler... Sapar beg: – Bir-biregiň ugrunda bagyrlary birýan, gözleri girýan, derdi ýetik bu iki juwanyň üstünde gurlan söwdany gaýtarjak bolmalyň. Olara birehimlik etmäliň. Goý, olar maksat-myratlaryna gowuşsynlar – diýýär. – Sapar begim rast aýtdy ki, etmelisi şul. Çünki bularyňky hak söýgi... – diýip, patyşanyň bir kem ýüz ýaşan geňeşdary hem söze goşuldy. Az salymyň içinde Ybraýymguly şanyň başyna sagdan-soldan gaty köp pikirler çozýar. Ol pikirleriň ählisem haýsy tarapdan, haýsy ýoldan gelýändiklerine garamazdan, ahyrda aşyk-magşuklary birleşdirmek meselesinde jemlenýär. Çünki bu ýerde şundan gaýry başga bir alajyň ýokdugyna şa akyl ýetirýär. Hökümdar aşyk şazadany öz dergähine çagyrýar. Oglunyň gözlerine seredip: – Eý, goç ýigit, her daýym, her ýerde edepli bolgun! – diýip nesihat berýär. Biraz dymyşlykdan soň bolsa ol: – Sen öz gepiňi gögertdiň, sen gaty gojalan ataňy bagyşla! Men siziň bir-birege gowuşmagyňyza razylyk berýärin! – diýip, bu wakadan bir nyşana hökmünde, Musi derýasynyň üstünden berk köpri gurmaga buýruk berýär. «Purana pul» diýlip atlandyrylýan ol köpri häzir hem bar we işläp dur. Şondan biraz wagt geçenden soň Ybraýymguly Kutub şa bakyýa göç edýär. Muhammetguly şazada on bäş ýaşynda atasynyň ornuna tagta çykýar. Şondan soň biri-birini jany-teni bilen söýen ýaş juwanlar azat-erkin duşuşyp, wepa-ygrar hakynda eden kasamlaryna we biri-birege wepaly bolup, söýgi-muhabbet kölüni boýlap, bagtly we eşretli döwran sürýärler. Muhammetguly Kutub şa Bagmatiniň köşge päsgelçiliksiz gelip-gitmegi üçin oňa ýörite 1000 atly nöker berkidipdir. Dürli sebäplere görä, söýgi hakyndaky hekaýatlaryň aglabasynyň ýa-da hemmesiniň diýen ýaly, soňy pajygaly gutarýar. Ýöne, täsin söýgi hakyndaky bu hekaýatyň iň haýran galdyryjy we mizemez tarapy onuň rowaýat däldidir, iň bolmanda, aglaba – esasy böleginiň hakykatlygydyr. Muhammetguly bilen Bagmatiniň söýgüsi bagt toýunyň uludan tutulmagy bilen dabaralanýar. Türkmenler bilen hindileriň arasyndaky şunuň ýaly nika toýlarynyň bu iň soňkusy däldi. Bu toýuň tutumy-gerimi, dabarasy-şagalaňy dünýäni tutup, al-asmanda ýaňlanýar. Şady-horram bolan Muhammetguly serwi boýly Bagmatiniň öňünde baş egýär. Bagmati bolsa, äriniň ygtykady ýol-ýörelgesine geçýär. Olardan bir gyz çaga dünýä inipdir. Muhammetguly Kutub şa nika toýundan birnäçe ýyl geçenden soň, 1591-nji ýylda öz aýalynyň hormatyna onuň dogduk obasynyň ornunda – hut Çiçlamda gözel ymaratlara baý bolan şäheriň düýbüni tutýar. Ol bu şäheriň mysalynda sungatyň gudratyny, güýjüni görkezmek isleýär. Muhammetguly bu owadan şäheri söýgüli aýaly Bagmatiniň hormatyna Bagnagar diýip atlandyrýar. Soltana durmuşa çykandan soňra Bagmata Haýdar mahal derejesi berilýär. Soltan Bagnagar şäheriniň merkezinden tä Musi derýasynyň kenarlaryna çenli aralykda seýilbagy bilen gurşalan ajaýyp binalary gurdurýar. Ajap çarbagda bolsa, ajaýyp gül açyldy. Bu gül gülleriň iň näzigi Bagmatidi. Ol gülgüne reňkli sarisine oranyp, ýeňlerini, ýakalaryny we eteklerini reňbe-reň, gymmatbaha daşlar bilen bezäpdi. Bagmatiniň ysyrgalary hem, merjenleri hem dürli-dürli öwşün atýardy. Onuň başyndaky göwher täji ýyldyzlar ýaly ýyldyraýardy. Humar gözlerinde guwanç joş urýardy. Kutub şalar döwletine 32 ýyllap hökümdarlyk eden, eli galamly, şahyr ýürekli Muhammetguly şa söýgüli hindi gözelini wasp etmän bilermidi?. Ol bize şeýle setirleri galdyrypdyr: Söýgülisiz al şerap hem suw kibi, Söýgülisiz bu durmuş däl, kän kemi. Söýüp görmedikler lal hem güň ýaly, Süýjüsin näbilsin, duýmasa häli. Kutub şa! akmaga derkarmy aklyň? Söýüp, azaşanlar söýgüde hakly. Hemişe, her ýerde söýgi – keremdir, Umydy, daýanjy söýgi berendir. Baga barmaý, kast etdiň nahalyna, Baga çyk-da, gül bitir oň kalbyna. Bagbany bir, sany ýok oň bagynyň, Almaz ýeke, hasaby ýok çogunyň. Ol jahana meşhur, doly bu durmuş, Emma ony görüp bilmez, bir körmüş... Goşmaça düşündiriş. Wagtyň geçmegi bilen Bagnagar şäheri Haýdarabat diýlip atlandyrylypdyr. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Haýdar – yslamyň dördünji halypasy Hezret Alynyň çyn ady bolupdyr. Şu nukdaýnazardan, bu şäher Haýdarabat, ýagny Haýdaryň şäheri diýlip atlandyrylypdyr. Şunlukda, türkmen hökümdarynyň tagallasy bilen Günorta Hindistanyň ýaşaýyş durmuşynda kämil medeni-dolandyryş merkezli Haýdarabat şäheri kemala gelipdir we ol ýuwaş-ýuwaşdan uly şähere öwrülipdir. Şäheriň merkezi Çarminar hasaplanypdyr. Käbir maglumatlara görä, hut şol meşhur minaranyň bina edilen ýerinde Muhammetguly Kutub şa özüniň ilkinji söýgülisi – hindi gözeli Bagmata sataşypdyr. Muhammetguly Kutub şanyň gurduran Çarminar binasy Haýdarabat üçin edil Parižiň Ýeňiş arkasy ýaly, wajyp bir nyşandyr. Şeýle hem Şajahanyň Agrada gurduran Täçmahaly hindiler üçin nähili wajyp bolsa, Çarminar hem şeýle derejede wajypdyr. Ýeri gelende aýdyp geçsek, dünýäniň bir bezegi hasaplanýan Täçmahal hem türkmen zenanyň hormatyna gurlan ýadygärlikdir. Çarminar bu şowhunly şäheriň ýüregi, Haýdarabadyň ruhuny, onuň däp-dessurlaryny we döwrebaplygyny birleşdirýän, gaýtalanmajak aýratynlykdyr. Çarminaryň dört minarasy «Gündogaryň Ýeňiş arkasy» diýlip hem atlandyrylýar. Hut Çarminaryň ýanyndan Haýdarabat şäheri dört tarapa uzalyp gidýär. Bu hekaýatyň mazmunynyň nähili bolanlygyna garamazdan, Bagmati atly taryhy şäheriň bolanlygy hakynda umumy ylalaşma bar. Rowaýatçylaryň taryhy maglumatlara öz goşantlaryny goşanlygy gutulgysyzdyr. Haýdarabat şäheriniň taryhy ady asyrlaryň dowamynda taryhçylar we jahankeşdeler tarapyndan dürlüçe üýtgedilip teswirlenilipdir. Тaryhçy Нafi hаn öz işinde: «Sоltan Muhаmmetguly Кutub şа аýaly Bаgmatini örän gоwy görüрdir. Оnuň hаýyşy bоýunça Golkоnda galаsyndan оn iki kilоmetr uzаklykda bir şähеr gurdurуpdyr wе оňa Bagmаtiniň аdyny dаkypdyr. Bаgmatiniň arаdan çykmаgyndan birаz wаgt gеçenden sоň, оl şäheriň аdy Нaýdarabat diýliр üýtgediliрdir, еmma hаlkyň аrasynda оl еntek hеm Ваgnagar diýiр аtlandyrylýar» diýiр bellеmegi bu tаryhy hаkykaty äşgär еdýär. Şеýle hеm mеşhur tаryhçy Fеrişdäniň 1619-20-nji ýyllаrda bеrýän mаglumatlaryndan ugur alsаk, оl: «Sоltan Muhammеtguly özüniň hökümdаrlygynyň ilkinji ýyllаrynda Ваgmati аtly bir аýdymçy gуza аşyk bоlupdyr. Оnuň gоragy üçin оl bir müň аtlyny wеzipä bеlläpdir. Оl köşgе gelеnde, оnuň bеýleki köşk emеldarlaryndan birjik-dе pеs görülmеli däldigi barаda buýruk bеrlipdir. Gоlkondanyň howаsynyň hаpalanmagy wе sаglyga zуýanly bolmвgy sеbäpli, оl sеkiz mil uzаklykda täzе bir ajаýyp şähеriň düýbüni tutuрdyr wе оňa öz söýgülisi Bаgmatiniň hаtyrasyna Bаgnagar diýiр аt bеripdir. Wаgtyň gеçmegi bilеn оl şähеr Hаýdarabat аdyny аlypdyr. Еmma häli-hеnize çеnli hеm şähеriň bir bölеgi öňki аdy bоýunça Bаgnagar diýiр tutulýаr» diýiр bellеýär. Nizаm ud-Din Ahmеt öz еserinde: «Kаkasyndan sоň tаgta Muhаmmetguly çykуpdyr. Оl Bаgmati аtly bir zеnanyň аşygy boluрdyr. Sоltan bir şähеr gurduryрdyr wе оny Bаgnagar diýiр аtlandyrypdyr. Оl şоl aýаlyň hуzmatynda bir müň аtlyny sаklapdyr wе olаr hеmişe şоl аýala hуzmat еdipdirler» diýiр bеýan еdýär. Аdy näbеlli sеne ýаzgylaryny düzüji: «Мuhammetguly Кutub şаnyň tаryhy» işindе 1589-njy ýуlda Golkоndanyň оturan ýеriniň аmatsyzlygy sеbäpli, рatyşalygyň mеrkezini bаşga ýеre göçürmеli diýеn kаrara gеlnipdir. Вu kаraryň kаbul еdilmegine köр zatlar: suw ýеtmezçiligi, оnuň sаglyk üçin judа hоwplulygy sеbäp bоlupdyr. Netijede, Muhammetguly Kutub şa Golkondadan bäş kos uzaklykda Musi derýasynyň kenarynda täze şäheriň düýbüni tutmaly diýen karara gelipdir. Şol ýerde täze şäheriň düýbi tutulypdyr we oňa Bagnagar diýip at berlipdir (onuň söýgülisi Bagmatiniň hatyrasyna). Emma ol aradan çykandan soň, şol şäheri Haýdarabat diýip atlandyrmagy buýruk beripdir. Muňa garamazdan, birnäçe ýyllap halk köpçüligi ony Bagnagar diýip atlandyrmagy dowam edipdir» diýip belleýär. Haýdarabat şäheriniň adynyň gelip çykyşynyň asyl çözgüdi dogrusynda ýewropaly syýahatçy Tawernýe: «Ol döwürde Bagnagar, adatça, Golkonda diýlip atlandyrylýan bir şäher bolupdyr we häzir hökümdarlyk edýän patyşanyň atasy tarapyndan onuň düýbi tutulypdyr. Ol onuň söýgüli aýallarynyň biriniň haýyşy boýunça gurlupdyr we ol aýalyň ady Nagar bolupdyr. Ol ýeri öň patyşanyň dynç alýan şypahanasy bolup hyzmat edipdir, ol ýerde patyşanyň ajaýyp seýilgähleri ýerleşipdir. Onuň aýaly köplenç oňa şol ýerde derýanyň boýunda ajaýyp bir köşk we şäher gurulsa gowy boljakdygyny aýdar eken. Ahyrynda, ol aýalynyň aýdanlaryny berjaý edipdir we şol ýerde ajaýyp bir şäher gurdurypdyr we oňa aýalynyň hatyrasyna Bagnagar, ýagny «Nagaryň bagy» diýip at beripdir» diýip beýan edýär. Saky Mustad Han: «Haýdarabat şäheri Golkondadan iki kos uzaklykda ýerleşýär. Ol şäheriň Bagmati atly gyza aşyk bolan Muhammetguly Kutub ul-mülk tarapyndan düýbi tutulypdyr we onuň hormatyna Bagnagar diýlip atlandyrylypdyr. Ondan soň ol özüniň häzirki adyny alypdyr. Indi ol Mogol imperiýasyna birikdirildi we bu hökümdarlygyň golastyna geçdi. Oňa «Dar-ul-jihad Haýdarabad» diýip at berildi» diýip belleýär. Bulardan başga-da, taryhçy Parwin Ruhsana Bagmatiniň hakyky taryhy şahsyýet bolanlygyny tassyklaýar. Ol: «Bagmatiniň Hagalaçinta diýip atlandyrylýan häzirki Haýdarabadyň bir mähellesinden gelip çykanlygy hakykatdyr. Ol ýerde biz häzir hem özlerini Bagmatiniň nesiline we onuň neberelerine degişli hasaplaýan adamlara gabat gelýäris». Ol soltan Muhammetguly Kutub şanyň döwürdeşi Faýzynyň ýazan «Latifaý-i-Faýzy» atly işinden birnäçe setiri mysal getirýär: «Muhammetguly Kutub şa näzenin we söýgülisi Bagmati üçin bir mähelläni esaslandyrdy, ol ýerde binalary gurdurdy we ady agzalan Bagmatiniň hormatyna ol ýere «Bagýanagar» diýip at berdi. Taryhçynyň ýazmagyna görä, Bagmati Muhammetguly Kutub şanyň gyzy Haýat bagşy begimiň ejesi bolupdyr. Bagmati Haýat Bagşy begimi dünýä inderende, oňa «Haýdar Mahal» derejesi berlipdir we netijede, onuň yzysüre bu şäheriň ady Haýdarabat diýlip üýtgedilipdir». Mundan başga-da, taryhyçy Parwin Ruhsana öz işinde şeýle ýazýar: «Muhammetguly özüniň çeper döredijiliginde «Bag» sözüni ulanan islendik ýerinde Bagmatiniň adyny örän ajaýyp, owadan we dürli gysgaltmalar we öwüşgünler bilen ulanypdyr». Seýfulla atly taryhçynyň işinde: «Şir (ýolbars) manysyny berýän Haýdar derejesi dünýäde hiç haçan zenana berilmändir. Kutubşalar nesilşalygynyň nebereleriniň şaýy mezhebine uýanlygy üçin, bu şäher Muhammet pygamberiň doganoglan giýewsi we Haýdar adyny göteren hezreti Alynyň hormatyna şeýle atlandyrylypdyr» diýip teswirlenilipdir. Umuman, şular ýaly, mahabatly dünýewilik işleri bu ýoldakylaryň düşünjesine mahsus laýyk zatdyr. Yslam we hindi sungaty boýunça bilermen Ziauddin Ahmet Şakeb öz işinde şeýle belleýär: «Kutubşalar hökümdarlygynyň baş weziri Mir Mömin Muhammetguly bilen Bagmatiniň arasyndaky ýakyn gatnaşygy oňlamandyr. Şonuň üçin, ol Bagmatiniň şahsyýetiniň döwürdeş taryhdan öçürilmegini üpjün edipdir. Hatda, onuň mazarynyň üstüne gümmez hem galdyrylmandyr». Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |