21:33 Toý göwünli türkmenler | |
TOÝ GÖWÜNLI TÜRKMENLER
Edebi makalalar
Akyldarlarmyzyň biriniň aýdyşy ýaly, iň beýik zatlar buýsançdan başlanýar. Serdarymyzyň tagallasy bilen şahandaz, şähdaçyk, durmuşsöýer, halkymyz ýene-de owalbaşky ruhuna, milli häsiýetine, däp-dessurlaryna dolanýar. Bu gün ýaşaýşa bolan yşgy, eziz Watanyna bolan söýgüsi joşup duran türkmene öz bagynda şirinden-şirin saýramaly döwri geldi. Bu gün dessurly döwlet gurup, nesillerine miras goýan Oguz hanyň, il-günüň içinde boý boýlap, paýhas ýumagyny çözen Gorkut atanyň, özünden öňki nesilleriň altyn ruhuny özündejemlän Göroglynyň, ýurdunyň binasyny mähir-muhabbetden guran Saparmyrat Türkmenbaşynyň iline toýly-tomaşaly döwran dolandy. Her güni ýeňişli, buýsançly zamanada, Altyn döwürde il-günüň bilen toý baýramlar-da ýaşamak neneň ajaýyp?! Toý göwünli Saparmyrat Türkmenbaşymyz kalplar içre şugla saçyp, ýene-de dessurly uly döwlet toýuny tutmaga meýillenýär. Il-günüň bilen döwre gurap tutýan hem tutjak toýlaryň oňuna bolsun, yzy gür bolsun, Pähimdar hem Şahandaz Atamyz! Türkmeniň toýly dünýäsine syn kylyň! Özümizden öňki nesilleriň altyn ruhy, türkmeniň horram gylyklary ýene-de täzeden oýanýar. Dünýä ýaly giň ýaşan horram oguzlaryň ruhy yşk oduna uçraýar. Serdary bilen döwre gurap, toý üstüne toý tutýan türkmen ili (toýlarda) baýramlarda ýaşaýar. Buýsançdan başlar gök direýär. Söhbetimiziň özeni toý baýramlarda ýaşaýan däp-dessurlarymyz barada bolansoň, turuwbaşdan Serdarymyzyň her bir çykyşynda nygtaýan «Türkmenler toýuny toý şekilli tutýan halkdyr» diýen buýsançly jümlesini ýatlasym geldi. Beýik Serdarymyz bu sözi ýönelige nygtamaýar. Şöhratly ata-babalarmyz özkymly hem döredijilikli durmuşyny toý bilen bezäp, Hudaý bereren zehinleri bilen ruhubelent ýaşap aňrybaş uly gymmatlyklary döredipdirler. Olar özleriniň öçmejek taryhy durmuşynda ruhy baýramlary, milli däp-dessurlary dünýäde özboluşly medeniýeti, adamzat ösüşiniň altyn sahypalaryny döredipdirler. Şonuň üçin milleti-miziň taryhy ömri baý hem sagdyn. Türkmen aňyýetiniň özeni hem taryhy ömrüniň bir bölegi bolan milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, toýda-baralarymyz, olaryň geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan arkama-arka ýöredilip gelnişi barada gyzykly maglumatlar many-mazmuny daşyna agyp duran «Oguznamalarda», «Gorkut ata» eserimizde, «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra», «Nejep oglan» we beýleki halk dessanlarymyzda näçe diýseň bar. Şol gadymy milli eserlerimiz-de şöhratly ata-babalarymyzyň çeper keşplerini, jemgyýetçilik ruhyýetini arkaýyn öwrenip bolýar. Aýratyn nygtamaly zat. Pederlerimiziň toý tutmak, döwletli maslahat geçirmek, ýurda hökümdar saýlamak däplerinde jemgyýeti adalatly dolandyrmak, maşgala demokratiýasy agdyklyk edýär. Türkmeniň maşgala demokratiýasy gadymyýetden bäri milletiň on iki süňňüne siňen ýörelgedir. Muny biz diňe türkmenleriň toý tutmak däpleriniň esasynda-da subut edip bileris. Iň esasy zat, halkymyzyň gadymyýetden bäri toýa bolan garaýşy, toý-baýramlarda ýöredilýän däp-dessurlarymyzyň hersi pähim hem sahy-sahawatlyk bilen düzülendir. Türkmeniň toý tutmak däplerinde halky häsiýetlerimizden iň esasysy sahawatlylyk bilen jomartlykdyr. Serdarymyz «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» Şa dessanynda oguzlaryň toý däpleri dogrusynda düşünje berýär. «Oguz toýy» diýen hekaýatynda bolsa şeýle setirler bar: «Öý tutýar, toý tutýar, Mes bolup oguz, Baýlygyny toý-baýrama sowurýar». Toý şagalaňyny Ýer ýüzüne gopduryp, ýedi yklymda döwlet gurup, toý beren türkmenleriň sahypkyranlygy, şady-horramlygy, dolup-daşyp, dünýä sygman mes bolşy dürli döwürlerde häsiýetini, manysyny ýitirmändir. Ýokarda ady tutulýan hekaýatyň içinden hem bu halky häsiýetlerimiz eriş-argaç bolup geçýär. Bu hekaýatyň mazmunynda oguzlaryň nika toýunyň tutulyşy çeper suratlandyrylýar. Hekaýatda: «Bagtyna gowuşýar oguz peýkeri, Dolup-daşyp toýa gelýär begleri. Daşoguzdan, Içoguzdan jemende Deňiz deý owsunyp toýa şaýlanýar, Külli oguz ýurdy toýa aýlanýar». Dana Serdarymyz şadessanyň «Talaň saçagy» diýen ajaýyp hekaýatynda hem gadymy oguzlaryň toý däbi dogrusynda söhbet açýar. Eziz Serdarymyz şol bölümde: «Men jahanda her hili däp-dessur barada okadym, emma şeýle sahy, şeýle dana däp weli diňe oguzlar-da bolupdyr» diýen netijäni çykarýar. Il-ulusyny bir saçagyň başyna jemlän Salyr Gazan we beýlekiler öz türkmen neberesi bilen «Talaň saçagy» ýaly ajaýyp milli däplerini jaýdar hem laýyk ýöredip gelipdirler. Ol ýokarda ady agzalýan hekaýatda: «Taňry maňa dünýä sygmaz baýlyk, mal-mülk berdi, gönendirdi. Emma ol meniň baýlygymy duşmana taladyp hem bilerdi. Taňry baýlygy maňa berdi, men hem öz beglerime berýän, öz ilime berýän. Meniň baýlygym halal eken, duşman iýmedi, dost iýsin, daş iýmedi, ýakyn iýsin diýýär. Salyr Gazanyň «Talaň saçagy» däbinden onuň näzeýilli kişi bolandygyny derrew aňyp bolýar. Mukaddes Ruhnamanyň dili bilen aýdanymyzda «Salyr Gazan, Baýyndyrhan, Görogly, Alp Arslan, Osman Gazy ýaly pederlerimiz özleriniň merdanalygy, il-gününe hümmetli hem döwletli elleri bilen haýyr-sahawat, jomartlyk edip taryha girdiler». Türkmeniň gadymy toý däp-dessurlarynyň ýöredilişi barada gyzykly maglumatlar «Gorkut ata» eserinde näçe diýseň saklanyp galypdyr. Eserde Salyr Gazan bilen Baýyndyr han köplenç toý beýemçileri, bekewülleri hökmünde çykyş edýärler. Olar söweşden soňra gyzlary ýigitlere nikalap, şüweleňli toý edip berýärler. Käbir taryhy ýazgylarda Gorkut ata oguz türkmenleriniň arasynda ilkinji bolup nika toýuny ýola goýan parasatly kişi, il ýaşulysy diýlibem aýdylýar. Gadymy eserde nika toýy barada şeýleräk kelam getirilýär. «40 ýerde 40 otag dikildi. 39 gyz nyşana ok atdylar. 39 ýigit okuň yzyndan gitdi. 40 gije gündizläp nika toýy tutuldy». Şunuň ýaly nika sahnasy, gyzlaryň päkize sährada ok atyşmasy, ýigitleriň oklaryň yzyndan gidip, her kim öz gelinliklerini saýlamak däbi başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Eserde uly dabara ýa-da toý çäreleri geçirilse, tutumly iş başlansa, ilki bilen Içoguz we Daşoguz begleri çagyrylyp getirilýär. Salyr Babanyň «Oguznamasynda» bolsa şeýle dabaralara Sag ganat we Çep ganat oguz begleri çagyrylýar. «Gorkut ata» eserinde ata-babalarymyzyň toý-tomaşa ýörediş däplerinden olaryň ykdysady durmuş ýagdaýynyň nähili bolandygyna göz ýetirip bolýar. Eserde oguzlaryň goýunlarynyň köp bolandygy, hatda olaryň sanynyň tümen, ýagny, on müňler bilen hasaplanandygy nygtalýar. Eposyň ähli boýlarynda beýan edilişine görä, oguz begleriniň dürli sebäpler bilen baglanyşykly tutýan toý-tomaşalarynda atlardan aýgyrlar, düýelerden bugralar, dowarlardan goçlar soýlup, etler depe ýaly edilip goýulýan ekeni. Saglyp taýýarlanylýan gymyz bolsa köli ýadyňa salýarmyş. Eseriň «Derse han ogly Bu- gaç han boýny beýan eder» diýen hekaýatynda: «Hanlar hany Baýandyr ýylda bir gezek toý edip, oguz beglerini gonakladardy» diýen setirlerde Baýandyr hanyň ýolbaşçylygynda her kimi öz ornunda oturdyp geçirilen dabaralar, toý-tomaşalar çeper beýan edilýär. Eseriň şol şahasynda Derse hanyň aýalynyň sözi bile uly toý tutandygy, atdan-aýgyr, düýeden-bugra, goýundan-goç soýdurandygy içoguz, daşoguz beglerini ýygnap toý tutandygy hem aýdylýar. Şunuň ýaly toý-tomaşalarda oguz begleriniň aç görse doýuryp, ýalaňaç görse don atyp, borçlyny borjundan gutaryp, gözel ýurdunda haýyr-sahawat etmek är gaýratly pederlerimiziň näderejede jomart hem sahy bolandyklary habar berilýär. Eseriň her bir şahasynda diýen ýaly Salyr Gazan özüne tabyn Üçok we Bozok beglerini jem edip, olara öý goşlaryny, olja paýlaýar, «Talaň saçagyny» ýazýar. Dogrusy eseriň beýanynda, süňňünde ata-babalarymyzyň ruhy baýramlary, toý-tomaşalary, sahawatly, jahangir türk- men hökümdarlaryň häsiýetleri milli duýgularyňy oýarýar. Nurmuhammet Andalybyň «Oguznamasynda» Oguz hanyň hakanlygy (hökümdarlygy) ogullaryna tabşyrmak üçin il-güni bilen tutan toýunyň çeper beýany özüne çekijidir. Toý tutulyşynyň söhbetinde pul-harajatyň hasaby ýitirilýär. Poemada: Bir aýlyk ýolny iýmişden kyldy pür, Taky harç kylda ança göwheri-dür. Tokuz yüz müň howuzga meý akyzdy, Meýniň derýasynda muştaky ýüzdi. Tokuz ýüz müň koýu hem ança yylky, Soýup, kyldy zyfat ähli halky. Mergenler kökten altun kabak atdy, Niçem päliwan tutluş-dy, göreş etdi. Rus taryhçy alymy A.N.Kononow tarapyndan işlenen «Şejerei Terakimide» (Türkmenleriň nesil daragty) Oguz hanyň ýurt basyp alandan soň, öz Watanyna gaýdyp gelende «dönüş toýunyň» tutulyşy barada gyzykly söhbet açylýar. Şol taryhy eserde Oguzhanyň altyn otag dikdirip, il-güni bilen şady-horram, keýpi-sapa çagda bolşy täsirli, çeper suratlandyrylýar. «Oguznamanyň» uýgurçasynda Oguz hanyň ogullaryna degişli atlary dakyp, «at dakma» toý däbiniň tutulyşynyň beýany hem özüne çekijidir. «At dakma toýunda» Oguz han dürli tagamlary bişirdip, dürli içgiler goýup, şady-horramlyk edýär. Şunuň ýaly şüweleňli at dakma toý däbi Gorkut ata- da hem «Göroglyda» hem duş gelýär. Ýazyjy ogly Alynyň «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly kitabynda Gylyç Arslanyň ogly Keýhysrowyň tagta göterilişiniň toý däbi şeýle suratlandyrylýar. «Üç gezek Oguz däbine öýkünip, hyzmat däp-dessurlaryny berjaý etdiler. Etrap ýolbaşçylary, türk we rum begleri gulluk bilini baglaýyp, sagdan we soldan turdular. Derhem we dinar getirip, seçgi seçdiler. Ýagşy ysly şerbetler we gymyzlar içildi. Anbar we müşk tüsseleri altyn gaplarda tütedildi. Hazynalardan agyr sowgatlar, halatlar, nagt altyn pullar, şerapdanlar, at ýataklardan araby we türki atlar beglere, begzadalara, ýazyjylara, şahyrlara, bagşy-sazandalara we hyzmatkärlere berildi. OL gün çensiz-çaksyz engam we serpaýlar paýlandy». Seljuk türkmen soltany Alp Arslan hem oguz däbi boýunça öz halky bilen toý dabaralaryny köp geçiripdir. Aňyrdan gelýän milli ýörelge, däp hökmünde halkyna zyýapatlar etmegi gaýra goýulmasyz hasaplapdyr. Käbir taryhy çeşmelerde seljuk türkmen soltanlarynyň «Han-i ýagma» diýen toý däbi köp duş gelýär. «Han-i ýagma» Beýik Serdarymyzyň dili bilen aýtsak, «talaň saçagy» toý däbiniň bolandygyny biz ýokarda hem agzap geçipdik. Türkmeniň bu milli toý dessury islendik döwürde, islendik jemgyýetçilik gurluşynda üýtgewsiz ýaşap gelipdir. Serdarymyzam öz guran Garaşsyz, Bitarap döwletinde ajaýyp oguz toý däplerini ýöredýär. Uly döwlet toýlarynda, il-günüň içinde hyzmaty bilen tanalýanlara serpaý ýapýar, don atýar, her bir döwletiň baştutanynyň etmeýän zadyny öz il-gününe, öz raýatlaryna bagyş edýär. «Berýän el bereketlidir» diýýär. Edebi hem taryhy çeşmelerde beýan edilişine görä, oguz soltan begleriniň ýurt dolandyrylyşynda mukaddes milli ýörelgeler, däp-dessurlar üýtgewsiz, kämil ýöredilipdir. Hakanlar (hökümdarlar) bilen jemgyýetiň islendik gatlagynyň wekilleriniň tutýan toý dabarasy bir hem jebis, agzybir geçirilipdir. Muny biz aşakda getirjek mysallarymyzda hem subut ederis. Käbir taryhy ýazgylaryň tassyklamalyna görä, türkmen hökümdarlarynyň öz halkynyň içinde ugur alan esasy baş ýörelgeleri: «Sag eliň gylyç tutsun, sol eliň mal bersin!», «Gün ýaly parlak bol!», «Halkyň iýmek-içmekden hakyny gora, olary hiçzada mätäç etme!», «Halkyň kysmatyny paýlaş». Halkyň kysmatyny – garamatyny egnine alan oguz begleri toýlarda däbegörä, toýuň merkezinde oturýar eken. Muny biz Gorkut ata eserinde Beýregiň aşakdaky sözlän sözlerinden mysal getirip bileris. «Sagda oturan sag begler, sol golda oturan sol begler, işikdäki geňeşdarlar. Düýpde oturan has begler! Gutly bolsun döwletiňiz!» Eserde belli bolşuna görä, begler tizden-tiz toý berip durupdyrlar. Çaga doglanda, beg oglunyň ilkinji awunda, at dakylmada, birdilegde bolnanda, howp- hatardan sag-aman galynanda, mahlasy islendik söýünçli pursatlarda toýlar tutulypdyr. Il-güne zyýapat edilipdir. Begler begi Salyr Gazan ordasyna Üçok we Bozok begleri geleninde ýylda bir gezek olar üçin uly toý berer eken. Toýda iýlip-içilip bolnandan soňra, Salyr Gazan adatça aýalynyň elinden tutup, otagdan daşary çykypdyr. Toýa çagyrylan begler bolsa, däbe görä ol ýerdäki ähli goş-golamlary talaňa salyp paýlaşypdyrlar. Bu talaňly toý paýlaşykdan soňra begler öýli-öýlerine gaýdypdyrlar. Oguz türkmenleriniň durmuşyndaky möhüm däp-talaňly toý däbi olaryň Kiçi Aziýa, Parsa, Kawkaza, Anadola göç etmekleri bilen dowam etdirilipdir. Türk taryhçysy Faruk Sümer «Oguzlar türkmenler» diýen ylmy işinde: «Türki kowumlar ýakyn ülkelerine gelenlerinde, beýleki däp-dessurlar bilen bir hatarda, talaňly toý däbini hem getiripdirler. Parsça poeziýa we proza eserlerinde duş gelýän «Han-i ýagma» (talaň suprasy) aňlatmasy hem bu talaňly toýdan gelip çykandyr. Seljuklardan başga-da, Siriýa Atabegleri döwletinde (Zeňňiler) we Osmanlylarda hem bu däbiň dowam edendigi bellidir» diýip, nygtaýar. Serdarymyz ata-babalarymyzyň bu toý däbi barada öz galamyna degişli «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly eseriniň üsti bilen türkmen halkyna ilkinji bolup ýetirmegi başardy. Käbir taryhy çeşmelerde ýazylyşyna görä, oguz türkmenleri il içinde beýik iş bitirip, özüni tanadan kişä «tarhanlyk derejesini» beripdirler. Bu derejäni alan adamyň il beginiň ýanyna islendik wagt barmaga hukugy bolupdyr. Türkmenleriň ýedi yklyma soltanlyk edip ýaşan döwürlerinde geçiren toý däpleri, uly döwlet maslahatlary düzgün-tertipli bir halk mejlisini ýadyňa salýar. Mejlise ýa-da toýa ýygnananlar Oguz handan gelýän wesýete laýyklykda, her kimiň mätäçlere kömek etmelidigi, döwletli hem nygmatly bolmalydygy ündelipdir. Türkmeniň ýoluny, türkmeniň däbini mukaddes tutmak wesýeti tug kimin parlapdyr. Toý dabarasyndan soň dessura görä, et üleşläp paýlaşylanda hem her boýuň öz iýmeli paýy bar eken. «Gorkut ata» eserinde söweşlerde edermenlik görkezenlere oljadan ýetýän paýdan (sowgatdan)başga-da, ýerler berlendigi aýdylýar. Mukaddes Ruhnamada bu barada: «Oguzhan Müňgyşlagy, Syrderýanyň, Amyderýanyň boýlaryny, Köpetdagyň eteklerini tabyn edip, özüniň gadymy ata ýurduna baranda ähli ogullaryny we agtyklaryny illi-ilinden, boýly-boýundan getirip, bir uly toý tutdy. Hersine altyn-kümüş, bezelen halatlar, merebelerine görä welaýatlar berdi» diýlip, beýan edilýär. Mundan başga-da, taryhy eserlerde ýazylyşyna görä, oguzlarda beg ýigitlere toý dabaralarynda «ýynal», «tarhan» derejeleri, unwanlary berilipdir. XI asyr dilçi alymy M.Kaşgarly ýynaly «inal» görnüşinde ýazyp, onuň ene tarapy örän asylly bolan ýaşlara dakylandygyny nygtaýar. Dilçi alym «tarhan» sözüniň musulmançylykda ulanylan «emir» manysyndaky sözüň köneçe aýdylyşydyr diýip, belleýär. Göktürkmenler döwründe il-gününe adalatly hökümdarlyk edip, halkyň balyny göteren, beýgelden ýurt baştutanyna uly döwlet mejlislerinde, toýlarda «ilterez», ýagny, milleti ýaşadýan, ili beýgeldýän diýen derejeli atlar berlipdir. XVI asyr taryhçysy Abulgazy Bahadyr han bu sözi «ilteber» görnüşinde ulanýar. Ruhy päkligiň, däp-dessurlarymyzyň gözbaşy hasaplanylýan gadymy ýazuw ýadygärliklerimizde oguz hanlary, serkerdeleri, edermen batyr ýigitleri, şo sanda gelin-gyzlary hem hiç bir zatdan gypynç etmän özlerini ruhubelent halda alyp barýarlar. Mertebelerini belent saklaýarlar. Dünýä derejesinde toý tutup, özboluşly däp-dessurlary ýöredýärler. At üstüne çykyp, ýigitler bilen ýaý atyşýarlar, bil tutuşýarlar. Muňa biz Banu Çiçegiň, Agaýunusyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Eserlerde altyn öýleriň dikilmegi, galyň-galyň keçeleriň, halylaryň ýazylmagy, küde-küde edilip mallaryň soýulmagy, gazan-gazan tagamlaryň bişirilmegi, don-serpaý paýlanylmagy, kyrk gije-gündizläp saz-söhbetiň edilmegi, gopuz, tüýdük, şatlyk çalynmagy ýaly däpleriň beýany edil şu günki günde duýgularyňy dörjeleýär. Oguz türkmenleriniň ruhy hem jemgyýetçilik däpleriniň näderejede belent hem mukaddes saklanyp gelnendigine bolan buýsanjyň artýar. Üns berseň, beýleki halklaryňkydan tapawutlylykda türkmenleriň islendik ertekisiniň ýa-da dessanlaryň wakalarynyň soňy toý bilen jemlenýär. «Oguznama» hekaýatlarynda Oguz han uzak ýerlere eden söweş saparlarynyň soňy ýeňiş bilen tamamlanýar. Kyrk günlük toý tutulýar. Edil şonuň ýaly, Göroglynyň uzak ýerlere saparynyň soňy hem toý-tomaşa, ýigitlerine gelinlik getirip bermegi, toý tutmagy, täze maşgalanyň düýbüniň tutulmagy bilen tamamlanýar. Gorkut atanyň her boýunyň soňy toý-dabara bilen tamam bolýar. «Görogly» eseriniň «Öwez öýlenen» diýen şahasynda toý dabarasynyň tutulyşy barada gyzykly hem şüweleňli beýanat berilýär. Bir habar iberiň, Halaba, Şama, Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana, Günde kyrk guzyny çekiň bir ýana, Iýsin goç ýigitler, tä men gelinçäm! * * * Müňde bir goýuny çekiň bir ýana, Iýsin türkmen ilim, tä men gelinçäm! Bu gahrymançylykly eserimiziň soňy ýokarda belleýşimiz ýaly, şeýle ýagdaýda jemlenýär. Gahryman belli maksat bilen ýola düşýär. Maksadyna ýetip, iş bitirip, öz iline dolanýar. Göroglynyň gaýdyp gelenine şatlanan halk toý-baýram edýär. «Göroglynyň uly toýy bar» diýip, jar çekdirilip toý-tomaşa bahanasy bilen oljalary öz başyny çarap bilmeýän garyp-gasarlara paýlap berýärler. Mysala ýüzleneliň: «Şeýlelikde, Görogly külli türkmen halkynyň il-ulusyny ýygnap, Çandybil galasynda on gije-gündizläp toý-tomaşa tutup, nan diýene nan, teňňe diýene teňňe, serpaý diýene serpaý berdi. At çapdyryp, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp, uly tomaşa berdi». Şu setirlerden belli bolşuna görä, il-gün on gije-gündiziň içinde toý-tomaşanyň içinde ýaşaýar. Toý döwründe ata-babalarymyzyň milli oýunlary hem baýramçylyk däp-dessurlary (göreş, ok atmak, at çapyşyk, çowgan, gökbori)ýerine ýetirilýär. Dünýäniň aşygy şohlaryň şohy, göwni göçgünli Görogly beg il-güni bilen toý ruhunda ýaşaýar. Toýlarda türkmen halkynyň ýüreginiň jomartlygy, açyk göwünliligi Beýik Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez şygyr setirlerinde hem iňňän dogruçyl beýan edilýär: Aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman, Merdi merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül hilesi – Müňlerçe ýyl bäri türkmenleriň durmuşynda dowam edip gelýän iň bir demokratik ýörelge – toý tutmak däbi Magtymgulynyň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hawa, ýüz on ýyllap dowam eden el-garamalykdan dynylmagy türkmen halkynyň şähdiniň açylmagyna, ruhunyň göterilmegine, şahandazlygyna getirdi. Hudaýa müň kerem şükür! Toý göwünli, eli sahawatly Şa Şahyrymyz şahandaz türkmene ýene-de toý ruhly zamanany peşgeş berdi. Türkmeniň göçgünli toý göwni ýene-de hyruç alýar. Bu gün işde, durmuşda, döredijilikde gudrat görkezýän türkmenleriň toýy toýýaly geçirip bilýänine ýene-de dünýä ýüzi haýrana galýar. Ruhubelent türkmenleriň toý däplerine ajaýyp däpler, dessurlaryna özboluşly dessurlar goşulýar. Munuň Dana Soltanymyzyň, başynyň aman-esenligine şükür edeliň! Serdarymyz Oguz han atamyz ýaly ilini ilden, ýurduny ýurtdan egsik etmejek bolup, türkmeni öz milli döwlet gurluşyna, toý-baýramlarda taplanan ruhuna eýe etdi. Ol Ruhnamada: «Buýsançly başyňy, ynançdan doly gursagyňy, nanly saçagyňy göreýin diýip, gijeler çirim etmedim, gündizler oturmadym, eziz halkym!» diýip ýazýar. Serdarymyz Oguz han, Görogly, Alp Arslan ýaly il-gününe ýüzlenip, bitirilen, bitiriljek işleri beýan edip, hemişe ruhubelent bolmagy pent berip, guş dilinde nama aýdýar. Onuň namalary, pentleri, wesýetleri özüniň mazmuny hem häsiýeti boýunça köplenç Gorkut atanyň aýdýan kelamlaryna gabat gelýär. Goý, Serdarymyzyň toý göwni hemişe juwan bolsun! Ylahy kelamlary, ajaýyp namalary döredip dursun! Hawa, eziz okyjy! Bu gün däp-dessurlara, toý-baýramlara baý mährem toprakda döredijilikli hem joşgunly zähmet çekip, bu owadan dünýäniň, Türkmenbaşy zamanasynyň aşygy bolup ýaşamak galýar. Oguz han atamyzdan gelýän dessurly toý däpleri öýümiziň töründekä, elimizde Serdarymyzyň döreden ýaşyl Tugy barka Türkmenbaşy nesline türkmeniň kimligini, ruhubelent dünýäsini dünýä görkezmek galýar. Söhbetimiziň soňuny Dana Türkmenbaşynyñ şygyr kelamy, öwüt-ündewi bilen tamamlasym gelýär. Gaýdyp geldi Oguzhanyň baýdagy, Ulus ilim dogan bolup birleşdi. Alty million türkmen suprasyn ýazyp, Bir ojaga, Bir saçaga ýerleşdi! Onuň her bir güni ýazdan ybarat! Aýdymdan ybarat, sazdan ybarat. Meniň halkym aýdym bile, saz bile. Asmana, Allama edýär ybadat! Aýdym bolup ýaşa! Saz bolup ýaşa! Owazaň ýaýrady, ýakyna-ýada, Bir zaman jahany baglan türkmenim, Türkmeniň kimligin görkez dünýäde! Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |